"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Garagumuň gujagyndaky ýol

Ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň, bag ýetişdirmegiň sogap işdigi ýaşlygymyzda gulagymyza guýlan hakykat. Halkymyz täze müňýyllykda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady nusgasyny gurýar. Bu taslamanyň tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjekdigi şübhesizdir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan, Owganystan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Bu ýol dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Bäsleşik täsirli geçdi

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy», aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, çagalaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekde, çagalaryň kadaly iýmitlenmeklerini üpjün etmekde yhlasly zähmet çekýän hem-de öňdebaryjy iş tejribesi bolan şepagat uýalaryny we aşpezleri ýüze çykarmak bäsleşigiň baş maksady boldy.

Ýatda galyjy wakalara beslendi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen duşuşyk guraldy. Bu ýerde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna myhmançylykda boldy. Daşary ýurtly myhman Köpetdagyň eteginde gurlan Gökderäniň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini we gözel tebigatyny synlady. Türkmenistanly çagalaryň şeýle gözel künjekde dynç almaga mümkinçilikleriň döredilmegine tüýs ýürekden buýsanjyny beýan etdi. Soňra myhman «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezindäki şertler bilen ýakyndan tanyşdy we bu ýerde döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Merkeziň girelgesinde hormatly myhmany ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bolan Japbaklar garşy aldylar. Olaryň ajaýyp tanslary, gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Merkezara «Açyk gapylar» güni

Geçen şenbe güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip, adym tutsalar...» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu baýramçylyk çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Tomus täsinlikleri

Tomus paslynyň özboluşly aýratynlyklary we täsinlikleri adamzat taryhynda we tebigatda möhüm orun eýeleýär. Ine, olardan käbiri: * Tomus paslynyň resmi başlangyjy tomus soltisisidir. Şol gün ýylyň iň uzyn güni we iň gysga gijesi hasaplanýar. Demirgazyk ýarym şarda tomus soltisisy 20 — 22-nji iýunda bolup geçýär. Şol gün Güneşiň ýokary nokada ýetmegi bilen baglanyşyklydyr.

Gezelenç çäresi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap geňeşi ýaşlaryň taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza, medeni ýadygärliklere bolan buýsançlaryny artdyrmak, olar barada çuňňur düşünje bermek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Yzmykşir galasyna gezelenç çäresini gurady. «Şöhratly geçmişi bardyr türkmeniň» ady bilen guralan gezelenç çäresine etrabyň ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Etrapdaky 46-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Nurmyrat Aramedow çärä gatnaşyjylara Yzmykşir galasy barada gyzykly maglumatlary, galanyň gülläp ösen döwri, şol döwürlerde ýerli ilatyň ýaşaýyş şertleri, şeýle hem bu ýerde ýaşap geçen şahyr, dünýä medeniýetine uly goşant goşan belli alym Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdi. Gezelenç çäresine gatnaşanlar geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenip, olaryň soňky nesiller üçin görelde alarlyk beýik işler bilen, taryhymyzda uly yz galdyrandyklaryna ýene bir gezek göz ýetirdiler.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň merkezi edaralarynyň mejlisleri

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlislere gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň agzybirligini üpjün etmek, olary döredijilikli we öndürijilikli zähmete höweslendirmek işlerine uly goşant goşýarlar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berýär.

Ähmiýetli okuw

Maşgala gymmatlygy — agzybirligiň ojagy Ýakynda “Bagt köşgi” toý-dabaralar mekanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy bilen «Maşgala» jemgyýetiniň hem-de welaýat RÝNÝ bölüminiň bilelikde guramagynda maşgala gymmatlygy bilen baglanyşykly okuw geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli künjeginden ýaş maşgalalar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Täsirli gürrüň edildi Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň şäher, etrap komitetleriniň hem-de TKA-nyň welaýat, etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda “Ösüşiň täze tapgyrynda — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň şäher, etrap komitetleriniň hem-de TKA-nyň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Halk maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy

Golaýda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda etrap halk maslahatynyň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň işgärleri hem-de etrap halk maslahatynyň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dürli Setdarowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Tylla Rahmedowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulaman Orazmyradowa, Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy Orazsoltan Annanazarowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň giň gerime eýe bolýandygy, şeýle ösüş-özgerişli menzilleriň üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýandygy barada nygtadylar. Milli ykdysadyýetimizde ýetilýän belent sepgitler, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda edilýän tagallalar täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýratyn bellediler.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň merkezi edaralarynyň mejlisleri

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlislere gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň agzybirligini üpjün etmek, olary döredijilikli we öndürijilikli zähmete höweslendirmek işlerine uly goşant goşýarlar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleriň çözgüdine, belent ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan eden hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Geňeşli iliň işi ileri

Indi 33 ýyla golaý wagt bäri Garaşsyzlygyň erkana howasyndan dem alýan eziz Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap barha batly gadamlar bilen barýar. Döwletimiziň Ýer ýüzündäki syýasy abraýy gün-günden ýokary göterilýär, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ägirt uly üstünlikler bilen barha berkeýär, türkmen halky bu gün milli medeniýeti we sungaty bilen buýsançly başyny belent tutup, halkara giňişlige çykýar. Şu göwün galkyndyryjy ösüşleriň gözbaşynda bolsa döwlet bilen halkyň jebisligi, milli döwletlilik ýörelgelerimiz durandyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary öňe sürüp, halkymyzy üstünliklerden üstünliklere alyp barýar. Halk bilen bitewüligiň, il-ulsy özüňe ýakyn tutmagyň döwletlilikden nyşandygy barada dana pederlerimiz parasatly pikirleri aýdyp geçipdirler. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Görer gözüň — iliňni» atly şygrynda bu barada:

Döwrümizi gülledýän beýik tutumlar

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler Watanymyzy täze ýeňişlere ýetirýär. Eziz Arkadagymyz halkyň bähbidini ähli zatdan ilerde tutup, watandaşlarymyzyň has nurana günlerde ýaşamagyny üpjün etjek tutumly işleriň birnäçesini amala aşyrdy we amala aşyrýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde durmuşa geçirýän işleri berkarar döwletiň bagtyýar raýatlary hökmünde kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi tüýs ýerine düşen çözgütleriň biridir. Biz olaryň mejlislerinde Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryny diňläp, olary ildeşlerimiziň arasynda wagyz edýäris.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Täsirli duşuşyk Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň meýilnamasyna laýyklykda, TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesi bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde okuw-maslahaty geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, edara-kärhanalaryň inžener-tehniki işgärleri gatnaşdy.

Ösüşiň hereketlendiriji güýji (Döwür we ýaşlar)

Watansöýüji, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhy hem ahlak taýdan arassa ýaşlar jemgyýetimiziň esasy sütünidir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde uly tagallalaryň edilýändigini aýratyn bellemelidiris. Çünki bagtyýar geljegimiz şu günki ýaşlarymyz bilendir. Ýaşlar jemgyýetiň gymmatly güýjüdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetimiziň we raýatlarymyzyň abadançylygyny maksat edinýän jemgyýetçilik hem-de döwlet işlerine işjeň gatnaşýarlar. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň özeninde döwlet möçberinde ýaşlaryň goldanylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmak bilen, onuň üstünlikli amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna wajyp orun degişlidir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER ULUJA ÇAGAŇYZY SAPAKLARA GATNADÝAN BOLSAŇYZ, MÜMKIN BOLDUGYNDAN, KÄTE ONUŇ JIGILERINI HEM BILE ÄKIDIŇ

Bagtyýar ýaşaýşyň wezipeleri

Gyzgyn howaly günleriň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýar: Tokaý seýilgählerinde baglaryň guran şahalaryny kesip aýryp, baglaryň aşaklaryna dökülýän guran pürlerinden yzygider arassalap, çäkden çykarmaly. Kebşirleme işlerini geçirmek üçin rugsady bolan hünärmenler işleriň geçirilmeli ýerlerini ot-çöplerden topraga çenli arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda durnukly diwary gurnap, ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli.