"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Sport diplomatiýasynyň dabaralanmagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyndan gelip gowşan hoş habar halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 87 döwletiň awtordaşlyk etmeginde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biz — sport işgärlerini diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda kabul edilen bu taryhy Kararnama ýurdumyzyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Kämil kanunlar — döwlet gurluşynyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň hukuklary we azatlyklary kepillendirilip, döwlet gurluşy kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzda döwlet gurluşynyň ähli ugurlary, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ylmyň we medeniýetiň, saglygy goraýşyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimiň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça döwletimiziň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär. Konstitusiýada we onuň esasynda kabul edilýän kanunlarda döwletimiziň durmuşynyň esasy meseleleri baradaky syýasatynyň beýan edilmegi we ählisiniň mazmuny raýatlaryň bähbitlerini goramak bilen baglydyr. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar döwlet syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde yglan edildi. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny öz milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen demokratiýalaşdyrmak, Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini, raýat jemgyýetiniň institutlaryny berkarar etmegi we ösdürmegi döwlet syýasatynyň baş wezipesi maksadynda durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Milli Demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze özgertmelere beslenýän döwrebap durmuş gurşawy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny şertlendirýär, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidýär. Halk bilen jebislik, sazlaşyk, bitewi güýje, sarsmaz sütüne öwrülmek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda agzybirligiň pugtalandyrylmagyny, ösüşleriň berkidilmegini üpjün edýär.

Enä tagzym — mukaddeslige tagzym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym, bilim we medeni ulgamlarda alyp barýan halkara dostlukly gatnaşyklary uly rowaçlyklara beslenýär. Halklaryň özara gatnaşygynda söz hem saz birek-birege ynanyşmagyň, hormat goýmagyň iň ygtybarly we bähbitli serişdesi hökmünde hiç döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Halkymyzda «Dilim bar — dünýäm bar», «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly pähimler durmuş tejribeleri esasynda ýüze çykypdyr. Dil diňe bir bilim almagyň, ylymly bolmagyň çeşmesi bolman, eýsem, terbiýeçilik işinde-de ägirt uly täsir ediji güýje eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri bu babatda örän uly ähmiýete eýedir. Ynsanyň kalbynda orun alan mähribanlyklara, milli gymmatlyklara bolan sylag-hormat, söýgi çäk hem wagt talap etmeýän düşünjeler hasaplanýar.

Halk Maslahaty — agzybirligiň berk binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka —Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagtyýar raýatlarymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimine hem-de ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine esaslanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde ähmiýeti uludyr. Halk Maslahatynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilim has-da kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Şu ýyl hem ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri täze kompýuterli körpeleriň ümzügi ileri. Täjigistan Respublikasynda hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän t

Hepdäniň habarlary

Duşuşyk geçirildi Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Zenan, nesil, millilik — döwletliligiň sarsmaz sütüni» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Talyp gyzlaryň arasynda maşgala mukaddesligini ündemek, nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ahlak-edep kadalaryny wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga institutyň talyp gyzlary hem-de zenan mugallymlary gatnaşdylar.

Ýolumyz rowan — menziller dowam

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi halkymyzyň abadançylygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatlardan ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly döwrebap ýollary durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Awtomobil ýollarymyz dünýä ülňülerine laýyk getirilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar hem ýokarlandyrylýar. Ýollaryň hem adamyň howpsuzlygy üçin wajyp bolan öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bar. Häzirki bagtyýar zamanamyzda oňyn özgertmeleriň netijesinde günsaýyn ösýän ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň köpelýändigi göz öňünde tutulyp, döwrebap awtoduralgalar gurulýar, sürüjiler we pyýadalar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy barada möhüm işler amala aşyrylýar. Mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu bolsa, aýratyn hem, ýaş nesliň ýol hereketi baradaky düşünjeleriniň baýlaşmagyna, köçelerde seresap bolmagyna kömek edýär. Köçe-ýol hereketiniň d

Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ulag ulgamyny ýokary derejelere çykarmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi halk hojalyk ýükleriniň ygtybarly daşalmagynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ýolagçy gatnatmakda döwrüň talaplarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginde alnyp barylýan işler barada kärhananyň ýolagçy awtoulag toplumynyň başlygy Şatlyk Jumaşow bilen söhbetdeş bolduk. — Şatlyk, welaýatymyzyň çäklerinde ýolagçylara edilýän awtoulag hyzmatynyň hiliniň ýokarlanýandygy guwandyrýar. Munuň özi ilat üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallara geljek hepdede täze tanyşlyklar garaşýar. Bu täze tanyşlygyň siziň geljegiňiz bilen bagly çözgütleriňize üýtgeşme girizmegi ahmal. Maddy mümkinçiligiňize oýlanyşykly çemeleşmegiňiz gerek.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Hereket howpsuzlygynyň goragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy babatynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde gaýragoýulmasyz ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýatladýar. Elektrik ulgamyna birikdirilen enjamlary gözegçiliksiz galdyrmazlyk, ütügi ýörite otagda ulanmak maslahat berilýär. Näsaz hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolmadyk mahalynda olary ulanmakdan saklanmaly. Kebşirleýiş we açyk ot ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmek gadagandyr. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan alnyp barylmaly. Şular ýaly işler geçirilýän ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly. Mugallymlardyr terbiýeçiler we beýleki işgärler synp otaglarynda okuw sapaklary gutarandan soň, otaglary örän ünsli gözden geçirip, ýüze çykarylan kemçilikleri düzedip, elektrik ulgamynyň öçürilendigini barlamaly.

Belent sepgitleriň aýdyň ýoly

Hyzmatdaşlygyň möhüm desgalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň bady ýylsaýyn artýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ýokary görkezijiler, ýetilýän belent sepgitler hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, aragatnaşyk, ulag ulgamlaryny durnukly ösdürmek bilen bagly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaç alýandygy guwanjymyzy goşalandyrýar.

Halkara baýraklar — ösüşli menzilleriň subutnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Munuň şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde bolan gulluk iş sapary hem güwä geçýär. “World Smart City Expo” atly halkara sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylygynda ulanylýan serişdeleriň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen amala aşyrylan bu gulluk iş saparynyň netijesinde ýurdumyzyň “akylly” şäheri — Arkadag şäheri halkara baýraklarynyň 3-sine mynasyp boldy. Has takygy, 116 pawilýony özünde jemleýän sergide Arkadag şäheriniň aýratynlyklary we mümkinçilikleri tanyşdyrylyp, onda aýry-aýry ugurlar boýunça baýraklar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Arkadag şäherine “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklar berildi.

Asudalyk — illerde-de, ýollarda-da hökmürowan

Örän netijeli we uly ähmiýete eýe bolan biraýlygyň dowamynda welaýatymyzyň çägindäki harby awtomobil gözegçilikleri netijeli işleri alyp barýarlar. Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň degişli gözegçilikleri tarapyndan harby ulaglaryň welaýatymyzyň çägindäki gatnawlaryny has düzgünleşdirmek we biraýlygy ýokary derejede geçirmek üçin ýörite meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Harby gözegçiler biraýlygyň çäginde PÝGB-niň ýerlerdäki bölümçeleri bilen sazlaşykly işläp, ýollarymyzyň mundan beýläk hem asuda bolmagyny gazanýarlar. Ýakynda podpolkownik S.Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Kerki garnizonynyň, welaýat harby prokuraturasynyň, PÝGB-niň Kerki etrap bölümçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň şahamçasynyň, raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň Kerki şäher halas ediş toparynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň wekilleri bilen bilelikde «Ýollarymyz asuda bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, biraýlygyň netijeli geçirilmegi diňe bir harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň tagallasyndan ybarat däldir. Bu işe hemmeleriň goşant goşmagy gerek. Hususan-da, ýaşlaryň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda şeýle wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek bellenildi. Biraýlygyň çäklerinde Türkmenabat we Kerki

Baş aladamyz — adamlar

Ynsan üçin jan saglykdan uly baýlyk, sagdyn ýaşamakdan uly bagt ýok. Adamyň jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan ýurdumyzda bu mesele hemişe ileri tutulýar. Şu maksat bilen köptaraply, belent maksatly çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň arasynda her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk möhüm orunda durýar. Onuň çäginde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýän çärelere giň gerim berilýär. Il-ýurt bähbitli işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Işlerimizi biraýlygy guramaçylykly geçirmek boýunça işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda guraýarys. Geçirilýän wagyz-nesihat, öwüt-ündew maksatly duşuşyklar, dürli maslahatlar we gyzykly bäsleşikler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek bilen utgaşdyrylýar. Alyp barýan işlerimizde ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladany has ileri tutýarys. Sebäbi olaryň sagdyn ösmeklerini gazanmaga biz — ulular aýratyn jogapkärçilik çekýäris. Işlerimizi çagalar baglaryndan başlap, onda geçirilýän çärelere terbiýeçiler bilen bilelikde ene-atalaryň gatnaşmaklaryny hem gazanýarys. Şonda olara körpelere ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmelidiklerini, olaryň ýollarda oýnamaklaryna ýa-da welosiped sürmeklerine ýol bermeli däldigini düşündirýäris. Şeýle işler orta mekdeplerde has çuňňur derejede alnyp baryl

Bilelikdäki netijeli işler

Altyn güýzüň ilkinji aýynda dowam edýän biraýlygyň çäginde dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe müdirligimiziň şahsy düzümi hem işjeň gatnaşýar. Şonda beýleki gulluklar we edara-guramalar bilen tagallalarymyzy birleşdirmäge çynlakaý üns berilýär. Guramaçylykly ýagdaýda dowam edýän biraýlyk mynasybetli müdirligimizde duşuşyk geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri hem gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli berjaý etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine üns çekildi. Ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketiniň barha ýygjam häsiýete eýe bolýan şertlerinde herekete gatnaşyjylaryň ählisiniň degişli kadalary berk berjaý etmekleri hökmany talap bolup durýar. Olara ilatyň arasynda geçirilýän çärelerde ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigi nygtaldy. Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň kadalary bozulan ýagdaýynda adamyň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirip biläýjek hadysalar barada taýýarlanylan şekilli ýazgylar hem görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Belent sepgitlere badalga bolar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi, Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap dowam etdirýän türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanyljak günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda giň wekilçilikli bu forumy çagyrmak we guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler bellenildi.

Ýürekden bir sözüm bar

Ýeňijileriň buýsanjy Ýakup ORAZGYLYJOW—

Ýaşlar — Watanyň geljegi

Maksatlaryň myrat tapsyn! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zehinli, ukyp-başarnykly, öňdebaryjy ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiz ýurduň abraý-mertebesini belende göterýän ýaşlara uly ynam bildirýär.

Beýik pyragyly mähriban Watan

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy bütin türkmen halkynyň kalbyny guwanja gaplady. Beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynyň şeýle ajaýyp şygara beslenilmegi biziň ýurdumyzda çeper sözüň gadyr-gymmatynyň juda belentdigini aňladýar. Şeýle guwançly ýylda ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekýän halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýuna sowgatly barmak hyjuwy bilen joşýar. Şol joşgunly zähmet bolsa, halk hojalygynyň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär.