"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýurda gulluk — biziň asyl kesbimiz

Ähli döwürlerde ata Watany, ene topragy goramak her ynsanyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky borç hasap edilipdir. Häzirki wagtda hem bu ýörelge özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçekleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady ýurdumyzyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar Türkmenistanyň harby-syýasy ugrunyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir. Kanunda Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, öz ata Watanyny — Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludygy berkidilendir. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň huku

Ata Watany goramak mukaddes borçdur

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Köňüldäki hyjuwymyz, zybandaky dessanymyz, goldaky tarymyz — Watana bolan söýgimiziň nyşany. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şular bilen bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär. Taryha ser salnanda, bu hakykatyň geçmişiň müňýyllyklaryndan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy merdana ogullary bilen beýgelýär. Bu zatlar ýürege ýazylgy heýkel ýaly müdimidir. Gerçek ogullary terbiýelemek parahatçylykly döwrümizde hem hakyky merdanalygy terbiýelemegiň, durnukly şahsyýetleri kemala getirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.

Watan goragy mukaddesdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gözel paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giňden bellenilýär. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Watan goragynyň mukaddesligini giňden wagyz etmek bilen, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy baýdak edinip, dostana goňşuçylyk we ynanyşmak syýasatyny alyp barýar. Milli goşunymyz parahatçylygy, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbidine halkymyzyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinamyzda öz beýanyny tapýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.

Geljegi nazarlaýan belent sepgitler

Geçen ýylyň aýagynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmäge ünsi çekip, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durandygyny nygtady. Biz — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýan şol wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna täze iş meýilnamalary bilen gadam basdyk. Bu günki gün baky Bitaraplygymyzyň, mizemez Garaşsyzlygymyzyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň alyp barýan yzygiderli işleri onuň halkara hukuk esaslaryny giňeltmäge oňyn şertleri döredýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmegine, dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň emele gelmegine, goldanylmagyna we ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň saýlap alan ugry ähli ýurtlar bilen parahatç

Zybanynda Watan waspy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalarynyň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ruhubelent ýaşlaryň döredijilik ylhamyny has-da joşdurýar. Ýaşajyk Watan waspçylary gül Diýarymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini şygyrlaryň, aýdymlaryň üsti bilen taryp edýärler. Watan waspyny dillerine sena edip, ýürek söýgüsini şygyrlaryna siňdirýän zehinli ýaşlaryň biri hem Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Söýli Muhamowadyr. Söýli heniz çagalar bagyna gatnaýarka «Bilgirje», «Zehin», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklerde çykyş edip, deň-duşlaryndan saýlanýar. Ejesi Sapargül gelnejäniň gürrüň bermegine görä, Söýli, ýaşdygyna garamazdan, teleradioýaýlymlarda goýberilýän hekaýalardyr goşgulary ünsli diňleýär. Dogany Mukamyň okap berýän goşgularyny bolsa onuň yzy bilen gaýtalap, ýatdan öwrenýär.

Sungatyň aşygy

Siziň synlaýan ajaýyp sungat eserleriňiz welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň IV ýyl talyby Zafar Soltanowyň çeken suratlary. Biz onuň okuwyndan boş wagtyna gabatlap döredijilik ussahanasynda myhmançylykda bolduk. Zafaryň çekýän suratlarynyň aglabasynda gözel tebigatymyzyň, behişdi bedewlerimiziň, gadymy galalarymyzyň ajaýyp keşbi janlanýar. Döredijilik adamsy bilen söhbetdeş bolmak juda ýakymly. Zafar esasan, açyk, ýagty reňkler bilen işlemegi gowy görýär. Bu reňkleri özüne has ýakyn hasaplaýar. Ol gülgüne, açyk sary, gök, ýaşyl reňkleriň sazlaşmagynda ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Hatda garaňky gijäni hem nurana Aýyň ýagtysy bilen bezemegi başarýar. Talyp ýigit çeper eserleri, aýratyn-da taryhy wakalary beýan edýän kitaplary köp okaýar. Onuň taryhyň gatlaryndaky gahrymançylykly wakalary göz öňüne getirmek esasynda döreden birnäçe sungat eserleri bar. Dürli mowzugda sungat eserlerini döredip, oňa döwrüň ruhuny siňdirýär. Ol eserleriniň süňňüne halkymyzyň milliligini, özboluşly ruhy dünýäsini çaýýar. Suratkeş çekýän suratlaryna öz içki dünýäsini, ýürek owazyny bagyş edýär. Onsoň onuň eserlerini synlap, diýjek bolýan sözlerini, kalbyndaky oý-pikirleri olardan okabermeli...

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni

Gül diýaryň goragynda Gül Diýaryň goragynda sak durlar,

Ýaşlar hakynda alada

Hoşallyk maslahaty Ýakynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň başlyklary we işgärleri hem-de ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Şahadatnamalar gowşuryldy

Garaşsyz, Bitarap döwletimizde möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen konstitusion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňde durýan saýlawlary hem ýokarda ýatlanlarymyza aýdyň mysaldyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da bu syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Golaýda Mary şäherindäki “Mary” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň milli synçylaryna şahadatnama gowşurylyş dabarasy boldy. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen milli synçylara şahadatnama gowşurylyş dabarasyny TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Ol syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat komitetleriniň, welaýat birleşmesiniň, welaýat bölüminiň agzalaryndan saýlawlaryň geçirilmegine syn etmek üçin milli synçylaryň hödürlenýändigi barada gürrüň berdi. Soňra welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, TDP--niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew we beýlekiler çykyş etdiler. Möhüm meselä bagy

Badalga berlen işler

Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynyň ýygnaklar zalynda TZB-niň Baýramaly şäher bölüminiň guramagynda “Öňe badalga berlen işler” ady bilen hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Onda geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada şäherimiziň 3-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy Akjagül Babakulyýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy TZB-niň şäher guramasynyň başlygynyň orunbasary Jennet Agaýewa, TAP-nyň şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa hasabat berdiler. Hasabat-saýlaw ýygnagyna medeniýet işgärleriniň, ýaş çeper höwesjeňleriň aýdym-sazly çykyşlary bezeg berdi. Guramaçylar tarapyndan 2020-nji ýylyň dowamynda şäher, welaýat, döwlet derejesinde üstünlik gazanan, jemgyýetçilik işlerini guramakda ýakyndan ýardam beren işjeň agzalara gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem bu çärede soňky wagtlarda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly işleri, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmegiň her birimiziň borjumyzdygy bellenilip geçildi. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň enelerimize, biz, zenanlara hormat goýup, uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin janynyň sag, başynyň dik bolup, alyp barýan ýurt ähmiýetli, il bähbitli işlerine alkyş sözleri aýdyldy.

Göwünlerde gül götereliň!

Kitap tekjämde duran kitaplary gözden geçirip oturşyma öňümden daşary ýurtly ýazarlaryň eserleriniň terjimelerinden ynsan ykbaly bilen bagly «Ýazgyt däl-de, niýet» diýen ýazgyny okanymda, hakyda siňen, hatda özümiziň hem bilmän, ýatlap gezýän ýaramaz ýatlamalarymyzdyr wakalarymyzyň ykbalymyza juda çynlakaý täsir edýändigini öwrendim. Çagakam sähel zada öýkeläp, öz ýanymdan gahrymanlyk görkezip, dymmaga başlasam ejem pahyr: «Öýkelek bolsaň, ömür öýken iýer ýörersiň-dä» diýerdi. Çaga akylym öýken iýmegiň mazmunyna düşünjegem bolmazdy, ýöne durmuş atly mugallym mysallar bilen düşündirýär eken. Kitaby täzeden goýalan akylym, giňeşen düşünjäm bilen gaýtalap okadym we ondaky berilýän maslahatlary öz durmuşymda ulanmagy berk ýüregime düwdüm. Türkmen: «Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda» diýýär. Menem şol pende uýup, çagalykdan kimden öýkeläp, ynjan bolsam, olaryň hemmesini hyýaly ýagdaýda bagyşlamaga başladym. Bu ýagdaý birbada gülküli we ýasama görnen hem bolsa, wagt geçdigiçe ruhumyň ýüküniň ýeňleýändigini duýdum. «Men sizi bagyşlaýaryn, eziz adamlar, siz hem meni bagyşlaň!» diýip, kitapdan setir arasyndan belligime alan jümlelerimi irginsizlik bilen dowamly gaýtalap ýörşüme, özüm hem bilmezden, hyýaly ýagdaýda ötünç soramak duýgusy şeýle bir ýüregime ornady. Bu ýagdaý bir wagtlar öýkeläp gezen we öýkeledip, düýbünden unudan adamlarymy, göwne deglen ujypsyzja sebäpleri gaýtadan ýatlatd

Belent borç

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Watany goramak biziň borjumyzdyr» atly sergi öz işine başlady. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, bu sergi Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanýar. Sergini guramaga maýor Maksatmyrat Tekäýew tarapyndan serkerdelik edilýän harby bölümi ýakyndan ýardam berdi. Dürli gymmatlyklary özünde jemlän sergide hormatly Prezidentimiziň watançylyk temasyna bagyşlanan dürdäne eserlerine aýratyn orun berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoly, harby durmuşy bilen bagly gyzykly maglumatlar ünsüňi özüne çekýär.

Şekillerde — Watan waspy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Ata Watanym jan Türkmenistan» atly sergi guraldy. Halypa suratkeşleriň eserleri bilen başlanýan sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň «Uzakdaky derweze», Ýakup Annanurowyň «Serhetçiniň maşgalasy», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Esgerler bilen duşuşykdan soň» atly eserleri hem bar. Aşyr Nuryýewiň «Tälim öwreniş ýeri» atly eserinde suratkeş ýaş esgerleriň türgenleşikden soň, çäge depelerinde dynç alýan pursatlaryny şekillendiripdir. Olaryň harby lybaslarynyň ene topragymyzyň reňki bilen sazlaşykly beýan edilmegi hem watansöýüjilik terbiýesi bilen bagly uly ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň, Annameret Taganowyň heýkel eserlerinde Watan goragçylarymyzyň keşplerinde durmuşy oý-pikirleriň beýanyny görmek bolýar. Sergidäki eserler Watanymyza söýgini, buýsanjy, bagtyýar geljege bolan ynamy artdyrýar.

Peder pendi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. «Watan goragy iýen halal duzuňy haklamakdyr» diýen at bilen guralan bu çärede gümrük gullukçylarynyň baýramçylyk mynasybetli gutlag çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Sahnada we onlaýn arkaly welaýat gümrükhanalaryndan dabara gatnaşyp çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, harby gullukçylar üçin döredilen gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri, gümrük işiniň sanly esasdaky usulyýetiniň baýlaşdyrylyşy, gümrük nokatlarynda amala aşyrylýan gulluk-gözegçilik işiniň döwrebaplaşdyrylyşy barada uly buýsanç bilen bellediler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna beslenýän şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň aýdym-saz toparynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlara giň orun berlip, olarda ata Watanymyzyň waspy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik işleriniň tarypy ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda göreldeli gulluk edýän harby gullukçylara baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Milli synçylara şahsyýetnamalar gowşuryldy

Şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny degişli kanunçylyga, milli demokratiýamyzyň ýörelgelerine laýyklykda geçirmäge welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Saýlawlara gatnaşjak milli synçylara degişli şahsyýetnamalaryň gowşurylmagy bolsa taýýarlyk işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsümiň çäginde milli synçylara şahadatnamalary gowşurmak mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa welaýat saýlaw toparynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Şanly ýyla bagyşlandy

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga boldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralan dabara etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärler gatnaşdylar. Dabarany etrabyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa açyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň etdi. Ol çykyşynda geçen, 2020-nji ýylda eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitleri hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdi.

Zehin zehinden zyýada

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Ak bugdaý etrabynda baý many-mazmunly çäreler guralýar. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrynyň guralmagy hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan ajaýyp kitabynyň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmekden, olarda geçmiş taryhymyza, milli ýol-ýörelgelerimize buýsanjy artdyrmakdan hem-de watançylyk duýgularyny ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle bolansoň, etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda bäsleşige gatnaşmaga höwes edenler az bolmady.

Möhüm wezipelerden ugur alyp

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi partiýanyň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar. Maslahatda geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk işgärlerini, daýhanlary ýokary hilli önüm öndürmek ugrunda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak üçin wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ata Watanymyzy agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça geçirilýän işleri ilata düşündirmek babatda partiýanyň öňünde goýlan wezipeler barada durlup geçildi hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary kesgitlendi.

Akja gar

Şeýle bir owadan, şeýle bir gözel,Şeýle bir arassa, asuda säher.Dumly-duş ak gara bürenip otyr,Göýä ap-ak possun geýipdir şäher. Bütin gije maýdalapjyk ýagan gar,Keşp berdi zemine özüçe täze.Üçeklerde damjalar bulduraşdy,Meňzäp gaşyn kakyp näz edýän gyza.

Nesil terbiýesi — röwşen geljegiň dowamaty

Ata-babalarymyz ýaş nesli özbaşdak durmuşa taýýarlamaga uly üns beripdir. Öz nesillerine ene topragy, ata Watany janyň-teniň bilen söýmegi, aslyňa, däp-dessurlaryňa, ata-baba dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize buýsanmagy öwredipdirler. Türkmen halky öz nesliniň berk bedenli, erk-ygtyýarly, sagdyn pikirli bolmagy ugrunda çäksiz alada edipdir. Ata-enä, ula-kiçä hormat goýmagy, akylly, edep-tertipli bolmagy sargapdyrlar. Ata-babalarymyz öz ogul-gyzlaryny zähmetiň üsti bilen terbiýelemek arkaly ýaş nesliň öz ýagty geljegini özbaşdak, akylly-parasatly gurmagyny gazanypdyrlar. Aslynda, zähmet ynsan ýaşaýşynda iň zerur zatlaryň biridir. Halkymyz zähmete bolan söýgini, öz ukybyna görä hünär saýlamagy esasy şertleriň biri hasaplapdyr. Ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde atalar sözüne we nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Her bir türkmen maşgalasy çagalary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Halal zähmet — baky döwlet», «Az-az öwrenip, ussa bolarsyň, işlemeseň, hassa bolarsyň», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly müňlerçe parasatly sözlere salgylanypdyrlar.