"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ynsan saglygy — iň gymmatly baýlyk

Ýurdumyzda adam we onuň saglygy ugrundaky aladalardan ugur alyp, şu günler etrabymyzdaky sport mekdepleriniň türgenleriniň arasynda wagyz-ündew işlerine giň gerim berýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde ýüze çykyp biljek hadysalara aýratyn üns çekilýär. Wagyz-ündew işleriniň dowamynda çagalary we uly ýaşlylary gün urmakdan, suwa gark bolmakdan goramagyň we tebigatda ýangynyň döremeginiň öňüni almagyň zerurlygy dogrusynda wekilleriň çykyşlaryna giň orun berilýär. Şeýle hem dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri düşündirilip, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak ündelýär.

Täsirli söhbetdeşlik

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde wagtyny şadyýanlykda geçirýän çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çäre welaýat kitaphanasy tarapyndan guraldy. Welaýat kitaphanasynyň göçme kitap sergisini synlap, ondan uly täsirleri alan çagalar söhbetdeşlige işjeň gatnaşdylar. Kitaphananyň neşirleri saklamak bölüminiň kitaphanaçy-hünärmenleri çagalara özleriniň alyp barýan işleri, kitap okamagyň peýdasy, täze taryhy döwrümizde ýaş nesillere niýetlenip neşir edilýän kitaplar, çeper eserler barada täsirli gürrüň berdiler. Soňky ýyllarda neşir edilen eserleriň birnäçesiniň terbiýeçilik ähmiýetine üns çekilmegi çäräniň many-mazmunyny artdyrdy.

Bagtly günleriň gujagynda

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtly çagalygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi,  ylym-bilimli, terbiýeli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýärler. Şol aladalar her bir çaganyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýän häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde has-da aýdyň ýüze çykýar. Biziň — mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň şadyýan, gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin ýurdumyzda hereket edýän  döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Bu merkezlerde çagalar saglyklaryny berkidip, rahat, şadyýan dynç alýarlar, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlykly, ýokary ruhubelentlikde barmakda dynç alyş günleriniň täsiri örän uludyr. Biziň okamagymyz, göwnejaý şertlerde dynç almagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, lukmanlaryň gatnaşmagynda oba ýaşaýjylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmaklary barada giňişleýin söhbet edildi. Çärelere gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilýändigi, bularyň ählisiniň ýurdumyzda  adam hakyndaky aladanyň bimöçberdigini görkezýändigi barada buýsanç bilen nygtadylar. Duşuşyklara gatnaşanlar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda okgunly ösdürilýär

5-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ara­syn­da

To­mus pas­ly üçin mas­la­hat­lar

To­mus pas­ly­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da geý­niň! Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin baş­gap geýiň, ýag­lyk da­ky­nyň!

Hor­mat or­de­ni bi­len sy­lag­lan­dy

Bel­li rus ýa­zy­jy­sy Alek­sandr Sol­že­ni­sy­nyň aýa­ly, ýan­ýol­da­şy­nyň ady­ny gö­ter­ýän gaz­na­nyň baş­ly­gy Na­tal­ýa Sol­že­ni­sy­na «Wa­tan öňün­dä­ki hyz­mat­la­ry üçin» III de­re­je­li or­den bi­len sy­lag­lan­dy. Bu ba­ra­da­ky ka­ra­ra Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin gol çek­di. «Na­tal­ýa Sol­že­ni­sy­na «mil­li me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi­ne, iş­jeň ha­ýyr-sa­ha­wat we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne go­şan uly go­şan­dy üçin» sy­lag­lan­dy» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Pre­zi­dent ýa­zy­jy­nyň ýan­ýol­da­şy­ny dog­lan gü­ni bi­len gut­la­dy we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ha­ýyr-sa­ha­wat hem-de aň-bi­lim ýaý­ra­dy­jy­lyk däp­le­ri­niň ös­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny, rus emig­ra­si­ýa­sy­nyň ta­ry­hy­ny, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny we ru­hy mi­ra­sy­ny öw­ren­mä­ge gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem Na­tal­ýanyň dur­mu­şy­nyň baş we­zi­pe­si­niň öz­bo­luş­ly eser­le­ri we yn­san­per­wer pi­kir­le­ri, şüb­he­siz, rus me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan Alek­sandr Sol­že­ni­sy­nyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak­dy­gy­ny aýt­dy.

