"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Antarktidada ýokary tizlikli hemra interneti ýola goýuldy

Geostasionar (GEO) we pes orbitaly (LEO) aragatnaşyk hemralarynyň operatory OneWeb kompaniýasy Antarktida ýarym adasynyň günbataryndaky Adelaida adasyndaky Roteriň barlag stansiýasy üçin ýokary hilli aragatnaşyk ulgamyny üpjün etmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa 120Mbit/s çenli tizlikli we ygtybarly internete birikmegi ýola goýar. Mundan öň birikmek tizligi 5Mbit/s-den geçmeýärdi. Geçirijilik ukybynyň şeýle ýokarlandyrylmagy uly göwrümli maglumat faýllaryny ibermäge hem-de dünýäniň iň alys ýerleriniň birinden göni ýaýlymda interwýu almaga mümkinçilik berer.

Hereketli hem-de sanly sport oýunlary

Ata Watanymyzda ýokary netijeli sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Edilýän taýsyz tagallalaryň netijesinde ýaşlaryň barha köpüsi sport bilen meşgullanýar. Bu hereket biziň ýokary okuw mekdebimizde hem giň gerime eýe bolýar. Talyp ýaşlary sportuň adaty görnüşleri bilen birlikde sportuň dünýäde barha ýaýrawy giňelýän görnüşlerine hem çekýäris. Döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän aladalaryndan ruhlanýan ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalar bilen bagly sport görnüşleri hem barha uly meşhurlyk gazanýar. Olara sportuň toplumlaýyn fijital sport görnüşi degişlidir. Bu görnüşde türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýädäki garşydaşy bilen bäsleşýär. Ýeri gelende, «fijital» sözüniň «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birleşmeginden emele gelip, «hereketli — sanly sport» diýen manyny berýändigini belläsimiz gelýär.

Ykdysady ösüş — geljegiň aýdyň kepili

Her bir güni uly üstünliklere, şanly senelere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda bank ulgamynyň hyzmatlaryndan, mümkinçiliklerinden, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanmak üçin oňyn ýagdaýlar döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň durnukly ösmeginde bank ulgamy möhüm orna eýe bolup, öz işini döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna esaslanyp, raýatlarymyza ýokary derejede bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň bank ulgamy boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, sagly

«Telegramda» el yzy bilen şahsyýeti tassyklaýan funksiýa dörediler

«Telegram» messenjerinde täze funksiýa — ulanyjynyň el yzy bilen şahsyýetini tassyklaýan mümkinçilik dörediler. «TON» blokçeýnini goldaýan merkezleşdirilmedik «TON Society» jemgyýeti bu funksiýanyň barlag synagyna gatnaşjak ulanyjylar üçin 6,5 million amerikan dollaryny bölüp berer.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda bu babatda alnyp barylýan üstünlikli işler aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden, döredilen şertlerden giňden peýdalanylýar. Bu bolsa gullugyň harby gullukçylarynyň işleriniň ýeňilleşmegine, sarp edilýän wagtyň tygşytlanylmagyna hem-de islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilikleri döredýär.

Hy­taý hem­ra­sy Aýyň or­bi­ta­sy­na ýer­leş­di

Hy­ta­ýyň Aýyň ýü­zün­dä­ki en­jam­lar bi­len ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak üçin ni­ýet­le­nen eme­li hem­ra­sy­nyň Aýyň or­bi­ta­sy­na ýer­le­şen­di­gi mä­lim edil­di. Ýur­duň mil­li kos­mos eda­ra­sy (CNSA) «Queqiao-2» at­ly eme­li hem­ra­nyň uçu­ry­lan­dan soň­ra Aýyň 440 ki­lo­metr go­la­ýyn­da or­bi­ta gi­ren­di­gi habar berildi. Mun­dan soň­ra eme­li hem­ra­nyň be­ýik­li­gi saz­la­nyp, de­giş­li or­bi­ta ýer­leş­di­ril­er. 20-nji mart­da «Long March-8» gö­te­ri­ji ra­ke­ta bi­len uçu­ry­lan eme­li hem­ra Hy­ta­ýyň kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­sy aka­de­mi­ýa­sy­nyň (CAST) hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Ag­ra­my 1,2 ton­na ba­ra­bar bo­lan eme­li hem­ra­da iki sa­ny an­ten­na bo­lup, bi­ri Aýyň ýü­zün­dä­ki göz­leg en­ja­my, beý­le­ki­si Ýe­re mag­lu­mat goý­ber­mek üçin ni­ýet­le­nen.

Talyplar üçin okuwlar guralýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylyşy, nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçilikleri, maglumatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişi we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri barada bilim bermek maksady bilen bank ulgamy tarapyndan welaýatymyzdaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuwlar guralýar. Şeýle okuw Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde guraldy. Okuwy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň maglumatlar we tilsimatlar bölüminiň başlygy Aziz Hudaýberdiýew, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Lebap» şahamçasynyň sanly bank tehnologiýalary we awtomatlaşdyryş bölüminiň hünärmeni Aziza Babamyradowa, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň bank işleri we awtomatlaşdyryş bölüminiň başlygy Azat Hamraýew geçirdiler. Talyplar sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ilki bilen, bank hyzmatlarynyň bökdençsiz, çalt ýerine ýetirilip ugrandygy, bank kartlarynyň işjeňligi, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanandygy, ýurdumyzyň bank edaralarynda elektron banking düzüminiň, nagt däl tölegleriň möçberiniň, onlaýn-hyzmatlar arkaly karzlaşdyrmagyň has artandygy, şeýle hem internet bank hem-de mobil-bank hyzmatlarynyň kämilleşýändigi, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bank ulgamynyň i

Dünýäde iň takyk sagat döredildi: ol 39,15 milliard ýyldan 1 sekunt ýalňyşlyga ýol berýär

ABŞ-nyň Boulder şäherindäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary 39,15 milliard ýylda bir sekunt ýitirýän sagat döretmek bilen, öňki rekordyny täzelediler diýip, «Arxiviň» gözlegine salgylanýan «New Scientist» ýazýar. Bu sagatdaky ýalňyşlygyň näderejede ujypsyzdygyna düşünmek üçin 39,15 milliard ýylyň 13,8 milliard ýyllyk ýaşy bolan Älemiň barlygyndan, takmynan, üç esse köpdügini bellemek gerek.

«Coca-Cola» ýeňil plastik çüýşeleri çykaryp başlar

«Coca-Cola» kompaniýasy öz önümleriniň çüýşelerini täzeden dizaýn etdi. Indi çüýşe gaplar has ýeňil bolar, önümçilikde-de öňküden az plastik ulanylar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, PET çüýşeleriň täze dizaýny soňky onýyllykdaky iň gowy täzelik bolar. Ilki bilen bazara agramy ýeňledilen çüýşelerde «Coca-Cola», «Sprite», «Minute Maid» we «Minute Maid Aguas Frescas» içgileri çykarylar.

Sportda innowasiýalar

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 1 — 6-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da «He­re­ket­li we san­ly sport — sport­da in­no­wa­si­ýa­lar» at­ly spor­tuň tä­ze fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ýaý­baň­lan­dy.

Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurar

Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, «Far North Fiber» taslamasy Arktikadaky Demirgazyk-Günbatar geçelgesi arkaly Ýewropa bilen Ýaponiýany birleşdirýän 14,5 müň km kabelden ybarat bolar. Birikme nokatlary Ýaponiýada, ABŞ-da, Kanadada, Norwegiýada, Finlýandiýada we Irlandiýada ýerleşer. Täze taslamanyň bahasy 1 milliard ýewro barabar bolar diýlip çaklanylýar, munuň özi beýleki ugurlaryň bahasyndan has ýokarydyr. ÝB eýýäm «CEF Digital» taslamasynyň çäklerinde başlangyç üçin 23 million ýewro golaý maýa goýdy.

Hytaýda 5G ulanyjylarynyň sany 851 milliona ýetdi

Statistiki maglumatlara görä, Hytaý Halk Respublikasynda fewral aýynyň ahyrynda mobil telefonlardan peýdalanýanlaryň sany 1,746 milliard ulanyja ýetdi. Şolaryň 851 million internetiň 5G ulgamyndan peýdalanýar. Şol bir wagtyň özünde, ýokary tizlikli ulanyjylaryň birikýän ykjam internet traffigi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 59,8 göterim ýokarlandy we umumy göwrümiň 53,3 göterimine deň boldy.

