Mekdepdäki wagyz-nesihat duşuşygy

29 Aprel 2024
309

Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga zenan bilim işgärleri, ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdy.

Ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri, maşgala jebisligini we agzybirligini berkitmek, maşgala gymmatlygyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Amangül Atabaýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Maral Amanmuhammedowa, mährem ene Tawus Sähedowa, etrapdaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Maýa Ilgeldiýewa dagynyň çykyşlarynda maşgala mukaddesligi, mähriban öý-ojaga hormat-sarpa, ösüp gelýän ýaş nesli milli ýol-ýörelgeler, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, zenanlary bezeýän ýagşy häsiýetler barada gürrüň edildi.

Aýbölek GURBANGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar