"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

“Tegelek stoluň” başynda geçen söhbetdeşlik

Bäherden etrap merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek maksady bilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan söhbetdeşlik «Halk Maslahaty — halk bähbitli beýik işleriň kepili» diýlip atlandyrdy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler il-ýurt bähbitli meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleri bilen geňeşmek türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän häsiýetli aýratynlygydygyny, bu gün halkymyzyň bu durmuş tejribesiniň giňden dabaralanýandygyny Halk Maslahatynyň alyp barýan işlerinden aýdyň görünýändigini belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler dogrusynda gürrüň ediler, öňde duran wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýaş nesil sagdyn durmuş bilen

Tejen etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 1-njy çagalar bagynda “Ýaş nesil sagdyn durmuş bilen” şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaş nesli berk bedenli, watansöýüji, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek maksady bilen geçirilen duşuşyga terbiýeçi mugallymlar gatnaşdy. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek boýunça täsirli çykyşlar diňlendi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän, adam saglygy üçin peýdaly bolan melhemlik ösümlikler barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Kanunçylyk düşündirildi

Zähmeti goramak boýunça kanunçylygy ilata düşündirmek maksady bilen, şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda etraplarda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň etrap bölümi tarapyndan guralan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi we ýokary derejede dynç almagy ugrunda edilýän aladalar dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berildi.

Gözelliklere baý mekan

Bäherden etrabynyň çägi gözelliklere we täsinliklere baýdyr. “Arçman”, “Ýyly suw” şypahanalary, “Köw ata” ýerasty köli hem uly meşhurlyga eýe bolan ýerlerdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerinde melheme baý şol ajaýyp ýerler barada täsirli gürrüň açylýar. “Köw ata” ýerasty köli boýunça syýahat hem guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda, zähmet rugsady wagtynda etrabymyzdaky meşhur “Arçman” şypahanasyna gelip, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy, şeýle-de agtyjaklary hem-de çowlugy bilen şypahananyň çägi boýunça gezelenç etmegi ählimizde buýsanç duýgusyny döretdi.

Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň sport mekdebinde “Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, sagdynlyk ruhunda terbiýelemek hem-de asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga ýaş türgenler gatnaşdy. Duşuşykda etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy Täçmyrat Şyhberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Rejepnur Ataýew, sport mekdebiniň tälimçileri Parahat Amanow, Hurmagül Annagurbanowa çykyş edip, Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän ajaýyp şertler barada giňişleýin durup geçdiler.

Ekinlere daşky gurşawyň täsiri

Ösüm­lik­le­riň ýa­şaý­şy üçin daş­ky gur­şa­wyň bel­li bir şert­le­ri ze­rur­dyr. Ola­ryň esas­la­ry ýag­ty­lyk, ýy­ly­lyk, suw, top­rak­da­ky iý­mit ele­ment­le­ri, ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy we kis­lo­rod­dyr. Ýy­ly­lyk aky­my to­hu­myň şi­ne­le­me­gi we gö­ge­rip çyk­ma­gy, gä­mik­le­riň eme­le gel­me­gi, ösüm­lik­le­riň su­wy we iý­mit mad­da­la­ry­ny so­rup al­ma­gy, or­ga­ni­ki mad­da­la­ryň dö­re­me­gi, dür­li or­gan­la­ryň eme­le gel­me­gi hem-de ösüp boý al­ma­gy we ola­ryň ösü­şi­niň her bir döw­rü­niň bo­lup geç­me­gi üçin ze­rur­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy ösüm­lik­le­riň ýa­şaý­şy­nyň äh­li ta­rap­la­ry­na tä­sir ed­ýär.

Garaşsyzlyk – halkymyzyň buýsanjy

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan, ulu­dan toý­la­nyl­ýan mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my bo­sa­ga­da dur. Ga­raş­syz­lyk hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­niň, il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­niň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­dyr. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da ge­çi­len ýo­la na­zar aý­lap, ýur­du­myz üçin ga­raş­syz ösü­şiň nä­de­re­je­de ne­ti­je­li, gym­mat­ly, ýe­ňiş­li bo­lan­dy­gy­na ta­ry­hy nuk­daý­na­zar­dan ba­ha ber­mek bol­ýar. Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň baş­lan­ma­gy bi­len, düýp­li öz­gert­me­le­riň, ägirt uly tä­ze­le­ni­şiň döw­ri baş­lan­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň ga­raş­syz ösü­şi­niň bin­ýa­dy­na ýur­dy düýp­gö­ter tä­ze­le­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len, yl­my esas­da oý­la­ny­şyk­ly, top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­ler go­ýul­dy. Yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na, dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp yk­dy­sa­dy we dur­muş-me­de­ni ösüş göz öňün­de tu­tul­dy. Türk­men hal­ky­nyň eg­sil­mez ru­hy güý­jü­ne, öz­bo­luş­ly ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­na esas­lan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty gel­jek­ki ösüş ýo­lu­ny üp­jün et­di.

Welaýat zenanlar bölüminde

Gyz edebi gyzyldan gymmatly Düýn şeýle at bilen welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde welaýat we Mary şäher zenanlar bölümleriniň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlar merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde zähmetsöýer, işewür zenanlarymyzyň on barmagyndan, ýürek yhlasyndan dörän milli el işleriniň, şaý-sepleriniň, haly önümleriniň we nakgaşlyk eserleriniň sergisi guraldy.

Ila­ty has çalt art­ýan ýurt­lar

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de ilat sa­ny­nyň azal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, köp ýurt­da ila­tyň sa­nynyň kö­pel­me­gi­ do­wam e­d­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ila­ty has köp art­ýan ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da Gü­nor­ta Su­dan bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ýurt­da ila­tyň ar­tyş tiz­li­gi ortaça 4,65 gö­te­rim. Ikin­ji orun­da­ky Ni­ge­riň ila­ty bol­sa, her ýyl­da or­ta­ça 3,66 gö­te­rim kö­pel­ýär. Üçün­ji orun­da­ky An­go­la­nyň ila­ty hem ýyl­da 3,33 gö­te­rim ar­typ­dyr. Bu gör­ke­zi­ji Be­nin­de 3,29 gö­te­rim, Ek­wa­tor Gwi­ne­ýa­syn­da 3,23 gö­te­rim, Ugan­da­da 3,18 gö­te­rim, Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­syn­da 3,11 gö­te­rim, Çad­da 3,01 gö­te­rim, Ma­li­de 2,9 gö­te­rim we Zam­bi­ýa­da 2,83 gö­te­rim bo­lup­dyr. Sa­naw­dan gör­nü­şi ýa­ly, il­kin­ji on­lu­ga di­ňe Af­ri­ka ýurt­la­ry gi­rip­dir. Af­ri­ka­nyň ila­ty yzy­gi­der­li ar­typ, ge­çen asy­ryň ba­şyn­dan bä­ri on es­se kö­pe­lip­dir.

Iri ener­gi­ýa tas­la­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ri­ler

Awst­ra­li­ýa ägirt uly tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Bu ýurt­da gu­rul­jak Gün be­ke­di ar­ka­ly ön­dü­ril­jek elekt­rik ener­gi­ýa­sy Sin­ga­pu­ra ibe­ri­ler. Umu­my ba­ha­sy 19 mil­liard dol­lar­lyk tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de 30 müň gek­tar meý­dan­da Gün pa­nel­le­ri otur­dy­lar. Ýur­duň daş­ky gur­şa­wy­nyň üýt­ge­me­gi se­bäp­li, Ener­gi­ýa we suw mi­nistr­li­gi Awst­ra­li­ýa-Azi­ýa «Po­wer­Link» at­ly tas­la­ma rug­sat ber­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len ýur­duň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Mi­nistr­lik dün­ýä­niň iň uly Gün elekt­rik be­ke­di­niň gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ýer­de ön­dü­ri­len elekt­rik ge­çi­ri­ji­si In­do­ne­zi­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka­syn­dan ge­çip, Sin­ga­pu­ra ba­ryp ýe­ter. Ge­çi­ri­ji­niň 4 müň 300 ki­lo­metr­lik bö­le­gi In­do­ne­zi­ýa­nyň ke­na­ryn­dan, deň­ziň aşa­gyn­dan ge­çer. Tas­la­ma­ny iş­läp taý­ýar­lan «Sun Cab­le­dan» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýyl­da önüm­çi­li­ge baş­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Ada­lar­da myh­man­ha­na gur­lar

Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 90 ada­nyň üs­tün­de ka­şaň myh­man­ha­na­lar gur­lar. Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na 500 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum goý­be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mun­dan ozal ýurt­da uzyn­ly­gy 170 ki­lo­met­re ba­ra­bar «The Li­ne» at­ly tas­la­ma mä­lim edi­lip­di. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de «akyl­ly» şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Tä­ze tas­la­ma bol­sa, «Red Sea Pro­ject» (Gy­zyl de­ňiz tas­la­ma­sy) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu tas­la­ma­da, Gy­zyl de­ňiz­de ke­nar­dan uzak­da­ky adam aýa­gy sek­me­dik ada­lar­da ka­şaň myh­man­ha­na­lar top­lu­my gur­lar. Sy­ýa­hat­çy­lyk top­lu­my ýur­duň gün­ba­tar ke­na­ryn­da­ky Um­luj we El-Wajh şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ýer­le­şip, 28 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tu­tar. Hä­zir­ki wagt­da bu ada­lar çöl­den, dag­dan we sö­nen wul­kan­dan eme­le ge­lip­dir. Ada­la­ryň kö­pü­siniň 75 gö­te­rim ýe­rin­de hiç hi­li gur­lu­şyk iş­le­ri ge­çi­ril­män, te­bi­ga­ty üýt­ge­dil­mez. «Ritz-Carl­ton» ýa­ly lýuks myh­man­ha­na­la­ryň hem bu ýer­de şa­ham­ça­sy­ny açyp bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Iri tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de myh­man­ha­na­lar bi­len bir ha­tar­da dynç alyş oba­la­ry, wil­la­lar we beý­le­ki­ler bo­lar. Şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li tas­

Wagyz-nesihat çäresi

Pyragynyň döredijiligi terbiýe çeşmesidir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylymyza mynasyp at bermek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär.

Elekt­rik­li At ara­ba­la­ry

Soň­ky ýyl­lar­da ösen teh­no­lo­gi­ýa ne­bit ýan­gy­jy­nyň ýe­ri­ne ba­ta­re­ýa bi­len iş­le­ýän dür­li ulag­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­me­gi ho­wa goý­be­ril­ýän tüs­sä­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Esa­san, ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri çy­ka­ryl­ýan hem bol­sa, uçar­lar, ýük ulag­la­ry we gur­lu­şyk ma­şyn­la­ry­nyň hem elekt­rik bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de bol­sa, sy­ýa­hat­çy­la­ryň gez­di­ril­me­gi üçin ula­nyl­ýan at ara­ba­la­ry elekt­rik­li edil­di. Şeý­le­lik­de, Brýus­sel sy­ýa­hat­çy­la­ry şä­he­re aý­la­mak üçin tok bi­len iş­le­ýän at ara­ba­la­ry­ny ula­nan il­kin­ji şä­her bol­dy. Şä­he­riň mej­li­si 2022-nji ýyl­da at ara­ba­la­ry­nyň ýe­ri­ne elekt­rik ener­gi­ýa­ly ara­ba­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­ra­da ka­rar ka­bul edip­dir. Go­laý­da iki ara­ba at­la­ryň de­re­gi­ne elekt­rik­li mo­tor bi­len he­re­ket edip baş­lap­dyr. Bu ara­ba­lar Pol­şa­da ön­dü­ri­lip­dir. Go­laý­da ýe­ne bir ara­ba­nyň hyz­ma­ta hö­dür­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 1832-nji ýyl­da at ara­ba­sy­na elekt­rik­li he­re­ket­len­di­ri­ji otur­dyp, il­kin­ji elekt­rou­la­gy ýa­san şot­land in­že­ne­ri Ro­bert An­der­so­nyň hor­ma­ty­na «An­der­son» di­ýip at go­ýup­dyr­lar. Döw­re­bap ara­ba­lar bir ge­zek­ki zar­ýa

Dün­ýä­niň iň uly ýaşly yn­sa­ny

Dün­ýä­niň iň uly ýaşly yn­sa­ny ha­sap­lan­ýan Ma­ri­ýa Bran­ýas Mo­re­ra 117 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li Is­pa­ni­ýa­da ýa­şan Mo­re­ra 1907-nji ýy­lyň 4-nji mar­tyn­da ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de dün­ýä inip­dir. Mo­re­ra­nyň maş­ga­la­sy X ak­ka­un­dyn­da: «Ma­ri­ýa Bran­ýas ara­myz­dan git­di. Ol is­leý­şi ýa­ly: uku­da­ka, ra­hat ýag­daý­da we gy­nan­man git­di» diý­ip ýaz­dy. Ge­çen ýyl fran­si­ýa­ly ze­nan Lýu­sil Ran­don ara­dan çy­kan­dan soň­ra, 100 ýaş­dan ulu­la­ryň mag­lu­mat­la­ry­ny tas­syk­la­ýan Ge­ron­to­lo­gi­ýa bar­lag to­pa­ry Mo­re­ra­nyň dün­ýä­niň iň uly ýaş­ly yn­sa­ny­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Mo­re­ra şu ýy­lyň mar­tyn­da 117 ýa­şap­dy.

«Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat tap­gy­ry ge­çi­ril­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat tap­gy­ry «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki giň toý meý­dan­ça­syn­da uly da­ba­ra bi­len ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­ge des­lap­ky tap­gyr­lar­da ýe­ňiş ga­za­nyp, öňe saý­la­nan ýaş hö­wes­jeň aý­dym­çy­la­ryň 10-sy gat­naş­dy. Ýaş aý­dym­çy­la­ra ýü­rek joş­gu­ny­ny we ukyp-ba­şar­ny­gy­ny do­ly açyp gör­kez­mä­ge äh­li şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir. Şi­rin aý­dym­la­ryň owa­zy­na bes­le­nen te­le­bäs­le­şik ha­ky­ky sun­gat baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­di. Ýaş ze­hin­le­riň sah­na­da özü­ni alyp bar­şy­na, egin-eşi­gi­ne, aý­dym­la­ryň sö­zü­ni dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ne emin­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan my­na­syp ba­ha be­ril­di.

Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?

Şu gün­ler ýurdumyzyň äh­li se­bit­le­rin­de ys­sy ho­wa aky­my do­wam ed­ýär. Howanyň ys­sy gün­ler­inde sag­ly­gy­ňy dur­nuk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň çak­da­na­şa gyz­ma­gy adam be­de­nin­de dür­li näsaz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün­di­ziň jöw­za­ly ys­sy­syn­da ça­ga­la­ryň da­şar­da oý­na­mak­la­ry­na ýa-da ge­ze­lenç et­mek­le­ri­ne rug­sat ber­me­li däl. Ýaş ça­ga­nyň be­de­ni­ne ge­rek bo­lan D wi­ta­mi­ni al­mak üçin her gün ir­den sa­gat 09:00-a çen­li, ag­şam sa­gat 18:00-dan soň 15-20 mi­nut ge­ze­lenç et­mek ýe­ter­lik­dir. Gün şöh­le­si uly adam­lar üçin hem ze­rur­dyr. Be­den üçin ge­rek bo­lan Gün şöh­le­si ka­bul edil­me­se, adam­da keýp­siz­li­giň, uky­nyň bo­zul­ma­gy­nyň we ga­har­jaň­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýö­ne Gün şöh­le­si­niň do­wam­ly tä­si­ri­niň be­de­ne örän uly zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni hem unut­ma­ly däl. Gün ur­ma­dan go­ran­mak üçin ak, açyk reňk­li egin-eşik­le­ri, ba­şy­ňa baş­gap geý­mek ýa-da ýag­lyk da­ňyn­mak, şeý­le-de gö­zü­ňe Gün şöh­le­sin­den go­raý­jy äý­nek­le­ri da­kyn­mak we be­den­dä­ki su­wuň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak mö­hüm­dir. Ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy bi­len, su­wuk­ly­gyň der üs­ti bi­len köp muk­dar­da bö­lü­nip çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de, be­den­dä­ki de­ňag­ram­ly­lyk bo­zu­lyp, be­den­dä­ki bar bo­lan mak­ro we mik­ro ele­ment­le­riň, wi­ta­min­l

Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?

Şu gün­ler ýurdumyzyň äh­li se­bit­le­rin­de ys­sy ho­wa aky­my do­wam ed­ýär. Howanyň ys­sy gün­ler­inde sag­ly­gy­ňy dur­nuk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň çak­da­na­şa gyz­ma­gy adam be­de­nin­de dür­li näsaz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün­di­ziň jöw­za­ly ys­sy­syn­da ça­ga­la­ryň da­şar­da oý­na­mak­la­ry­na ýa-da ge­ze­lenç et­mek­le­ri­ne rug­sat ber­me­li däl. Ýaş ça­ga­nyň be­de­ni­ne ge­rek bo­lan D wi­ta­mi­ni al­mak üçin her gün ir­den sa­gat 09:00-a çen­li, ag­şam sa­gat 18:00-dan soň 15-20 mi­nut ge­ze­lenç et­mek ýe­ter­lik­dir. Gün şöh­le­si uly adam­lar üçin hem ze­rur­dyr. Be­den üçin ge­rek bo­lan Gün şöh­le­si ka­bul edil­me­se, adam­da keýp­siz­li­giň, uky­nyň bo­zul­ma­gy­nyň we ga­har­jaň­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýö­ne Gün şöh­le­si­niň do­wam­ly tä­si­ri­niň be­de­ne örän uly zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni hem unut­ma­ly däl. Gün ur­ma­dan go­ran­mak üçin ak, açyk reňk­li egin-eşik­le­ri, ba­şy­ňa baş­gap geý­mek ýa-da ýag­lyk da­ňyn­mak, şeý­le-de gö­zü­ňe Gün şöh­le­sin­den go­raý­jy äý­nek­le­ri da­kyn­mak we be­den­dä­ki su­wuň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak mö­hüm­dir. Ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy bi­len, su­wuk­ly­gyň der üs­ti bi­len köp muk­dar­da bö­lü­nip çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de, be­den­dä­ki de­ňag­ram­ly­lyk bo­zu­lyp, be­den­dä­ki bar bo­lan mak­ro we mik­ro ele­ment­le­riň, wi­ta­min­l

