Ýürek buýsanjy

1 Maý 2024
581

Toýlarda serpaýly bedew

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem baýramçylyk at çapyşyklary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Daşoguz atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan at çapyşyklarynda ussat seýislerimiziň seýislän «ýelden ýyndam» diýdirýän bedewleri aýlawa goşuldy. 5 çapyşykdan ybarat bolan at çapyşyklarynda atlar dürli aralyklar boýunça ýaryşdylar. Ýaryşyň jemleýji çapyşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda geçirildi. Oňa gatnaşan 7 sany bedewiň arasyndan Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli bolan 1-nji belgili Beglerim diýen dor at pellehana 2 minut 27 sekuntda gelip, baş baýraga mynasyp boldy. Beglerimiň çapyksuwary Döwlet Orunbaýewe hormatly Prezidentimiziň adyndan «Zemin» telewizory hem-de 50 müň manat pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem ýeňijiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Beýleki habarlar