Ýat­la­ma­lar ki­ta­by­ny çy­ka­rar

ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pyň aýa­ly Me­la­ni­ýa Tramp iki gör­nüş­de ter­ji­me­hal ki­ta­by­ny çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň öň­ki bi­rin­ji ha­ny­my­nyň web saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. «Me­la­ni­ýa» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak bu ki­tap­da şah­sy ba­bat­da kä­mil­li­ge ýe­ten, päs­gel­çi­lik­le­ri ýe­ňip ge­çip, dur­muş­da öz ýo­lu­ny go­ýan ze­na­nyň güýç­li ta­rap­la­ry we yl­ham be­ri­ji baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. «Ki­tap­da öz­bo­luş­ly dur­muş­da ýa­şan öň­ki bi­rin­ji ha­ny­myň keş­bi bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len be­ýan edi­lip, oky­jy­la­ry öz dün­ýä­si­ne im­rin­dir­ýär» diý­lip, ýat­la­ma­lar ki­ta­by­nyň söz­ba­şy­syn­da bel­le­nil­ýär. Ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ryn­da ozal hiç ýer­de çap edil­me­dik su­rat­la­ryň we ýat­la­ma­la­ryň bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Bu­ker baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy

2024-nji ýy­lyň «Bu­ker» baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy mä­lim edil­di. Şu ýyl­ky ab­raý­ly baý­ra­ga hö­dür­le­nen 156 ki­ta­byň 13-si sa­naw­da orun al­dy. Bu möw­süm­dä­ki Bu­ker baý­ra­gy­na da­laş­gär­le­riň ýa­ry­sy­na go­la­ýy ge­çen ýyl­lar­da­ky gat­na­şy­jy­lar­dan yba­rat. Ola­ryň ara­syn­da 20-den gow­rak ro­ma­nyň aw­to­ry bar. My­sal üçin, Per­si­wal Ewe­rett 2022-nji ýyl­da «Agaç­lar» ro­ma­ny üçin gys­ga sa­na­wa gi­ri­zi­lip­di. Reý­çel Kuş­ner («Mars ota­gy») we Ri­çard Pauers («Ýokarky hatar») ýa­ly aw­tor­lar bol­sa, An­na Bernsiň «Süýt sa­ty­jy­syn­dan» as­gyn ge­lip, 2018-nji ýyl­da gys­ga sa­na­wa gi­ri­zi­lip­di.

XXI asy­ryň iň go­wy 100 ki­ta­by

«New York Ti­mes» ga­ze­ti XXI asy­ryň iň go­wy 100 ki­ta­by­nyň sa­na­wy­ny ne­şir et­di. Ga­ze­tiň iş­gär­le­ri aw­tor­la­ryň, edebi tan­kyt­çy­la­ryň we ede­bi­ýa­ty söýüjile­riň ara­syn­da 2000-nji ýyl­dan bä­ri ne­şir edi­len iň oňat 10 ki­ta­byň ady­ny aýt­ma­gy­ny ha­ýyş edip, pi­kir so­ra­ly­şyk ge­çir­diler. Ne­ti­je­de, sa­na­wy düz­mä­ge 503 adam gat­na­şyp, ola­ryň ara­syn­da Sti­wen King, Jeýms Pat­ter­son, Sa­ra Jes­si­ka Par­ker, Mar­lon Jeýms ýa­ly meş­hur ýa­zy­jy­lar we beý­le­ki­ler bar. – Siz özü­ňi­ziň oka­mak is­le­ýän ki­ta­by­ňy­za ga­bat ge­ler­si­ňiz ýa-da ýe­ne-de eli­ňi­ze alyp gör­mek is­le­ýän iň söý­gü­li ki­ta­by­ňy­za du­şar­sy­ňyz di­ýip umyt ed­ýä­ris. Oza­ly bi­len, siz hem eserlerde hö­dür­le­nen pi­kir­le­riň, tej­ri­be­le­riň we ar­zuw-hy­ýal­la­ryň giň­li­gine haý­ran ga­lar­sy­ňyz we edil biz ýa­ly ruh­la­nar­sy­ňyz – di­ýip, ne­şir­de bel­le­di­ler.

