Döwrebap kärhana ulanmaga berildi
Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginde diş çotgalaryny öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze saba» hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze, döwrebap kärhananyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp işe girizilmegi bagtyýar ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, hususyýetçileri goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply milli önümleriň möçberini artdyrmak hem-de eksportyň möçberini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.