Ösüşlere badalga

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy her bir wezipäniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem düzüm gurluşlarynyň ähli birlikleriniň, maliýe ulgamynyň we döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Agzalýan Maksatnama boýunça 2024 — 2025-nji ýyllarda durmuşa geçirilmeli üçünji tapgyrda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň hem-de usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmekde, ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribe esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler bellenilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan «E-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan «E-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär. Bu bolsa, serhet geçelgelerde resmileşdirme işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Çeşmede bellenilişine görä, Türkmenistanyň serhetýaka awtoýollary gümrük nokatlarynyň ählisinde, şol sanda «Altyn Asyr», «Artyk», «Sarahs», «Serhetabat», «Ymamnazar», «Farap», «Daşoguzawtoýollary» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän «TIR-EPD» sanly ulgamy hereket edýär.

«Sony» 247 megapikselli kamera çykardy

Ýaponiýanyň «Sony» korporasiýasy 247 megapiksel durulykda kamera üçin ilkinji datçigi hödürledi. Bu barada «TechRadar» neşiri habar berýär. IMX811 datçiginiň arka yşyklandyrylan CMOS sensory, 16 bit goldawy we 3:2 gatnaşygy bar. Sensorda düşürilen suratlaryň iň ýokary ölçegi 19,2 müň, 12,8 müň piksel bolar. Surata alyş tizligi sekuntda 5,3 kadr.

«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy häzirki wagtda noutbuklaryň täze tapgyryny taýýarlaýar

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärha­nasy häzirki wagtda ýurdumyzyň 2024 — 2025-nji okuw ýylynda okuwa barjak birinji synp okuwçylary üçin noutbuklaryň uly tapgyryny taýýarlaýar. Şu ýyl «Agzybirlik tilsimaty» noutbuklarda hususy inženerler tarapyndan işlenilen original plata shemasyny ulanyp, prosessoryň kuwwatyny hem-de operatiw ýadyň göwrümini ýokarlandyryp, noutbuklaryň modellerini kämilleşdirdi. Bilim gurşawynyň hünärmenleri tarapyndan bilelikde taýýarlanylan köp sanly okuw programmalary ykjam kompýuterleri kiçi synplaryň okuwçylary üçin hakyky kömekçä öwürýär.

“Sanly ykdysadyýet innowasion merkeziniň” esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklibi hödürledi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Ростелеком» noutbuklar bazaryna çykmagy maksat edinýär

Russiýanyň “Rostelekom” telearagatnaşyk operatorynyň düzümine girýän «Ростелеком Информационные Технологии» kompaniýasy kompýuter önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Hususan-da, kompaniýa noutbuklary, planşetleri, printerleri we beýleki kompýuter enjamlary öndürer.

Aýda demir ýol peýda bolar

Northrop Grumman kompaniýasy Aýdaky demir ýol taslamasyny düzer. Aýda demir ýol konsepsiýasyny döretmek baradaky şertnama Öňdebaryjy goranyş barlag taslamalary agentligi (DARPA) bilen baglaşyldy. Bu taslama ýeriň hemrasynda düýpli gurluşyklaryň ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen «Aý binagärligi» (LunA-10) maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Ýewropany kwant hasaplaýyş merkezine öwürjek «Kwant ylalaşygyna» gol çekildi

ÝB agza döwletleriň Baştutanlary Ýewropada kwant hasaplaýyş tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýmagyň we innowasiýalary ösdürmegiň esasyny goýmagy hem-de Ýewropany «dünýäniň kwant jülgesine» öwürmegi maksat edinýän «Kwant ylalaşygyna» gol çekdiler. Kwant hasaplamasy lukmançylyk, energetika we howany modelirlemek ýaly köp sanly ulgamlarda ulanylar. Tomas Skordasyň bellemegine görä, kwant hasaplamasy öndürijiligi ýokarlandyrar, senagatyň ösmegine itergi berer we täze bazarlary açar.