"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Tä­ze Baş sek­re­ta­r saý­lan­dy

Wýet­nam Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň mej­li­si Wýet­nam So­sia­lis­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ To La­my 2021-2026-njy ýyl­lar üçin Wýet­na­myň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi Ko­mi­te­ti­niň tä­ze Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. To Lam ses­le­riň kö­plü­gi bi­len WKP-niň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyp, bu we­zi­pe­de Nguen Fu Çon­guň or­nu­ny tut­dy. Baş sek­re­tar we ýur­duň Pre­zi­den­ti To Lam, par­ti­ýa­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň, Sy­ýa­sy býu­ro­nyň we sek­re­ta­ria­tyň işi­ne Sy­ýa­sy býu­ro­nyň bel­län borç­la­ry­na we yg­ty­ýar­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýol­baş­çy­lyk eder.

Wi­se-pre­zi­dent bel­len­di

Eý­ra­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­ki­an öň­ki da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mo­ham­med Ja­wad Za­ri­fi stra­te­gi­k me­se­le­ler bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­dent we Stra­te­gi­k bar­lag­lar mer­ke­zi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu ba­ra­da IR­NA ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­di. Pre­zi­dent 30-njy iýul­da mej­lis­de ka­sam ka­bul eden­den soň, bu ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di.

Azyk howp­suz­ly­gy üçin çöz­güt

Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di Nýu-De­li­de oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy­la­ryň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny açyp, azyk howp­suz­ly­gy ba­bat­da öň bü­tin dün­ýä­de ala­da dö­re­dip ge­len Hin­dis­ta­nyň in­di äh­lu­mu­my azyk we iý­mit howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da çöz­güt­le­ri tek­lip edip bil­ýän ýur­da öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Mo­di Hin­dis­ta­nyň şu­nuň ýa­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny soň­ky ge­zek 65 ýyl mun­dan öň ge­çi­ren­di­gi­ni ýat­lap geç­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, şol dö­wür­de Res­pub­li­ka azyk we oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da kyn gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýän tä­ze ga­raş­syz ýurt­dy. – Bu gün Hin­dis­tan azyk ha­ryt­la­ry­ny bol ön­dür­ýän döw­let bo­lup, ýur­du­myz süýt, kö­sük­li önüm­ler, dä­ne, mi­we, gök-bak­ja, pag­ta, şe­ker, çaý, ba­lyk önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýar – di­ýip, Mo­di nyg­ta­dy. Ol öz ýur­du­nyň azyk ul­ga­my­ny üýt­ge­dip gur­mak­da­ky tej­ri­be­si­niň äh­lu­mu­my Gü­nor­ta üçin bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di.

Har­ris res­mi taý­dan da­laş­gär bol­dy

ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň pre­zi­dent­li­gi­ne res­mi taý­dan da­laş­gär bol­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mil­li ko­mi­te­ti par­ti­ýa­nyň mil­li gu­rul­ta­ýy­na gat­naş­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim eden we­kil­le­riň wir­tu­al ses be­riş­li­gi ta­mam­la­nan­dan soň yg­lan et­di. – ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris bir hep­de­lik on­laýn ses be­riş­lik­de ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýy­na gat­naş­jak­la­ryň 99 gö­te­ri­mi­niň res­mi gol­da­wy­na eýe bol­dy – di­ýip, par­ti­ýa­nyň Mil­li ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Jeý­mi Har­ri­son ha­bar ber­di.

Dünýä täzelikleri

Şa­ýy­lyk­la­ry çy­kar­dy. Şu ýy­lyň 8-13-nji sent­ýab­ryn­da As­ta­na­da geçiriljek Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na ga­bat­lap, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Mer­ke­zi ban­ky hüm­me­ti 10 som bo­lan şa­ýy­lyk­la­ry çy­kar­dy. Şa­ýy­lyk­lar gyr­gyz spor­ty «at ça­by­şa» ba­gyş­la­nan. Ýur­duň çä­gin­de res­mi tö­leg se­riş­de­si bol­jak şa­ýy pul­la­ryň müň sa­ny­sy çy­ka­ry­ldy. Eg­ri bo­ýun­ly ži­raf ta­pyl­dy. Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Krýu­ger mil­li se­ýil­gä­hin­de boý­nu­nyň adat­dan da­şa­ry de­for­ma­si­ýa­sy bo­lan ži­raf ta­pyl­dy. Hü­när­men­ler hä­zir bu ada­ty bol­ma­dyk ýag­da­ýyň se­bä­bi­ni anyk­la­mak­da kyn­çy­lyk çek­ýär­ler. We­te­ri­nar Sa­ra Fer­ýu­son bol­sa, bu ano­ma­li­ýa­nyň do­ga­bit­di boý­ny eg­ri­lik­den ge­lip çyk­ýan­dy­gy­ny çak­la­ýar.

Garaşsyzlyk bilen galkynan pudak

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rü­niň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ösüş­le­ri­dir öz­gert­me­le­ri, şan­ly wa­ka­la­ry tä­ze ta­ry­hy­my­za zer harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Naý­ba­şy baý­ra­my­myz bo­lan Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem şeý­le şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bo­lup, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­my­zyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy­na öw­rü­ler. Aja­ýyp za­ma­na­my­zy ägirt uly üs­tün­lik­le­re bes­le­ýän ag­zy­bir hal­ky­myz şu gün­ler naý­ba­şy baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de my­na­syp gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Il­deş­le­ri­miz mu­kad­des baý­ra­my üs­tün­lik­le­re bes­le­mek mak­sa­dy bi­len ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­tiň nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär. Şan­ly to­ýuň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi onuň da­ba­ra­sy­ny has-da art­dy­rar.

Dur­nuk­ly ösü­şiň yg­ty­bar­ly gu­ra­ly

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da uly öz­ge­riş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ýe­til­ýär. Ýur­du­my­zy gur­şap alan bu aja­ýyp tu­tum­la­ryň mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­ler bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy işiň ne­ti­je­li­li­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ka­bul edil­ýän ka­nun­lar, ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na gi­ri­zil­ýän üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­ryl­maz şer­ti bo­lup dur­ýar. Ola­ryň äh­li­si döw­let ösü­şi­niň oňyn öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hu­su­san-da, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­den ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dep­gin­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­mek bi­len, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da dur­muş mak­sat­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ma­gyň do­wam et­di­ril­me­li­di­gi­ni yzy­gi­der­li nyg­ta­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan i

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan te­bi­ga­ty, eko­lo­gi­ýa­ny go­rap sak­la­mak bi­len bag­ly umu­ma­dam­zat bäh­bit­li asyl­ly iş­le­re my­na­syp go­şant­dyr. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň hä­zir­ki tap­gy­ryn­da äh­lu­mu­my bäs­deş­li­giň güýç­len­me­gi, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, azyk ha­ryt­la­ry­na we su­wa bo­lan is­leg­le­riň art­ma­gy ýa­ly eme­le ge­len ýag­daý­lar ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Şeý­le hem ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň esa­sy dü­züm­le­ýin bö­lek­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy, de­mog­ra­fik we eko­lo­gik ýag­daý­la­ry­nyň giň top­lu­my­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de we pug­ta­lan­dyr­mak­da ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di, bu ugur­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ril­di. Şeý­le-de, «Azyk howp­suz­ly­gy ha­ky

Magtymguly – ýokary medeniýetliligiň nusgasy

Hal­kyň me­de­ni­ýe­ti asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la gel­ýär hem-de onuň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da şöh­le­len­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň äh­mi­ýet­li maz­mu­ny has giň­den açyl­ýar. Şo­nuň üçin hem türk­men me­de­ni­ýe­ti diý­len­de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si öňüň­de açyl­ýar hem-de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gym­mat­ly­gy­na öw­rül­ýär. Umu­man, hal­ky­my­zyň yl­my we me­de­ni­ýe­ti Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­tiň we yl­myň göz­baş­la­ry­ny, onuň do­wa­my­ny şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de gör­mek bol­ýar. «Me­de­ni­ýet ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da: «Adam­zat ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len we dö­re­dil­ýän, şah­sy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne, wa­tan­çy­ly­gy ter­bi­ýe­le­mä­ge, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk we ru­hy-ah­lak­ly­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň es­te­ti­ki ta­lap­la­ry­ny we bäh­bit­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň je­mi­dir» diý­lip be­ýan edil­ýär.

Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar

Mer­ke­zi eda­ra­sy ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da ýer­leş­ýän «Star Catcher» at­ly kom­pa­ni­ýa Ýe­riň or­bi­ta­syn­da Gün pa­nel­le­ri­ni otur­dyp, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ýyg­na­lan elekt­rik ener­gi­ýa­sy beý­le­ki kos­mos gä­mi­le­ri­ne we en­jam­la­ry­na iber­iler. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin il­kin­ji eme­li hem­ra­nyň gel­jek ýyl uçu­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Tas­la­ma­nyň çä­gin­de je­mi 200 sa­ny Gün pa­nel­li eme­li hem­ra uçu­ry­lar. Kom­pa­ni­ýa tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 12,25 mil­li­on dol­lar top­lap­dyr. Kom­pa­ni­ýa eme­li hem­ra­lar üçin bir­meň­zeş inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem tas­la­ma Aýyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da­ky iş­le­re hem gol­daw be­rip bi­ler.

Kos­mos in­ter­ne­ti­ni ýo­la go­ýar

Hy­taý Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­sy­na eme­li hem­ra­la­ry ýer­leş­dir­mek ar­ka­ly kos­mos in­ter­ne­ti­ni ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. «Shang­hai Spacecom Sa­tel­li­te Techno­lo­gy» gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de «Long March-6» gö­te­ri­ji ra­ke­ta­sy ar­ka­ly 18 eme­li hem­ra uçu­ryl­dy. Eme­li hem­ra­la­ryň bel­le­nen or­bi­ta ýer­le­şen­di­gi mä­lim edil­di. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de je­mi 15 müň sa­ny eme­li hem­ra uçu­ry­lar. Tas­la­ma­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Dur­muş gur­ýan­la­ryň sa­ny 6 million bolar

Hy­taý­da ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da dur­muş gur­ýan­la­ryň sa­ny ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 13 gö­te­rim azal­dy. Şeý­le gör­ke­zi­ji­ ýy­lyň ga­lan bö­le­gin­de hem do­wam eden ýag­da­ýyn­da 2024-nji ýy­lyň do­wa­myn­da goş bi­rik­di­ren­le­riň sa­ny­nyň 6 mil­li­on tö­we­re­gi bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýur­duň Ra­ýat­lyk iş­le­ri mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, al­ty aý­da 3 mil­li­on 43 müň jü­büt ni­ka­la­şyp­dyr. Ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de ni­ka­la­şan­la­ryň sa­ny 1 mil­li­on 46 müň bo­lup, bu gör­ke­zi­ji bi­rin­ji çär­ýek­dä­ki­den 26 gö­te­rim az bo­lup­dyr. Ge­çen ýyl ýurt­da 7 mil­li­on 68 müň jü­büt goş bi­rik­di­rip­dir. Bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da 11 mil­li­on 33 müň eken.

11 de­ňiz jan­da­ryna at dakyldy

Su­wuň düý­bün­de hä­li-hä­zi­rem üs­tün­den ba­ryl­ma­dyk ýa-da haý­sy uru­ga de­giş­li­di­gi anyk­lan­ma­dyk jan­dar­la­ryň sa­ny az däl. «Bio­diver­si­ty Da­ta Jo­ur­nal» at­ly ne­şir tä­ze 11 jan­da­ra at daky­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Jan­dar­la­ryň haý­sy to­pa­ra de­giş­li­di­gi­ni anyk­la­mak üçin ge­çi­ri­len yl­my iş­le­re 10 ýurt­dan 25 hü­när­men gat­na­şyp­dyr. Yl­my işiň çä­gin­de 5 metr­den 7 ki­lo­met­re çen­li çuň­luk­da ýa­şa­ýan je­mi 11 de­ňiz jan­da­ry at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Um­man­lar­da jandarlaryň 2 mil­li­on gör­nüşiniň ýa­şa­ýan­dy­gy­ çak­lanyl­ýar. Hä­zi­re çen­li anyk­la­nan­lar bol­sa, ola­ryň örän az bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Iň uly kyn­çy­lyk bol­sa, üs­tün­den bar­lan jan­da­ryň haýsy uruga degişlidiginiň yl­my taý­dan kesgitlenmegi. Alym­lar bir jan­da­ryň haý­sy gör­nü­şe de­giş­li­di­gi­ni 20-40 ýyl ara­ly­gyn­da anyk­la­ýar­lar. Bu möh­le­ti azalt­mak mak­sa­dy bi­len Um­man gör­nüş­le­ri­niň açyş­la­ry (Ocean Species Discoveries) at­ly tä­ze baş­lan­gyç ýo­la go­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň tiz wagt­da at­lan­dy­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.

Dün­ýä­niň iň uly aýs­ber­gi

Dün­ýä­niň iň uly aýs­ber­gi ha­sap­lan­ýan «A23a» at­ly buz bö­le­gi äpet gir­da­byň tä­si­ri­ne dü­şüp aý­la­nyp baş­la­dy. Aýs­berg 1986-njy ýyl­da An­tark­ti­ka­nyň ke­na­ryn­dan go­pup, Wed­del deň­zin­de su­wuň saý ýe­rin­de sak­la­nyp ga­lyp­dy. Ge­çen ýyl bol­sa, ýe­ne-de su­wuň aky­my bi­len he­re­ket edip baş­lap­dy. Bir­nä­çe aý­dan bä­ri bol­sa, aýs­ber­giň gir­da­byň or­ta­syn­da du­ran ýe­rin­de aý­lan­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­ler­men­ler sa­gat di­li­niň ter­si­ne aý­lan­ýan buz bö­le­gi­niň ýe­ne-de bir­nä­çe aý­lap bu gir­dap­dan çy­kyp bil­me­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem bu­zuň gir­dap­da nä­çe köp sak­lan­sa, ere­me­gi­niň hem gi­jik­jek­di­gi­ bellenilýär. Aýs­ber­giň meý­da­ny 4 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re, ga­lyň­ly­gy bol­sa 400 met­re ba­ra­bar. Adat­ça aýs­berg­ler gu­ry ýer bö­le­gin­dä­ki buz­lu­gyň bir bö­le­gi­niň suw tol­kun­la­ry­nyň tä­si­ri bi­len gop­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Soň­ra bol­sa, su­wuň aky­my bi­len has ys­sy ýer­le­re akyp gid­ýär. Ýy­ly suw hem-de ys­sy ho­wa aýs­ber­giň ýu­waş-ýu­waş­dan eräp deň­ze ga­ryş­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.

Kö­ne elekt­ron en­jam­lar­dan al­tyn alnar

Ang­li­ýa­nyň Pa­ty­şa­lyk zik­ge­ha­na­sy (Royal Mint) ula­nyş­dan ga­lan elekt­ron en­jam­la­ry gaý­ta­dan iş­läp, al­tyn alyn­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kö­ne elekt­ron en­jam­lar­da­ky gym­mat­ly me­tal­la­ry al­mak üçin tä­ze za­wo­dyň gur­lan­dy­gy aý­dyl­dy. Önüm­çi­lik des­ga­syn­da­ky teh­no­lo­gi­ýa pla­ta­nyň dü­zü­min­dä­ki sap aras­sa al­ty­ny 4 mi­nut­da çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa örän az ener­gi­ýa sarp edil­ýär. «Royal Mint» müň ýyl­dan gow­rak wagt­ bä­ri ýurt­da şa­ýy­lyk pul­la­ry çy­kar­ýar. Uels­de açyl­jak za­wod­da pla­ta­lar­da­ky gym­mat­ly me­tal­lar çy­ka­ry­lar. 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan önüm­çi­lik des­ga­sy te­le­fon, ýan­komp­ýu­ter we te­le­wi­zor ýa­ly elekt­ron en­jam­lardan her ýyl­da 4 müň ton­na çen­li al­tyn çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Al­tyn çy­kar­mak üçin il­ki pla­ta­nyň dü­zü­min­de al­tyn bo­lan bö­le­gi gyz­gyn­lyk ar­ka­ly aý­ry­lar. Soň­ra al­tyn­ly bö­lek baş­ga bir bö­lü­me ibe­ri­lip, şol ýer­de al­tyn­la­ry al­nar. Kir ýu­wu­jy ma­şyn­lar­da­ky al­tyn­la­ry al­mak üçin bol­sa er­gin ula­ny­lar. Il­ki al­tyn er­gi­ne ga­ryş­dy­ry­lar. Şon­dan soň­ra dü­zü­min­de al­tyn bo­lan er­gin süz­güç­den ge­çi­ri­lip, toz­ga gör­nü­şin­de al­nar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ýo­ka­ry hil­li, 99,99 gö­te­rim aras­sa al­ty­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Sag­dyn dur­muş üçin en­dik­ler

Bi­ler­men­ler kä­bir en­dik­le­riň sag­dyn dur­muşda ýaşamak üçin peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Gar­ra­ma­gyň gu­tul­gy­syz­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Şeý­le-de bol­sa, kä­bir en­dik­ler ada­myň uzak ýyl­lap sag­dyn ýa­şa­ma­gy­na ýardam edýär. «Na­tu­re» žur­na­lyn­da­ky ma­ka­la­da bu en­dik­ler ba­ra­da bel­le­ni­lip ge­çilip­dir. Ine, şol en­dik­le­riň kä­bi­ri: Oňyn pikirlenmek. Haý­sy­dyr bir za­dy ýag­şa ýor­mak ýa-da me­se­lä­niň go­wy ta­ra­py­ny gör­mek adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Lon­do­nyň Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji­niň hü­när­me­ni Ri­çard Sio­wyň pi­ki­ri­ne gö­rä, er­bet zat­la­ryň pi­ki­ri­ni et­mek sag­ly­ga oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Oňyn pi­kir­len­mek adamyň gartaşmagy bi­len bag­ly ýü­ze çy­kyp bil­jek ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu ýag­daý be­de­niň gan aý­la­ny­şy­nyň hem-de ag­ra­my­nyň ka­da­ly bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Er­bet zat­la­ryň pi­ki­ri­ni et­mek gan aý­la­ny­şy art­dy­ryp, ada­myň tiz gar­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär.

100 müň elekt­rou­lag alar

Öz ula­gyň bi­len tak­si­çi­lik hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän «Uber» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Hy­ta­ýyň elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan BYD kom­pa­ni­ýa­sy möhüm hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Hy­taý bren­di «Uber» üçin 100 müň elekt­rou­lag ön­dü­rer. Bu ulag­lar La­tyn Ame­ri­ka­sy hem-de Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ula­ny­lar. Gel­jek­de iki kom­pa­ni­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­ny dün­ýä­niň beý­le­ki se­bit­le­ri­ne hem ýaý­rat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Iki kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu hyz­mat­daş­ly­gyň «Uber» tak­si­le­ri­niň sü­rü­ji­le­ri üçin äti­ýaç­lan­dy­ryş, ma­li­ýe we beý­le­ki hyz­mat­lar has ar­zan bo­lar. Şeý­le hem bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na ge­çi­şe ýar­dam eder. Şeý­le­lik­de, iki kom­pa­ni­ýa öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän elekt­rou­la­gy ta­nyş­dyr­mak üçin hem hyz­mat­daş­lyk eder. Hy­ta­ýyň iň iri elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan BYD 2022-nji ýyl­dan bä­ri di­ňe gib­rid hem-de do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ön­dü­rip baş­la­dy. Şon­dan bä­ri BYD ulag­la­ry­nyň dün­ýä ýurt­la­ryn­da­ky sa­tu­wy gör­ne­tin ýo­kar­lan­dy. Hy­taý­da elekt­rou­lag­la­ryň has ar­zan gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär.

Ösüş­le­re bes­le­nen di­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär, aja­ýyp üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­la­ryn­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra hal­ky­my­zyň ta­ryh­dan öz göz­ba­şy­ny alyp gaýd­ýan mas­la­hat­laş­mak, ge­ňeş et­mek dä­bi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­rin­den gür­rüň et­mek has-da ýa­kym­ly­dyr. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len äh­li ma­li­ýe çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­me­giň ösüş dep­gin­le­ri has-da ýo­kar­lan­ýar. Yk­d

Hazaryň türkmen kenary – dünýä syýahatçylygynyň merjeni

Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni hazarýaka döwletler tarapyndan bellenilýär «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dö­re­di­len aja­ýyp ýer bo­lup, dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň mer­je­ni­dir. Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lup ulan­ma­ga ber­len sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, myh­man­ha­na­lar, döw­re­bap kot­tej­ler top­lum­la­ry, «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy, «Awa­za» ak­wa­par­ky adam­la­ryň go­wy şert­ler­de dynç al­ma­gy, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler­den ny­şan. Bu ýer­de dynç al­mak is­le­ýän­le­riň sa­ny her möw­süm­de yzy­gi­der­li art­ýar.

Halk Mas­la­ha­ty – döw­let­li­lik­den ny­şan

Ýakynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň tassyklanylmagy şatlykly wakalaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigi şübhesizdir. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap alan be­ýik ösüş-öz­gert­me­ler­de Halk Mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Şeý­le öz­gert­me­le­riň bi­lim ul­ga­myn­da hem bar­ha giň ge­rim al­ýan­dy­gy uly ru­hu­be­lent­lik dö­red­ýär. Berkarar Wa­ta­ny­myz­da bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik ojak­la­ry­nyň döw­re­bap bi­na­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi, okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň we okat­ma­gyň tä­ze­çil usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy kä­mil bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, giň dü­şün­je­li, sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge, bi­lim iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi­ne şert dö­red­ýär.