Buz­luk­lar çalt ere­ýär

Soň­ky ýyl­lar­da ho­wa­nyň adat­da­ky­dan ma­ýyl bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de buz­luk­la­ryň çä­gi­niň ki­çel­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Şeý­le ýer­le­riň bi­ri hem Nor­we­gi­ýa­nyň Swal­bard ada­sy­dyr. NA­SA ys­sy ho­wa­nyň ada­nyň ýü­zün­dä­ki buz­la­ryň ere­me­gi­ne se­bäp bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. 23-nji iýul­da ada­da has köp buz eräp­dir. De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn bo­lan ada­nyň Ýer ýü­zü­niň iň çalt gyz­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­di­gi bel­le­nil­di. Bu ada­lar Ýe­riň or­ta­ça maý­la­ma­gyn­dan 6 es­se çalt gyz­ýar. Bu ýer­de ak aýy­lar hem ýa­şap, baý te­bi­ga­ty bar.

Ýe­ne 13 ýyl­dan peý­da bo­lar

19-21-nji aw­gust ara­ly­gyn­da tä­sin ast­ro­no­mik ha­dy­sa bo­lup geç­di. Aý Ýe­re has ýa­kyn, uly we ýag­ty gö­rün­di. Ast­ro­nom­lar mun­dan soň­ra şeý­le ha­dy­sa­nyň 2037-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le ha­dy­sa­ny 1979-njy ýyl­da ast­ro­log Ri­çard Nol­le «Su­per Aý» di­ýip at­lan­dyr­ýar. Şeý­le ýag­daý do­lan Aýyň Ýe­re iň ýa­kyn bo­lan wag­ty ýü­ze çyk­ýar. Bu söz ast­ro­no­mik adal­ga bol­ma­sa-da, as­man gi­ňiş­li­gi­ne syn ed­ýän hö­wes­jeň­le­riň ara­syn­da ula­nyl­ýar. Şeý­le ýag­daý­da Aý adat­da­ky­dan 30 gö­te­rim uly bo­lup gö­rün­ýär.

Maýkl Jeksonyň rekordyny täzeledi

Ge­çen ýyl «Ti­me» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan «Ýy­lyň ada­my» saý­la­nan hem-de soň­ky wagt­lar­da dün­ýä ýurt­la­ryn­da ber­ýän kon­sert­le­ri bi­len ta­nal­ýan Teý­lor Swift pop aý­dy­my­nyň şa­sy Maýkl Jek­so­na de­giş­li re­kor­dy tä­ze­le­di. Go­laý­da ýaş aý­dym­çy­nyň Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da­ky kon­ser­ti­ne to­ma­şa et­mä­ge 92 müň adam ýyg­nan­dy. Swift tom­suň ba­şyn­dan bä­ri bu sta­di­on­da 8 ge­zek kon­sert ber­di. Şeý­le­lik­de, ol kon­sert ber­mek üçin ed­ýän sy­ýa­ha­ty­nyň çä­gin­de bu ýer­de iň köp çy­kyş eden aý­dym­çy bol­dy. Mun­dan ozal 1988-nji ýyl­da Maýkl Jek­son «Bad» at­ly kon­sert tu­ru­nyň çä­gin­de «Wemb­ley»-de 7 ge­zek kon­sert be­rip­dir. Swift mun­dan ozal hem bir­nä­çe re­kor­dy tä­ze­läp­di. Aý­dym­çy­nyň dün­ýä ýurt­la­ryn­da be­ren kon­sert­le­rin­den dö­re­di­len «Tay­lor Swift: The Eras To­ur» at­ly fil­mi 261,6 mil­li­on dol­lar kas­sa ýy­gy­my­ny ga­za­nyp­dy. Şeý­le­lik­de, bu film iň köp gir­de­ji ge­ti­ren do­ku­men­tal kon­sert bo­lup­dy. Maýkl Jek­so­nyň 2009-njy ýyl­da pro­ka­ta çy­kan «This Is It» at­ly kon­sert fil­mi 181,9 mil­li­on dol­lar gir­de­ji alyp­dy.