"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Awaza — dostluk mekany

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi we saglygy, olaryň mynasyp bilim-terbiýe, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy ýokary derejede geçirilipdi. Şol bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Döwrebap okuw esbaplary

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mekdep okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Satuwa çykarylýan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan, laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, aşakdaky maslahatlary bilen ýüzlenýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregini haşal otlardan arassalamaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, beýleki tiz tutaşýan çig mallar düşelmeli däldir.

Sapaly dynç alşyň şatlygy

«Daýanç» sagaldyş merkezi çagalaryň uly höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi.  Irden başlanan sport çärelerinden ruhlanan çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Gyzykly we guramaçylykly ýagdaýda geçirilen sport çärelerinde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine sowgatlar  gowşuryldy.  Soňra  bu ýerde dynç alýan çagalar «Awaza» akwaparkynyň amfiteatrynda Balkan welaýat medeniýet merkeziniň aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahnalarda mähriban dostluk, ajaýyp çagalyk döwri baradaky wakalar görkezildi. Soňra bu ýerde çagalaryň  bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary ýatda galyjy boldy. Çagalar erteki gahrymanlary bolan  aýy, alabaý, towşanjyk, gurbaga, möjek, bars bilen bilelikde şatlandylar. Muňa Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.

Belent başlangyçlara badalga

Ýakynda etrapdaky medeniýet merkezinde etrap häkimliginiň, etrapdaky jemgyýetçilik guramalarynyň, etrapdaky medeniýet merkeziniň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — belent başlangyçlara badalga» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Geldimyrat Aşyrow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammetorazow, TAP-nyň esasy hünärmeni Ogulnäzik Mukymowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Atageldi Gurbanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin alnyp barylýan beýik başlangyçlar dogrusynda giňişleýin nygtadylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Edebiýatyň göwher täji Golaýda şeýle at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Durmuşyň bezegi — eziz çagalar

TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet öýüniň hem-de “Arkadagyň bagtyýar nesileri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Bagtyýar nesiller — durmuşyň bezegi” ady bilen labyzly kitap okamak boýunça çäre geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Dana, ussat – pähim-paýhas ummany, beýik şahyr – Magtymguly Pyragy» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleri, etrabyň medeniýet we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, baý edebi mirasy, berkarar Watanymyzda dana şahyrymyza goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onuň barşynda dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik şahyryň toýy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler hem-de «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykmagy bilen bagly buýsançly söhbede aýratyn orun berildi.

«Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, çagalaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak, ýaşlaryň arasynda türkmen milli medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň däplerini wagyz etmek we düşündirmek, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine olaryň aň-düşünjesini, ruhy döredijiligini has-da ösdürmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar» atly şygar astynda gezelenç çäresi guraldy. Gezelençde çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň ylmy-edebi mirasy hem-de geçmişde yz goýan taryhy şahsyýetlerimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza degişli, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda alyp barýan il bähbitli işleri, gurulýan ajaýyp desgalar we durmuş ähmiýetli binalar dogrusynda söhbet açýan suratlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologik tapyndylar, ek

Sapaly merkezdäki çekeleşikli bäsleşik

«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň guramagynda geçirilen küşt bäsleşigi çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşik häzirki wagtda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sport işjeňligine höweslendirmek, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, bagtyýar halkymyza wepaly, berk bedenli, ruhubelent nesilleri kemala getirmek babatdaky ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Şeýle sport ýaryşlary çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmeginde uly ähmiýete eýedir. Paýhas oýny bilen gyzyklanýan çagalaryň arasyndaky ýaryş ezber türgenleri ýüze çykardy. Gazanan utuklaryna laýyklykda, ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi we olar baýraklar, Hormat hatlar bilen sylaglandylar.

Halk Maslahaty — agzybirlik ýörelgeleriniň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça işleriň guramaçylykly geçirilmelidigi barada ýörite tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen bu ählumumy forumy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahatlar merkezinde geçirmeklik bellenildi. Häzirki wagtda Halk Maslahatyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uludan taýýarlyk görülýär we oňa gatnaşjak wekilleriň düzümi kesgitlenilýär. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Halk Maslahaty — agzybirlik ýörelgeleriniň gözbaşy» atly dabaraly maslahat hem bu möhüm çäräni wagyz etmek maksady bilen guraldy. Welaýat häkimliginiň, welaýat halk maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärede çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada durup geçdiler. Şeýle hem maslahatda üstümizdäki ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm meselelere garaljakdygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda kabul ediljek möhüm ähmiýetli çözgütlerdir kararlaryň halkymyzy, täze belent maksatlara ugrukdyrjakdygy baradaky buýsançly gürrüňlere giň

Bagtyýar çagalaryň dynç alşy dowam edýär

Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylky tomus paslynda nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän raýatlarymyzyň çagalary «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökdere jülgesindäki «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle», «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar şäherindäki «Gara altyn», Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde talabalaýyk dynç alýarlar we wagtyny netijeli geçirýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus pasly Garaşsyz ýurdumyzyň çagalarynda ýatdan çykmajak ýatlamalar bilen uly täsir galdyrýar. Ýeňillikli ýollanmalar bilen üpjün edilen çagalaryň we ýetginjekleriň müňlerçesiniň şatlykly sesi, aýdym-sazyň owazy ähli merkezlerde ýaňlanyp dur. Umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň hyzmatyndaky «Nesil» ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň höwes bilen gelýän söýgüli dynç alyş merkezleriniň hataryndadyr. «Nesil» iň uly merkezleriň biri bolup, onda her tapgyrda 1 müň çaga dynç alyp bilýär.

Bagtyýar geljegimize badalga

Baş baýramymyz bolan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna ynamly barýan şu günlerimiziň her biri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda buýsançly ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň 12-nji iýulynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerine garalyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem ýurdumyzy ähli ulgamlarda dünýä nusgalyk derejede ösdürmek, zähmetsöýer we agzybir halkymyzyň abadan, bolelin we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek babatda taryhy waka öwrüldi. Taryhy mejlisde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şonuň ýaly-da, medeni-durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň belent wezipeleri anyk kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köpsanly möhüm halkara we milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu möhüm mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Awaza — dostluk mekany

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda — Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan çagalaryň dynç alşy gyzykly oýunlara, aýdym-sazly çärelere, sport ýaryşlaryna beslenýär. Deňziň kenarynda dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde guralýan medeni-köpçülik we sport çäreleriniň ilkinji günleri çagalar russiýaly deň-duşlary bilen tanyşlyklaryny has-da berkidip, özara dostlaşdylar. Badalga berlen medeni-köpçülik we sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, döredijilik we sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşdiler. «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Biz — Watan buýsanjy, bagtly çagalar» ady bilen asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar bagtly çagalygy, şadyýan dynç alşy, dost-doganlygy wasp edýän suratlary, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan Gök asmanyň bezegi akja kepderileri çekdiler.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Döwletlilik ýörelgesi Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda TDP-niň şäher komitetiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty halky jebisleşdirýän güýçdür» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, dürli pudaklarda zähmet çekýän işjeň partiýa agzalary hem-de il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaralary halkymyza şatlyk paýlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. «Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar» diýip, hormatly Prezidentimiz belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän ajaýyp keşbe eýe boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Oňa laýyklykda, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna Watana wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakyldy.

Mekdep bazarlary gyzgalaňly dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli guramagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, 1-nji awgustda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işläp başlan mekdep bazarlary şu günler gyzgalaňly dowam edýär. Mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýola goýmak indi asylly däbe öwrülip, olaryň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmagy ugrunda zerur çäreler görülýär. Munuň hakykatdan-da şeýledigini şu ýylda guralan mekdep bazarlary aýdyňlygy bilen subut edip, olar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda düzümleri tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar, beýleki harytlar bilen üpjün edilipdir.

Adam zehinsiz dogulmaýar (Bilim we geljek)

Ertekileriň ýa-da hyýaly dessanlaryň käbirinde gahryman haýsydyr bir uly maksat bilen uzak ýola düşer. Ýola düşdüň, ýol diýeniň uzabermelidir welin, asyl beýle bolaýmaz. Gahrymanyň öňünden üç ýol çykar: gitse, gelmez; gitse, geler; gümana. Üns berseň, şojagaz wagt kesimi gahrymanyň geljekki ykbalyny kesgitleýän aýgytlaýjy pursada öwrüler. Özem öz islegiň, duýgy-düşünjäň, aň-üşügiň bilen saýlanylmaly ýol ýetmeli menziliňe — uly maksadyňa golaýlaşýandygyňy ýa-da daşlaşýandygyňy görkezer, dogrusy, ykbalyňy kesgitlär. Ykbalyň maňlaýdygyna, ýazgytdygyna, täleýdigine, şonuň üçinem, onuň alnymyza ýazylýandygyna ynanýarys. Şeýle-de öz ykbalymyzyň belli-belli pursatlaryny döretmäge ymtylýarys. Şoňa görä-de, ykbala ynam — bizi ýaşadýan, öňe tarap herekete atarýan uly güýç. Elbetde, ýaşaýyş — sungat. Sungat bolsa, aýdylyşy ýaly, «lokga daşyň ähli artyk bölegi ýonulyp-timarlanylyp döredilýän» eser. Diýmek, biz ykbalymyza eserdeň garap, ömrümize many çaýjak eseri döretmeli. Ol eser biziň hünär saýlawymyza bagly bolýar-da galyberýär.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

SEPLEŞMEÝÄN SETIRLERIŇ SERHEDI Kellämi iki penjämiň arasyna alyp oýlanýan — näme ýazmaly?! Näme okamaly?! Birinji nobatda, şu setirleri ýazyp başlan ruçkamy taşlamaly — solak ýazýar. Düýn Mähege dükandan aldyran ruçkalarymdan birini ulanaýyn. Hälki boşan ruçkam gowudy, goýudy. Başga zat tapmasam, soň ulanaryn-da muny... Hany, göreýin, aý, bolýa-da, gaty gowy däl. Ýa sowukdanmyka? Çagakag-a ujuny peje degrerdik. Şeýtseň, gowulaşýan ýaly. Aý, bolar-la, ýaňka görä-hä ýagşyrak ýaly. Solagragam bolsa, ýazara goruň bolsa, bu bahana däldir-laý, munyň hälki bir ýöne, «...arpa çörek bahana» diýeniňki ýaly bolaýmasa... Edil bahana-da däl ýaly-la. Ine, öňden aýap goýan başga bir ruçkamy aldym welin, solak hem goýy ýazgylaryň serhedi mese-mälim bolaýdy. Ummandaky biri-biri bilen garjaşmaýan iki dürli suw ýaly olar. Bu maglumaty sepleşmeýän setirlerimi aklamak üçin getiräýdim öýdýän... Öňler-ä setir, pikir sepleşmese, adatça, üç sany ýyldyzjyk goýaýýadym. Bu gezegem şeýle ederin-dä bolmasa... Her näme diýseňem, ruçka-da köp zat bagly bolmaly.

«Arkaçdaky» körpejeler näme diýýär? (Şadyýan tomus — 2024)

Şu ýylyň 17-nji martynda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda açylyp ulanmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi gysga wagtyň içinde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu ýerdäki dükanlara, restorandyr kafelere maşgalasy bilen dynç almaga we söwda etmäge gelýänleriň sany has-da köpelýär. Emma gezelenje gelen körpejeleriň göwni ikinji we üçünji gatlarda ýerleşýän oýun attraksionly çagalar dynç alyş şäherjiginde bolsa gerek. Biz hem gazetimiziň şu sanynda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň bagtyýar çagajyklarda galdyrýan ýakymly täsirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.