"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ösüşiň röwşen ýollary

Şatlyk-şowhuna, hoşniýetli ýagşy arzuw-umytlara beslenip Täze ýyl geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir, zähmetsöýer ulus-ilimiz 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. Täze ýyla gadam basylanda geçen ýyla nazar aýlamak, tamamlanan ýylda il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli beýik işlere gysgaça ser salyp oňa guwanmak eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Taryha giren 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada oýlananyňda buýsançly başyň Gök direýär. Hawa, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ösüşler, bitirilen işler bedew batly Berkarar döwletimiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna uly üstünlikler bilen gadam basýandygyna şaýatlyk edip, buýsanjyňy goşalandyrýar. Biz öz gündelik durmuşymyzda häli-şindi “ösüşler”, “belent sepgitler” diýen sözler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu zamanabap nurana söz ýaşaýyş-durmuşymyza giňden ornaşdy. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar milletimizi täze ösüşlere atarýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz ösüşleriň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde giňden meşhurlyga eýedir. Bu hakykat biziň her birimizi örän buýsandyrýar we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Köňüllerde buýsanç bar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe päk arzuwlar, ýagşy umytlar bilen 2021-nji ýyla gadam goýduk. Parahatçylyga sarpa goýup, agzybirligi mukaddes ýol-ýörelge edinen türkmen halky üçin 2021-nji ýyl iň bir rowaç, arzuwlaryň hasyl bolýan ýyllaryň biri bolar. Täze ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biziň her birimiziň ýüreklerimizde buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ýyl ösüşleri we bagtyýarlygy bagyş eder. Şeýle ajaýyp günlerde geçen ýylda gazanan üstünliklerimiz hakynda hem ýatlap geçmek isleýäris. Sebäbi her bir ýylyň öz aýratynlygy, kalbyňy buýsandyrýan ösüşleri bar. Şeýlelikde, ýyllar bir-birinden zyýada bolup halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bagtyýarlygy emele getirýär. Ýyllaryň bir-birine aýrylmaz baglanyşygy ýurdumyzyň ykdysady, medeni ösüşleriniň bir-birine baglanyşygyny emele getirip, bizi täze ösüşlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan döwrebap ösüşler döwletli Diýarymyzy ýyl-ýyldan täze belentliklere eýe edýär. Geçen 2020-nji ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar hem ýurdumyzyň rowaç ak ertirleri nazarlap, bedew bady bilen öňe, diňe öňe barýandygyna doly güwä geçýär.

Toýlarymyz toýlara ulaşýar

Törümize ýene bir Täze ýyly geçirdik. Şol pursatda hem geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, guwandyryjy wakalar dogrusynda oýlanýarsyň. Ýogsa-da, ýaňy ýalydy geçen ýyly uly joşgun, şatlyk bilen garşylanymyz. Milli Liderimiziň saýasynda her bir ýylymyzyň halkymyzy buýsandyryp eşretli günleri, sapaly döwrany eçilişi ýaly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylymyz hem üstünliklere beslenip, toýlarymyzy goşalandyrdy. Adyndan belli bolşy ýaly, geçen ýylymyzda türkmen Bitaraplygynyň, onuň parahatsöýüjilikli ýörelgesiniň many-mazmuny has giňden açyldy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy giňden bellenildi. Halkymyzda toýlaryň toýa ulaşmagy, rysgal-berekediň goşalanyp gelmegi döwletlilikden nyşan hasaplanýar. Mähriban Watanymyzyň gujagynda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň ýubileý toýy bellenen bolsa, ynha, şatlyk bilen garşylanan Täze ýylymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýini täze zähmet üstünlikleri, ýatdan çykmajak dabaraly wakalar bilen, tutumyny uludan tutup belläris. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: “Türkmenistan geljek ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär. Biz

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabyndan

Saz we saglyk barada Aýdym-saz adamyň inçe duýgularyna täsir edip, ol adam saglygyna we hal-ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.

Täze ýylyň täsinlikleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalary netijesinde milli baýramçylyklarymyz bilen bir hatarda, halkara derejede bellenilýän Täze ýyl baýramçylygy hem giňden toýlanýar. Öz mynasyp zähmet sowgatlary bilen gelýän halkymyz milli Liderimiziň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy uly ruhubelentlik bilen belleýär. Bilşimiz ýaly, Täze ýyl baýramyny bellemegiň her halka mahsus bolan täsin aýratynlyklary bar. Arçalary, öýleri we saçaklary dürli görnüşli naz-nygmatlar bilen bezäp garşy almak ähli halklarda bolşy ýaly, türkmen halkynda hem däp bolup gelýär. Her kim öýlerini we arçalaryny biri-birinden owadan, üýtgeşik edip bezemäge çalyşýar, saçaklary bezemek üçin yhlas edýär. Halkymyzyň arasynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Täze ýyl baýramynyň şowhunyny artdyrýan ýörgünli ynançlar bar, ýagny bu nurana baýramçylykda geljek ýylyň düşümli bolmagy arzuw edilýär. Şeýle hem halkymyzda iň oňat arzuwlar aýdylýar. Munuň özi Täze ýyla arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly hökmünde garalýandygyny aňladýar. Şeýle arzuwlaryň içinde türkmen halkymyz parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi, saglygy aýratyn belleýär.

Täze ýyl — täze maksatlar

Maşgala baýramy bolan Täze ýylda edilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyna, onda adamlary täze güýç, ruhubelentlik bilen indiki ýyllara gadam basmaga iterýän bilniksiz bir güýjüň bardygyna şol günki wakalaryň geljegimize öz täsirini ýetirjekdigine ynanýarys. Täze ýyly gülki bilen, bezelen arça, naz-nygmatdan doly saçaklar bilen garşylaýarys. Elbetde, Aýazbabadyr Garpamyk hem hökman Täze ýylyň myhmany bolýar. Biz hem ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň “Täze ýyly nähili garşylamagy halaýarsyňyz?”, “Geljekki maksatlaryňyz näme?” diýen sowallarymyza beren jogaplaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.