"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Täze üstünlikleriň girewi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşleri durnukly ýagdaýda bolmak bilen, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny görkezip, täze ösüşler üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Eziz Diýarymyzda ykdysadyýetiň yzygider ösdürilýändigini, önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylýandygyny, senagata hem aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gazanylan ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we geljeginiň has-da röwşendigini dünýä aýan etdi.

Ilkinji okuw sapagy

Bilim edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen başlanar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim-ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm ugra degişli kabul eden Permandyr Kararlarynyň uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Kämil ýaşlar ýetişdirilýär

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenip, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu günki ýaşlarymyzyň ylym-bilimli bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berdi. Şonuň üçin hem ýaşlarymyz her bir hünärden başy çykýan, sagdyn nesiller bolup kemala gelýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermek, olary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek mugallymlaryň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem, häzirki döwürde ýaşlaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin sanly bilim bermegiň iň täze usullary işlenip düzülýär, ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwretmek kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamynyň iň täze usullar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzda ylym-bilimiň döwür bilen deň gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýaşlar size alkyş aýdýar, Arkadag!

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly boldy. «Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz-ündew hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goý

Lukmançylyk bilimi: döwrebap mümkinçilikler, täze talaplar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ähli işler, şol sanda okuw, usuly, terbiýeçilik ylmy we bejeriş işleri öňdebaryjy milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenmek hem-de özleşdirmek arkaly amala aşyrylýar. Häzirki döwürde uniwersitetimizde milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli meýilnama esasynda okuw we usuly işlere degişli kadalaşdyryjy resminamalary halkara derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, halkara akkreditasiýasyny almagy ýola goýmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary boýunça halkara taslamalara gatnaşmak we daşary ýurtly professor-mugallymlary işe çagyrmak, olaryň uzak aralykdan bilim bermegini işjeňleşdirmek, professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň halkara žurnallarda makalalary çap etmegini, olaryň halkara ylmy maslahatlara gatnaşmagyny dowam etdirmek babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, lukmançylyk bilimine bildirilýän halkara talaplara laýyklykda, okadylýan dersleriň okuw we iş maksatnamalaryna yzygi

Gündelik durmuşda köp ulanylýan 10 aňlatma

Her bir diliň özüne mahsus gündelik durmuşda ulanylýan gysga, emma düşnükli aňlatmalary bolýar. Mysal üçin, işläp oturan adamlaryň ýanyna barlanynda: «Salawmaleýkim, ýadaman işleýäňizmi?» diýen sözleriň deregine: «Salawmaleýkim, armaweriň!» diýlen aňlatma has ýerlikli hasap edilýär. Şunuň ýaly aňlatmalary iňlis dilinde hem öwrenmek biziň söz baýlygymyzy artdyrar we aýtmak isleýän zadymyzy gysga hem-de düşnükli beýan etmäge ýardam eder. Geliň, onda başlalyň! 1. Want a hand?

Halkara ders bäsleşigi

Mälim bolşy ýaly, 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan geçirilýän fizika, matematika we informatika dersleri boýunça halkara ders bäsleşigi başlandy. Oňa Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň hem topary gatnaşýar. Her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşige dünýäniň ençeme döwletlerinden zehinli okuwçylar gatnaşýar. Ynha, bu ýyl hem dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Sanly tehnologiýalar arkaly okatmak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň barşynda pudaga sanly ulgam ornaşdyrylýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça okuw sapaklarynyň üstünde işlemäge aýratyn uly üns berilýär. Mugallymlara onlaýn okuwlary işläp taýýarlamagy öwretmek möhüm wezipeleriň biridir. Ol mugallymlardan guraýan sapaklaryna täzeçe çemeleşmegi, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, ykdysadyýetinde, maliýe, durmuş we beýleki ulgamlarynda bolup geçýän özgertmeleri bilmegi talap edýär. Täze innowasion enjamlary ulanmak arkaly okatmak okuwçylar bilen işlemegiň kämil usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurlygyny kesgitleýär. Häzirki sanly ulgama geçilýän döwürde mugallym sanly dünýäniň çylşyrymly gurluşy boýunça okuwçylaryň ýolbeledine öwrülýär. Maglumatly medeniýetiň döremegi bilen bir hatarda täze bilim medeniýeti emele gelýär.

Barha kämilleşdirilýän ulgam

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze kompýuter tehnologiýalary, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň biliminiň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň işjeň hereketine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmekleri, olaryň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi barha giňeýär.

