Behişdi bedewleriň belent sarpasy

28 Aprel 2024
407

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenip, şatlyk-şowhun bilen giňden bellenilip geçildi. Bu şanly sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde dabaralandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ilkinji gezek Arkadag şäherinde ýokary ruhubelentlige beslenip dabaralandyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bäsleşikleriň, halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň şeýledigine milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu baýrama gabatlanyp, ýurdumyzda iň täze tehnologiýalara, ylmyň soňky gazananlaryna eýe bolan Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi bolsa özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar