"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Mekdep okuwçylary bilen geçirilen duşuşyk

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi we etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan duşuşyk “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlandy. Etrapdaky 21-nji orta mekdepde bolan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça täsirli çykyşlary dykgatly diňlediler. Duşuşykda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti we maksady düşündirildi, pyýadalaryň borçlary we ýoldan geçilende seresaply bolmak barada aýdyldy. Ýaşlara gymmatly maslahatlaryň berilmegi, öwüt-ündewleriň aýdylmagy duşuşygyň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Hukuk ulgamy pugtalandyrylýar Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça ýeňişli sepgitlere eýe bolunýar. Şeýle ösüşli döwrümizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde-de uly işler alnyp barylýar. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlary kabul edilýär we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilýär. Täze kanunlar bolsa, raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Kaka etrabyndaky 14-nji, 16-njy, 19-njy, 26-njy orta mekdeplerde, şeýle-de 7-nji, 9-njy, 10-njy çagalar baglarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda geçen duşuşyklar uly täsirleri döretdi. Duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň we körpeleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri wagyz-nesihat edildi. Ýoluň pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerinden geçmegiň möhümdigi, ýol belgileriniň aňladýan manylary barada aýdylanlar uly dykgat bilen diňlendi.

Asudalygyň goragynda

Eşretli ýaşaýşyň kepili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Bu işleriň maksady halkymyzyň saglygyny berkidip, abadan durmuşymyzyň berkararlygyny gazanmakdan ybaratdyr. Neşekeşligi aradan aýyrmakda ýetilýän sepgitler zyýanly endikleriň öňüni almak bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Watansöýüjiligiň sarsmaz binýady

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde bu mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady esasynda, döwrebap toplumlarda bu düzümleriň harby gullukçylary üçin iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen edara we okuw binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň hünär ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda sanly tehnologiýalary we enjamlary dolandyrmagyň endiklerini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär

Abadan durmuşymyzyň gözbaşy Ählihalk çäresine öwrülip, ýurdumyz boýunça geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň maksady güneşli Diýarymyzda köçe-ýollarymyzyň bagt ýollary bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Röwşen geljegimiziň nurly çyragy

Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilde eziz Watanymyza, merdana halkymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy buýsançly beýan etmek, ýokary depginli ösüşleri, belent üstünlikleri has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda ýokary derejede bellenilip geçildi. Täze okuw ýylynda okuwçylardyr talyp ýaşlaryň ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri üçin olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmek degişli ýolbaşçylaryň öňünde baş wezipe hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramak hem bilim işgärleri

“01” gullugynda

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Wekilbazar etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Kakyş BÄŞIMOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Mertler meýdanda belli

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga çagyrylan ýaş esgerler bilen söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan okuw sapaklary ýokary derejede geçirilip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik merkezinde başlangyç ot atyş gönükmesi ýerine ýetirildi. Türgenleşikde Agakerwen Abdyýew, Merdan Agalyýew, Kuwwat Daňatarow, Meýlis Şahmyradow, Daýanç Mämmetnyýazow, Ödemyrat Annaýew, Kuwwat Kakamyradow dagy nyşanlary dürs urmagy başaryp, ezberliklerini görkezdiler. Olara şahsy düzümiň gatnaşmagynda harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler tutuşlaýyn raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýörite düzülen meýilnama esasynda ýurdumyzda geçirilýän bu çäre ýol-hereket howpsuzlygynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine hyzmat edýär. Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň dürli pudaklary bilen bir hatarda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň düzümindäki Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary hem işjeň gatnaşýarlar. Has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny ündemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri bilen bilelikde ýokary we orta mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan işleri, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy üpjün edýän kämil daşary syýasaty geçirilýän her bir çäräniň döwrebap derejede berjaý edilmegine ýar

Kitaba söýgi – Watana söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde, Serhet gullugynda harby bilimi ösdürmekde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, şeýle hem şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, döredijilik-hünär ussatlygyny ýüze çykarmakda netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda şahsy düzümiň bilimini artdyrmak, kitaba söýgi döretmek maksady bilen, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly çeper döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar onuň şertine görä, öz döredijilik ukyplaryny görkezmek, türkmen nusgawy we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň watançylyk, gahrymançylyk temasyndan ýazan goşgularyny ýatdan aýtmak, okan kitaplarynyň mazmunyny gürrüň bermek boýunça biri-birinden has taýýarlykly we gyzykly çykyş etdiler. Bäsleşigiň ahyrynda gowy çykyş eden harby gullukçylar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Tabşyryklardan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralýan biraýlyk oňyn netijeleri berýär. Biraýlyk mynasybetli, Harby awtomobil gözegçiliginiň harby gullukçylary öz üstlerine ýüklenen wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzümi, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ulaglar bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň öňüni almak babatda çäreleri işläp düzýärler. Ýol hereket kadalarynyň bozulmalary baradaky maglumatlaryň seljerilişi we çözülişi baradaky resminamalaryň bellenen tertipde berjaý edilişine, goşundaky tehnikalaryň bellenen kadalara laýyklykda ýol resminamalarynyň dogry resmileşdirilişine gözegçilik edýärler.

Işjeňlikde geçen duşuşyk

Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň mejlisler jaýynda ýaş işçi-hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşygy müdirligiň ilkinji ýaşlar guramasy gurady. Ýurt Garaşsyzlygynyň gazananlaryny, berkarar Watanymyzyň ösüş-özgertmelerini, ýurdumyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlendi. Beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, gurmagy, döretmegi, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Döwletliligimiziň synmaz binasy

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyzyň «Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn» diýen arzuwyna laýyklykda abadan we asuda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, milli döwletliligimiziň we ýurt berkararlygymyzyň binasyny barha pugtalandyrmak babatda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň erk-islegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de onuň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny hasam kämilleşdirmekde möhüm sepgit boldy. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde hem döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçili

Il bähbitli tutumlar

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahawatyny bolluk bilen eçilýän tylla güýzüniň şatlyk-şowhuny ýene bir şanly, taryhy waka bilen utgaşar. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Halkymyzyň geljegini has-da aýdyň ýollara atarjak çözgütlerdir kararlary kabul etmek üçin halk wekilleri uly maslahata ýygnanarlar, ösüşler bilen diňe öňe sary barýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowamy boljak döwletli tutumlary ara alyp maslahatlaşarlar. Her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bu günki gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerini üstünlikli çözmekde ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň barha netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!» diýip nygtaýşy ýaly, dabarasy dünýä ýaň salýan tutumly işler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkyna sala salyp bitirýän dünýä nusgalyk beýik işleridir.

Ýurduň beýik geljegini gurujylar

Ata Watanymyzda beýik maksatlaryň, taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmeginde ýaşlara bil baglanýar. şonuň üçin hem dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän bilimli, ylymly, hünärli, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş aladasydyr. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menziliň, bitirilmejek işiň ýokdugyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hemişe nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda ýaşlara ýurduň beýik geljegini gurujylar hökmünde garaýandygymyzy buýsanç bilen belläp geçýär. Döwlet derejesinde bildirilýän şeýle uly ynam bagtyýar ýaşlarymyzy çäksiz buýsandyrýar. Munuň şeýledigini ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde çekýän yhlasly, netijeli zähmetlerinde doly görmek bolýar. Olaryň bilimde, ylymda, medeniýetde we sungatda, saglygy goraýyşda, sportda hem-de beýleki ugurlarda gazanýan guwandyryjy üstünlikleri-de bildirilýän şeýle uly ynamyň ajaýyp miweleridir. Ýaş nesliň gazanýan köptaraply üstünlikleri ýurdumyzda olar hakynda edilýän aladalara döwletimiz tarapyndan örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşilýändigine hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň egsilmez kuwwatyna, abraý-mertebesine deňelýän ýaşlarymyzyň özleri

Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde ýurdumyzyň çar künjegi gözel görke beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günbe-günden gowulanýar. Döwrebap ýollarymyzy iň häzirki zaman ulag serişdeleriniň bezemegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ulag ýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işlerem diňe öwgä mynasypdyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Sürüjileriň, pyýada ýolagçylaryň arasynda düşündiriş we öňüni alyş işlerini guramak biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň özenini düzýär. Dürli edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralýan, döwrebap obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň aýna ýaly tekiz hem ak ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz edýän, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň öz howpsuzlygyna bolan şahsy jogapkärçiligini artdyrýan çuň mazmunly çäreleriň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigini aýratyn belläsimiz gelýär.

Garagulakly waka

Etrek derýasyndan bölünýän Babasil diýen akaba ozallar ýyllar boýy üznüksiz akar ýatardy. Ýaz aýlary bolsa joşup, töwerek-daşyny suwlap, mes topraga öwrerdi. Şol ýerlerem ýylgyndyr garakdan, çyratandyr çaýyrdan tokaýlyga öwrülerdi. Ol döwürler etrapda gaz bolmansoň, hemme biş-düşleri taýýarlamak, hatda öýleri ýylatmagam odun ýakmak bilen amala aşyrylardy. Şonuň üçin adamlaryň esasy aladalarynyň biri hojalygy odun bilen üpjün etmekdi. Ine, bir gün «Ural» motosikletimde iki sany dostum bilen bilelikde ýaňky agzan ýerime odun çapmaga gitdik. Her kim motosikletde, welosipedde gidip, odunlary çapyp, üýşürip gaýdardylar we soň uly ýük ulagyna ýükläp öýe getirerdiler.

Sezardan gaýdan düzgün

Ýol hereketiniň düzgünleri gadymy Rimde oýlanyp tapylypdyr. Ýuliý Sezar şäheriň darajyk köçelerinde dürli görnüşdäki ulaglardan ýaňa geçere ýer galmansoň, ýol hereketini sazlamak boýunça gadymy Rim düzgünlerini herekete girizýär. Olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem ulanylýar. Garşylyklaýyn gelýän ulaglaryň biri-biri bilen çaknyşmazlygy üçin birtaraplaýyn hereketiň ulanylmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.  Rime başga şäherlerden gelýän ulag eýeleri üçin hem ýörite düzgünler işlenip düzülipdir. Olar öz ulaglaryny hökmany ýagdaýda şäheriň daşynda goýup, köçelerde diňe pyýada gezmeli edilipdir.

Hünärli nesil — röwşen geljek

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän okuwçy gyzlaryň gurnaklarynyň arasynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde guralan bäsleşige welaýatyň etraplarynda şeýle gurnaklara gatnaýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşik şertleriň üçüsinden ybarat boldy. Onuň birinji şertine laýyklykda, bäsdeşler ýurdumyzda hünär saýlap almaklary, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler hakda söz açyp, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işini, şeýle-de öwrenen hünärleriniň aýratynlygyny wasp etdiler. Olar çykyşlarynda türkmen gyzyna mahsus asyllylyk, sypaýylyk, eli çeperlik ýaly häsiýetleri hem açmaga çalyşdylar. Bäsleşigiň ikinji şertinde, oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarylmadyk işi eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň soňky şertinde bolsa okuwçy gyzlar milli däp-dessurlara laýyklykda, türkmen aşhanasyna mahsus ýagdaýda unaş kesip, saçak bezäp, tagam taýýarlany