Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Türkmenistan — dilde dessan, jigerimde janymsyň sen müdimi, Türkmenistan — nurly asman, dünýä dolan taryhyň bar gadymy, Türkmenistan — bir jan-u-ten, halk hem Watan, gadamlary edaly, Topragyňda güldür gülşen, bagyň-erem, bilbilleriň şeýdaýy,Daglaryň galkan — goýny melhem, öwsen ýelleriň sedaly, Çeşmeleriň durşy ylham — şahyra gazal-u şygyr meýdany, Goja Hazar, joşly Jeýhun, bakdygy tanaýyr merdi-merdany,Biziň mekan özgerişde, güni-günden, ýyly-ýyldan sapaly,Toý lybasly oba-kendiň pälwany göreş tutup, at çapany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Parahatlyk — bu Watanyň keşbinde, bardyr mukam-aýdymynda, Parahatlyk — bu Watanyň kesbinde, bardyr ýaşyl Baýdagynda, Parahatlyk — bu Watanyň yşkynda, bardyr halyň öýdüminde, Parahatlyk — bu Watanyň müşkünde, bardyr her bir ojagynda, Parahatlyk — bu Watanyň çeşminde, diýeninde, diýjeginde, Parahatlyk — bu Watanyň aslynda, barça dostluk serhedinde, Parahatlyk — bu Watanyň ykrarynda, taryh siňen Tugrasynda, Parahatlyk — bu Watanyň isminde, bardyr ymgyr ýaýlasynda, Parahatlyk — bu Watanyň ygrarynda, erkin dünýä gatany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.