"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Şypalydyr çeşme suwy, baglary

Tomus paslynda göwnüň gür bagly, çeşme-çaýly dag howasyny küýseýär. Belent dagdan akyp gelýän dury çeşmäniň sowuk suwundan ganyp-ganyp içesiň gelýär. Şu pursatda güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendaga gezelenç etmegiň lezzeti bir başga. Çig mal gorlaryna, tebigy baýlyklara eýe bolan Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, köp sanly gowaklarydyr gerişlerinde-de dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelýän täsinlikleri görmek bolýar. Ýurdumyzyň günorta gündogarynda, Amyderýanyň sag ýakasynda ýerleşýän Köýtendag ülkesi tebigy gözellikleri — täsin gowaklarydyr dereleri, kölleridir melhem suwly çeşmeleri, arça tokaýlyklary bilen göreni haýran edýär. Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynar, 500 ýaşly arça agajy, köp sanly karst gowaklary, 1300—1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzy, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugy, köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, «Gaýnarbaba» ýyly suw çeşmesi, «Kyrkgyz» gowagy... olaryň haýsy birine barsaň-da, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Köýtendagyň jülgeleri-de, gowaklary-da giden bir taryh. Geliň, olaryň käbirleri bilen gaýybana tanyş bolalyň. Gaýnarbaba çeşmesi. Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýän bu çeşme keramatly hasaplanýar. Kükürt wodorodly dag çeşmesinden gyzgyn mineral suw çykýar. Ol deri we aşgazan-içege kesellerini bejermek üçin peýdaly.

Eko­lo­gi­ýa hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr

AŞ­GA­BAT, 21-nji iýun (TDH). Şu gün paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýurt mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp düz­mek­de hem-de bu me­se­le bo­ýun­ça se­bit­le­ýin iş­le­ri alyp bar­mak­da gol­da­mak we kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­mek” tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len gur­na­lan Ut­gaş­dy­ry­jy se­riş­de bo­ýun­ça bi­rin­ji iş du­şu­şy­gy açyl­dy. Bu ge­zek­ki ge­çi­ril­ýän iki gün­lük du­şu­şy­ga Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Da­şa­ry iş­ler, Ada­lat, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, Bi­lim, Ener­ge­ti­ka, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri, şeý­le hem Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.

Daşky gurşawyň goragy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara maslahatlarda we forumlarda tebigy baýlyklary gorap saklamak, olaryň gorlaryny köpeltmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýer-suw baýlyklaryna rejeli çemeleşmek ýaly döwrüň möhüm meselelerini öňe sürýär. Şeýle başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, sebit we halkara derejede möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi milli kanunçylyk kadalaryny Türkmenistanyň ykrar eden Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasynyň, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň, Howply galyndylaryň serhetaşyr daşalyşyna we ýok edilişine berk gözegçilik etmek boýunça Konwensiýanyň, Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýanyň ýörelgeleri hem-de kadalary bilen utgaşykly sazlaşdyrmak ugruna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Ekologiýa abadançylygy hemmeleriň bähbidine

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda wajyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Ekerançylyk ýerlerinden gelýän zeý suw akabalarynyň Garaşor çöketligine ýygnanýan ýerinde döredilen emeli kölüň ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini çözmekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, balyk hojalygyny ösdürmekde, zeý suwlaryny ulanmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Ol oba hojalyk maksatly täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde hem giň mümkinçilikleri açýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda hem uly işler amala aşyrylýar. Her ýylda baglaryň millionlarça düýbi ekilýär. «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylýan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

Aral: eko­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy­ýet

Üçün­ji müň­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi äh­li döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu ba­ra­da mil­li Li­de­ri­miz 25-nji maý­da ge­çi­ri­len BMG-niň ga­zy­lyp alyn­ýan se­na­gat bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li äh­lu­mu­my fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da: «Dün­ýä­de iri se­riş­de ön­dü­ri­ji ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan we bu ugur­da öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ne do­ly dü­şün­ýän Türk­me­nis­tan önüm­çi­lik mak­sat­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň ara­syn­da de­ňe­çer­li­gi sak­la­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­ýar» diý­mek bi­len, mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, onuň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, jan­ly te­bi­ga­tyň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni sak­lap gal­mak we­zi­pe­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýär we bu ugur­da aý­ra­tyn iş­jeň­lik gör­kez­ýär. Aral ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu me­se­le ge­çen asy­ryň 50-60-njy ýyl­la­ryn­da Or­ta Azi­ýa se­bi­tin­de ör­bo­ýu­na gal­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Ara­lyň eko­lo­gi­ýa bi­te­wü­li­gi­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek, deň­ziň gu­ra­ma­gy­nyň se­bi­tiň ho­wa gur­şa­wy­na ýa­ra­maz tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ze­rur­

Ekologiýa diplomatiýasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynda ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawyň abadançylygy, arassalygy, tebigy serişdeleriň aýawly we rejeli peýdalanylmagy, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan beýik işleri we geljegi nazarlaýan başlangyçlary dünýä halklarynyň bähbidine, halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Garaşsyz döwletimiziň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň özi döwletimiziň syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyz derwaýys ugurlarda, ýagny howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirine garşy göreşmekde, suw-energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara ýurtlary bilen guramaçylykly işleri alyp barýar. Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň we senagat galyndylarynyň zyýanlaryny azaltmakda, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmekde, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi wajyp ähmiýete e

Suw kanunçylygynyň hukuk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak, zeýkeş ulgamlaryny doly güýjünde işletmek, ýer kadastryny dogry ýöretmek bilen baglanyşykly anyk wezipeler kesgitlendi. Bu ugurda hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek, ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Suw kodeksi kabul edildi. Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ady agzalan Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýar.

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Tebigaty söýmek, ony goramak her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar. Tomus paslynda howanyň yssy bolmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpuny döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangyn hadysasynyň ýüze çykmasynyň öňüni almak wajyp wezipedir.

Halkymyzyň baýlygy

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, biodürlüligini gorap saklamak bütin dünýäde möhüm meseledir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu babatda nusgalyk işler bitirilýär. Arkadag Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky berk arabaglanyşygy kepillendirýär, düzgünleşdirýär. Milli Liderimiz tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, daşky gurşawyň gözelliklerini goramak babatda diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejesinde hem nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyz ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan möhüm wezipä toplumlaýyn çemeleşmek bilen, bu ugurda ençeme wajyp kanunçylyk namalaryny kabul etdi. Şolaryň biri hem «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun ýurdumyzyň haýwanat dünýäsini durnukly dolandyrmak, yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek, olary köpeltmek we biodürlüligini gorap saklamak, tebigatymyzyň görki we ýaşaýşyň deňagramlylygyny

Eşretli ýaşaýşyň özeni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan halkymyzyň milli gymmatlyklary täze öwüşginde has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegi we halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda alyp barýan taryhy özgertmeleri eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamak milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulyşmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň onlarçasyny tassyklady.

Durnukly ösüşiň bähbidine

Ekoulgamyň abat saklanylmagy il-ýurt abadançylygynyň esasy şertleriniň biri hökmünde görülýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatyny alyp barşynda hem bu ynsanperwer ýörelge aýdyň görünýär. Ýurdumyzda halkara möçberinde ekologik maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Geçen ýyllarda Hazar deňziniň we Aralyň ekologiýasy boýunça dürli meseleler biziň ýurdumyzyň çäginde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Meselem, «Hazar ekologik maslahaty», «Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatlar, olarda kabul edilen çözgütler ekoulgamdaky alnyp barylýan işleriň ähmiýetini täze bir derejä çykardy. Ýurdumyzda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy hem ekologiýa meseleleriniň sebit çäginde kämil çözülmegine täsirini ýetiren dünýä möçberli çäre hökmünde taryha girdi. Birinji Hazar ykdysady forumynyň öň ýanynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda dünýäde iň uly emeli adalaryň birinde guralan ekosapak bolsa «Dünýäde iň uly ekosapak» ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazyldy. Türkmenistanly alymlaryň geçiren bu sapagyna 2935 adam gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýöredilýän parasatly ekosyýasat öz miwelerini eçilýär. Adamlara öz sahawatyny eçilýän toprak we arassa howa, ekologiýa taýdan sagdyn önümler ildeşlerimiziň ýaşaýşyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň çäginde Türkmen kölüniň gurulmagy bilen giden sähralyklary, çöllükleri suwarmaga mümkin

Suwy süýjetmek — wajyp wezipe

Daşky gurşawy goramak meselesi häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biridir. Ekologiýa meseleleriniň möhüm ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekdir. Sebäbi agyz suwy adamlaryň saglygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Membranaly ýa-da ters osmos hem-de termiki ýagdaýlar — köp basgançakly dessin gaýnadyp arassalamak we köp sütünli gaýnadyp arassalamak — suwy süýjetmegiň esasy usullarydyr. Suwy süýjetmekde elektrik dializ hem-de tehnologiýalaryň beýleki usullary ulanylýar, ýöne olar deňiz suwuny köp mukdarda süýjetmekde ykdysady taýdan elýeterli däldir.

Özboluşly sazlaşyk

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Milli Liderimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuş we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli işiň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňelýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ykdysadyýetiň ösüş depginlerini üpjün etmek, durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ähli giň gerimli özgertmeler adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa bilen berk baglydyr. Biziň ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň 20-den gowragyny tassyklady.

«Ýaşyl dünýäniň» goragynda

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy her bir adamyň mukaddes raýatlyk borjy hasaplanylýar. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyz ýaşyl begrese bürenýär. Ýurdumyzyň gözel tebigaty adamzadyň sagdynlygy, ýaş nesilleriň berk bedenliligi üçin ähmiýetlidir. Bu ajaýyp gözellik ynsan saglygy üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Köp ýyllaryň dowamynda tebigy taýdan emele gelen we adamlar tarapyndan döredilen tokaý zolaklaryny ýangyn sebäpli ýok bolup gitmekden goramak zerurdyr.

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi AŞGABAT, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Sazlaşykly ösüşiň möhüm ugry

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly, ,ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Aslynda, «ekologiýa» düşünjesi örän giň bolup, ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny öz içine alýar. Ekologiýa ýagdaýy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitlenmek ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagyny gazanmak, suw we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bilen-de baglanyşyklydyr. Ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplary öňünden görmek we öňüni almak esasy meseleleriň hatarynda durýar. Ösüp gelýän nesliň ekologiýa taýdan dünýägaraýşyny we düşünjelerini kemala getirmek maksady bilen, ýaşlara ekologiýa medeniýeti babatda maksatlaýyn ekologiýa terbiýesi berilýär. Ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary gorap saklamak babatda ekologiýa terbiýesi jemgyýetimizde, maşgalada, bilim edaralarynda giňden alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi we paýtagtymyzyň hem-de sebitleriň ilatly ýerleriniň töwereginde ýaşyl zolaklary, oba hojalyk ekin meýdanlarynyň gyralarynda gora

Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady

Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ugrunda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda kabul eden Karary bilen tassyklanan, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça ählumumy strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Eziz Diýarymyzda ekologiýa meseleleri boýunça öz esasy çemeleşmelerinde Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagy häzirki döwürde ileri tutulýan ugra öwrülýär.

Ekologik goraglylygyň ygtybarly hukuk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn, uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň abadançylygy bilen sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýagny ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä derejesinde ýüze çykýan ekologiýa meseleleriniň belli bir çäginiň bolmaýşy ýaly, olaryň garşysyna göreşmek, öňüni almak üçin ähli döwletleriň birleşen tagallalary zerurdyr. Ramsar konwensiýasy 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Ramsar şäherinde geçirilen halkara duşuşykda 18 döwlet tarapyndan kabul edildi we 1975-nji ýylyň 21-nji dekabrynda güýje girdi. Oňa 2000-nji ýylda 119, 2020-nji ýylda bolsa, 171 ýurt gol çekdi.

Gözel tebigatyň goragynda

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi gözel tebigaty we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge ýardam berýär. Ýurdumyzda milli we ählumumy derejede daşky gurşawy gorap saklamaga aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda Diýarymyzda dürli görnüşli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl baglara beslenen seýilgähler döredilýär, arassa ekoulgam hem-de giň tokaý zolaklary kemala getirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda geçen 2020-nji ýylyň dowamynda Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesi mynasybetli 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy-da doly subut edýär.