Bilimli nesil kuwwatly Watanymyzyň daýanjydyr
Berkarar ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ylym-bilimden paýly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bularyň aňyrsynda dana pederlerimiziň asyrlar aşyp gelýän watansöýüjilik, parasatlylyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar jemlenendir. Sebäbi ylymly, sagdyn, ruhubelent ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daýanjydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, bedew batly ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek baradaky maksatlardan ugur alýar. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň bilim almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek, olara berilýän bilimiň dü