Geçmişi şöhratly, arşdan ykbally

27 Aprel 2024
492

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren behişdi bedewleri owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy bilen bütin dünýäde belent şan-şöhrata eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda eziz Diýarymyzda atçylygy ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde, şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hem-de täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşlerimiziň nyşany bolan Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylmagynda özboluşly many bar. Ýokary derejede geçirilen dabaralara döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bolsa milli buýsanjymyza goýulýan belent hormatyň nyşanyna öwrüldi.

Gözelligi bahar-ýaza ýaraşyk

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar