Şirin dilli söz ussadynyň sarpasy

29 Aprel 2024
333

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkymyz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçýär. Şanly ýylymyzda şu sene mynasybetli baý many-mazmunly çäreler guralýar.

Häzirki wagtda bilim edaralarynda hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan gyzykly duşuşyklardyr söhbetdeşlikler, şeýle-de bäsleşikler geçirilýär. Biz — bilim işgärleri okuwçy ýaşlaryň arasyndaky duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň ömür menziline bagyşlap döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada hem gürrüň berýäris. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp goşgusynda umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik akyldara belent sarpa, çäksiz söýgi bar.

Aýgül ABDYRAHMANOWA,
Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar