"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Kanunçylyk ulgamynyň ösüşli ýoly

Hormatly Prezidentimiz döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge ýardam berýän hukuk namalaryny işläp düzmek, dünýä täzeliklerini we häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny nazara almak bilen, hukuk ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň möhümdigini nygtaýar. Şunda hukuk kadalarynyň, serişdeleriniň ýurdumyzyň ösmegine we täzeçillige hyzmat etmegi üçin kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine, hukugyň amala aşyrylyşyna, hereket edýän kadanamalary wagyz etmegiň, düşündirmegiň wajypdygyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda konstitusion ýörelgelere, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk taglymatyna esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alnyp, milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Deň hukuklar we mümkinçilikler ýörelgesini amala aşyrmak üçin kanunçylyk we guramaçylyk çäreleri geçirilýär. Adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady we medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň, raýatyň kanuny bähbitleriniň goralmagynyň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmak baradaky durmuş çelgili döwlet syýasaty ýurdumyzy durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmegiň hem-de türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmagyň wajyp ugry bolup durýar.

Öýüm ýyly — göwnüm ýyly

Birtekiz timarlanan gül-pudaklaryň gülpam keşbi, şaýollaryň iki gyrasyny jähekläp, elmydama ýaşyl öwsüp oturan syrdam daragtlaryň uzyn hatary şäheriň görküne görk goşýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň işçileri görkana şäheriň hemişe göze ýakymly, tämiz hem gözel bolmagy üçin ýagşy işleri alyp barýarlar. Baglaryň içini, ýol eteklerini, ýanýodalary, binalaryň, köp gatly jaýlaryň daş-töweregini arassalaýarlar, şäheriň owadan giňişligini abadanlaşdyryp, gül pürkülen ýaly edýärler. Birleşigiň düzümleri jemagat hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak, gündelik geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işçi-hünärmenleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemek, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen berjaý etmek üçin döredijilikli işlemegiň asylly nusgasyny görkezýärler.

Ýol görkeziji şamçyrag

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly ösüşlere beslenýär. Mähriban türkmen halkymyz bagtly durmuşda ýaşaýar. Ajaýyp zamanamyzda Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy başarýan kämil, watansöýüji nesli terbiýelemekde biziň — mugallymlaryň öňünde uly wezipe durýar. Adamzat jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesi bolsa çaga terbiýesiniň diýseň çylşyrymlydygyna şaýatlyk edýär. Bu mesele ata-eneden, terbiýeçiden, mugallymdan, tutuş jemgyýetden köp zähmet, wagt, ukyp talap edýär.

Berkarar Diýarymyzyň tutmlary rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, agzybir halkymyzyň tüýs ýürekden goldamagy netijesinde yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri hem-de talyplar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şöhratly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylyp, hormatly Prezidentimiziň dünýä halklaryny dostluga, abadançylyga, özara ynanyşmaga, hoşmeýilli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna çagyrýan döwlet syýasatynyň tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýyly hem ýurt berkararlygymyzy pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy berkitmek, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksadyna gönükdirilen tutumlaryň rowaçlyklara beslenýän ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň, şeýle-de halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan, umumadamzat bähbitlerine gönükd

Synaglar kabul edildi

Golaýda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde kiçi serkerdeler düzümi bilen okuw-usulyýet ýygny guraldy. Ýygnyň dowamynda harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, dolandyryş bölüminiň serkerdesi, kapitan Amanmuhammet Hydyrow tarapyndan okuw dersleri meýilleşdirilip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalary, taktiki, aragatnaşyk, gumanitar, usulyýet taýýarlyklary boýunça sapaklar geçildi hem-de geljekki kiçi serkerdeler düzüminden synaglar kabul edilip, netijede üstünlikli synag tabşyranlara «kiçi seržant» harby atlary dakyldy. Synaglarda kiçi seržantlar Rejepmuhammet Gadyrow, Mekan Babaýew, Kerwen Arslanow, Babaröwşen Öwezdurdyýew, Nariman Nurmämmedow dagy has-da tapawutlandylar. Dinara MURADOWA, maýor.

Ýagşy adam ýatdan çykmaýar

Halal zähmet çekip, adamlara ýagşylyk etseň, il-gün seni hormatlaýar, sylaýar. Sary Näzmeňliýew hem şeýle adamlaryň hilindendi. Şahyr Sary Näzmeňliýew 1950-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda maldaryň maşgalasynda dünýä inýär. Sarynyň çagalygy kyn günde geçýär. On iki ýaşynda dädesi aradan çykyp, dört dogan ýetim galýar. Ejesi pahyr hem ene, hem ata ornunda durup, çagalaryny kemala getirýär. Sary obadaky orta mekdepde okaýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, onuň türkmen dili we edebiýaty fakultetini oňat bahalar bilen tamamlaýar. 1972-nji ýyldan 1976-njy ýyla çenli Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Ýaş zehinli hünärmen işi, adamkärçiligi bilen hormata mynasyp bolýar. 26 ýaşly ýigidi etrabyň medeniýet bölüminiň müdiri edip işe alýarlar. Soňra ol «Oktýabryň ýoly» etrap gazetiniň baş redaktorlygyna bellenilýär. Öňki soýuzyň žurnalistler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Sary 1984 — 1994-nji ýyllarda raýon sowetiniň deputaty bolup, jemgyýetçilik-syýasy işi hem alyp barýar. Ol Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigidi.

