"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Jeýhun kenaryndan gözbaş alan medeni ojaklar

Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda, gojaman Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Türkmenabat şäheri hem medeniýetiň pajarlap ösen ýeri, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, öz döwründe halkyna, Watanyna halal hyzmaty bilen tanalan adamlaryň mekany hökmünde mälimdir. Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler şöhratly geçmişimiz baradaky wakalaryň şaýadyna öwrülen gymmatlyklary özünde jemleýär. Türkmenistanda ilkinji «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi Wladimir Awgustowiç Paleskiniň başlangyjy bilen 1898-nji ýylda Farap demirýol bekedinde döredilýär. Onuň döredilmegi şol döwürde Türkmenistanyň çägi boýunça geçýän Merkezi Aziýa demir ýolunyň gurluşygynyň meseleleri bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Demir ýoly çäge syrgynyndan goramak baradaky öz döwrüniň wajyp meselesini çözmek maksady bilen Zakaspi oblastynyň administrasiýasy 1895-nji ýylda Sankt-Peterburgyň tokaýçylyk institutyny tamamlan W.A.Paleskini bu ýere işe çagyrypdyr. Şeýlelikde ýaş hünärmeniň tagallasy esasynda çägeligi berkitmek boýunça dünýäde ilkinji geçirilen işler bilen baglanyşykly maglumatlary toplamak we olary tejribede synamak üçin «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi döredilipdir. Onda Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsini gowy bilýän alymlar tarapy

Wa­tan­per­wer­li­giň nus­ga­sy

ýa-da hal­ky­my­zyň be­ýik og­ly Nej­med­din Kub­ra ha­kyn­da ke­lam Türkmen taryhda özüni dörediji hökmünde ykrar etdirip bilen gadymy halkdyr. Tebigy şahandazlygy bilen dünýä belli dessanlary, şadessanlary döreden halkymyz mertligiň, medeniýetliligiň, gahrymançylygyň mekdebi bolan beýik şahsyýetleri hem kemala getiripdir. Eziz Diýarymyzda doglup, önüp-ösüp, gaýratlydygy, dogumlydygy akyl-paýhasy, geçmişde bitiren ägirt uly hyzmatlary bilen adamzadyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň mertebesi bolsa hemişe belentde saklanýar. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri Nejmeddin Kubra hakyndaky buýsançly taryhy hakykaty okyjylara ýetirmegiň özem sogaply işdir.

Çu­wal bag­şynyň öýün­de

Durmuşda bolup geçen käbir wakalar hemişelik ýadyňda galýar. Ol, esasan-da, döredijilik adamlary, sungat ussatlary bilen bagly bolsa, has-da şeýle bolýan borly. Ýazyjy Ahmet Halmyrat hem-de mirasgär Atda Gurbangeldi bilen Kaka topragyna baryp, Onbegi obasynda Çuwal bagşynyň öýüne myhman bolanymyz bäri, esli ýyl geçipdir. Ýöne ol göwnüme şu gün bolup geçen ýaly bolup dur. Çuwal bagşynyň gadamy düşen, ruhy siňen sadaja öýde onuň ogly Annaguly aga ýaşaýan eken. Annaguly gyjakçy şol wagt segseniň onuny tegelän-de bolsa, huşy metda diýilýänlerden eken. Onuň Çuwal bagşy hakynda berýän gürrüňleri täsirlidi. Bu okyjylar üçinem täsirli bolar diýip pikir edýärin. — Biziň atamyza Garly aga, enemize Ogulnur — Ogul eje diýer ekenler. Atamyz kümüşçi ussa bolan. Onuň Mämmetguly, Magtymguly, Hudaýguly, Gülbar, Oguldöndi, Annagözel diýen çagalary bolupdyr.

Taryhymyzy öwrenen alym

Ylmyň dürli ugurlary boýunça dünýäde tanymal alymlaryň bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem arheologiýa ylmynda özüni tanadan, uly-uly işleri bitiren meşhur arheolog alymlar az däl. Olaryň biri hem taryh ylymlarynyň doktory, professor, halypa, mugallym Hemra Ýusubowdyr. Geljekki arheolog alym 1936-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda dünýä inýär. 1945 — 1952-nji ýyllarda obasynda ýedi ýyllyk mekdebi tamamlaýar. Okuwyny Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji mekdep-internatynda dowam etdirýär. Ol 1955 — 1960-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.

Türkmeniň demirgazyk ýaýrawy (Garagalpak türkmenleri)

Özbegistan döwletiniň Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýaşaýan türkmenler halkymyzyň iň demirgazykda ýerleşen bölegidir. Garagalpagystanly türkmenleriň oturýan ýerleri taryhy geçmişde gadymy Horezm, Köneürgenç türkmenleriniň döwletlerine we soňra Hywa hanlygyna degişli bolupdyr. Eýsem, türkmenler ol topraklara haçan we näme sebäpden düşdülerkä? Özbegistanyň Garagalpagystan respublikasynda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz häzirki ýaşap oturan ýerlerine aýry-aýry wagtlarda göçüp barypdyrlar. Türkmenleriň bu ülkä ilki gadam basanyndan bäri indi iki asyr töweregi wagt geçipdir. Olar ilkibaşda Balkan, Gürgen we Maňgyşlak sebitlerinde ýaşapdyrlar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVII — ХIХ asyrlar türkmen taýpalarynyň göçe-göçlük döwri bolupdyr. Uzboý arkaly öz suwuny Hazar deňzine guýan Amyderýa ХVII asyrda öz akymyny üýtgedip, Aral deňzine guýup başlaýar. Suw bolmansoň bu sebitde ekerançylyk we ýaşaýyş-durmuş pese gaçýar. Ilat ekerançylyk üçin täze ýerleriň gözlegine çykmaly bolupdyr. Suw ýetmezçiligi, galyberse-de käbir syýasy ýagdaýlar türkmen tire-taýpalarynyň belli bir böleginiň Amyderýanyň sag kenaryna göçmegine sebäp bolupdyr.

Aşgabadyň täsin sagatlary

Aşgabadyň mähriban ady, onuň taryhy, şu güni hem-de geljegi bilen bagly her bir jümle watandaşlarymyzyň ýüreginiň töründe mydamalyk orun alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda paýtagtymyzyň taryhy barada täsin maglumatlar teswirlenip, Watanymyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy barha joşdurýar. Milli Liderimiziň dana paýhasyndan dörän kitabynda belleýşi ýaly, «Gündogaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu şäher gelim-gidimli, ünsüňi özüne çekýän merkez bolup, asyrlaryň gatynda özi baradaky hakykaty ýaşadyp gelýär. Biz onuň taryhyna, şöhratly geçmişine sarpa goýýarys». Taryha ser salsak, Aşgabadyň sagatlary barada giden bir dessan ýazyp wasp etmäge mynasypdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1901-nji ýylda bolsa Aşgabat demir ýol menziliniň binasynyň gurluşygy tamamlanyp ulanmaga berilýär. Onuň asmana uzaýan minarasynyň dört tarapynda sagat oturdylypdyr. Bu binagärlik çözgüdiniň pelsepesi halkymyzyň şöhratly taryhy geçmişine hem-de ruhy ýörelgesine esaslanýar, ýagny Aşgabatdan — gadym oguz ilinden dünýäniň çar künjegine ak ýollaryň uzap gidendigini aňladýar. Munuň özi Watanymyzyň şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolandygyny ýene bir ýola ykrar edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda şeýle ýazýar: «Dünýäni sö

Döwrebap usullar, ylmy gözlegler

Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler. Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin olaryň iň täze enjamlardyr barlaghanalar we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredip berdi. Türkmen alymlary dünýäniň ylmy merkezleri, meşhur uniwersitetleri bilen gatnaşyk saklap, olar bilen şertnama esasynda işleşýärler. Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek babatda gepleşikler alnyp barylýar. Häzirki wagtda türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, döreden döwletlerini, dünýä medeniýetine hem-de adamzadyň ösüşine goşan goşandyny toplumlaýyn öwrenýärler. Alymlarymyz ylmy-barlag işlerinde köptaraplaýyn ugurda işläp, taryhymyzy, gadymdan galan şäher-obalaryň galyndylaryny, ol ýerden tapylan gymmatlyklary, täsin ýadygärlikleri yzarlap, däp-dessurlarymyza, dilimize, edebiýatymyza degişli maglumatlary öwrenmek bilen, häzirki döwrüň ýokary tehniki barlaghanalaryny we täze enjamlaryny ulanyp, barlag

Gadymy Köneürgenç taryhyň şöhratly sahypalarynda

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär. Şeýle-de bu kitapda tanymal alymlaryň, akyldarlaryň we jahankeşdeleriň beýan edýän gymmatly maglumatlaryna uly ähmiýet berlipdir. Şeýle alymlardan biri hem 1208 — 1283-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, taryh, fykyh, matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, geologiýa ýaly ugurlarda özüni dünýä tanadan beýik alym Zakariýa ibn Muhammet ibn Mahmyt Kazwinidir. Zakariýa Kazwini «Asarul-biläd we Ahbarul-ybad», «Ülkeleriň yzlary we milletleriň habarlary» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler barada gyzykly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle şäherleriň biri hem Köneürgenç şäheri bolup, irki ylmy çeşmelerde onuň ady «Jürjaniýe» görnüşinde ulanylypdyr. Awtora salgylanyp, Köneürgenjiň örän güýçli, edermen we gaýduwsyz ilatynyň bolandygyny aýtmak mümkin. Onuň gürrüň berşine görä, bu şäher örän uly we köp ilatly bolupdyr. Döwrüniň kyn şertlerine garamazdan, şäheriň ilaty dürli howplardan goranmagy başarypdyr. Kazwini bu şäheriň söwdagärinden gassabyna, çörekçisinden tikinçisine çenli hemmesiniň esgerdigini haýran galmak bilen gürrüň berýär. Bu bolsa ilatyň goranmak meselesine neneňsi ähmiýet berendigini görkezýär.

Aýdym-sazyň piri

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çägini aralap geçýän uly ýoldan çepe öwrüm edip, esli ýöräniňden soň, giňiş düzlükde howalanyp oturan, dört gyraňy memmerli metjide nazaryň kaklyşýar. Aşyk Aýdyň piriň äleme dolan meşhur ady mübäreklenip, geçen asyryň ahyrynda bina edilen bu metjide barýan ýoluň ugrunda türkmen dutarynyň äpet heýkeli bar. Metjidiň kyblaroýunda piriň aramgähi ýerleşýär. Asyrlaryň hekaýatyny taryha gönderip, syrly dymyp oturan şol aramgähiň golaýynda meşhur gadymy gala — Diýarbekir, onuň ýakynynda bolsa ýene bir gümmez seleňläp görünýär. Ol halk arasynda beýik piriň zehinli şägirtlerinden biri Seýit Jemaleddin Soltan Töwrize degişli edilýär. Gadymy Was topragynda uly taryhy geçmişli şäherleriň birgideni bar, olar, daş-töweregi başdanaýak gür baglyk bilen örtülen goýry kölegäni ýada salýandygy üçin, Tünüderýa adyny alan gadymy derýany jähekläp otyrlar. Aşyk Aýdyň piriň ykbaly şu gadymy şäherler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän gymmatlyklar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren gymmatly bahasyna görä, Türkmenistan Watanymyz ýedi müň kilometrden hem uzaklara uzap gidýän, iki müň ýyla golaý wagtlap dünýä halklaryna hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Beýik Ýüpek ýoly bilen uzak menzilleri söküp, Gündogaryň Beýik imperiýasy — Hytaý bilen, Günbataryň Beýik imperiýasy — Rimiň arasynda täjirleriň söwda aragatnaşygyny ýola goýup, gatnap ýören ýyllarynda hem gelin-gyzlaryň el hünärinden dörän, halklary haýrana goýýan türkmen halylarynyň, gamyşgulak bedewleriň medeniýetiň ikinji gatlagy bolan Parfiýa medeniýeti döwründe dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolandygyny, görnükli alymlar W.W.Bartold, W.M.Masson aýratyn nygtap geçýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Ata-babalarymyz bize gymmatly miras galdyrypdyrlar. Şol mirasa eýe çykmak, ony öwrenmek we wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da giň gerime eýe boldy. Taryhda muzeýleriň tutýan ornuna ser salsak, ol örän gadymy döwürlere uzap gidýär. Adamzat taryhynda ilkidurmuş daş asyrlary döwründen başlap, adamlarda ynanç we durmuşa medeni tarapdan garamak öň hatarda durupdyr. Iňňän gadymy döwürlerde hem adamlar öz ýaşaýan ýerlerini bezemek, dürli gurallardan peýdalanyp, ilkinji bezeg şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar.

Zeýtuny gaýtadan işlän iň gadymy kärhana

Ysraýyl arheologlary ýaşy 6600 ýyl töweregi bolan dünýäniň iň gadymy «zeýtuny gaýtadan işlän kärhananyň» yzlaryny tapdylar. Maglumatlara görä, onuň galyndylary Ortaýer deňziniň düýbünde, Haýfa kenarýakasynda ýerleşýär. Bu maglumatlar şol wagt zeýtunyň köp ulanylandygyndan habar berýär. Tapyndylarda iki sany daşyň galyndylary we zeýtun galyndylary bilen doldurylan çukurlar bolup, tapylan zeýtun tohumlarynyň ýagdaýy önümiň senagat taýdan gaýtadan işlenendigini ýüze çykardy. Ýüze çykarylan daşlar dürli görnüşde bolup, onuň içinde çukur galyndylary ýerleşýär. Alnan täze maglumatlar Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň gadymy müňýyllyklarda zeýtuny köpçülikleýin peýdalanandyklaryny görkezdi. Kärhananyň araçägi kenarýaka gury ýerde başlanyp, suwuň içine, takmynan, 150 metre uzalyp gidýär. Bu bolsa işçileriň zeýtuny gaýtadan işlemek üçin deňiz suwundan peýdalanandyklaryna güwä geçýär.

Türkmen külalçylygy

Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medeni gatnaşyklar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpli ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýän gadymy ýadygärliklere baý ýurtdur. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly şäherleriniň biri hem Şähryslamdyr. Orta asyrlarda Täk Ýazyr ady bilen belli bolan şäheriň biziň günlerimize gelip ýeten durky Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 km demirgazykdaky düzlükde ýerleşýär.

Seýil-seýran etseň seýilgählere

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze-täze seýilgähler döredildi we öňden barlarynyň durky zamanabap röwüşde täzelenýär. Hormatly Prezidentimiz geçiren iş maslahatynyň birinde paýtagtymyzda türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň şu günki belent ösüşleriniň nyşany boljak täze «Daşkent» seýilgähini döretmegiň taslamasynyň üstünde işlemek we onuň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. Mähriban Arkadagymyzyň binagärlik, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolan ak şäherimiz umumadamzat jemgyýetini parahatçylyga, dost-doganlyga, ýagty geljege çagyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheri has gözelleşýär, ösýär, özgerýär. Uly ýaşaýyş toplumynda, ymaratlaryň ýanynda dürli baglar, güller oturdylýar. Şäher gurluşygynda Gündogaryň, Günbataryň öňdebaryjy binagärlik tejribesi giňden ulanylýar.

Taryhda yz galdyran şaha

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr teklipleri esasynda döwletimiziň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi, ençemesiniň bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ahyrlarynda girizilmegini gazanmak üçin degişli işleriň geçirilýändigi, gerekli resminamalaryň taýýarlanylyp ýörülmegi kalplarymyzda ýakymly duýgulary oýarýar.

Buz­gaý­mak ni­re­de dö­räp­dir?

To­mus pas­ly diý­len­de, il­kin­ji göz öňü­ne gel­ýän zat­la­ryň bi­ri hem buz­gaý­mak­dyr. Dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­le­riň, hu­su­san-da, kör­pe­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan buz­gaý­ma­gyň dö­re­ýiş ta­ry­hy bi­len gy­zyk­lan­ma­ýan adam az bol­sa ge­rek. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da buz­gaý­ma­gyň ta­ry­hy bi­len bag­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik. Buz­gaý­mak il­kin­ji ge­zek, tak­my­nan, üç müň ýyl mun­dan ozal Hy­taý­da taý­ýar­la­nyp­dyr. Şol wagt­lar Hy­ta­ýyň bar­jam­ly adam­la­ry mi­we şi­re­si­ne gar bi­len bu­zy go­şup, sa­ça­ga äbe­rip baş­lap­dyr­lar. Buz­gaý­ma­gyň ýa­sa­lyş usu­ly örän giz­lin­lik­de sak­la­nyp­dyr. Soň­lu­gy bi­len şer­bet hem-de dür­li mi­we­ler­den doň­du­ry­lyp ýa­sa­lan ta­gam alys­da­ky ýurt­la­ra ýaý­rap­dyr.

Marguş — ösen syýahatçylyk merkezi

Islendik döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndan, baý geçmiş taryhyndan, kuwwatly ösüşlerinden we geljekki menzillerinden habarly bolmak üçin şol ýurtda syýahatda bolmak ýeterlik. Sebäbi şowly syýahat netijesinde şol ýurdy hemmetaraplaýyn öwrenmäge we özüňde ajaýyp pursatlary galdyrmaga oňaýly mümkinçilik döreýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda paýhasly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly däp-dessurlaryny gorap saklamak, şeýle hem olary ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny bellemegi, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine hem-de geljekde amal edilmeli işlere uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şu aýdylanlardan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň syýahatçylyk üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek we halkara derejesinde ýaýmak döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Taryh — geçmişden galan ýadygärlik, nesillere miras galjak maddy we ruhy baýlyk. Syýahatçylygyň aýry-aýry görnüşleriniň arasynda hem medeni-öwrenijilik syýahatçylygyna möhüm orun degişlidir. Bu syýahatçylyk taryhy-medeni ähmiýetli gymmatlyklara baryp görmek, öwrenmek we medeni çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýar. Dünýä syýahatçylarynyň syýahatsöýer kalbyna ruhy lezzet paýlaýan ýerler hem,

Küşdüň taryhyndan parçalar

Alymlar küşdüň 2500 ýyl ýaşy bardyr hem-de aýdylyşy ýaly, Hindistanda däl-de, Orta Aziýada dörändir diýip çaklaýarlar. ***

Ak bugdaýyň taryhyndan

Ýurdumyzda daýhanlarymyzyň yhlasy bilen ýetişdirilen ak bugdaýyň bol hasylyny ýygnamak işleri şu günler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle buýsançly pursatlarda bu gün bütin dünýäde meşhur alym Rafael Pampelliniň ylmy gözlegleri barada gürrüň etmek has-da ýakymlydyr. Amerikan geology Rafael Pampelli Freýburgdaky (Germaniýa) dag-magdan akademiýasyny tamamlap, dag-magdan inženeriniň diplomyny alýar hem-de minerallary öwrenmek boýunça ABŞ-da ilkinji diplomly hünärmen bolup ýetişýär. 1903-nji ýyl Rafael Pampelliniň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyl bolýar. Şol ýyl ol professor W.M.Dewis, kömekçileri E.Hentington we öz ogly R.W.Pampelli bilen bilelikde Karnegi institutynyň (Waşington) maliýe taýdan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistan bilen tanyşlyk saparyny guraýar. 1904-nji ýylda ol ikinji gezek Türkmenistana gelip, Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Änewiň günorta we demirgazyk depelerinde hem-de Gäwürgalada arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirýär.

Gündogaryň gadymy şäheri

Beýik Ýüpek ýoly baradaky taryhy ýazgylarda welaýatymyzyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän gadymy Kelif şäheriniň ady köp duş gelýär. Hytaýdan, Şamdan çykyp ugran agyr ýükli kerwenler ençeme menzil ýol ýöräp, biziň ýurdumyzyň çägine aralaşypdyrlar. Soňra Hojaýpiliň, Köýteniň, Bazardepäniň, Garlygyň üsti bilen Kelif şäherine gelip ýetipdirler. Şu möhüm halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen Kelif şäherine gelen kerwenler soňra Şirabada, Termeze, Garşa, Samarkanda, Buhara, Amula, Horezme tarap ugrapdyrlar. Kelifden Baýsun daglaryna, Şirabatdan Tallymerjen ýaýlasyna çenli aralykdaky ululy-kiçili şäherleri, galalary, rabatlary, sardabalary dolandyran gadymy Kelif şäheri mongol basybalyjylaryna çenli döwürde gülläp ösen merkezleriň biri bolupdyr. Gadymy Kelif şäheriniň döreýiş taryhy, «Kelif» sözüniň manysy hakynda ýerli ilatyň arasynda gyzykly rowaýatlar köp. Oturymly ilat «kelif» sözüni «gulp» ýa-da «kilit» sözleriniň üýtgän görnüşi hasaplap, ony Isgender Zülkarneýniň ady bilen baglanyşdyrýar. Başga birleri «kelif» sözüniň «zuf» sözünden döräp, goşa kenardaky şäher manysyny aňladýandygyny, käbirleri bolsa bu sözüň türkmenleriň «gelin» sözünden dörändigini tekrarlaýarlar. Her niçik bolsa-da, gadymy Kelif şäheriniň adynyň antik zamanlarda hem häzirkisi ýaly duş gelýändigini alymlar subut edýärler.