Arzuwlaryň ak şäheri

1 Maý 2024
328

Eziz Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadyň mähriban ady her bir türkmenistanlynyň kalbyna ajaýyp mukam bolup dolýar. Keşbine kämillik, päkizelik, ýaşlygyň hem-de ýaşaýşyň hyjuwy siňen paýtagtymyz bu günki gün dünýäniň iň bir ösen, ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabatda durmuşa geçirilen köptaraplaýyn şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda Aşgabat diýlende tutuş dünýäniň göz öňünde möhüm wakalaryň, medeni-köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän, ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen döwrebap şäheri janlanýar. Munuň aýdyň hakykatdygyny bolsa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň maglumatlary hem tassyklaýar. Biz bu gün paýtagtymyza binagärligiň milli nusgalarynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, dizaýnerlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan şäheri diýip buýsanç bilen aýdyp bileris. Ak şäherimiziň çägindäki islendik binany, desgany hatda şaýollardyr köçeleriň ugrunda ýerleşýän yşyklandyryş ulgamyny, çatryklarda dikeldilen bezeg binalaryny synlanyňda hem, onda halkymyzyň milli öwüşginleriniň, baý medeni mirasymyzyň şekilleriniň çeper beýanyny görmek bolýar. Aşgabadyň binagärlik sungatynyň naýbaşy nusgalaryna baý şäherdigini paýtagtymyza myhman bolan her bir adam haýran galmak bilen belleýär. Arkadag, «Garagum» myhmanhanalary, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumy ýaly ajaýyp binalaryň hatary ýylsaýyn uzaýar, sany yzygiderli artýar. Ýeri gelende, ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek işlerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň hem mynasyp goşandynyň bardygyny buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Ýaşlara şeýle jogapkärli wezipeleriň ynanylmagy öz kärine ussat hünärmenleri kemala getirmekde möhüm orna eýedir.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar