"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Açgöz garga (Iňlis tymsaly)

Asmanda gezýän jandarlaryň şasy bolan bürgüt düzde agaýana otlap ýören goýun sürüsiniň üstünden öwrüm etdi-de, birden aşaklygyna gaýtdy. Süriniň içinde dünýäň gaýgysyny etmän gezip ýören guzujygy kuwwatly penjesine gysyp, asmana göterilip, ýitip gitdi. Bu wakany gören garga: «Şunuň ýaly äpet guş bolubam, alyp gidýäni bir kiçijik guzy. Ähli ganatlylaryň şasy halyňa dagy aw edeniňde, haýwanlaryň iň naýbaşysyna ýapyşmaly ahyry» — diýip gargyndy. Garaz, garganyň bürgüdiň hereketine göwni ýetmedi. Göwnünde bir uly goýny penjesine gysaga-da, asmana göterilip, bürgüde görünmek, öwünmek isledi. Bürgüdiň edişi ýaly, süriniň üstünden öwrüm etdi-de, goýunlardan iň naýbaşysyny saýlady. Bürgüt kimin asmandan indirilip gaýtdy-da, saýlan goýnuny penjesinde göterip, uçmak isledi, ýöne goýun ýerinden gozganar ýaly däl. Garga goýnuň derisinden tutýandyryn öýdüp, özüniň dyrnakly aýaklaryny goýnuň ýüňüne has mäkäm çolaşdyrdy.

Muny bilmek gyzykly

■ Arylara Antarktidadan başga dünýäniň islendik künjeginde duş gelmek bolýar. ■ Atlar we sygyrlar dik durup dynç alýar.

Durnalar — güýzüň görki

Gör, indi näçe gezekler obamyzyň çagalary bolup, durnalar bilen hoşlaşyp, olaryň sag-aman gyşlap, ýene ýazda dolanyp gelmegini arzuw edipdik. Tebigatyň hasap guşy bolan durnalar gitmäge taýýarlanyp ugran bolsalar, diýmek gyşyň gapymyzy kakjak günleriniň daşda däldiginden habar berýärdi. Durnalar şahyrlaryň döredijilik dünýäsinde hem mynasyp orun alypdyr. Durnalar topar bolup ýaşaýarlar. Her toparyň hem öz toparbaşysy bolup, ol baryljak ýere belet bolýar. Olar uzak ýola uçanlarynda, toparyň başyny ýaş durna çekýär. Sarygamyş kölünde mekan tutan durnalar alty aý ýaşap, güýz golaýlanda şol ýerde kemala gelen ýaş durnalary, ýola şaýlanmazdan öň, uzak ýola taýýarlap ugraýarlar. Uly ýaşly durnalar 6 aýlyk ýaş durnalary her günde az-azdan, ilki pessaý uçup, ýakyn aralyga uçmaga türgenleşdirýärler.

Welaýatymyzda täze duş gelýän kebelekler

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň geçiren ylmy gözegçilikleriniň netijesinde, 2021-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Bossan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Mürzebaşy» diýlip atlandyrylýan kiçeňräk tokaýda we Akdepe şäheriniň çäklerinde seýrek duş gelýän, ýitip barýan görnüş bolan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2-nji, 3-nji neşirlerine girizilen, hüwipisint kebelekler maşgalasyndan toraňňy kebeleginiň duş gelýändigi ýüze çykaryldy. Bu görnüş diňe Türkmenistanyň däl, eýsem Özbegistanyň, Gazagystanyň hem Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Ylmy çeşmelerde bu kebelegiň diňe Sumbar, Tejen, Murgap derýalarynyň jülgelerinde, Amyderýanyň orta akymynda duş gelýändigi barada maglumatlar bar. Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabasynyň ugrunda, Atabaýşor kölüne ýakyn meýdanlara gözegçilik geçirilip ýörlen wagtynda garyşlaýjylar maşgalasyndan «perli haýmoptena» atly, ganatlarynyň gerimi 16-17 millimetre deň bolan seýrek duş gelýän kebelejik Demirgazyk Türkmenistanda ilkinji gezek hasaba alyndy. Öň ýurdumyzda diňe Repetek goraghanasynda duş gelýän, Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň endemigi hasaplanýan, Gazagystanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu görnüşiň biziň welaýatymyzyň meýdanlarynda duş gelip başlamagy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň tebigatynyň baýlaşmagyna edýän oňyn täsiriniň aýdyň subutnamasydyr.

Alajagözen

Alajagözen ýurdumyzda giňden ýaýrandyr. Daşky sypatynyň aladygy, islendik howpa garşy hilegärlik, çalasynlyk, goranyş hem hüjüm endiklerine türgendigi üçin ol il arasynda «alajagözen», «alajagözek», «alajaöwzen» atlary bilen tanalýar. Ol süýdemdirijiler toparynyň samyrlar maşgalasyndan bolup, ys mäzi oňat ösen haýwandyr. Bu ýyrtyjy çöllük, ýarym çöllük, dag etegindäki düzlük we baýyrlyk ýerleri halaýar, maşgala bolup ýaşaýan gemrijileriň toplanan ýerinde mekan tutýar. Özleri hin gazynmaýarlar, gemrijileriň sürenlerinde ýaşaýarlar. Olar gündizine hinlerde dynç alyp, iňrik garalanda, gijesine aw edýärler. Seýrek ýagdaýda ir salkyn wagty aw edýän alajagözenlere hem duşmak bolýar. Alajagözeniň bedeniniň uzynlygy 28 — 35, guýrugynyňky bolsa 12 — 18 santimetr bolýar. Onuň tumşugy süýri, kellesi kiçi hem inçe, gulagynyň uly we ujunyň çüri, aýaklarynyň kelteden daýaw bolmagy ýyrtyjylaryň gemrijileriň süreniniň içinde hereket etmäge we gijesine aw üçin uzak ýerlere aýlanmaga uýgunlaşandygyny görkezýär. Gara-ala reňki ony gijesine töweregine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň howpundan goraýar.

Tebigatyň sazlaşygy

Ähli janly-jandarlar elmydama tebigat bilen özboluşly sazlaşykda ýaşaýarlar. Olaryň ýaralanan ýa-da näsaglan wagtlary öz-özlerini bejerýändikleri barada käbir mysallar:

Gara leglek

Gara leglek leglekler maşgalasyna degişli guşdur. Ol daglarda, dag eteklerinde, derýa jülgelerinde we suwa golaý ýerlerde, medeni zolaklarda ýaşaýar. Bu guş uçup geçýän, käbir ýyllarda höwürtgeleýän guşlara degişlidir. Ýazyna fewral aýynyň ahyryndan apreliň soňuna çenli, güýzüne sentýabryň ikinji ýarymynda we oktýabrda uçup geçýär. Gara leglek daglardaky gaýalaryň gowaklarynda, kertlerinde höwürtge ýasanýar we onda 3-4 sany ýumurtga goýýar. Jüýjeleri 62-63 günläp höwürtgede ýaşaýarlar, soňra uçmaga başlaýarlar.

Jandarlar nähili uklaýarlar?

Delfinler hiç wagt uklamaýarlar. Emma olaryň dynç alýan wagtlary beýnisiniň diňe ýarysy işleýär, beýleki ýarysy bolsa dynç alýar.

Muny bilmek gyzykly

Sugun

Amyderýanyň kenaryndaky jeňňelligiň tebigy gözellikleri goralyp saklanýar we ylmy taýdan öwrenilýär. Ýakynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde iş saparynda bolduk. Şonda jeňňelligiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri hem-de gören wakamyz bizde uly täsir galdyrdy. Gadyrly çagalar, şol waka sizi hem gyzyklandyrsa gerek.

Ýyldyz balygy

Haýwanat dünýäsi Bu deňiz jandary daşky görnüşi taýdan hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Ýyldyza meňzeş bolany üçin, oňa ýyldyz balygy diýilýär. Oňa bu at 1830-njy ýylda fransuz zoology tarapyndan berilýär. Bu täsin jandarlar sowuk deňiz suwuna çydamly bolup, deňiz derejesinden 6000 metr çuňlukda hem ýaşap bilýärler. Olaryň gyzyl, sary, gök we goňur reňkli görnüşleri bardyr. Bu balyklar süýji suwda ýaşap bilmeýärler. Olara deňziň kenarlarynda köp duş gelmek bolýar.

Guşlar barada gyzykly maglumatlar

Guşlary öwrenýän ylma ornitologiýa diýilýär. Guşlar Ýer togalagynyň ähli ýerinde ýaşaýar. Häzirki wagtda ylma guşlaryň 10699 görnüşi belli.

Suwýylan

Suwýylanlar Hazar deňziniň kenar ýakasynyň hem-de adalaryň saý suwlarynda ýaşaýarlar. Suwda ýaşamaga uýgunlaşan ýylanlar köpelmek we tutan awyny iýmek üçin kenara çykýarlar. Olaryň bedeni ownuk teňňejikler bilen örtülip, gursagy gyzylymtyl-sary bolup, öwşün atýar. Arkasy çal, gapdal tarapynda uzyn zolak bolýar. Uzynlygy 130 santimetre ýetýär, kähalatlarda ondan hem geçýär. Ak we gara suwýylanlar seýrek duş gelýär.     Ýylanlar ýylylygy halaýarlar. Şeýle bolansoň, howa maýlanda oýanyp başlaýarlar. Tomus aýlary olara Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda we onuň daşynda köp duş gelmek bolýar. Suwýylanlar howp abananda, çalasynlyk bilen suwa çümýärler. Wagtynyň köpüsini suwda geçirýän ýylanlar gomuň we akymyň garşysyna ýüzüp hem çümüp, uzak wagtlap suwuň düýbünde saklanyp bilýärler. Ýaz aýlary kenara çykyp, güneşläp ýatýarlar, howa gyzanda, daşlaryň, guran suw otlarynyň we gyrymsy agaçlaryň arasynda bukulýarlar. Säher bilen we öýleden soň salkyn düşende, ýene suwa girip, balyk awlamagyň ugruna çykýarlar. Olaryň esasy iýmiti suwuň düýbünde ýüzýän müňňürtlerdir.

Bileniň — baýlygyň

Düýe maly hakda kelam agyz... Düýeler adamzat ýaşaýşynda hojalygy dolandyrmakda adamzada uly goltgy berip gelipdirler. Türkmen topragynda ösüp-örňäp, türkmen sähralygynda ösýän dermanlyk ösümliklerden iýip, adam saglygyny bejermekde tebigy derman döredip ýören arwana düýelerimiziň il-günümize durmuşyň ähli babatlary üçin ähmiýeti örän ýokarydyr.

Bileniň — baýlygyň

Towşanlar Türkmenistanyň özüne mahsus tebigaty bar. Onuň haýwanat, ösümlik dünýäsi baý we özboluşly. Gyzyl gotan, gulan, garagaýçak ýylan ýaly haýwanlar diňe biziň ýurdumyzda duş gelýär. Bir gapdaly Bahry-Hazar, bir gapdaly Jeýhun derýa, dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy bolan bu gözel mekan biziň ata Watanymyzdyr.

Laçyn belent uçýar

Belent gök asmandaGanatyn açyp,Parahatlyk nurunÄleme saçyp,Uçýan ak laçyn,Seň bilen ýüreklerŞeýle päk, laçyn. Görüp beýik daglaňBeýikligini,Has belent uçýaň.Sen beýik durmuşyň Törüne geçýäň.

Tebigatyň täsin guşy

Awstraliýada guýrugy lira (gadymy grek saz guraly) çalym edýän täsin guş ýaşaýar. Olar bu ýurduň belli bir çäginde: günorta ştaty Wiktoriýadan, günorta-gündogar ştaty Kwislende çenli aralykda duş gelýär. Liraguýruk bu töweregiň çygly ewkalipt tokaýlyklaryny, baýyrlyk we kert gaýaly daglyk ýerlerini ýaşamak üçin saýlapdyr. Lira guş daglyk ýerlerde gyrymsy agaçlaryň tokaýlygynda, ýapraklaryň galyň düşelen ýerlerinde mekan tutunýar. Şeýle ýerlerde kert gaýalaryň uly jaýryklary kän. Çuň oýlar agaçlaryň ýapragyndan, çüýräp giden miwesinden ýaňa gar ýagandaky ýaly tekizlenýär. Adam-garanyň şunuň ýaly ötüp-geçmegi kyn geçelgelerine liraguýruk örän oňat uýgunlaşypdyr.

Pi­şik­ler he­mi­şe dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­ýär­mi?

Pi­şik­ler ada­ma iň ýa­kyn jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­de iň köp sak­lan­ýan öý­de­çi haý­wan­la­ryň bi­ri bo­lan pi­şik­ler köp ýat­ýan­dy­gy we çe­ýe he­re­ket­le­ri bi­len bel­li­dir. Bu jan­dar er­te­ki we mult­film gah­ry­ma­ny hök­mün­de hem has köp ga­bat gel­ýär. Pi­şik­le­riň nä­hi­li be­ýik­lik­den taş­lan­sa hem dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Eý­sem, bu dog­ru­my­ka!? Bu jan­dar­lar göz açyp-ýu­ma­sy sa­lym­da nä­dip öw­rü­lip ýe­tiş­ýär­ler? Il­ki bi­len pi­şik­le­riň he­mi­şe dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­me­ýän­di­gi­ni aý­da­lyň! Kä­ha­lat­lar­da ar­kan düş­ýän ýag­da­ýy­na hem ga­bat ge­lin­ýär. Pi­şik­le­riň be­den gur­lu­şy örän çe­ýe bo­lup, ga­ty yl­ga­mak, be­ýik­li­ge bök­mek we dar ýer­den geç­mek ýa­ly ukyp­la­ry bar. Bu jan­dar­la­ryň çe­ýe­li­gi be­de­ni­ni gys­ga wagt­da dü­zelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li olar nä­hi­li be­ýik­lik­de­nem aşak goý­be­ril­se-de der­rew di­ke­lip, dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­me­gi ba­şar­ýar­lar.

Belentde ganat ýaýýan guşlar

Dünýäde juda belentlikde uçýan guşlar bar. Olar şeýle uçuşy gyşlamaga gidende ýa-da gündelik iýmit gözleginde amala aşyrýar. 6000 metr belentlikde kislorod ýetmezçiligi, Günüň yssy howry, güýçli sowuk ýel akymlary bolsa-da, bu kynçylyklar ol guşlar üçin hiç bir böwet bolup bilmeýär. Guşlaryň şeýle howa şertlerine nädip döz gelýändigini anyklamak heniz alymlara başardanok. Geliň, belentlikde gaýýan perrendeleriň içinde öňdäki orunlary eýeleýän onluk bilen tanyş bolalyň! 1. Ak leglek (Ciconia ciconia). Uzyn boýunly, açyk çüňkli bu guşuň ganatynyň gerimi 150-200 santimetre ýetýär. Her ýyl maýyl ýerlere göçüş edende, ak leglek 2-3 müň metr belentlikde uçýar.

Bars

Barslar öz awlaryny 1,5-2 kilometrden görüp bilýärler. Olaryň eşidişi bolsa adamyňkydan bäş esse güýçlüdir. Bu jandarlar awuny agajyň şahalaryna çykaryp, şol ýerde iýmitlenýärler. Şonuň üçin hem olaryň penjeleri ýörite gurluşa eýe bolup, kynçylyksyz agaja dyrmaşmaga ýardam edýär.