Watan ýürekden başlanýar

Watan, hakykatdanam ýürekden başlanýar. Adam öz eziz görýän gymmatlyklaryny ýüreginde saklaýar. Watan bolsa şeýle gymmatlyklaryň iň arzylylarynyň, iň mukaddesleriniň biri. Özi-de, özünden aýry bolmadyk gymmatlyk. Hakyky watansöýüji ynsan, Watanyň, ilki bilen, ata-babalarymyzdan galan mukaddes mirasdygyna kemsiz akyl ýetirýär. Hawa, Watan — bize merdana pederlerimizden galan miras, Watan — biziň nesillerimize galdyrjak mukaddesligimiz. Şonuň üçin, Watan hakyndaky pikirlerdir garaýyşlar, sözlerdir setirler howaýy bolmaly däldir. Çünki Watan düýnümiz, şu günümiz, ertirimiz. Düýn, şu gün, ertir bolsa, ömür diýmekdir. Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda. Adamyň ömürboýy edýän yhlasynyň özeninde Watan baradaky alada bar. Watanyň gymmaty ömürboýy eden yhlasyň bilen ölçärden hem ýokardadyr. Her adamyň süňňüniň öz topragyndan alnandygy hakynda tymsal bar. Hakykatdanam, adam öz topragyna meňzeş. Topragyna mahsus bolan aýratynlyklaryň ählisi onuň hüý-häsiýetinde kemal tapýar. Edil şonuň ýaly damarynda türkmen gany aýlanýan kişiniň edim-gylymy-da mukaddes topragymyza kybap. Agraslyk, agramlylyk, sahylyk, halallyk, merdanalyk, edermenlik — ine, türkmen topragy hakynda pikir edeniňde ilki seriňe gelýän häsiýetler. Hut şolar hem biziň milletimiziň iň bir görnükli edim-gylymlarynyň, hüý-häsiýetleriniň özenini düzýär.

Kämil kanunlar — depginli ösüşiň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, Konstitusiýamyzdan ugur alnyp kabul edilýän kanunlary işläp taýýarlamakda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almak, kanunçylyk namalarynyň döwrüň ösen derejesi bilen özara sazlaşygyna uly üns bermek baradaky tabşyryklaryndan, maslahatlaryndan ugur alnyp, milli parlamentiň deputatlary tarapyndan ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar we kabul edilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi döwlet bilen raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgelerini we düzgünlerini belleýär.

Jemgyýet we raýat gatnaşyklary rowaçlanýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda, raýat bilen jemgyýetiň, döwletiň özara baglanyşygyny üpjün etmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ähmiýeti örän uly. Syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan möhüm wakalara işjeň gatnaşyp, raýatlarymyzy döwür bilen aýakdaş gitmäge çagyrýarlar, olary ýokary zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, ata Watanymyzyň gazanýan ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny we milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri, döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary wagyz etmek, giň halk köpçüligine düşündirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Şeýle mazmunly çäreler wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler görnüşinde geçirilýär. Bu işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleri işjeň çekilýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly çärelere il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar, şeýle hem dürli ulgamlarda, pudaklarda zäh

Ýaşlar – döwletimiziň güýç-kuwwaty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhunda, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmegini gazanmak, şeýlelikde ruhy, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz Diýarymyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini aýdyň görkezýär.

