Şokolad muzeýleri hakynda
Şokolad diňe çagalaryň däl, eýsem ulularyň hem halaýan süýjüligidir. Şoňa görä-de, şokoladyň emele geliş taryhy, görnüşleri, dünýä ýurtlaryna ýaýraýşy dogrusynda gürrüň berýän muzeýler dünýäniň köp ýurtlarynda bolup, olar syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirýän ýerleridir. Şokolad muzeýleri Russiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Çehiýa, Ukraina, Fransiýa, Meksika ýaly ýurtlarda hereket edip, şokolad bilen bagly bolan maglumatlary, müňlerçe eksponatlary özünde jemleýär. Bu muzeýlerde şokoladyň ýüzlerçe görnüşini hem dadyp bolýar, hem olaryň emele geliş taryhyny, taýýarlanyş usullary baradaky maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik bar. Moskwada ýerleşen «Rus şokoladynyň taryhy» muzeýi şäheriň görnükli ýerinde ýerleşip, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň köp gelýän ýerleriniň biridir. Bu muzeý 2014-nji ýylda açylýar. Muzeýden öň ol ýerde “Şokolad hem-de kakao” atly sergi guralýan eken. Ýöne bu serginiň barha meşhurlyk gazanmagy bilen, şokolad bilen bagly aýratyn muzeýi döretmek babatdaky karara gelinýär. Şeýlelikde häzirki wagtda Şokolad muzeýinde 25 müňden gowrak eksponat bolup, ýylyň dowamynda oňa 50 müňden gowrak adam syýahata gelýär.