Döwür we zenanlar guramasy

1 Maý 2024
304

Mähribanlygyň we işjeňligiň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zenanlar ýokary jemgyýetçilik-syýasy derejä eýedir, olaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly üpjün edilýär. Zenanlar döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar diňe bir maşgala durmuşynyň däl, eýsem ýurdumyzyň hem gülläp ösmeginde işjeňlik görkezýärler. Bu babatda zenanlar guramasynyň alyp barýan döwrebap işleri ýokary häsiýete eýedir. Bu gurama zenanlaryň işjeňliginiň artmagynda, ýaş nesli kämil terbiýelemekde, ahlak taýdan arassa, edepli-ekramly, ukyp-başarnykly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde görelde mekdebiniň derejesine götermek babatynda iş alyp barýan esasy jemgyýetçilik guramasydyr.

Ýazgül JOŞOWA,
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar