"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gadymy taryhyň we milletiň medeni gymmatlygynyň täze subutnamalary

Abiwerdde arheologlar gymmatly tapyndylary ýüze çykardylar Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar.

Türkmen atly goşunynyň gahrymanlaryny ýatlap

Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrydy. Men şol wagtlar Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde okaýardym. Ýokary okuw mekdebimiziň ýerleşýän köçesiniň ugrunda, uzak bolmadyk ýerde, Noworosiýsk şäherini Ikinji jahan urşunda goramak üçin alnyp barlan söweşlere gatnaşan ozalky sowet ýaragly güýçleriniň 18-nji goşunynyň söweşjeň ýollaryna bagyşlanan muzeý açylypdy. Bir günem okuwdan soňra men şol muzeýe syýahat etmäge gitdim. Edil şol wagt daşary ýurtdan gelen syýahatçylaryň uly toparynyň arasyna goşulyp men hem muzeýe girdim. 1941 — 1945-nji ýyllarda bolup geçen uruş barada umumy maglumatlar, fotosuratlardyr dürli muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilen bu ýerde az salym aýlananymyzdan soňra, 18-nji goşunyň şöhratly söweşjeň ýoluna degişli köp sanly gymmatlyklaryň ýanynda döşi orden-medallardan doly ýaşuly — muzeýiň direktory gyzykly gürrüňler berdi. Gezelenç tamamlanandan soňra ýaşuly gelen adamlara hoşallygyny bildirip, kimde sowal bar bolsa jogap bermäge taýýardygy barada aýtdy. Men ünsümi özüne çeken ýokarsy rusça «Славный боевой пуú óркменской кавалерийской иâиии» diýen ýazgyly karta barada soradym. Ýaşuly maňa mähir bilen garap: «Oglum, sen türkmen bolmaly, men myhmanlary ugradyp gelýänçäm şu ýerde garaş, ikimiz aýry gürleşeli» diýdi-de, daşary ýurtly myhmanlary ugratmaga çykdy. Men bolsa kartany has içgin synlamaga durdum. Kartanyň aşagynda türkmen atly diwiziýasynyň türk

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň geçmişiň dilsiz güwäsi bolup, biziň ünsümizi özüne çekmesi ýöne ýerden däl. Öz döwründe gülläp ösen medeniýeti, durmuşy bolan şäherleriň, galalaryň taryhy çeşmelerde beýan edilýän waspy ata-babalarymyzyň durmuşyny göz öňünde janlandyrmak bilen, olaryň watansöýüjiliginden, zähmetsöýerliginden, ylma-bilime uly sarpa goýandygyndan habar berýär. Ondan bäri köp wagtyň geçendigine garamazdan, biziň günlerimize gelip ýeten käbir tapyndylar bular barada gürrüň berýär. Kerki etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Ýaban Azizowyň irginsiz gözlegleri netijesinde, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda etrabyň Gowak obasynda ýerleşýän Mürzebeggaladan tapan tüýdügi muňa doly şaýatlyk edýär. Toýundan ýasalyp, soňra otda bişirilen bu tüýdügiň içine suw guýup üfleseň, ol birnäçe guşuň ýakymly, owadan owazyny berýär. Şeýle tapyndylaryň bir müňe golaýyny jemlän taryhçy mugallym, olary obadaşlaryna görkezmek üçin, öý muzeýini döretdi.

Goşa kirşiň taryhy

Üstümizdäki ýylda türkmen dutarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagyna taýýarlanylýandygyndan barymyz habarlydyrys. Şonuň üçin-de bu saz guralynyň taryhy we onuň perdeleri bilen dahylly bolan maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gündogar saz sungatyny öwrenýän sazşynaslar öz ylmy işlerinde dutar sözüniň ilkinji gezek orta asyryň belli alymy Zeýnullabidin al Huseýniniň «Sazyň ylmy we amaly kanuny» atly ylmy işinde duş gelýändigini belläp geçýärler. Ady agzalýan kitapda şeýle at bilen gabat gelse-de, dutaryň täze dörän senet bolman, iki kirişli bolandygy üçin, ony beýleki saz gurallaryndan tapawutlandyrmagy göz öňünde tutup, şol döwürde Gündogar halklarynyň ýazuw edebiýatynda pars dili ýörgünli bolandygy üçin oňa «dutar» — iki kirişli ýa-da iki tarly saz guraly diýip atlandyrylandygyny-da ýatlap geçipdirler. Gürrüňi edilýän bu kitabyň asyl nusgasy arap elipbiýinde pars dilinde ýazylypdyr. Ony 1987-nji ýylda Täjigistanyň «Donyş» neşirýaty Barbat Merweziniň 1400 ýyllyk dabarasyna bagyşlap, okyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Kitap professor A.Semýonowyň rus diline geçirilen nusgasy esasynda çapa taýýarlanylypdyr.

Taryhy galalardan söz açsak

Şan-şöhraty ýetik türkmen topragy taryhyň müňbir syryny özünde jemläp oturan gadymy binalara hem örän baýdyr. Eger-de geçmişe togap edip, zyýarata aýlanmak isleseň, onda ýurdumyzyň her welaýatynda, her etrabynda baryp, maňlaýyny dirär ýaly keramatly ýerleriň birnäçesiniň bardygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň taryhyny sarpalamakda, ony has-da belende galdyrmakda alyp barýan nusgalyk işlerinde hem şol gadymy galalar uly orun tutýar. Bize munuň şeýledigini mähriban Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, iki kitapdan ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Biziň size hödürleýän şu maglumatlarymyz hem şol gadymy galalaryň beýik we syrly geçmişinden söz açýar... Astanababa galasyna ýerli ilat «Übeýdäniň we Zübeýdäniň galasy» hem diýýärler. Ol Kerki şäherinden 12 km demirgazykda, häzirki Astanababa obasynda ýerleşýär. Aýtmaklaryna görä, geçen zamanlarda bu ýere ibn Aly Nuraly häkimlik edipdir. Ol tutuş Balha patyşalyk edipdir. Onuň Gyzlarbibi atly ýekeje gyzy bolupdyr we ol gyzyny Kerki — Lebap aralygyndaky halka hökümdarlyk eden adama durmuşa çykarýar. Emma patyşanyň gyzy durmuşa çykanyna köp wagt geçmänkä aradan çykýar. Kakasy onuň mazaryna gümmez galdyrmak üçin Merwden, Samarkantdan belli ussalary çagyrýar. Gümmez üç gezek salnyp, üç gezek ýykylýar. Ahyry patyşanyň düýşüne perişdeleri

Amulyň täsin tapyndylary

Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden geçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär. Taryhçylar gadymy Amul galasynyň, takmynan, miladydan öňki IV-I asyrlarda esaslandyrylandygyny, şol döwürde galanyň tutýan meýdanynyň ony gurşap oturan şähristan bilen bilelikde, 150 — 175 gektardan gowrak bolandygyny çaklaýarlar. Amul galasynyň bol suwly derýa geçelgelerine ýakyn, geografik taýdan amatly ýerleşmegi ilatyň ýaşaýşy üçin gowy şertleri üpjün edipdir. Gala ýuwaş-ýuwaşdan giňelipdir hem-de ykdysady taýdan kuwwatlanypdyr. Taryhy çeşmeler Amul galasynyň aşaky gatlagynyň Kuşanlar zamanyna degişlidigini, şol döwür galanyň strategik taýdan möhüm ýere öwrülendigini tassyklaýar. Amul galasynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, toýundan we daşdan ýasalan gazanlar, geometrik hem ösümlik häsiýetli örän baý nagyşlanan gap-gaçlar, jürlewükler, aýnadan we metaldan ýasalan önümler tapylýar. Bu bolsa Amul şäherinde hünärmentçiligiň, söwdanyň ösendigine şaýatlyk edýär.

Geçmişiň ýaňy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmekde, gorap saklamakda we rejelemekde, olary ýaş nesillerimize ýetirmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmen alymlary, arheologlary, rejeleýjileri ýurdumyzyň ekspedisiýalarynyň düzüminde üstünlikli işleýärler. Olar Russiýadan, Italiýadan, Fransiýadan, ABŞ-dan bolan kärdeşleri bilen bilelikde gadymy döwrüň ýadygärliklerini öwrenýärler we dikeldýärler. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň giňelmegine, muzeýleriň gazananlarynyň üstüniň täze gymmatlyklar bilen ýetirilmegine taryhyň mälim bolmadyk sahypalarynyň açylmagyna kömek edýär» diýip, belleýär. Daşyndan göreniňde açyk meýdandaky muzeýleri ýadyňa salyp duran taryhy ýadygärlikleri, gadymy şäherleriň aramgählerini, galalaryny öwrenmekde, olary nesillere ýetirmekde, gorap saklamakda, rejelemekde ýurdumyzdaky döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň ähmiýeti uludyr. Bu asylly işe Kaka etrabyndaky «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň agzybir zähmet topary hem özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär. Şeýle bolansoň olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, olar bilen gürrüňdeş bolmagy makul bildik:

Muzeýler adasy

Germaniýanyň paýtagty Berliniň Mitte şäherçesinde ýerleşýän «Muzeýler adasy» ady bilen belli bolan toplum ýurduň naýbaşy medeni gymmatlyklarynyň biri hasaplanýar. Toplumyň çäginde dürli ýyllarda gurlan 5 sany muzeý ýerleşýär. Toplumyň ilkinji we iň gadymy binasy 1830-njy ýylda gurlan «Altes» muzeýidir. Taslamasy binagär Karl Fridrih Shinkel tarapyndan arhitekturanyň «neo klassika» görnüşinde taýýarlanylan muzeý 1823 — 1830-njy ýyllar aralygynda Germaniýanyň şa maşgalasynyň sungat toplumlaryny ýerleşdirmek maksady bilen gurulýar. Ol 1845-nji ýyla çenli «Şalyk muzeýi» adyny göterýär. 1966-njy ýylda binada düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu muzeýde, esasan, gadymy antik döwrüniň eserleri görkezilýär.

Sahawatly şäher

Gadymy medeni ojaklaryň biri, orta asyrlarda maddy hem ruhy-ahlak gymmatlyklaryň mekany bolan Nusaý şäheri Köpetdagyň etekleriniň oňaýly tebigy şertleri bilen gurşalypdyr. X asyryň belli geografy Ystahrynyň berýän maglumatlaryna görä, orta asyrlarda Nusaý şäheri suw çeşmelerine, bagy-bossanlyga baý bolupdyr. Nusaýyň uç-gyraksyz hasylly topragy dagyň içine uzap gidipdir. Bolçulyk hem asudalyk höküm sürüpdir. Biri-birine gol salýan baglarda tagamly miweler ýetişipdir. IX asyryň jahankeşdesi ibn Hurdazbehiň işinde 826 — 827-nji ýyllar üçin Nusaýyň döwlete tabşyran paç töleginiň 893 müň dirhemden agdyk bolandygy beýan edilýär. Bu ýagdaý Abywert, Sarahs, Tus ýaly goňşy şäherleriň görkezijilerinden ep-esli köp bolup, Nusaýyň oba hojalygynyň gowy derejede bolandygyndan habar berýär. Şäheriň merkezinde ýerleşen metjit we onuň ýanyndaky bazar orta asyr şäherlerine häsiýetli aýratynlyklara eýe bolupdyr. Juma metjidi örän uly hem ajaýyp gurlupdyr. Nusaý şäherindäki bu metjit hakyndaky maglumatlar belli syýahatçy we geograf Makdysynyň ýazgylarynda saklanylýar. Metjit diňe bir ybadat edilýän ýer bolman, adamlaryň gündelik meseleleri ara alyp maslahatlaşýan ýeri hökmünde syýasy hem jemgyýetçilik wezipesini ýerine ýetiripdir. Şäheriň bazary hatar-hatar edilip gurlupdyr. Onuň özboluşly aýratynlyklary, täsin şertleri bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Nusaýdan ýüpekden tikilen egin-

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy gadymyýete uzap gidýär. Ýurdumyzyň çäginde halkymyzyň şöhratly geçmişini özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi bilen türkmen halkynyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmekde hem-de wagyz etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Şeýle buýsançly üstünlikleriň netijesinde gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ol taryhy ýadygärlikler türkmeniň şöhratly geçmişini bütin dünýä ýaýýar. Eziz Diýarymyz başga-da taryhy-medeni ýadygärliklere örän baý mekan. Ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluşy, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary örän köp. Dehistanda, Nusaý galasynda, Amul galasynda, Merw ýadygärlikler toplumynda, gadymy Köneürgençde nepis, haýran galarlyk binagärlik täsinliklerine duş gelmek bolýar. Aýratyn hem Paryzdepe, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly ýerlerde has gadymy döwürde medeniýetiň ösendigine güwä geçýän ýadygärlikler näçe diýseň bar.

Dehistan dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde, gorap saklamakda we bu ugurda ylmy işleri alyp barmakda, gadymy binalarda rejeleýiş-abatlaýyş işlerini geçirmekde netijeli çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy Aýmämmet Rahymow bilen duşuşyp, goraghanada alnyp barylýan işler barada söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi: — Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýaýrawy welaýatyň ähli ýerinde diýen ýaly duş gelýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Etrek we Esenguly etraplarynda bürünç, demir we orta asyrlaryň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň gadymy emeli suwaryş ulgamyna esaslanan ekerançylykdan başlap, halkymyzyň maddy medeniýetiniň dürli görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Ýurdumyzyň maddy mirasyny ylmy taýdan öwrenmek we olarda rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmek häzirki döwrüň aýratyn möhüm meseleleriniň biri hökmünde öňe çykýar. Bu çäreler halkymyzyň döreden maddy medeniýetiniň galyndylaryny ýüze çykarmakda we geljekki nesillere ýetirmekde örän uly ähm

Ga­dy­my Mü­sür heý­kel­le­ri satyl­dy

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Sad­be­ri şä­he­rin­de ge­çi­ri­len auk­si­on­da bir jü­büt mü­sür sfink­si 195 müň funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Heý­kel­le­riň öň­ki eýe­le­ri ola­ry 15 ýyl­lap how­lu­syn­da sak­lap, onuň üýt­ge­şik ba­ha­sy ýok­dur öý­düp­dir­ler. Bu ba­ra­da «East Ang­li­an Dai­ly Ti­mes» ne­şi­ri ha­bar ber­di. Ne­şi­riň ha­ba­ry­na gö­rä, ar­te­fakt­la­ryň öz­bo­luş­ly­ly­gy ge­çen aý Saf­folk­dan bir maş­ga­la öz öýün­den göç­mez­den ozal, bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len bir metr uzyn­ly­gyn­da­ky heý­kel­le­ri ba­ha­lat­mak ka­ra­ry­na ge­len­soň bel­li bol­dy.– Bi­ze tä­ze gö­çüp bar­jak ja­ýy­na la­ýyk gel­me­ýän zat­la­ryň kö­pü­sin­den dyn­mak is­le­ýän ýer­li maş­ga­la ýüz tut­dy – di­ýip, auk­si­on­çy Jeýms Man­der gür­rüň ber­di. Öý eýe­le­ri uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da how­lu­la­ry­nyň ha­ky­ky ga­dy­my Mü­sür sfinks­le­ri bi­len be­ze­len­di­gi­ni bil­män, onuň di­ňe nus­ga­la­nan gör­nü­şi­dir öý­düp­dir­ler. Olar bag­da goý­lan heý­kel­le­ri­niň ýa­şy­nyň bäş müň ýy­la deň­di­gi­ni bi­lip, haý­ran gal­dy­lar.Heý­kel­ler açyk as­ma­nyň as­tyn­da ge­çi­ren ýyl­la­ryn­da köp zy­ýan çe­kip, auk­sio­na ýa­ra­maz ýag­daý­da dü­şen hem bol­sa, bu söw­da iň şow­lu­sy bol­dy. Söw­da­nyň baş­lan­gyç ba­ha­sy 200 funt ster­ling bi­len baş­lan­dy. Ti­za­ra bu muk­dar ýüz müň funt, soň bol­sa 195 müň fun­ta çen­li art­dy. Sfin­k­si satyn almak üçin bir­nä­çe a

Türkmen aw tazysy

Hormatly Prezidentimiziň düýpli aladalarynyň netijesinde milli baýlyklarymyzy öwrenmekde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eseri adamzadyň itşynaslyk babatda müňýyllyklar içre toplan gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas känine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu kitapda türkmen tazysy barada iňňän gymmatly maglumatlar berlip, ol biziň milli awçylyk ýörelgelerimizi öwrenmekde juda gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly çuňňur mazmunly ylmy-pelsepewi kitabynyň 220-nji sahypasynda keremli topragymyzda aw tazysynyň sap ganly tohumyny döretmek üçin parasatly atalarymyzyň irginsiz yhlas-zehiniň siňdirendigini tekrarlap şeýle ýazýar: «Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmenler sakçy itleriň, ýagny goýun itleriň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler. Türkmen itleriniň asla gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny türkmen arwanasy hem-de meşhur ahalteke atlary bilen ýaýdanman bir hatarda goýsa bolar». Biziň ýurdumyzda gadymy awçy tazylaryň tohumy edil türkmen alabaýynyň sap ganlylygynyň goralyşy ýaly aýratyn üns berlip saklanypdyr. Olaryň awçylyk, yz çalmak, çalasyn hereket etmek endiklerini kämilleş

Jeýtun medeniýetiniň itşynaslyk mirasy

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw-hema ýaty bilen milletimiziň mertebesine deňelýän milli mirasymyz, şolaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan türkmen itşynaslyk sungatynyň taryhyny arheologiýa we etnografiýa taýdan çuň öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işiň barha rowaçlanmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň edýän tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, biziň günlerimize ýönekeý depe görnüşine gelip ýeten ýadygärlikleriň galyndylary dabarasy daglar aşan uly şäherleriň, söwdanyň we medeniýetiň ösen iri merkezleriň taryhy yzlarydyr. Arheologlaryň, etnograflaryň belent diwarly binagärlikleriň galyndylarynda, gadymy diňlerde, üstünden müňýyllyklary geçiren kümmetlerde, galalarda hem-de olaryň töwereginde ýaýylyp gidýän köne ýaşaýyş mähellelerinde geçirýän ylmy gözlegleri netijesinde henize çenli mälim bolmadyk syrly maglumatlaryň ençemesi ýüze çykarylyp, olar taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalarynyň ýazylmagyna ygtybarly esas bolýar. Şundan ugur alsak, arheologiýa tapyndylar, etnografiýa gymmatlyklar iňňäniň ujy ýaly kiçijik hem bolsa, ylmy taýdan ägirt  uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, şol gymmatlyklar tutuş adamzadyň medeni ösüşini äşgär edýär. Şonuň bilen birlikde şol gymmatly tapyndylar dünýäniň taryhyny öwrenmekde mälim däl tä

Soltan Jelaleddiniň waspy

Parasatly atalarymyzdan miras bolup galan «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýlen bir jowahyr pähim bar. Hakykatdan hem, Gahryman ­Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza peşgeş beren ajaýyp zamanamyzyň beýik ýeňişli menzillerini giňden wagyz etmek, geçmişimiziň täsin syrlara beslenen sahypalaryny, taryhda öçmejek yz goýan şöhratly atalarymyzyň geçen ömür ýoluny içgin öwrenmek hem-de täze ruhy garaýyş bilen dikeltmek giň dünýägaraýyşly, döwür bilen aýakdaş gitmegi başarýar, şonuň bilen bir hatarda-da, watançy nesilleri kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiziň medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda milli baýlyklarymyzy yzygiderli öwrenmekde hem-de dünýä ýüzüne wagyz etmekde saldamly işleri bitiren alymlaryň, belli ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň hyzmatyna ýokary baha berip, olaryň galdyran mirasyny öwrenmegiň zerurlygyna ünsi çekdi. Arkadag ­Prezidentimiz bu barada şol taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «W. Masson we W. Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup galar». Munuň özi, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygynda şanly taryhymyza hem-de halkymyzyň şöhratyny dünýä ýüzünde

Köküň, örküň Watandadyr

Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda täze dogan bäbejigiň gulaklara ýakymly jägildisi selmeli sonar sähralaryň päkize asmanynda birgeňsi saýraýan torgaýlaryň owazyna goşulyşyp, ýaşaýşyň ömür-ömür diňmejek müdimi sazyny hasyl edýär. Bu diňe: «Buşluk! Buşluk! Ogul jigim boldy!» diýip, galpajygyny tasadyp, hatarlara şatlyk paýlap ýören gyzjagaz üçin däl-de, tutuş oba, ähli adamlar, külli adamzat üçinem begençlidir. Ynsanlar üçin ýene bir ynsanyň dogulmagyndan zyýada bagt bolup bilermi diý?! Sähranyň gülleri üçinem, çaganyň kalby ýaly tämiz hem biserhet ýumşak ýaýlalar üçinem, danalaryň öwütlerini ýadaman-ýorulman gaýtalaýan sähranyň san-sajaksyz çürçürileri üçinem, sähra tamdyryndan çykan nan ýaly gyrmyzy hem mukaddes Gün üçinem egsilmejek şatlykdyr, buýsançdyr.

Firdöwsi (Ta­ry­hy ro­man)

Sa­tym ULUG­ZA­DA,tä­jik ýa­zy­jy­sy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Soltan Jelaleddin hakda söz

Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň: Watan üçin çykdym gyr at üstüne,Tä janym çykynça dönmenem, begler!Dikdir serim, düşmen duşman astyna,Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler —

Şir ýürekli serkerde. Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda) Hakykatdan-da, ertesi agşam ýüzüni garaňka tutup gelen duşman leşgeri Syrderýanyň aňyrky kenaryndan ujy nebit alawly oklaryny Hojantyň üstüne ýagdyryp başlady. Atylan oklaryň tizligi pes bolany üçin derýanyň ortasyna ýetip-ýetmänkä, suwa gaçýardylar. Muňa gahary gelen duşman goşuny kenaryň gyrasyndaky gamyşdyr hyşalardan, toraňňydyr ýylgynlardan suwuň ýüzünde adam münüp, ýüzer ýaly tagaşyksyz taýmyllary, gaýyklary ýasap ugradylar. Muny duýan Timur Mälik özüniň taýmylçydyr gaýykçylardan düzülen goşunyna gije derýanyň aňyrky kenaryna geçip, duşmanyň ýasan taýmyllaryny we gaýyklaryny otlamagy, gerek bolsa suwa gark etmegi tabşyrdy. Şonda serkerdeleriň birnäçesi nebitli alawlaryň suwuň ýüzünde henizem ýanýandygyny, şol ýakylan otlaryň hüjüm etmäge päsgel berýändigini ýaňzytdy. Timur Mälik bolsa olara taýmyllaryň hem-de gaýyklaryň daşyny palçyk bilen galyň suwamagy tabşyrdy. Baş serkerdäniň bu meseleden çykalga tapyşyna goşundakylar haýran galdylar. Emma Çingizhanyň goşunynyň etjek pirimine päsgel berse-de, güýçleriň deň däldigi sebäpli birnäçe günden soň, hojantlylar yza çekilmeli boldular. Timur Mälik bolsa, goňşy şäherleriň häkimlerine, serkerdelerine kömek üçin ýüz tutup, çapar ýollady. Ol tä kömek gelýänçä şäheri goramakçydy. Ýöne Timur Mäligiň tagallalary birikdirmek baradaky çakylygyna hiç kim gelmedi. Şeýdibem, duşman goşuny öňe

Şir ýürekli serkerde. Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda (Hekaýa)

Mahmyt täjiriň gyzy Şeýdabibi üçin sawçylyga gelen daýzalar giň otagdaky sekiniň üstünde ýazylan saçak agzyňy suwardýan naz-nygmatdan doly bolsa-da, edil doýan guş ýaly bolşup, onuň daşynda äwmezlige salyp, ümsüm oturdylar. Ahyry bu ümsümligi öý bikesi Naryma hanym bozdy: — Eziz myhmanlar, döwletli gapymyza hoş gelipsiňiz! Timuryň enesi häliden bäri sessiz-üýnsüz otyrsyňyz, näme habaryňyz bolsa aýdyp oturyň, eşideli!