«Titanik» gämisiniň iň baý ýolagçysynyň jübi sagady 1,17 million funt-sterlinge satyldy

28 Aprel 2024
253

«Titanik» gämisiniň iň baý ýolagçysy bolan Jon Astoryň altyndan ýasalan jübi sagady Genri «Aldridge & Son» auksion öýi tarapyndan guralan söwdalaşykda 1,17 million funt-sterlinge (1,4 million amerikan dollaryndan gowrak) satyldy.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Jon Astor şol wagt dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolupdyr. Onuň, takmynan, 87 million amerikan dollary möçberde baýlygy bar eken. Bu möçber şu wagtyň bahalary bilen ölçäniňde, birnäçe milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Taýýarlan: Öktem UMAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar