"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýen ajaýyp jümlesi şahyryň watançylyk duýgusyna berlen belent bahadyr. XVIII asyrdan bäri halkymyzyň ýüreginde ýaşaýan türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde giňden bellenilýän ýylynda uly many-mazmuna eýe bolýar. Magtymguly atamyzyň döredijiligi mowzuk taýdan köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şahyryň ýüzlenen esasy mowzuklarynyň biri türkmen tebigatydyr. Bu mowzuk akyldar şahyryň döredijiliginde mazmun taýdan has çuňlugy we gözelligi bilen ýüze çykýar. Şahyryň gözel tebigatymyza degişli şygyrlary edebiýat nazaryýetinde tebigatyň suraty diýlip öwrenilýär. Eýsem, lirikada tebigatyň suraty näme?

Gymmaty egsilmeýän hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhda öçmejek yz goýan meşhur şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny, bitiren beýik işlerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymguly» atly sowgatlyk ýygyndysy, magtymgulyşynaslaryň ylmy-monografik gollanmalary ýaly eserleriň ençemesiniň kitaphanamyzyň baý hazynasynyň üstüni ýetirmegi okyjylaryň sanynyň artmagyna uly täsirini ýetirdi. XVIII asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy hökmünde tanalýar. Onuň şygyrlary şol döwrüň möhüm wakalaryny özünde jemleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi özüniň köpöwüşginliligi bilen halkyň ruhy dünýäsine has-da içgin aralaşdy. Şahyryň döredijiliginde mertlik, kalby päklik, ula-kiçä hormat goýmak, tebigata söýgi, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Şonuň üçin şahyryň goşgulary dünýä halklary üçin hem edebi gymmatlyga öwrülip, daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edildi we dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, türkmeniň şöhratyna şöhrat goşýar. Golaýda paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi, oňa d

Milliligimiziň sarpasy

Halkymyzyň birnäçe milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň buýsanjymyzy hasam artdyrýar. Şolar bilen bir hatarda, türkmeniň keşdeçilik sungatynyň hem şol sanawa girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Sebäbi amaly-haşam sungatynyň has irki görnüşleriniň biri bolan keşdeçilik sungaty — gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan syzylyp çykyp, döwürleriň waspyny edýän sungat. Häzirki wagtda bu sungat diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýaýraman, eýsem, dünýä döwletleriniň hem nazaryny özünde egläp bilýär. Ir wagtlar ýerine ýetirilen keşdäni görüp, şoňa görä keşdeçi zenanyň häsiýetini hem kesgitläp bilipdirler. Sebäbi gelin-gyzlarymyz bu sungaty ýerine ýetirenlerinde, öz ýürek telwasyny, duýgusyny siňdiripdirler. Keşdeçilik sungatynyň özi inçe duýgurlylygy, sabyrlylygy talap edýär. Ýönekeýje dürli sapaklardan matanyň ýüzünde ajaýyp sungaty döredip, onam toý-baýramlarda gelşirip, eginlerine geýmek diňe türkmen zenanlarynyň başarýan ussatlygydyr. Ajaýyp döwrümizde milli mirasymyz, şol sanda gadymy keşdeçilik sungatymyz täze many-mazmuna beslenýär. Zenanlarymyz inçe el senediniň dürli usullaryna, tärlerine, gadymy nusgalara döwrebap öwüşgin berip, has-da kämilleşdirýärler. Şeýlelikde, halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keşdeçilik sungatyny gorap saklamak, onuň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda

Soky

Ata-babalarymyzyň geçmiş-taryhda hojalyk hajatlary üçin ulanan senetleriniň ençemesi wagtyň geçmegi bilen muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi. Şeýle senet gurallarynyň biri-de sokudyr. Soky içinde galla ýagny, bugdaý, arpa we şuňa meňeş ekinlerden alynýan hasyly — dänäni owradar, döwer ýaly içi köwlüp aýrylýan, köplenç agaçdan, demirden, daşdan ýasalýan hojalyk enjamydyr. Agaç sokular güjüm, erik, tut ýaly gaty, berk agaçlardan ýasalypdyr. Neçjarçylyk ýagny, agaç ussaçylygyny sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyz gündelik durmuşynda ulanan sokulary iki görnüşde: pes we dik görnüşde ýasapdyrlar. Kiçiräk süýri ýa-da tegelek şekilli pes görnüşde ýasalan sokular oturyp işlemekde amatly bolupdyr. Boýy dik görnüşde ýasalan sokular aýak üstünde durup işlemäge niýetlenilip ýasalypdyr. Sokularda bugdaý, şaly, jöwen, şeýle-de semeni gaýnatmak üçin gögerdilen bugdaýy döwmek ýaly işleri esasan hojalykda zenan maşgalalar ýerine ýetiripdirler. Sokuda döwlen bugdaýyň tagamynyň özboluşly üýtgeşik bolýandygyny ýaşy birçene baran gojalarymyz, mähriban enelerimiz aýdýarlar. Oturyp ýa-da dik durup el güýji bilen işledilýändigi üçin sokular «el soky» diýlip hem atlandyrylypdyr. Agaçdan ýasalansoň, «agaç soky» hem diýlipdir. Agaçdan edilýän sokudaşyň uzynlygy 80-90 santimetr çemesinde bolupdyr. Agaç sokudaşyň ortasy iki el bilen gysymlap tutar ýaly kertik we inçe bolýar. Pederlerimizden miras galan bu

Dowar malynyň ýedi haýry

Ömrüni dowar malynyň yzynda egri taýagyny elinden goýman geçiren çopan gojalaryň biri dowar malynyň ýedi haýryny sanap berdi. Asyl dowar malynyň ýedi zady — eti, süýdi, ýüňi, derisi, içegesi, şahy, ýarysy (iki aýagynyň arasyndaky derisiniň tüýsüz ýeri) adama haýyr berýän ekeni. Goýun-geçiniň etiniň, süýdüniň nämä ulanylýanyny gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Goýnuň ýüňüniň, geçiniň çöpüriniň hem dürli maksatlar üçin ulanylýandygy hemmä mälim.

Pederleriň adyl, türkmen!

Dana şahyrymyzyň doglan senesiniň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her kim akyldar atamyzyň many-maňyzdan ýüki ýetik döredijiligini wagyz edip, dünýä ýaýmakda şahsy goşandyny goşasy gelýär. Biz hem Magtymguly atamyzyň «Bu gün» goşgusy baradaky halk arasynda aýdylýan rowaýaty okyjylara ýetirmegi makul bildik. Bu rowaýaty Gerkez obasynyň Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän, «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň döremegine şahsy goşandyny goşan Durdybike Saparmämmedowanyň gyzlary Oguljeren bilen Ogultuwak eneden eşitdim. Olara hem mähriban käbesi gürrüň beripdir. Durdybike ene bolsa ol rowaýaty ir wagtlar garry gaýynlarynyň we rawyçy oba ýaşulularynyň çaý başynda, toý-tomguda hem-de nesillere aslyňa mynasyp bolmak hakynda berýän öwütlerinden, süýjüdip-süýjüdip edýän söhbetlerinden gulagy ganansoň, onuň hakydasyna berk ornandygyny aýdar eken. Şolaryň biri-de, Buzlypolat serdaryň ömri bilen baglanyşykly.

Milli lybasym

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär» diýip belleýär. Pederlerimiziň ukyp-başarnygy bilen hünärli gollaryndan çykan lybaslary nepisligi, milli aýratynlygy bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelipdir. Bu ugurda oglanlar üçin döredilen «akgaýma» tahýalara, gyzlar üçin niýetlenen «gültahýalara», gelinler üçin taýýarlanan gülälekli sährany ýada salýan gyzyl ketenilere, kürtelere, mährem enelerimiz üçin dokalan düýpli gyňaçlara, ýigitler üçin dokalan gyrmyzy donluklara, ýaşululara niýetlenip dokalan çäkmenlik matalara, olardan tikilen lybaslara nazaryň düşende, gözüň dokunyp, bu ugurda yhlas edýän ussatlara guwanjyň artýar. Şeýle ussatlaryň biri hem il arasynda Kakajan telpekçi ady bilen tanalýan Rejep Rejepowdyr. Biz Rejep aga bilen milli lybaslar hakynda pikir alyşmak üçin onuň kiçiräk muzeýi ýada salýan dükanyna bardyk. Rejep agadan bu asylly käre başlaýşy barada soranymyzda, ondan «kakamdan ýa atamdan öwrendim» diýen hörpdäki jogaba garaşdyk. Ýöne alan jogabymyz başgaça boldy. Ol:

Döwre şan beren akyldar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek maksady bilen guraldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň forumdaky: «Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys» diýen sözleri bolsa biz — ýaşlar üçin Watan şöhratyna şan goşmaga, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmelere öz goşandymyzy goşmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

ÖMRE HEMRA SETIRLER

Pyragynyň söz mirasy aýratyn bir dünýä. Edil adaty dünýäden ynsan durmuşyna dahylly ähli wakany, hadysany tapyp bolşy ýaly, onuň eserlerinden hem ynsan ömrüne degişli barça pursatlary, inçelikleri, pynhanlyklary, täsinlikleri tapyp, duýup bolýar. Pyragynyň setirleri çagalar üçinem, ýaş-ýetginjekler üçinem, orta ýa-da uly ýaşlylar üçin hem gyzykly. Sebäbi onuň setirlerinde biziň üstünliklerimiziň esasy gönezligi bolan ruhubelentlik hakynda, umytdan düşmezlik, ertiriňe, geljegiňe ynam bilen garamak hakynda ajaýyp setirler bar. Manylar mazmuna kybapdaş birnäçe sözler bilen bezelip, setirlere siňdirilipdir welin, olar edil gyzgyn çaýyň içinde eräp giden şeker ýaly, göze görünmese-de, tagamy bildirip dur. Akyldarlar şeýle diýýärler: “Maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur”. Ynsanyň ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde. Öňünde maksat goýup bilýänliginde. Maksadyny hasyl etmek üçin yhlas edýänliginde. Munuň üçin bolsa, ilkinji, nobatda, sabyr-kanagat, soňra arzuw-umyt, ynam-yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerek. Şeýle düşünjeleriň ýadymyzdan çykmazlygy üçin jadyly we manyly sözleri öwran-öwran gaýtalamak gerek. Her gezek sähel ynjap, ýadap, umytdan düşjek bolanymyzda, bu sözler goltugymyzdan göterip, ýene maksatlaryň arzyly ýoluna salýar. Adam göwün göteriji pikirler, duýgular bilen gurşalan halaty, diňe kimdir biriniň däl-de, hut tebigatyň özüniň aşyk bolup, seniň bile

MÄHRIBAN MESGEN

Süýt reňkli köneje ulag obanyň çetinden giriberende sürüjiniň gapdalynda oturan elli-elli bäş ýaşlaryndaky saçy çalaran adam sürüjä ýüzlendi: — Şu ýerde saklaweri!

ZENAN SARPASY – TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI ÝÖRELGESI

Halkyň bagtyýarlygy ilkinji nobatda ýurduň zenanlar baradaky üns-aladasynda, hormatynda ýüze çykýar. Munuň şeýledigine doly düşünýän zenanlar ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň uly işjeň güýjüne öwrülip, döwrüň ösüşlerine seslenme bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň giň syýasy mazmunyny açyp görkezmäge, döwrebap başlangyçlary ýola goýmaga öz goşantlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar baradaky edilýän işler ata-baba ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Halkymyzyň kalbynyň owazyna öwrülen dessanlar, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes maşgala ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer päk ahlakly gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň elmydama belent tutulyp gelýändigini tassyklaýar. Türkmeniň medeniýetinde nesilleriň terbiýe mekdebi bolan zenan keşbiniň, olaryň halkymyza mahsus häsiýetli aýratynlyklarynyň mynasyp ornunyň bardygyny bellemek gerek.

Umumadamzat gymmatlygymyz

Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat onuň milli medeniýetidir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk bolsa milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, mirasyň müdimi dowamlylygyny üpjün edýär. Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran halkymyzyň özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklary bar. Olardan türkmen atyny, alabaýyny, halysyny, dutaryny agzamak bolar. Ata-babalarymyzyň gadymy mukaddes topragymyzda ençeme döwürleriň dowamynda kemala getiren, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy möhüm orna eýedir.

Türkmen tahýasy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Türkmen tahýasy asmana meňzeş, edil asman ýaly güberçek edilýär. Edil asman ýaly edilip, oňa «güneşiň» suraty çekilýär. Asman nur eçilip, ýerde ýaşaýyş döredýär. Ynsanyň hem akyl-paýhasynyň, ruhy beýikliginiň şertli mekany ynsan synasynyň başydyr. Halkymyzyň taryhynda erkek adamlar, aýal-gyzlar hemişe başgaply bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmenler öz başgaplaryny ýaş aýratynlyklaryna görä keşdeläp tikipdirler. Kiçijik gyzjagazlara tahýa, durmuşa çykmadyk gyzlara gültahýa, durmuş toýunda geýilýän çykyş tahýa ýaly görnüşlerini tikipdirler. Erkek adamlara aglaba akgaýma tahýalar taýýarlanypdyr. Tahýalar barada gürrüň edilende geýilen başa gelşik berýän gültahýalar, akgaýma tahýalar barada gürrüň açmak gyzykly bolsa gerek.

Üzüm

Geçen asyryň başlarynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň, 1926-njy ýylda dünýä medeni ösümlikleriniň gelip çykyşyny öwrenen akademik N.I.Wawilowyň, meşhur alymlar W.W.Bartoldyň, S.P.Tolstowyň, W.I.Sarianidiniň, M.Ý.Massonyň we beýleki alymlaryň ylmy-barlag işlerinde, şeýle hem orta asyr grek, arap-pars, türk taryhçylarynyň ýazgylarynda türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ýerleriniň biridigi nygtalýar. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitaby halkymyzyň geçmişde döreden ajaýyp edebi-ruhy gymmatlyklarynyň biridir. Adamzadyň gazanan gymmatlyklaryny we tejribelerini özünde jemleýän bu kitapda: «Üzümiň iň oňady ak etli üzüm, soňra gyzyl we gara üzümdir. Üzüm etiniň tebigaty gyzgyn-çygly, gabygy we dänesi bolsa sowuk-gurakdyr, ýokumlylygy taýdan örän oňat. Iň oňady we ýaramlysy bişen üzümdir. Giçbişer üzümler ähli tarapdan artykmaç bolup, ter üzümler iç ýellenmesini aýyrýar».

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Girman bagşynyň şägirdi Daşoguz welaýaty bagşylaryň gür ýeri bolup, olaryň gadymdan gelýän däp-dessura görä, toýlaryny bagşysyz sowýany ýok.

Sungat äleminde

Ajaýyp filmi ýatlap... Halkyň söýgüsini gazanan meşhur “Şükür bagşy” filmi ajaýyp saz bezegi bilen halkyň aňynda ömürlik orun tapdy. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň ajaýyp sazlary filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär we özüne bendi edýär. Bu sazlar şeýle bir owadan, şonuň üçinem ol telewideniýede we radioda başga gepleşiklerde hem giňden ulanylýar. Bu bolsa şol sazlaryň meşhurlygyny aňladýar.

Awçylygyň gadymy däpleri

Halkymyzyň taryhynda irki döwürlerden bäri meşgullanylyp gelinýän hünärleriň arasynda awçylyk esasy orny eýeleýär. Tebigatymyzyň ýabany haýwanlara we guşlara baý giňişliklerinden suw guşlaryny, keýikdir towşanlary awlaýan türkmen awçylary örän hüşgär hem ýiti nazarly, ugurtapyjy bolupdyrlar. Suw guşlaryny tutmak bilen meşgullanan awçylar tor, hepbik, duzak gurmak ýaly usullary ulanypdyrlar.

«Kejebäň çekmäge akmaýa gerek»

«Şasenem-Garyp» dessanynda belent perdelerde taryp edilýän kejebeler  gadymy türkmen gelin toýlarynyň esasy nyşanydyr. Irki döwürler täze gelni düýäniň üstünde gurnalan kejebede uly dabara bilen, «gyz göçürmek» dessury berjaý edilip, äkitmek däp bolupdyr. Gapysynda kejebe çökerilip, uly toý bilen atasy öýünden durmuş gurýan ýigidiniň öýüne ugramak her bir juwan gyzyň baş arzuwy bolupdyr. Muny ene-mamalarymyz öz hüwdi bentlerinde hem beýan edipdirler: Meniň gyzym owadan,Suw dökülmez nowadan,Kejebesin bek daňyň,Ýykylmasyn maýadan.

Jandarlaryň keşbi zenan el işlerinde

Keşde çekmek, haly, palas dokamak türkmen zenanlaryna has irki döwürlerden mahsus bolup, olar gelin-gyzlaryň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Keşde-gaýmalarda, dokmaçylyk önümlerinde oňa salynýan nagyşlaryň özboluşly atlary bolup, olar, esasan hem, çemenzarlyklaryň, sähra-düzleriň, haýwanlaryň, guşlaryň, asman jisimleriniň atlary bilen baglanyşyklydyr. «Çynar», «maralgoçak», «tazyguýruk», «güjük yzy», «at toýnak», «garlawaç guýruk», «guşly», «Aý», «doly Aý», «on bäş Aý», «ýylanöwük», «goçak», «iner dişi», «düýe göz», «gowaça gül», «kädi gül», «kepderi», «atgulak», «kebelek» ýaly nagyşlar öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdypdyrlar. Ähli barlygy inçeden yzarlamagy, syzmagy ussatlyk bilen başaran ene-mamalarymyz türkmen tebigatynyň nagyşlardaky beýany bolan el işlerini öz durmuşlaryna mahsus, gündelik görüp ýören janly-jansyz ähli närselerinden meňzetme alyp döredipdirler, daş-töweregini gurşap alan gözellikden bolsa ylham alypdyrlar. Keşde hem dokma nagyşlarynda duş gelýän «tazyguýruk», «güjük yzy», «iner dişi», «at toýnak» ýaly nagyşlaryň atlary her bir türkmen ojagyna mahsus bolan öý haýwanlarynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Pederlerimiziň ite bolan hormatyny behişdi bedewlerimize goýulýan sarpa bilen deňeşdirmek mümkin. Maşgalanyň bir agzasy hökmünde at goýlup, ýörite idedilmegi, şejere daragtynyň yzarlanmagy, seçgi geçirilmegi, tohum arassalygynyň saklanmagy türkmen oj

GERÇEKLERE RUHY TAGZYM

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda ähli uruş meýdanlarynda wepat bolanlarynyň we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna Ýalama güni bellenilip geçilýär. Olaryň şanyna paýtagtymyzda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirilýär. Watanymyzyň azatlygy ugrunda söweşenleriň, şol sanda Gökdepe söweşiniň, Beýik Watançylyk Urşunyň we Aşgabat ýer titremesiniň gazaply pursatlary ynsan kalbynda bitmez ýara galdyrdy. Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýer tiremesinde döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 – 1945-nji ýyllaryň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, ussat mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi.