Eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

29 Aprel 2024
513

28-nji aprelde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle hem ilkinji gezek innowasion, döwrebap täze Arkadag şäherinde türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkara derejesinde uludan toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman türkmen sungatynda behişdi bedewler gözelligiň hem-de sazlaşygyň naýbaşy nusgasyna öwrüldi. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy milli gymmatlyklarymyzyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

«Diýar»
Beýleki habarlar