Matematiki modelirleme biziň durmuşymyzda

Daşymyzy gurşap alýan hakykylygy öwrenmekde, ilki bilen, onuň matematiki modelini düzmek özüniň oňyn netijelerini berýär. Matematiki modeller daşky gurşawa göz ýetirmegiň esasy gurallarynyň biri bolup durýar. Matematiki model diýlip, öwrenilýän hadysa mahsus bolan esasy kanunalaýyklyklaryň we baglanyşyklaryň matematikanyň dilinde aňladylmagyna düşünilýär. Bular formulalar, deňlemeler, düzgünleriň we ylalaşyklaryň toplumlary bolup biler. Matematikada, fizikada, mehanikada we beýleki tebigy ylymlarda öwrenilýän hadysany aňlatmak üçin matematiki modeller öňden ulanylyp gelinýär. Meselem: Nýutonyň kanunlary planetalaryň Günüň daşyndan aýlanmagynyň kanunalaýyklyklaryny doly kesgitleýär. Mehanikanyň esasy kanunlaryny ulanyp, emeli hemralaryň hereketiniň deňlemesini düzmek kyn däldir. Köp halatlarda bu deňlemeleri ýönekeý usullarda çözmek mümkin bolmaýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda matematiki modelirlemekde kompýuter serişdeleri giňden ulanylýar. Şol sebäpli hem orta mekdeplerimizde okuwçylara modelirleme we grafika dersi öwredilýär. Şu günki günde matematiki modelirleme fiziki we tebigy tejribeler bilen bir hatarda, tebigy bilimleriň dürli ugurlaryny öwrenmekde esasy gurallaryň birine öwrüldi. Geljekde onuň orny has hem artar. Matematiki modelirlemegiň ylma giňişleýin ornaşmagy şular bilen baglydyr: barlanylýan hadysalaryň barha çylşyrymlaşmagy we olary öwrenmek üçin gerek bolan t

Tekstde abzas bölünişi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly bilim syýasaty netijesinde döwlet dilimiz bolan türkmen dili barha ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Türkmen dili häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurtlarynda giňden öwrenilyär. Netijede, ençeme döwletler bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklarymyz ösdürilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge-de giň mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde diliň sintaksis bölümine degişli bolan abzas gurluşlary we olaryň bölüniş aýratynlyklary möhüm ähmiýete eýedir. Iňlis dili öwrenilende, türkmen dili bilen deňeşdirme seljermeleri dillerdäki umumylyklara we häsiýetli aýratynlyklara göz ýetirmäge ýardam berýär. Dilleriň sintaksisiniň öwrenilmegi sözleýiş dilini kämilleşdirmäge hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan halkara ders bäsleşigine gatnaşýar. Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Elektron tehnologiýalar eýýamy we sanly bilim ulgamy

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, bu ugurdaki işleri kämilleşdirmek babatda uzak geljegi nazarlaýan özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň geçen, 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilimiň mazmunyny baýlaşdyryp, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, okuw-wideo we audiomateriallary, elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşykly alyp barmakdan hem-de durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň bilim edaralarynyň öňünde goýlan derwaýys wezipelerden ugur alyp, kämil innowasiýa aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we hyzmat etmek işlerini bir ölçegde kadaly dolandyrmak bu merkeziň paýyna düşýär. Şunlukda, Innowasiýa maglumat merk

Bilim — bagtyýar durmuşyň gözbaşy

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň maslahaty ýokary guramaçylyga eýe boldy. «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata umumybilim berýän, şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy mugallymlarydyr terbiýeçileri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat merkeziniň bilim-terbiýeçilik edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde alnyp barlan işlere seljerme berlip, okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz her bir döwletiň binýadynyň berkliginiň, ösüşiniň ýokary depgininiň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýurtda alnyp barylýan bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şu mizemez hakykatdan ugur alyp, Arkadag Prezidentimiz milli bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmagy, onuň hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün etmegi döwlet syýasatyndaaýratyn ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda dowamly durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň baş maksady bolsa ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri

Bagtly çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli alada bilen gurşap almak, olaryň şadyýan ösüp-ulalmagyny, geljekde ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmegini gazanmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler, giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bu özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 22-nji maýynda gol çeken Karary esa-synda tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga giň ýol açýan möhüm resminamalaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem düýpli kämilleşdirilýär. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi, okuw-terbiýeçilik işlerine kompýuter we multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda körpe nesle berilýän bilim-terbiýe dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň, döredip berýän şertleriniň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýda

Ýagşylykda ýatlanýar

Özünden ýagşy at galdyran öten-geçenleri ýatlap durmak türkmeniň aňyna, ganyna siňen häsiýetleriň biridir. Halkymyz ýagşysyny öňem ýatlapdyr, häzirem ýatlaýar, geljekde-de ýatlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde mynasyp ynsanlary ýatlap, çäreleri geçirmekligiň asylly däbe öwrülendigini aýratyn nygtamak gerek. Şeýle çäreleriň biri mekdebimizde obadaşymyz Tuwakgül Höwezowanyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Ene-atasynyň dakan ady Tuwakgül bolsa-da, Köşek ady bilen tanalan bu zenan talapkär mugallymdy, tutanýerli ýolbaşçydy. Obadaşlary oňa hormat bilen Köşek mugallym, Köşek ejeke ýa-da Köşek daýza diýip ýüzlenerdiler.

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegi

Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi Bu dabarada Aşgabat şäherinden ýeňiji bolan ýaş zehinleriň 19-syna ýörite Şahadatnama hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Düýn bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlary boýunça Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýraga ýurdumyzda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen zehinli çagalaryň jemi 64-si hem-de iki sany çagalar döredijilik topary mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Döwletmyrat Maksadow — Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy. Isgender Rejepow — Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2021-2022-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Serhet goşunlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris. Okuwa kabul edilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

Döwrebap ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň iň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasy» köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnama öňde goýlan wezipeleriň çözülmegini, sanly ykdysadyýeti kemala getirmegi, önümçiligiň depginli ösüşini, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegini, dünýäniň ösen tejribelerini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we tilsimatlary ulanmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagyny üpjün eder.