Ylham bilen gelen ýyllar

1 Maý 2024
650

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Ata Watanymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy halkymyzyň behişdi bedewlere goýýan belent hormat-sarpasynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi.

Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen baýramçylyk çäresinde hormatly Prezidentimiziň täze doglan taýçanaga Ylham diýip at goýmagy hem-de onuň boýnuna mähriban käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakmagy täsirli pursatlara beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bilen baglylykda dakylan bu at galkynan göwünleriň buýsanjyny has-da artdyrdy. Ýylymyz bilen çuňňur many-mazmuna eýe bolan täze taýçanak türkmen topragyna Ylham bolup geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew batly menziller ylham-joşguna, beýik ýeňişlere beslenýär. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz ýakynda täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at goýdy we onuň boýnuna alaja dakdy.

Oguljahan AMANOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar