"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bize mähribanlar — ata-ene gerek

Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady. Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk.

Ulus-iliň kyblasy

Ömrüň uzynlygy ýaşalan ýaşlar bilen, onuň many-mazmuny bolsa il-gün üçin bitirilen haýyrly işler bilen ölçenilýär. Watana, halka bagyşlanan ömürler milletiň ykbalyna gatylyp-garylyp, geljege uzaýar. Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, ilhalar ynsan, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly hakynda söz açylanda, ine, şu hakykat bilen ýene bir gezek ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Gorkut atadan bize şeýle pent galypdyr: «Ene haky Taňry hakydyr. Ata haky Taňry hakydyr. Patyşa haky Taňry hakydyr». Diýmek, halkymyz Ýer ýüzünde Taňrynyň hakyny diňe şu üç ynsana rowa görüpdir. Munda türkmen ruhunyň ümmülmez giňişlikleri açylýar, heňňamlaryň mizemez hakykaty ör-boýuna galýar. Türkmeniň «Ene toprak, ata Watan», «Käbäm enem, kyblam atam» diýen sözleri bolsa bu keremli topraga, dogduk Diýara söýginiň, mukaddesliklere ynanç-ygtykadyň hut ene-ata ezizligi bilen bir bitewülige öwrülmesidir.

«Watan jigere deň. deňdir göreje»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Mälikguly Berdimuhamedow özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Içeri işler edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli, halal, päk ýürekli we nusgalyk zähmeti, göreldeli gullugy, asylly ahlak sypatlary bilen watansöýüjiligiň, Watana hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezen, ýurdumyzyň asudalygyny berkitmekde, jemgyýetçilik tertibini goramakda gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, içeri işler edaralarynyň işgärlerine görelde mekdebi boldy. Şonuň üçin hem Watanymyzda beýik ynsanyň sarpasy belent tutulýar. Peder ýoluny dowam etdirip, Mälikguly Berdimuhamedow ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, Watana wepaly gulluk etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

Ady Arkadag şäherinde

Arkadag şäherini binalarydyr desgalary bilen birlikde döwrebap köçelerdir giň şaýollar bezeýär. Şeýle şaýollaryň biri hem Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän şaýoldur. Ol «akylly» şäheriň esasy şaýollarynyň biri. Munuň şeýledigine şu maglumatlara göz aýlanyňda-da göz ýetirse bolýar. Ajaýyp gözellige eýe bolan şaýoly seýilgäh-dynç alyş zolaklary, Arkadag şäheriniň «Türkmenistan», «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banklarynyň, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Oba hojalyk toplumynyň, Aragatnaşyk müdirliginiň, Gurluşyk toplumynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň, Söwda toplumynyň, Maliýe we bank toplumynyň, Merkezi bankynyň döwrebap binalary bezeýär. Bu şaýoluň golaýynda «akylly» şäheriň merkezi hasaplanýan Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasy, Jemgyýetçilik toplumynyň we Medeniýet toplumynyň binalary ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu giň şaýol Watanyň wepaly ogly, tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrülen beýik şahsyýetiň her bir türkmenistanlynyň, her bir Arkadaglynyň ýüreginde hemişe ýaşajakdygyny alamatlandyrýar. Şeýle ajaýyp ýoluň nusgalyk ynsan Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny götermegi biziň üçin egsilmejek buýsançdyr.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň  guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli  etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebinde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi we edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adamlaryň saglygyny goramak, döwletimizde her bir raýatyň we maşgalanyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler we şertler barada  giňişleýin gürrüň etdiler. 

“Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär. Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen asylly ýörelgelere eýerilip, millilik ýoly dowamat-dowam bolýar. Halk Maslahaty hem asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirlik

Halk — döwlet häkimiýetiniň gözbaşy

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda ata-babalarymyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alynýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilýär. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Halkyň özygtyýarlylygy hukuk döwletiniň iň esasy alamatlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, munuň özi halk häkimiýetiniň, ýagny demokratiýany hakykat ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm şertidir. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edilip, Konstitusiýamyza Halk Maslahatynyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradygy, ony döretmegiň tertibiniň we ygtyýarlyklarynyň Konstitusion kanun bilen kesgitlenýändigi baradaky kadalar girizildi. Bu bolsa halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň döwletimiz üçin syýasy we hu

Awazada dynç alýanlara döwrebap hyzmat edilýär

Iň bir ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan şu günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şolaryň hatarynda iň bir gelim-gidimli ýerleriň başynda durýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna barýanlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Deňziň jana tenekär howasy, dynç almak üçin guralan ýokary derejedäki şertler bu ýere gelýänleriň wagtyny diýseň şadyýan, gyzykly geçirmeklerini şertlendirýär. Ösen döwürde dynç alşyň bar ýerinde söwdanyň hem bolaýmalydygy hökmany kada öwrülen ýagdaýdyr. Deňizde dynç almaga gelýänler üçin «Awaza» söwda merkezi hem ýokary derejedäki söwda hyzmatlaryny hödürleýär. Munuň üçin müşderiler awazasowdamerkezi.com.tm websaýtyndan onlaýn sargyt edip, özlerine zerur bolan islendik önümi gysga wagtyň içinde getirdip bilýärler. Söwda merkezi bilen hasaplaşyk harytlar müşderä gowşurylandan soňra, nagt ýa-da bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Efiopiýada Afrika yklymyndaky iň uly howa menzili gurlar

Ýurduň paýtagty Addis-Abeba şäheriniň golaýynda guruljak howa menziliniň umumy bahasy 6 milliard amerikan dollaryna deň bolar. «Ethiopian Airlines» kompaniýasynyň baş direktory Mesgina Taseunyň aýtmagyna görä, täze howa menziliniň gurluşygy bäş ýyl dowam edip, onuň umumy meýdany 35 inedördül kilometre barabar bolar.

ANUŞIRWAN ADYLYŇ NESIHATLARY

Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň gerdişine geňirgenmäň. ***

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER

Awazadan galan ýakymly täsirler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe, ýokary derejede dynç almagy üçin ähli şertler döredilip, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna gazna tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Hazaryň ajaýyp kenary

Her ýylyň 12-nji awgustynda giňden bellenilýän Hazar deňziniň gününiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň uzak geljege gönükdirilen, ählumumy bähbitleri nazarlaýan tebigaty goramak syýasatynyň çuňňur mazmunyny dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere beslenýän ekologiýa syýasaty bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy ösüş üçin ykdysady, syýasy şertleri döretmek ýaly döwletli maksatlardan ugur alýar. Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçilýän möhüm ekologik sene bolmak bilen, ol deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini, gymmatly baýlyklaryny gorap saklamakda tagallalary birleşdirmäge itergi berýär. Hazar deňziniň möhüm ulag-logistika merkez hökmündäki mümkinçiliklerinden, onuň bioserişdelerinden, gymmatly baýlyklaryndan rejeli peýdalanylmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagy sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa abadançylygyny, howpsuzlygyny, söwda-ykdysady, dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmegiň geljegi uly ugurlarydyr.

Deňziň ekologiýa abadançylygy

Hazar bilen baglanyşykly uly işler ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, daşky gurşawy gorap saklamak meselesi Hazarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu diňe bir şanly waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ýokary hilli okuw esbaplary

Ýurdumyz boýunça umumybilim berýän orta mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýarlanyldy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri Çärjew etrabynyň çäginde hem ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Häzirki wagtda hem täze okuw ýyly üçin mekdep bazarlary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Ýörite bazarlarda, dükanlaryň öňünde mekdep bazarlary şu günler köp adamly. Mekdep bazarlaryndaky harytlar etrap alyjylar jemgyýeti we hususy telekeçiler tarapyndan doly derejede üpjün edildi. Onda okuw depderleriň dürli görnüşi, reňkli we ak kagyzlar, dürli galamlar, bellik depderçeler, sözlük kitapçalar hem bar. Ata-eneler öz çagalary üçin gerekli harytlary mekdep bazarlaryndan saýlap alyp bilýärler. Öz ýurdumyzyň önümleri bolan egin-eşiklere, aýakgaplara, okuwçy torbalaryna, tahýalara we beýleki okuw esbaplaryna alyjylar uly isleg bildirýärler. Amatly, elýeterli we ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilen mekdep bazarlarynyň alyjylary egsilmeýär. Bu ýerden okuwçylar we talyplar okuw dersleri üçin gerekli bolan esbaplaryny satyn alýarlar.

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada şulary ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär, ýagny elektrik ulgamyna birikdirilen elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak, ütügi ýörite otagdan başga ýerlerde ulanmak bolmaýar, şeýle-de näsaz bolan hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolan ýörite serişdesiz ütügi ulanmagy gadagan etmeli. Kebşirleýiş we açyk ody ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmegi gadagan etmeli. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan geçirilip, ol ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda adam bilen gaplaňyň arasynda tutluşyk boldy

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ekologiýa ugrundan ýazýan, döredýän žurnalist hökmünde ýurdumyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän Sünt-Hasardag goraghanasynda ýygy-ýygydan bolýaryn. Şeýle saparlaryň birinde dag belentliklerinde ýerleşýän obada bir adama gabat geldim. Ol adam maňa öz durmuşyndan täsin bir wakany gürrüň berdi. Men onuň özüneçekiji gürrüňlerini beýan edilýän wakalara gönüden-göni dahylly adamyň dilinden uly gyzyklanma bilen diňledim we onuň ýatlamalaryny publisistik žanrda okyja ýetirmäge synanyşdym.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Aşgabat şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy maksady Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden düşündirmekden ybarat boldy. Bu çäräni Aşgabat şäher Ýaşlar guramasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurady. Merdan ORAZOW, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Asyrlaryň jümmüşinden bäri Hazar deňzi onuň kenarynda ýaşaýan halklary umumy we özara baglaşdyryjy esas bolup hyzmat edip gelýär. Täze taryhy döwrümizde bolsa bu giňişlikde kenarýaka halklaryň parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamaklaryny üpjün edýän gatnaşyklaryň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan syýasaty alyp barmak bilen, Hazary dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzine, köpugurly ykdysady merkeze öwürýär. Turuwbaşdan bellesek, taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini öz üstünden geçiren Hazarýaka sebiti häzirki wagtda bu ýoluň täzeçe döwrebap keşbiniň möhüm düzüm böleginiň merkezidir. Tutuş sebitiň logistik infrastrukturasyny Ýewraziýanyň deňiz derwezesi bolan Hazaryň ulag halkasyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykata kybapdygyny nygtady.