On alty ýuwlukly ata

Iş telefonymyzyň batly jyňňyrdysy göýä, bir şatlykly wakany habar bermäge gyssanýan ýalydy. Aňyrdan eşidilen dogumly we şadyýan ses onuň şaýady boldy oturyberdi. Sözüni salamdan başlan ýaş ýigit türkmeniň gadymy edep-kadalaryna ygrarlydygyny subut etmek isleýän ýaly bolup, özüne gezek ýeterine garaşdy. «Aýdyberiň, näme hyzmat bolsa, sizi «Nesil» gazeti diňleýär» diýlenden soň, pikirlerini aýyl-saýyl beýan etmäge durdy. «Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ýakup Aýdogdyýew» diýip, ol özüni tanyşdyrdy. Bir sägindi-de, ýigit sözüni dowam etdirdi: «Gazetiňizde çap edilen «Ýüz çowlukly ene» atly makalany okap, juda begendim. Sebäbi biziň öýümizde-de şeýle uzak ýaşly, giň döwletli ynsanlaryň biri ýaşaýar. 103 ýaşly garry atam Aýdogdy Amadyýewiň 38 agtygy, 88 çowlugy, 16 ýuwlugy bar. Atam bagtyýar zamanamyzyň şu eşretli günlerinde gowulyk görmegi arzuw edýär» diýdi. Il-gün bir gowy zat, ýagşyny ýaýyp, ýagşylygy ýüzüňe sylmak neneň ajaýyp?! ― diýdik-de, «Niredesiň Marynyň Peşanaly geňeşligi?!» diýip işe girişdik. Şu pursatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly aladalary bilen ýurdumyzy ähli ulgamlar boýunça sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Görsene muny, salym geçmänkä bir asyry arka atan Aýdogdy aganyň nebereleri bilen düşen suratlary-da, külterlän ömür menzilleri baradaky maglumatlar-da, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň

Aýdyň geljegiň nury

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez yhlasy, öňdengörüjiligi hem-de çuň paýhasy bilen gözel paýtagtymyz gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýan baş şäherimiziň gözel künjekleri, seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary täsinligi, ajaýyp binagärligi bilen haýrana goýýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň özboluşly binagärliginiň, dünýä ülňülerine kybap gelýän giň we ýagty köçeleriniň, bagy-bossana beslenen seýilgähleriniň, täsin suw çüwdürimleriniň we jemgyýetçilik-medeni zolaklarynyň gysga döwrüň içinde kemala getirilmeginiň özeninde hormatly Arkadagymyzyň yhlasynyň, Watana bolan belent söýgüsiniň durandygy hemmämize mälimdir. Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini synlamak, onuň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlygy bilen tanyşmak maksady bilen ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň, daşary ýurtly myhmanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen paýtagtymyzyň durky düýpgöter özgerip, sanlyja ýylyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeledi. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bü

Muny bilmek gyzykly

■ Çaganyň ilkinji görýän reňki gyzyldyr. ■ Ak reňk päkligi we arassalygy aňladýar. Şeýle hem, ak reňk yzygiderliligi we durnuklylygy aňladýar. Köplenç ak reňkli eşigiň geýilmegi hem şular bilen baglydyr.

Wagyz - nesihat çäreleri

Şanly ýylyň wezipeleri Täze — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyla gadam basan il-günümiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Geçen — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri berkitmäge gönükdirilen joşgunly zähmet täze ýylyň ilkinji günlerinden rowaç alýar. Ýaňy başlanan ýylda bolsa türkmen halkynyň öňünde möhüm wezipeler durup, olar Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleridir.

Döredijilik bäsleşigi

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňden görüjilikli ykdysady, medeni, durmuş syýasaty netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň dünýä derejesindäki halkara at-abraýy barha ýokary göterilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, parahat durmuşy, ýaş nesilleriň nurana geljegi ugrunda alyp barýan çäksiz uly tutumly işleriniň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça guwandyryjy ösüşlere eýe bolup, beýik üstünliklere ýetilýär.

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar.

Şanly ýylyň hormatyna

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmegiň, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmegiň möhümdigini nygtady. Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda geçirilen «Gurşap alýar bu gün uly dünýäni parahatlyk, ynanyşmak taglymy» atly dabara hem şu möhüm wezipelerden ugur alnyp guraldy. Dabarada şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek, şanly senäni zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylamak barada gürrüň edildi.

Üçemler — geljekki goç ogullar

SURATDA: Ejegyz Çaryýewa üçem ogullary bilen.Surata düşüren Azym ŞEKEROW. Perzent — bu ynsanyň bagt guşy. Ol enaýyja guş enäniň ellerine gonanda ene ýüreginde üýtgeşik bir dünýä emele gelýär. Çünki ol kiçijik göwnüne ýanýoldaşyna bolan söýgini, gaýyn öýüne bolan sylagy, mährem çagalaryna bolan mähiri ýerleşdirmeli bolýar. Şol sebäpden-de ene hemme zatdan mukaddes saýylýar.

Ýylyň şygary — täze üstünlikleriň badalgasy

ÖŇŇIN Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen şu ýylyň çärelerine badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa welaýatyň, etrapdyr şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Dabarany Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jennet Geldymamedowa açyp, ýygnananlary Arkadagly döwrümiziň Täze ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlap, 2021-nji ýylyň ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin rowaçly ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdi hem-de ýylyň şygary mynasybetli geçirilýän dabaranyň ähmiýetini belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda her ýyly özboluşly şygar astynda garşy almak, ýyla at dakmak asylly däbe öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň ýürek buýsanjy

Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty: