"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Nesil terbiýesi

Röwşen geljegiň çyragy Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň her bir raýatyny, maşgalasyny durmuş taýdan goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlaryň, kadalaşdyryjy resminamalaryň kabul edilmegi il-halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mukaddes Mekanda gurbanlyk sadakasy

Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýän Gurban baýramynyň mazmunynda ruhy gymmatlyklarymyz, milli ynanç-ygtykatlarymyz öz beýanyny tapyp, halkymyzda oňa watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän baýram hökmünde uly sarpa goýulýar. Bu mukaddes baýramyň şanyna Diýarymyzyň ähli künjeginde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalary berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, şu sahawatly günlerde ildeşlerimiziň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Şunuň bilen baglylykda, keramatly Mekge-Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan watandaşlarymyz hem hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaç bolmagyny, halkymyzyň we tutuş adamzadyň parahat ýaşaýşyny dileg edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler. Ýeri gelende, geçen ýylyň iýunynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda haj däp-dessurlaryny berjaý edip, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Maşgala gymmatlyklaryna sarpa

Maşgalanyň agzybirligi, berkligi ýurduň ösüşleriniň, rowaçlyklarynyň binýadydyr. Aýdylyşy ýaly, sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa berkarar döwletiň sütünidir. Watanymyzda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýulýar. Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragyndadyr. Ýaş maşgalalar üçin ýeňillikler döredilýär, döwlet tarapyndan olara goldaw-hemaýat berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alnyp barylýan döwletli tutumlar has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi maşgalada rysgal-berekedi, agzybirligi üpjün etmegiň ruhy çeşmesidir. Türkmen halkynda: «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýilýär.

Alnym Käbä, ýüzüm kybla...

Her ýyl Gurban aýy golaýlanda keremli Gurban baýramynyň gelip çykyşy bilen bagly mukaddes kitaplarda, taryhy çeşmelerde beýan edilen kyssalar öň eşidendigimize garamazdan, gaýtadan serimize dolýar. Öň ençeme gezek eşiden hem bolsak, takwa kişileriň, kyssaçy bagşylaryň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňledigiňçe, diňläsiň gelýär. Şonda gulaga hoş ýakýan täsirli söhbetleriň içine siňip gideniňi duýman galýarsyň. Mukaddes kitap Kurany Kerimde Hezreti Ybraýym bilen ogly Ysmaýylyň arasynda bolup geçen gurban wakasy şeýle beýan edilýär. Bir gün Ybraýym: «Rebbim, maňa salyhlardan boljak bir ogul bagyş et» diýipdir. Allatagala ony terbiýeli bir ogul bilen begendiripdir. Haçan-da ogly özi bilen işe başlan çagynda Ybraýym: «Eý, oguljygym! Men düýşümde seni gurban edýändigimi görýärin, muňa näme diýersiň?» diýipdir. Ogly bolsa: «Kakam jan! Saňa näme emr edilýän bolsa, şony hem ýerine ýetir! Enşalla, sen meniň sabyr edenlerden biridigimi görersiň» diýipdir. Ikisi hem Allanyň emrine kaýyl bolup, ýola düşüpdirler. Ybraýym ogluny gurban etmek üçin ýüzinligine ýatyrypdyr. Şol wagt gökden «Eý, Ybraýym! Sen, hakykatdan hem düýşi tassykladyň» diýip ses gelipdir. Şonda oňa gökden inderilen goçy gurban etmek buýrulypdyr.

Dünýä ýurtlarynda Gur­ban baý­ra­my­

Gur­ban baý­ra­my ys­lam di­ni­ne uý­ýan­la­ryň esa­sy baý­ram­la­ry­nyň bi­ri­dir. Id al Ad­ha arap di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «gur­ban et­mek» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Bu baý­ram bü­tin Ýer ýü­zü­niň mu­sul­man­la­ry ta­ra­pyn­dan Re­me­zan aýyn­dan 70 gün ge­çen­den soň, dabaraly bel­le­nil­ýär. Biz dün­ýä halk­la­ry­nyň bu baý­ram bi­len bag­ly däp-des­sur­la­ry, mil­li ta­gam­la­ry bi­len oky­jy­la­ry­my­zy ta­nyş­dyr­magy makul bildik.

Senedim bar – sungatym bar

Senetçilik halkymyzyň gadymdan gelýän kesp-kärleriniň biri. Şolaryň arasynda zärgärçilige aýratyn hormat goýulýar. Sungat derejesine ýetirilen bu senet biziň günlerimizde döwrebap dowam etdirilýär. Golaýda Medeniýet sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNERSKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde yglan edilen «Zerim bar zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Arkadag şäheri — buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz ösýär, özgerýär. Şeýle taryhy eýýamda täze, döwrebap obalaryň, şäherçedir şäherleriň açylyş dabaralaryna şaýat bolmagyň özi tükeniksiz bagtyýarlykdan alamatdyr. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy taryhy waka hökmünde ildeşlerimiziň her birine unudylmajak duýgulary peşgeş berdi. Şol wakalaryň täsirinde ýaşaýan çagymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi we bu gün onuň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Toýlar toýa ulaşdy

Gurban baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, belent ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerligi dabaralandyrýan dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bagtyýar türkmen ili mübärek Gurban baýramyny giňden bellemäge aýratyn ähmiýet berip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda, eziz Diýarymyzda şu ýylyň 16-17-18-nji iýunynda bu sene asylly däpler esasynda giňden bellenip geçildi. Gadymy Ahal ýaýlasynda Gurban baýramy ruhy joşgun, çäksiz buýsanç döredýän, baý many-mazmunly, aýdym-sazly dabaralara utgaşdy. Her bir maşgalada, şäherdir şäherçelerde, obalarda gurbanlyk sadakalary berildi, toý gazanlary atarylyp, birek-birege hödür-kerem edildi.

Kalby päkligiň baýramy

Gadymyýetden arkaly agzybir halkymyz Gurban baýramynyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessurlaryny siňdiripdir. Şonuň üçin gurbanlyk däpleriniň dowamat dowamlylygy müňýyllyklardan habar berip, köp asyrlardan bäri ýaşap gelýär. Däp bolşy ýaly, halkymyz bu baýrama aýratyn sarpa goýýar. Gurban baýramy ir döwürlerden bäri milletiň ykbalynda päk niýetleriň, sogaply hem sahawatly amallaryň baýramy hökmünde orun aldy. Ol özüne mahsus aýratynlyklary bilen adamlaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy, hormat-sarpaly gatnaşyklary berkidýär. Bu bolsa, halkymyzyň durmuş pelsepesiniň ata-babalarymyzdan miras galan «Agzybire Taňry bi:r» diýen pähimden ugur alýandygy bilen pugta sazlaşýar. Şu jähetden-de, Gurban baýramy we gurbanlyk däpleri türkmen dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülip dowam edýär. Şeýle hem ol jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde, il agzybirligini we milletiň ynsanperwer däplerini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup gelýär. Gurban baýramy her öý-ojakda maşgala baýramy hökmünde garşy alynýar. Onuň ilkinji günündäki baýram namazyndan soň gurbanlyklar kesilip, sadakalar berilýär. Datly tagamlar taýýarlanylyp, saçak-supralar giňden ýazylýar. Gurban edilmegine rugsat berlen mallardan birini kesmek Gurban ybadatlarynyň esasy şertidir. Bu däbiň hikmeti bilen gyzyklanan Sahabalaryň biriniň sowalyna söýgüli Pygamberimiz: «Gurban berlen malyň her bir gy

Ýollaryň asudalygy — durmuşyň goraglylygy

Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilýär. Merkezlerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar giň gerime eýe bolýar. Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, aýdym-saz otaglary, kitaphanalar bar, döredijilik gurnaklary hereket edýär.

Sport — çagalaryň hemrasy

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleri hem-de ilkinji guramalary tarapyndan çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde gyzykly sport ýaryşlarydyr döredijilik bäsleşikleri, täsirli duşuşyklar guralýar. Olara ýaş nesliň wekilleri egsilmez şatlyk we joşgun bilen gatnaşýar. GÖKDERE. Sergin howaly jülgede ýerleşýän «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda geçen sport ýaryşlary ruhubelentlige beslendi. «Biz — berkarar ýurduň sagdyn nesilleri» atly ýaryşa merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ynsanperwerligiň we ruhy tämizligiň baýramy

Ýurdumyzda Gurban baýramy ruhubelentlikde bellenilip geçildi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramy ýokary derejede uly ruhubelentlige beslenip bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp garşylaýan mähriban halkymyz köpasyrlyk däplerimize laýyklykda, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli toý gazanlaryny ataryp, milli tagamlarymyzy taýynladylar, dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara salama baryp, birek-birege ýagşylyklary, gowulyklary arzuw etdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Bagtyýar çagalaryň mekany

Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýyl çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösmegi, wagtlaryny hoş geçirmekleri, şadyýan bolmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderedäki, welaýatlardaky, şeýle hem Awazadaky arzyly dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we şadyýan pursatlara besleýärler. Her ýylda bolşy ýaly, çagalar tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýärler. Olar üçin merkezlerde wagtly-wagtyna dürli naharlar taýýarlanylýar, gök önümler, miwe suwlary berilýär. Açyk we ýapyk howuzlar çagalara hyzmat edýär. Öýlän bolsa gündelik aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we el hünärleriniň ussatlygyny görkezmek üçin gurnaklar hereket edýär, döredijilik we sungat bilen meşgullanýan çagalara niýetlenen ýörite surat we çeperçilik gurnaklarynda hem mümkinçilikler döredilen. Çagalaryň kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli şertler bar.

Ruhy päkligiň dabaralanmasy

Gurban baýramy mynasybetli Daşoguz şäheriniň aýdym-saz merkezinde we onuň deňindäki hiňňilliklerde guralan baýramçylyk dabarasy merdana ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň beýanyny doly açyp görkezdi. Baýramçylyk sahnasynda guralan çykyşlara tomaşa etmäge welaýatymyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň uly topary ýygnandy. Sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň buýsançly kalplaryndan joşup çykýan göçgünli aýdymlar döwrümizi, döwletimizi, bagtyýar durmuşymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, Gurban baýramynyň aýratynlyklaryny beýan edip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Seteran gurlan, baýramçylyk röwüşde bezelen hiňňilliklerdäki şatlyk-şowhun uly bir toýhanany ýatladyp, ýaşlaryň hem ýaşlygyň päkize dünýäsiniň özboluşly sazlaşygyny emele getirdi, baýramçylygyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Bir-birege henek atyşyp, ýagşy arzuw-dilegler aýdyşyp, durky-düýrmegi bilen joşguna beslenen ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden uly lezzet aldylar. Olaryň köňüllerinden joşup çykýan bagtyýarlyk nurana ýüzlerine öwüşgin eçilip, şu günümize buýsanjyň, geljege berk ynanjyň alamatlaryny aýdyňlaşdyrdy we baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Jebisligiň we şükranalygyň baýramy

Halkymyz gadymy Gurban baýramynyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessuryny siňdiripdir. Şunuň bilen birlikde, bu baýramy ýagşy doga-dilegleri, arzuw-umytlary, belent maksatlary arzuw edip, her bir ojakda, maşgala bolup giňden belleýärler. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeginde bu baýram mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ýaşlyk bir bahardyr (Durmuş we biz)

Bu sözi görüp oturan kinolarymyň birinden: «Üýtgeşik eken» diýip, belläp alypdyryn. Bir kişiniň ykbalynyň başdan-aýak şeýle gowy sözler bilen suratlandyrylmasy, gör, näçe adama täsirini ýetirýär. Hem kino tomaşa etdirýär, hem kän zady ýadyňa salýar. Ýok, ýadyňdanam beter bir gün käsedäki suwuň gutaryşy deý, wagt gelip, hemme zadyň paýawlajakdygyny duýdurýar. Göz öňüňe getirmekden gorkýan zadyňy ýatladýar. Kino gutaransoň, birsalym hem bolsa, ýene huşuňdan çykýar bu pikir. Gezýäň, aýlanýaň-dolanýaň, böwrüňden ünjüsi aýyrlaňkyrlady hasaplasaňam, nazaryň aýnada her eglenmesi haýran galmagyň sykylygyny çaldyrýar oturyberýär. Ilkinji ak saçlaryňa gözüň düşýär. Geň galmak gatyşykly gorky eýeleýär kalbyňy. «Eýýämmi?» diýýär içiň. Ýyllaryň şeýle tiz aýlanýanyna ynanybileňok. Soň köpçülikde owadan hem ýaş görünmek baradaky arzuwyň ýadyňa düşýär. Hiç kime görkezmäsiň gelýär ol tarlary. Bolanok. Ýaşlygyň gitjek, garrylygyň geljek günleri duýgularyňy birhili aldym-berdime salýar. Şonda up-uzak bolup görünýän ömür ýel atyna münene dönüberýär. Uludan dem alýaň. Içiň ahmyrdan doly howry bar zady ýakyp-ýandyraýarly görünýär. Ýöne olam hyýalyňda.

Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär

Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhubelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edilýär. Halkymyzda «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen ajaýyp pähim bar. Bu baýram gününde ildeşlerimiz gazan ataryp, goňşy-golamlaryny, dogan-garyndaşlaryny bir supranyň başyna jemläp toý tutýar. Gurbanlyk etmek Allatagala ýakyn bolmaga, sogap gazanmaga, birek-birek bilen hoşniýetli bolmaga iterýär. Ene-mamalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen ak niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar eken. Gurbanlyk günlerinde birek-birek bilen mähirli salamlaşmakda, hal-ahwal soraşmakda hem uly sogap bardyr.

Geljege taýýarlanmak (Kämillige tarap)

Türgenleriň ýaryşa, okuwçylaryň synaga, daýhanyň ekişe, ogul-gyzy ýetişen maşgalanyň toýa taýýarlyk görmegi durmuşyň ähli döwründe ynsanyň nämedir bir zada taýýarlykly gezýändigini aňladýar. Eýsem, geljege nähili taýýarlanmaly? Geljege taýýarlanmak üçin näme etmeli? Geljege taýýarlanmak bize näme gazandyrýar? «GÖRERIS» SÖZÜNI DURMUŞYŇYZDAN AÝRYŇ!

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER HER GÜN ÇAGA KÄÝESEŇIZ, ONUŇ MUŇA UÝGUNLAŞMAGY MÜMKIN