Gymmaty egsilmejek kitap

1 Maý 2024
458

Şöhrata beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni, aýy täze taryhy pursatlary dowamly buşlaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň neşir edilmegi guwanjymyzy, buýsanjymyzy artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden we ötgür galamyndan kemal tapan kitabyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly baplarynda Änew medeniýetiniň ýaşy, ýaşaýyş gatlaklary, taryhy ýadygärlikleriniň düzümi, çäkleri, ýerleşýän menzilleri, ölçegleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky orny, arheologik, önümçilik häsiýetleri, arhitektura gurluşy, toplanylan gadymy binagärlik tejribeleri, haşamly bezegleri, toponimik atlandyrylyşynyň mazmunlary, terbiýeçilik ähmiýeti hem-de alymlar tarapyndan öwrenilişi barada düýpli ylmy, özüne çekiji maglumatlaryň beýan edilmegi köňül guşuňy ganatlandyrýar.

Gysga wagtyň içinde müňlerçe okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan kitapda mukaddes türkmen topragynda dörän medeniýetleriň sazlaşygy, gadymylygy, köptaraplylygy, jemgyýetçilik bitewüligi, taryhy ösüşleri, dil, etnografik, folklor miraslary, iş saparlary bilen baglanyşdyrylýan täze hakykatlaryň, ylmy subutnamalaryň, şahyrana söz düzümleriniň, foto, arhiw resminamalarynyň orun almagy ajaýyp eseriň täsirliligini artdyrýar.

Şasenem ORAZOWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar