"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady ösüşi peseler

Özbegistanda ykdysady ösüş peseler. Bu hakda Aziýanyň Ösüş Bankynyň 2024-nji ýyl üçin çaklama hasabatynda aýdylýar. Has dogrusy, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy Özbegistanda hojalyklaryň girdejisine ýaramaz täsir edýär. Netijede, üstümizdäki ýylda ýurtda ykdysady ösüşiň peselmegine garaşylýar. «Asian Development Outlook» neşiriniň 2024-nji ýyl üçin hasabatyna laýyklykda, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi üstümizdäki ýylda 5,5 göterime deň bolar. 2025-nji ýylda bolsa ösüş 5,6 göterime çenli ýokarlanar.

Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär. Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanşygy 818 million 207 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen CASCA+ Türkmenistan – Ýewropa we Ýewropa – Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Täze desgalar beýik ösüşiň nusgasydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu beýik işler häzirki günüň we geljekki nesilleriň bähbitlerini nazara alyp, jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn özgermegini üpjün edýär, ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ösüşleri eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň hem-de önümçilik maksatly dürli desgalaryň gurlup ulanmaga berilmeginde görmek bolýar. Şu ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda ençeme şanly wakalar boldy. Esasan hem, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyny, geljegi nazarlaýan işleriň üstünlikli ýola goýulýandygyny aýdyň beýan edýär. Ynha, ýakynda bolsa Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Bu uly, kuwwatly desgalar ýurdumyzyň ösüşine ösüş goşar, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň

Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň çig mal serişdeleriň eksportyna bolan baglylygyny peseltmekde, haryt eksportyny giňeltmekde uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Kiçi we orta telekeçilik durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, milli ykdysadyýetiň üýtgäp duran içerki we daşarky şertlere çeýeligini artdyrmakda, milli önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksatlarynyň hatarynda goýuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Senagat ähmiýetli täze desgalar

Türkmenistan döwletimiziň döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Parahatçylyk we abadançylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigine 8-nji maý güni bolup geçen taryhy wakalaryň mysalynda-da göz ýetirýäris. Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenilen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalar täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir Ahal welaýatynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine uly goşant goşjak iri kärhanalardyr.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: ýetilen sepgitler, aýdyň maksatlar

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň parasatly garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly mehanizmleriniň işlenilip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Energetika howpsuzlygy dünýäniň ykbaly, adamzadyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meseleleriň hatarynda durýar. Häzirki döwürde energiýa göterijileriň halkara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň meselesi Ählumumy Gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ol gönüden-göni döwletleriň bähbitlerine galtaşýar, durmuş-ykdysady ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş derejesine we hiline, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişiniň mümkinçiliklerine täsir edýär.

Önüm öndürilişi artdyrylýar

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy, ýagny, 2 million 612 müň 62 manatlygy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 481 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 8 million 4 müň 250 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen dört aýda buýan köküniň 1 müň 936 tonnasy, ekstraktynyň hem 210 tonnasy eksport edildi.

Döwrebap senagat kärhanasy

Düýn döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda döwrebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berildi. Ol halkymyzy guwandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Bedew bady bilen ösýän, özgerýän döwletimiziň bu iri senagat kärhanasynyň kuwwatlygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply. Zawodyň gurluşygynyň ikinji tapgyryna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy alyp bardy. Köpetdagyň eteginde bina edilen kärhanada 48 sany desga bolup, uly bir topluma öwrüldi. Gysga wagtda şeýle iri kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi döwletimiziň gurplulygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, halallygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawodda sementiň has ýokary hilli görnüşleri öndüriler. Netijede, ata Watanymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hili has-da ýokarlanar. Bu kärhananyň ikinji tapgyrynyň açylmagy bilen 250-ä golaý täze iş orunlary hem döredildi. Olaryň aglaba böleginiň sanly ulgamdan kämil baş çykarýan ýaşlar bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

«Olýa – Türkmenbaşy» ýük gatnawyny döretmek üçin maslahat geçirildi

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde «Olýa – Türkmenbaşy» regulýar awtoparom gatnawynyň döredilmegi Russiýanyň we Hazar döwletleriniň ýük dolanyşygyny artdyrar. Bu barada Olýa täjirçilik deňiz porty paýdarlar jemgyýetiniň müdiri Aleksandr Melnikow «Viva Consult» tarapyndan guralan «Hazar sebitiniň ulag logistikasy» III halkara forumynyň çäginde Astrahanda geçirilen «Hazar deňziniň we Wolga derýasynyň basseýniniň suw ulagy» sessiýasynda eden çykyşynda belledi. «Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda gämi aragatnaşygy ýok. Heniz yzygiderli ýük daşaýyş ugurlary ýa-da awtoulag parom hyzmaty-da ýok» — diýip, A.Melnikow nygtady.

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjegini ägirt uly özgertmeler, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän gurluşyk maksatnamalary gurşap aldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen başy başlanan, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen iri göwrümli gurluşyk maksatnamalary bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilip, dürli maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar.

Şan-şöhraty dünýä dolan Watanym

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Döwrümiziň ruhunda ösüşleriň bady bar

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän meseleler bilen bir hatarda geljekde milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmeklige, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şuňa laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna muwapyk, döwrümiziň döredijilik ruhuna mynasyp işler amala aşyrylýar. Binýady berkden tutulan tutumlar, başyna barlan asylly işler we ýetilen belent sepgitler giň gerimliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Muňa anyk mysal hökmünde: şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurlup, ulanylmaga berlen köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap sement zawodynyň, «Şirýag» haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglary öndürýän hususy kärhananyň, şeýle-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän 300 orunlyk metjidiň eçilýän eşret-höziri häzirki günlerde ildeşlerimiziň bagtyýarlygyna bagtyýarlyk gatýar, galkynyşdan ganatlanan döwrümiziň ösüşine ösüş goşýar. Häzirki günlerde welaýat merkezimizde köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 100-den gowragynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy bolsa ykdysady taýdan kuwwatly ýurdumyzyň gurujylyk güýji bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş-d

Mawy ýangyjyň mekanynda

Gazçylar hakynda alada Ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen birlikde, gaz senagaty pudagy hem ösüşli döwri başdan geçirýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu iri pudagynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen tebigy gazy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly üstünlikler gazanylýar. Mawy ýangyjyň akymy ýylsaýyn artdyrylýar.

Türkmenistanda iýul aýynda iki sany ýük gäminiň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasy şu ýylyň iýul aýynda iki sany gury ýük gäminiň gurluşygyna başlamagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagtda täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Sazlaşykly ösüşler — rowaç menzillere badalga

Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, bagtyýar geljeginiň bähbidine beýik işler durmuşa geçirilýär, giň möçberli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň depginli ykdysady ösüşini gazanmak, milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, Diýarymyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini hem üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly sebitleýin syýasatynyň esasy wezipeleri-de hut şu maksatlara ýetmegi nazarlaýar. Şunda Ahal welaýatynda täze döwrüň ruhuna laýyklykda alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem öz mynasyp netijelerini berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ýurdumyzyň sebitlerinde we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmek maksat edinilýär. Ila

Gymmatly çig malyň mesgeni

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig malyň binýadynda olaryň önümçiliginiň kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki wagtda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak üçin geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, özümizde we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň möçberini artdyrmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigini, ýurdumyzyň baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawoddyr kärhanalaryň döredilmegine gönükdirilen işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şu ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürm

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki taryhy döwrümizi şöhratlandyrýan beýik işler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymata eýerilip amala aşyrylýar. Ajaýyp döwrümiziň ruhlandyryjy güýji, belent maksatlary halk bähbitli işlerde aýdyň beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem asylly maksatlar rowaçlanýar, ýurdumyzyň röwşen geljegi üpjün edilýär. Biz bu buýsançly hakykaty ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalarda, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda aýdyň görýäris. Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle hem Lebap sement zawodynyň açylyp ulanmaga berilmegi we beýleki taryhy wakalar ýurdumyzyň gurluşyk we binagärliginiň, önümçilik senagatynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk şeýle ösüşler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar, göwünleri galkyndyrýar. Baky bagtyýarlygyň goýnunda döwran sürýän agzybir, zähmetsöýer ulus-ilimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümizi zähmet üstünliklerine besl