Süýjülik ekin — gymmatly çig mal
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlara ene ýerden bereketli hasyl almak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy, şeýle hem, bir ýylda bir ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmegi möhüm wezipe edip goýýar. Munuň üçin ähli şertler döredilýär. Biziň welaýatymyzyň toprak howa şertleri diňe bir bugdaý, gowaça üçin ýaramly bolman, eýsem, beýleki gök-bakja ekinleri, gant şugundyry üçin hem amatlydyr. Etraplaryň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, bugdaýdan boşan ýerlerde gant şugundyryny ekip, onuň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu ekin ýylyň ikinji ekini bolmak bilen iýun aýynda ekilýär. Şugundyrdan boşan toprak gurplanýar, haşal otlardan arassalanýar.