Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy: möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalary bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Toplanan tejribelerden ugur alnyp taýýarlanan we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy» ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýa