Waspy dillerimiziň dessany

1 Maý 2024
630

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň baý milli medeniýeti, sungaty ylmy esasda giňden öwrenilýär. Her bir halkyň özboluşlylygy, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de, türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, syrdaşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Häzirki döwürde milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulyp, atlara goýulýan hormat has-da artdy, olara berilýän üns güýçlendirildi.

Milli Liderimiz ahalteke behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak barada uly aladalar edýär. Gahryman Arkadagymyz atşynas pederleriniň ata-baba ýoluny dowam etdirip, atçylyk sport toplumlaryna ýygy-ýygydan baryp, behişdi bedewlerimiz bilen didarlaşyp durýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri bilen meşgullanýan gyzyldan gymmatly wagtynyň arasynda behişdi bedewlerimiz barada parasatly kitaplary ýazdy. Milli Liderimiziň ýazan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ylmy kitaby halkymyza, esasan, atçylyk bilen gyzyklanýan hünärmenlerimiz üçin uly sowgat boldy.

Aýbölek BABALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar