"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Keşt et­seň dün­ýä­ni uça­ra mü­nüp...

Her bir adamyň ýüreginde täsin arzuwlar ýaşaýar. Ýer ýüzüne syýahat etmek, onuň ajaýyp ülkelerini diňe bir çeper eserleriň ýa-da teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň üsti bilen däl-de, ýakyndan gözüm bilen görmegi, duýmagy arzuw edýärdim. Käteler arzuwlaryň wysal bolmagyna birneme wagt gerek bolýar. Özge ýurtlardan ozal, ilki öz eziz ata Watanyňy öwrenmek, onda bar bolan ajaýyp ýerlere syýahat etmek hem dünýägaraýşyňy giňeltmäge, öňden bar bolan maglumat goruň üstüni ýetirmäge köp mümkinçilikleri berýän ekeni. Gadymy Jeýhun bilen gojaman Hazaryň arasynda, ümmülmez hazynany öz goýnunda saklaýan Garagum sähralygynda bar bolan tebigy baýlyklardyr täsinlikler, maddy we medeni gymmatlyklar hakynda agzaman geçmek asla mümkin däl. «Garagum sährasy» diýip, at alan bu ýerleriň her bir sebite uzaýan golunda tapylgysyz, gaýtalanmajak üýtgeşiklik bar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat

ýa-da ýüz­ýän ada­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Gyzykly seýilgähler

Çagalaryň iň gowy görýän ýerleriniň biri hem seýilgählerdir. Olarda çagalar wagtyny gyzykly we şadyýan geçirýärler. Dünýäde owadanlygy, kaşaňlygy, täsinligi bilen bir-birinden tapawutlanýan müňlerçe seýilgähler bar. Olaryň käbiri ululygy, käsi bolsa, içindäki oýunjaklarynyň täsinligi we üýtgeşik şekilleri bilen haýran galdyrýar. Şeýle bolansoň gazetimiziň şu sanynda olaryň käbiri baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Cedar Point

Gezsem, dünýäni görsem

Köpetdagyň gözelliklerini synlap «Aşgabat» asma ýolunyň gurluşygyna 2005-nji ýylda başlanýar. Ol 2006-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda açylýar. Meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Asma ýolunyň gatnadyjysy birwagtyň özünde 300 ýolagçyny daşamaga ukyplydyr. Onuň her kabinasyna 8-den gowrak adam ýerleşýär. Syýahatyň dowamynda Türkmenistanyň ajaýyp dag tebigatyny, täsin jandarlaryny synlamaga mümkinçilik döreýär. Deňiz derejesinden 1270 metr belentlikdäki kabinalary goýberýän merkez paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň günortasynda ýerleşýär. Bu merkezde garaşylýan otag, petek kassasy, tehniki hyzmatlar we enjamlar üçin desgalar, 100 sany awtomobil, 5 sany awtobus üçin niýetlenilen, tutýan meýdany 6500 inedördül metre barabar bolan awtoduralga bar. Şeýle hem, 2 sany restoran we kafe bar.

Iň uly futbol meýdançalary

Futbol tomaşaçylaryň aýratyn köpçüligini özüne çekýän oýun görnüşidir. Häzirki wagtda Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandaky Birinji Maý stadiony dünýäde iň uly futbol toplumy hasap edilýär. Ol özüne 150 müň adamy jemläp bilýär. Hindistanyň Kalkutta şäherinde 1984-nji ýylda gurlan Hindi ýaşlarynyň stadionyna 120 müň adam sygýar.

Dünýäniň täsin arçalary

«Älemiň» nury Paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň baş arçasyny ýerleşdirmek indi däbe öwrüldi. Depesinde «2022» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 38,5 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr. Dürli reňklerde öwşün atýan şarlardyr oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça bu ýere gelýänlerde ýakymly duýgulary döredýär. Şeýle-de, bu ýerde körpeleriň köňül küýsegine öwrülen multfilm gahrymanlarynyň şekilleriniň oturdylmagy bagtyýar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Meýdança gijelerine has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Onda kaşaň binanyň we köpöwüşginli arçanyň älemgoşar deý yşyklary ak şäherimiz Aşgabadyň nurly gijelerine has-da gözellik goşýar.

Biler bolsaňyz

Hytaýda ananas täze ýylyň miwesi hasaplanýar. Hytaýlylar ananasyň üstünlik we bolçulyk getirýändigine ynanýarlar. * * *

Täze ýylyň dünýä döwletlerinde garşylanyşy

Täze ýyly her halk özüçe garşylaýar. Türkmenlerde bu baýram öýüň, töweregiň, iň esasan hem, arçalaryň aýratyn owadan edip bezelmegi, Täze ýyl gijesinde dürli naz-nygmatlaryň taýýarlanmagy bilen bereketli saçagyň başynda garşylamak ýörgünli bolup durýar. Ýöne dünýä halklarynyň Täze ýyly garşylamak boýunça özboluşly däp-dessurlary hem bar.  DANIÝADA Täze ýyl gijesi goňşularyň gapysynyň öňünde köpsanly gap-gaçlaryň döwülmegi bilen garşylanýar. Daniýalylar bu däbi goňşularyň arasyndaky öýke-kineleri gap-gaçlaryň döwlüşi ýaly ýok edip, Täze ýyla täze ýakymly garaýyş bilen garşylamak niýeti bilen edýärler. Şeýlelikde, goňşular gapylarynyň öňleriniň gap-gaç döwükleri bilen hapalanandygy üçin gaty görmeýärler. Gaýtam, gapyň agzyna näçe köp döwük gap üýşse, şol adamyň goňşular bilen ýygjam hem-de içgin gatnaşygynyň bardygyny alamatlandyrýar. Olaryň pikiriçe, Täze ýyl gijesinde gapyň öňüne näçe köp döwük gap-gaç üýşse, geljek ýylda şonça hem üstünlik gelermiş.

Gezsem, dünýäni görsem

Konstitusiýa binasy Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylyň maý aýynyň 18-ine açyldy. Onuň gurluşygy 3 ýylda tamamlandy. Binanyň beýikligi 185 metr bolup, 91 metrlik dörtgyraňly sütün desganyň merkezi bolup durýar. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekilleri bilen bezelip, onuň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarym aý şekillendirilendir. Binanyň binýady 10 metre barabar bolup, onuň çar tarapyny suw çüwdürimler toplumy we basgançaklar gurşap alýar. Binanyň içinde 6 zaldan ybarat bolan muzeý, 200 orunlyk maslahatlar zaly we 50 orunlyk ýygnak geçirilýän jaý, okalga we kompýuter zaly bolan kitaphana, sowgat dükany we kafeler bar. Desganyň täsin binagärligi köpleri haýran galdyrýar.

Jahanyň meşhur binalary

Asudalygyň nyşany Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Bitaraplyk binasy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna gurlandyr. Desganyň beýikligi 83 metre, depesindäki heýkeliň beýikligi 12 metre barabar bolup, jemi 95 metrdir. Bu sanlar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan senesini, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar. Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän erkanalyk, agzybirlik ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesidir.

Dünýäniň meşhur myhmanhanalary

Altynsow reňkleriň öwüşgini «Garagum» myhmanhanasy Aşgabadyň A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, «Aşgabat» halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu myhmanhananyň binagärlik keşbi Garagum sährasynyň täsin tebigatyny ýadyňa salýar. Binanyň daşynyň altynsow reňki ümmülmez sähranyň ürgün çägesini, Garagumuň alaňlaryny göz öňüňde janlandyrýar. Myhmanhananyň ýanyndaky türkmen halkynyň millilige goýýan sarpasynyň nyşany bolan ak öý binasy Garagum sährasyndaky hatar-hatar oturan agzybir obalaryň keşbini suratlandyrýar. Bu desganyň umumy tutýan meýdany 6,9 gektara barabar bolup, ol 87 sany standart we lýuks otaglardan ybarat.

«Kebelekler jülgesi»

Türkiýe özüniň gözel tebigaty, özboluşly binagärlik hem-de şähergurluşyk keşbi bilen haýrana goýýar. Şonuň üçin hem Türkiýe dünýä boýunça syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýurtlarynyň biridir. Ýurtda syýahatçylygyň ösmegi, şeýle-de öz halkynyň hem lezzetli dynç almagy üçin ýüzlerçe desgalar guruldy. Şolaryň biri-de Konýada ýerleşýän «Kebelekler jülgesidir». Ol Türkiýede gurlan ilkinji «kebelekler seýilgähidir». Bu ýerde 12 müň kebelek ýaşaýar. Ýylyň dowamynda bu seýilgähe ajaýyp keşpli kebelekleriň dünýäsi, ýaşaýşy, olaryň aýratynlyklary barada gyzyklanýan tomaşaçylaryň ýüz müňlerçesi gelip, gözelligiň jadylaýjy älemine seýil edýärler. Bu ýerde kebelekleriň görnüşlerine, ýaşaýyş aýratynlyklaryna görä ähli şertler döredilipdir. Olar üçin seýilgähde ýörite agaçlardyr güller ekilipdir, emeli köller döredilipdir. Ösümlik dünýäsiniň-de aýry-aýry kebelek görnüşleriniň ýaşaýyş şertine laýyk getirilendigini bolsa aýratyn bellemeli.

Dünýäniň täsin desgalary

Aşgabadyň nury «Oguz hanyň ýyldyzy» ýa-da sekizburçly ýyldyz şekili paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelliginde aýratyn orun tutýar. Sekizburçluk şekilinde bina edilen desgalar paýtagtymyzyň bezegi bolup, ol gadymyýetden gaýdýan milli mirasymyza bolan hormatyň nyşanydyr. «Bagt köşgi», şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen «Mahabat» binasy paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik aýratynlygynyň nyşany bolup, ýalkym saçýar. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy dag belentliginde gurlan sekizburçluk şekilindäki täsin desgalaryň biridir. 2011-nji ýylda açylan bu bina ägirt uly ýyldyz şekilinde bina edilen desga hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizildi.

Dünýäniň meşhur muzeýleri

Täsin halylar haýrana goýýar Türkmen halysynyň milli muzeýi ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu muzeý 1994-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda açyldy. Milli muzeýde birnäçe uly türkmen halylary bilen bir hatarda, haly önümlerini hem görmek mümkin. Muzeýdäki täsin halylar köpleriň ünsüni çekýär. Bu ýerdäki täsin halynyň uzynlygy 193 metr, agramy bir tonna barabar bolup, ol 1941-nji ýylda 40-a golaý adam tarapyndan dokalýar. Şeýle hem, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli uzynlygy 301 metre barabar bolan haly dokaldy. Bu haly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly elde dokalan halysy hökmünde girdi.

Syýahatçylyk — geljegi uly ugur

Ýakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara onlaýn maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Ýaponiýa, Awstriýa, Kanada, Hytaý, Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Belarus, Ukraina döwletlerinden syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryň 20-ä golaýy onlaýn tertipde gatnaşdylar. Halkara onlaýn maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda syýahatçylykda telekeçilik, bilim we innowasiýalaryň orny», «Türkmenistanda taryhy, medeni we ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary» atly bölümler boýunça öz işini dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde işewürligiň, bilimiň we innowasiýalaryň ähmiýeti hakynda pikir alyşmalar boldy. Forumyň barşynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, türkmen tebigatynyň owadan hem täsin künjekleri, dünýä jahankeşdelerinde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän taryhy ýadygärliklerimiz, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.

«Dog Bark Park Inn» myhmanhanasy

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň Kottonwud şäherinde täsin görnüşli myhmana bar. 2003-nji ýylda gurlan bu myhmanhana syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Gurluşy taýdan täsin bolan bu myhmanhana it görnüşindedir we onda syýahatçylar üçin dynç almaga ähli şertler döredilendir. Myhmanhananyň «garnynda» birnäçe otag ýerleşýär. Binanyň taslamasy Frensis Konklin hem-de onuň ýanýoldaşy Denis Salliwana degişlidir. Bu myhmanhanany gurmak pikiri ilki oýnawaç ussasy, heýkeltaraş Denis Salliwana gelipdir. Arzuwyny amala aşyrmak üçin oňa 6 ýyl gerek bolupdyr. Myhmanhanany maşgala agzalary el-ele berip, agzybirlikde gurupdyrlar. Täsin myhmanhananyň beýikligi on metrden gowrak bolup, onuň ýanynda ýene-de 3,5 metre ýetýän güjügiň hem heýkeli ýerleşýär.

Dünýäniň täsin şäherleri

Aziýanyň merjeni Ak mermerli binalary bilen dünýä tanalan merjen şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyz ak mermere beslenen binalaryň köplügi bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Bu babatda, ol 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeginde şol gün Aşgabat şäheriniň güni hökmünde uly dabara bilen baýram edilýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Ak ýollaryň aýdymy «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoly, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň we sebitiň ösüşine uly goşant goşjak örän ähmiýetli taslamalaryň biridir. Ýakynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu ýoluň «Aşgabat — Tejen» bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Uzynlygy 203 kilometre ýetýän döwrebap ýol düzümi alty sany hereket zolagyny özünde jemleýär. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her bir hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Hil taýdan ýokary derejeli halkara güwänamalaryna eýe bolan ýoluň türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygy has-da buýsandyryjydyr. 2019-njy ýylyň başynda gurlup başlanan ýoluň galan bölegini 2023-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu ýol Garagum sährasynyň täsin tebigatyny synlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Dünýäniň meşhur myhmanhanalary

«Olimpiýa» şäherçesindäki gözellik «Olimpiýa» myhmanhanasy ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýär. Myhmanhananyň 225 sany ýokary hilli otaglary bolup, birwagtda 450 myhmany kabul etmek mümkinçiligi bar. Ol jemi 10 gatdan ybarat bolup, onda ýygnak zallary, restoranlar, kafeler, dükanlar, dellekhana we dynç almaga gelen raýatlar üçin başga-da birnäçe mümkinçilikler döredilendir. Myhmanhananyň ýokary derejeli myhmanlary, Milli olimpiýa komitetleriniň, Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny, resmi wekilleri we daşary ýurtly ýokary wezipeli adamlary hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny kabul etmek mümkinçiligi has giňdir.

Glazgonyň ajaýyplyklary

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. medeniýet we bilim