Taryhy asyrlara uzaýar

27 Aprel 2024
371

Halkymyzyň göwün buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty bu gün jahana dolýar. Ahalteke bedewlerimiziň taryhy hakynda maglumatlar dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, jahankeşdeleriniň nazarynda bolupdyr. Çünki gadymy Ahal topragynda kemala gelen behişdi ahalteke bedewlerimiz wagtyň geçmegi bilen Ýer ýüzüniň dürli künjegine ýaýrap, at-owazasy dünýä dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserlerinde-de milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarynyň tarypy ussatlyk bilen ýetirilýär. Behişdi bedewlerimiz uzak geçmişde-de, orta asyrlarda-da, soňky ýüzýyllyklarda-da türkmen halkyna diňe şan-şöhrat getiripdir. Taryh muny aňryýany bilen subut edýär.

Ahalteke atlary türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, bu tohuma gadymy greklerde massagetleriň atlary, nusaý atlary diýlipdir. Çyn-Maçynda (Hytaýda) asman atlary, ýel atlary, dawan atlary, parslarda, araplarda huttal, haýtal (abdal) atlary, ýewropalylarda bolsa nusaý atlary ady bilen giňden ýaýrandyr. Bularyň hemmesi gadymy Oguz-türkmen atlary bolup, biziň döwrümize ahalteke atlary ady bilen gelip ýetendir.

Hydyrguly ORAZGULYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar