"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Ýüpek ýoly» rallisiniň altynjy tapgyry: M.Toýlyýewiň ekipažy ikinji, M.Daňatarowyň topary üçünji boldy

«Ýüpek ýoly» rallisiniň Mongoliýanyň Howd şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn ugur boýunça geçen altynjy tapgyry ýaryşyň iň uzyn bölegini özünde jemledi. 542,30 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1040 — 1750 metr belentlikdäki çarkandakly menzillerden uzady. Türkmen ekipažlarynyň gatnaşmagynda geçýän T2 ýaryşynyň altynjy tapgyrynda hem ýeňiş gazanan Andreý Suşenkow umumy hasap boýunça eýeleýän birinji ornuny kiç kime bermedi. Ildeşlerimiziň esasy bäsdeşlerinden biri bolan «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Mihail Mitýaýewiň ulagy tehniki meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa onuň garşydaşlaryndan 10 sagat çemesi gijä galmagyna getirdi. Bäsleşikde ýeňşe dalaşgärleriň biri hasaplanýan «Podmoskowýe» toparynyň wekili Anton Melnikowyň ulagynyň herketlendirijisi dykyldy we ol ýaryşy wagtyndan öň tamamlamaga mejbur boldy.

Tolkunlardan galkynýanlar

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndysynyň agzalary baş tälimçi Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylygynda Gruziýa Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Ýygnanyşygyň dowamynda, esasan hem, Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etjek suwda ýüzüjileriň taýýarlygyna üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Tomusky Olimpiýa oýunlaryny şu ýyl Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri kabul edýär. 26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli aralykda Oýunlara Türkmenistandan suwda ýüzüjileriň ikisi gatnaşar. Olar halkara derejeli sport ussady Musa Jalaýew bilen sport ussady Aýnura Primowadyr.

Ynam ýeňşe ýetirýär

Höwes, yhlas ýeňişli ýollara ýetirýär. Şol ýeňişli ýollarda hem ynam zerurdyr. Ynam ýeňşiň ýarysy hasaplanýar. Şonuň üçin türgenlere ýaşlygyndan şeýle ynama eýe bolmak gerek. Şeýle ýeňişli ýollara bolan ynamy bilen sport älemine gadam basan türgenleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýazmyrat Bäbişowdyr. Ýazmyrat bäş ýyldan hem gowrak wagt bäri sapakdan daşary Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi boýunça tälimçisi Serdar Hajyýewden tälim alyp, geçirilýän her bir türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýar. Ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem türgeniň kem-kemden kämilleşýändiginiň subutnamasydyr.

Küştüň ýaşajyk ýyldyzy

Sportuň küşt görnüşi tiz pikirlenmegi, her bir göçümiňi örän oýlanyşykly, ýerlikli göçmegi talap edýär. Küşt oýnuna ýöne ýere «akyl-paýhas oýny» diýilmeýär. Ol sportuň iň bir gyzykly, täsin görnüşleriniň biridir. Kiçiliginden ussat küştçi bolmagy arzuw edip, şol arzuwyna ädimme-ädim ýakynlaşýan jigilerimiziň biri-de Aýa Baýramowadyr. Ol Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy. Okuwyndan daşary Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebine gatnaýar we ol ýerde 2019-njy ýyldan bäri ussat küştçüleriň elinde tälim alýar. Küştçi gyzjagaz 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 15-inden 30-y aralygynda Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen küşt boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdy. Ol 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 3-nji orny gazanmagy başardy. Bu ýeňiş biziň ählimizi diýseň buýsandyrdy.

Dänewli küştçüler Türkiýede türgenleşýär

Dänewli uýalar Lala we Leýla Şöhradowalar şu günler Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysynyň hatarynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. Şu gün tamamlanýan ýygnanyşyk türkmen küştçüleri üçin şu ýylyň sentýabr aýynda Wengriýada geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlygyň bir tapgyry bolar. Türkmen küştçüleriniň şu gezekki ýygnanyşygy halkara derejeli sport ussatlarynyň, tejribeli tälimçileriň hem ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolansoň, olara dünýäniň bir, Bütindünýä küşt olimpiadasynyň bolsa dört gezek çempiony Wasiliý Iwançuk, türkiýeli halkara derejeli grossmeýster Okan Özsakally dagy hem ýardam berdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda aşgabatly türgen Merýem Agajanowa hem türgenleşýär.

Sport saglykdyr

Golaýda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arasynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni giňden ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk we sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport saglyk diýmekdir, saglyk iň uly baýlykdyr» atly şygar astynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşikde «Bagtyýar» hem-de «Güneş» toparlary özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen ýaryşda «Güneş» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde öňdäki orunlarda barýar

Russiýa Federasiýasynyň çäginden Mongoliýa tarap uzaýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyry hem türkmen ekipažlary üçin diýseň düşümli boldy. Ýaryşyň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzillerini külterlediler. 555,42 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1200 — 2150 metr belentlikde dowam etdi.

Röwşen geljegimiziň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, adamlaryň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetde, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, ylymda-bilimde uly ösüşler gazanylýar. Şeýle beýik üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ösmegine, ylym-bilim öwrenmeklerine ähli şertler bar. Şunda ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi sport bilen baglanyşyklydyr, çünki sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gözbaşydyr, kämilligiň binýadydyr. Ruhubelentlik, bagtyýarlyk we sagdynlyk ýaşlarymyzyň sporta, bedenterbiýä bolan islegini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamyny ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berlip, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, sporty ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport desgalarynyň gurulmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Dünýä nusgalyk Arkadag şäherinde hem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna, ussat türgen bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilik döredilendir. Munuň özi sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Çempionat 5 -8-nji iýul aralygynda geçdi. Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler uly üstünlige eýe boldular. Türkmen ekipažy bu abraýly ýaryşda üçünji orny eýeledi. Şeýlelikde, doganlar Merdan (sürüji) hem-de Şöhrat (şturman) Toýlyýewlere çempionatyň Kubogy gowşuryldy.

Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy

Golaýda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Gyzykly geçen bu bäsleşiklerde küşt boýunça 1-nji ýere Sähra Berdiýewa, 2-nji ýere Aknur Ýagmyrowa, 3-nji ýere Gülnur Abdullaýewa, şaşka boýunça 1-nji ýere Irada Zakirowa, 2-nji ýere Anna Iwanowa, 3-nji ýere Aýzada Illiýewa dagy mynasyp boldular. «Ruhubelent» hem-de «Zehin» toparlarynyň arasynda geçirilen tanap çekmek ýaryşynda «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

«Ýüpek ýoly ― 2024» rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda

5-nji iýulda «Ýüpek ýoly» halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar. 2022-nji ýylda T2 görnüşi boýunça çempion bolan türkmenistanly doganlar Toýlyýew şu gezekki ýaryşda-da yzda galan üç tapgyrdan soň çempionlyga has ýakyn topardyr.

Futbol janköýeri

Maý aýynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä futbol gününi döredendigi baradaky habaryň ýaýran wagty bu wakanyň kalbynda şatlyk döreden adamlarynyň hatarynda bardygym üçin galama ýapyşman bilmedim. Resmi maglumatlara salgylansaň, dünýä ýüzünde futbol bilen meşgullanýan we oňa tomaşa edýän adamlaryň sany 5,5 milliarddan hem geçýär. Munuň özi dünýäde her ikinji adamyň bu täsin oýnuň täsirini duýup ýaşaýandygyny görkezýär. Şol täsir hakda gürrüň etmek üçin janköýer bolmak gerek. Çünki janköýer diňe bir futbola tomaşa edip oňanok. Ol futbol bilen ýaşaýar. Ony hemişelik hemrasyna öwürýär. Diýmek, söýýär. Söýgi hem hil-hil bolýar. Durmuşa söýgi, Watana söýgi, ene-ata söýgi, perzende söýgi... Bu sanawyň soňuna tükeniksizlik alamatyny goýsaň gowy. Eger şeýtsek, şu ýerde «ertekimiz» tamam bolar. Emma biz ony tamamlamak üçin başlanam bolsak, sözümizi garaşylyşyndan ir jemlemegi nazara almandyk. Çünki söhbedimiz başlanýan ýeri bolsa-da, gutarýan ýeri ýok hasap edilýän futbola söýgi barada bolansoň, Bütindünýä futbol güni mynasybetli okyjylara, şol sanda janköýer kärdeşlerimize içimizi dökmek isledik.

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, netijeli işler amala aşyrylýar. Sporta höwesek ýaşlaryň sany artyp, döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde, sport desgalarynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Tejribeli tälimçilerden tälim alýan türgenler özleriniň ussatlyklaryny ýokarlandyryp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýändigine şaýatlyk edýär.

Kim çalasyn?!

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan kiçi ýaşly çagalaryň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Hereketli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşda ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höweslerini artdyrmak maksat edinildi. Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşyň esasy duşuşygynda “Abiwerd” we “Galkan” toparlary özara bäsleşdiler. Uly gyzyklanma eýe bolan duşuşykda “Abiwerd” topary üstün çykdy. Şeýlelikde, “Abiwerd” topary birinji, “Galkan” topary ikinji, “Güneş” topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Kaka etrap Geňeşleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gyzykly geçen bäsleşikler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi tarapyndan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak, şeýle hem olaryň sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Geçirilen bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olarda ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly 2024» rallisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

«Ýüpek ýoly 2024» rallisine badalga bermek dabarasy 5-nji iýulda agşam Tomskda geçirildi. Bu ýerde on günüň dowamynda bäş müň kilometri külterlejek we ýaryşy Mongoliýanyň paýtagtynda tamamlajak ekipažlar tanyşdyryldy. Müňlerçe janköýeriň ulaglarynda alyslara ýol saljak ekipažlary mübäreklemäge hem-de T1 ulaglaryndan başlap, köp tonnalyk agyr ýük awtoulaglaryna çenli öz gözleri bilen görmäge ýygnanmagy ajaýyp dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 2009-2010-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da FI­FA-nyň «Ze­hin­li­le­ri ös­dür­mek tas­la­ma­sy­nyň» (FI­FA TDS) çä­gin­de Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň «Ga­raş­syz­lyk» sport des­ga­syn­da guraldy. Oňa we­la­ýa­tyň et­rap­la­ryn­dan, Da­şo­guz şä­he­rin­den hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­den fut­bol­çylar gat­naş­dy­. Ýa­ryşda aý­law gör­nü­şin­de çe­ke­le­şik­li bäs­leş­di­ler.

Agyr atletikaçylaryň şowly çykyşy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­me­nis­ta­nyň agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň (U-17) açyk ýaş­lar çem­pio­na­tyn­da 13 me­dal ga­zan­dy­lar

Sam­bo­çy­la­ryň üs­tün­li­gi

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 25 — 30-njy iýun ara­ly­gyn­da dost­luk­ly Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­kao şä­he­rin­de spor­tuň sam­bo we sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri hem gat­na­şyp, me­dal­la­ryň 21-si­ne: 2 al­tyn, 5 kü­müş, 14 bü­rünç me­da­la eýe bol­du­lar.

Ronaldomy, Messi?

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 2-nji iýu­lyň Sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­di­gi me­ni ta­na­ýan­la­ryň ara­syn­da di­ňe Şü­kür­ba­ýe­wi­çiň ýa­dy­na dü­şüp­dir. Hat­da dog­lan gü­ne hem kän bir äh­mi­ýet ber­me­ýän ada­my hal­ka­ra hü­när baý­ra­my bi­len bag­ly gür­rüň­ler gy­zyk­lan­dyr­ma­jak ýa­ly. Em­ma ony fut­bol bi­parh goý­ma­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne öle­men fut­bol jan­kö­ýe­ri Sü­leý­ma­n bi­len du­şu­şan wagt­la­ry has aý­dyň göz ýe­ti­rip bol­ýar. Bu ge­zek «EURO 2024» we «Copa Ame­rica» (2024) bi­len baş­la­nan gür­rüň «Ro­nal­do­my, Mes­si?» di­ýen ri­to­ri­ki so­wa­la öw­rü­len jüm­le bi­len jem­len­di. Eger 5-nji gat­da­ky iş ota­gy­ma, oz­al­ky­la­rym ýa­ly, bas­gan­çak bi­len gel­sem, oý­lan­ma­ga wag­tym bol­jak­dy. Lif­tiň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nan­ly­gym üçin pi­kir­len­mä­ge ma­ýym bol­ma­dy. Şu gys­ga pur­sat­da fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran ýyl­dyz­la­ry ýat­la­ma­ga ça­lyş­dym.