Dost­laryň bi­len nä­dip go­wy ­gat­na­şyk­da bol­ma­ly?

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi gy­zyk­ly we gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Mäh­ri­ban ça­ga­lar, kö­pi­ňiz dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç alan bol­sa­ňyz ge­rek. To­mus­ky dynç al­şyň soň­ky aýyn­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dynç al­ýan­la­ry­ňyz hem bar­dyr. Ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra, wa­ka­la­ra baý to­mus­ky dynç alyş­da tä­ze zat­la­ry öw­re­nen­si­ňiz, dür­li oýun­la­ra güý­me­nip, tä­ze dost tutunansyňyz. Eý­sem, tä­ze tu­tu­nan dost­la­ry­ňyz ýa-da jo­ra­la­ry­ňyz bi­len go­wy ­gat­na­şyk­da bol­mak is­le­ýä­ňiz­mi? Mu­nuň üçin kä­bir şert­le­re üns ber­me­li. Hü­när­men­ler dost­la­ryň bi­len ýa­kyn ­gat­na­şyk­da bol­mak üçin şu mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler: Me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şyk­lar. Dost­la­ryň bi­len her aý öňün­den bel­le­şi­len gün­de gör­şüp, söh­bet et­me­li. Du­şu­şy­gy se­ýil­gäh­de ge­ze­lenç et­mek, bi­le­lik­de çaý iç­mek ýa-da on­laýn usul­da hem gu­rap bo­lar. Eger-de dos­tu­ňyz bi­len ýa­kyn ýer­de ýa­şa­ýan bol­sa­ňyz, öýü­ňi­ze ça­gy­ryp hem bi­ler­si­ňiz. Dost­la­ryň bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan gö­rüş­mek berk we do­wam­ly bag­la­ny­şy­gy dö­red­ýär. Şeý­le hem si­ziň akyl we be­den taý­dan ka­da­ly ös­me­gi­ňi­ze ýar­dam ed­ýär.

Pan­da ga­ryn­ja­sy

Te­bi­gat­da mör-mö­jek­le­riň bi­ze mä­lim bol­ma­dyk gör­nüş­le­ri­niň bir­nä­çe­si ýa­şa­ýar. Şo­la­ryň bi­ri hem «pan­da ga­ryn­ja­sy» ady bi­len ta­nal­ýan ala­be­der ga­ryn­ja­dyr. Yl­my ady «eus­pi­no­lia mi­li­ta­ris» bo­lan ga­ryn­ja­nyň bu gör­nü­şi 1938-nji ýyl­da ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Pan­da ga­ryn­ja­sy Çi­li­niň gu­ry ke­nar­ýa­ka se­bit­le­rin­de, gy­rym­sy agaç­ly to­kaý­laryn­da ýa­şa­ýar. Kel­le­si ak ga­ryn­ja­nyň mon­juk ýa­ly ga­ra­ja göz­le­ri, al­ty aýa­gy bo­lup, ag­zyn­da iki sa­ny şa­hy bar. Be­de­ni ak we ga­ra teg­mil­li pan­da ga­ryn­ja­sy­nyň köpelýän jynsy ga­nat­syz bo­lup, er­kek­le­ri­niň ga­na­ty bar. 8 mil­li­metr uzyn­lyk­da­ky ki­çi­jik ga­ryn­ja­lar daş­ky howp­lar­dan go­ran­mak üçin ult­ra­ses bö­lüp çy­kar­ýar­lar. Ga­ryn­ja­nyň bu gör­nü­şi­niň tä­sin ta­ra­py bu­lar to­par bo­lup ýa­şa­ma­ýar­lar. Ga­ryn­ja­nyň bu gör­nü­şi gül­le­riň nek­ta­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Te­bi­gat­da çyg­ly­ly­gy sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýän pan­da ga­ryn­ja­la­ry 2 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Ala­be­der ga­ryn­ja dün­ýä­niň ýe­ke-täk bir ýe­rin­de – Çi­li­de ýa­şa­ýan tä­sin en­de­mik mör-mö­jek ha­sap­lan­ýar. 

To­par­la­ýyn oýunlaryň çagalaryň ösüşine täsiri

Ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan baş­lap sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ýo­la goý­mak akyl we fi­zi­ki taý­dan sag­dyn ös­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Esa­san hem, to­par­la­ýyn oýun­lar has peý­da­ly bo­lup, oňyn tä­sir­le­ri dö­red­ýär. Hü­när­men­ler çagalaryň ösüşi bi­len bag­ly ge­çi­ren soň­ky bar­lag­la­ryn­da to­par­la­ýyn oýun­la­ryň ça­ga­la­ryň sag­dyn ös­me­gi üçin peý­da­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. To­par­la­ýyn oýun oý­na­ma­gyň peý­da­ly ta­rap­la­ry: Özü­ňe bo­lan yna­my art­dyr­ýar. Öňün­de mak­sat go­ýan to­pa­ryň bir bö­le­gi bol­mak, ýol­daş­la­ryň bi­len bi­le­lik­de ýeň­şe ta­rap he­re­ket et­mek özü­ňe bo­lan yna­my art­dyr­ýar. To­pa­ryň ýeň­şi­ne go­şant goş­mak, oýun­da utuk ga­zan­mak hor­ma­ty­ňy art­dy­ryp, min­net­dar­lyk duý­gu­sy­ny güýç­len­dir­ýär. To­par mak­sa­dy­na ýe­ten­de özü­ňi has-da ar­ka­ýyn we ynam­ly duý­ýar­syň.

Nä­me üçin deňiz balykçylary tu­tan ba­lyk­la­ry­ny iý­me­ýär­ler?

De­ňiz ba­lyk­çy­la­ry­nyň tu­tan ba­lyk­la­ry­ny iý­me­ýän­dik­le­ri en­çe­me ýyl bä­ri bel­li. Olar uzak wagt­lap de­ňiz­de bol­ýar­lar, em­ma ba­lyk iý­me­ýär­ler. Eý­sem, de­ňiz ba­lyk­çy­la­ry­nyň ara­syn­da tu­tan ba­lyk­la­ry­ny iý­mek ga­da­gan­my ýa-da mu­nuň baş­ga se­bäp­le­ri bar­my? Ge­liň, ola­ryň bu sy­ry­ny öw­re­ne­liň! Ga­dy­my dö­wür­ler­de de­ňiz­ ba­lyk­çy­la­ryn­da ýa­nyn­da alyp gaý­dan iý­mi­ti­ni we na­ha­ry­ny za­ýa­la­man sak­la­mak üçin şer­tiň ýok­du­gy se­bäp­li, olar gu­ra­dy­lan çö­rek we gök önüm­ler bi­len na­har­la­nyp­dyr­lar. De­ňiz­de kyn şert­le­re du­çar bol­ýan ba­lyk­çy­lar ba­lyk iýip bi­ler­di­ler, ýö­ne mu­ny hiç ha­çan et­män­dir­ler. «Güýç­li tu­pan­da tol­kun­lar gä­mi­ni urup, suw syç­ra­ma­gyň ne­ti­je­sin­de äh­li zat is­ri­be çy­kar­dy. Bi­ziň iň yg­ty­bar­ly iý­mi­ti­miz ka­ka­dy­lan duz­ly çö­rek. Ma­ta hal­ta­da du­ran bu çö­rek 3-4 aý­lap za­ýa­lan­ma­ýar. Su­wa ba­syp gu­ry çö­rek iý­mek iň lez­zet­li­si» di­ýip, ba­lyk­çy­lar de­ňiz­dä­ki dur­mu­şy gür­rüň ber­ýär­ler.

Baş egip sa­lam­laş­mak dä­bi

Sa­lam­laş­mak ede­biň ba­şy bo­lup, adam­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra hor­ma­ty art­dyr­ýar. Sa­lam­la­şy­lan­da bi­rek-bi­re­giň hal-ýag­da­ýy so­ra­lyp, gö­ren-eşi­de­niň ba­ra­da bir­ki agyz gür­rüň edil­ýär. Sa­lam­laş­mak ede­bi ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri üns be­ril­ýän däp­le­riň bi­ri bo­lup, bu en­dik her halk­da mil­li de­re­je­de ös­dü­ri­lip­dir. Köp mil­let ara­çä­gi sak­lap söz üs­ti bi­len sa­lam­laş­ýan bol­sa, köp halk el­le­şip ýa-da gu­jak­la­şyp gö­rüş­mek ar­ka­ly sa­lam­laş­ýar. Dün­ýä halk­la­ry­nyň için­de ýa­pon­lar öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti we mil­li däp­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Hat­da olar bi­ri-bi­ri­ni gö­ren­le­rin­de baş egip sa­lam­laş­ýar­lar. Ýa­pon me­de­ni­ýe­ti­niň ir­ki dö­wür­le­rin­den göz­baş al­ýan bu däp hä­zir­ki wagt­da hem do­wam et­di­ril­ýär. Sy­pa­ýy­çy­lyk ala­ma­ty bo­lan sa­lam­laş­ma­gyň bu gör­nü­şi bi­rek-bi­re­ge go­ýul­ýan çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ge­liň, ýa­pon­la­ryň baş egip sa­lam­laş­mak dä­bi bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş bo­la­lyň! Ýa­pon­lar sa­lam­la­şan­da nä­me üçin baş eg­ýär­ler?

Dün­ýä­niň iň gym­mat iý­mit­le­ri

Iý­mit adam­zat ýa­şaý­şy üçin esa­sy se­riş­de bo­lup, gök-bakjadyr azyk önüm­le­ri­niň köp gör­nü­şi äh­li ýer­de di­ýen ýa­ly duş gel­ýär. Iý­mit önümleriniň kä­bir gör­nüş­i bol­sa, bel­li bir se­bit­de ön­dü­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, dün­ýä­niň iň gym­mat ta­gam­la­ry­nyň sa­na­wy­ny eme­le ge­tir­ýär. Seý­rek duş gel­ýän iý­mit­le­re is­leg ýo­kar­lan­dy­gy­ça, ba­ha­sy hem art­ýar. Ge­liň, seý­rek duş gel­ýän, üýt­ge­şik ta­ga­my bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän dün­ýä­niň iň gym­mat iý­mit­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Wag­ýu eti. Dün­ýä­de iň gym­mat mal eti ha­sap­lan­ýan wag­ýu­nyň meş­hur­ly­gy 2000-nji ýyl­lar­dan soň has-da art­dy. Uly is­leg bil­di­ril­ýän wag­ýu eti di­ňe Ýa­po­ni­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän iri şah­ly mal­la­ryň ýö­ri­te to­hu­myn­dan alyn­ýar. «Ag­zyň­da eräp gid­ýär» di­ýil­ýän wag­ýu eti diý­seň ta­gam­ly bo­lup, dü­zü­min­de köp muk­dar­da ýag bar. Mal ýö­ri­te usul­lar bi­len soý­lup, ýa­gyr­ny­sy­nyň baş­lan­ýan ýe­rin­den – ga­pyr­ga süň­kü­niň oňur­ga bi­rig­ýän ýe­rin­den alyn­ýar. Mu­ňa baş­ga­ça, «ko­te de boeuf» (ga­pyr­ga bif­te­gi) hem di­ýil­ýär.

Öz­bo­luş­ly sta­di­on gu­rlar

Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 2034-nji ýylda ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty üçin öz­bo­luş­ly sta­di­on gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Ne­om» meý­dan­ça­sy gel­jek­ki «The Li­ne» aý­na me­ga­po­li­si­niň tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de gur­lar di­ýip, «Pa­ra­met­ric Archi­tectu­re» web saý­ty ýaz­ýar. Ýer­den 350 metr­den gow­rak be­lent­lik­de ýer­leş­jek sta­di­on dün­ýä­de iň be­ýik sport des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lar. Bi­na­gär­lik tas­la­ma­sy aý­na bö­lek­le­rin­den dö­re­di­len üçe­gi göz öňün­de tu­tup, bu sta­dio­na fu­tu­ris­tik gör­nü­şi be­rer. Sta­di­ona 46 müň­den gow­rak ada­m syg­ar.

«Boeing»-iň tä­ze ýol­baş­çy­sy

«Boeing» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň tä­ze baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ne 64 ýaş­ly Kel­li Ort­berg bel­len­di. Ol 8-nji aw­gust­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şdi. Kel­li Ort­berg mart aýyn­da iş­den çe­kil­ýän­di­gi­ni mä­lim eden Deýw Kal­hu­nyň or­nu­ny eýe­le­di. Ýol­baş­çy­ly­gyň üýt­ge­me­gi awia­kom­pa­ni­ýa­nyň bir­nä­çe me­se­le­ler, şol san­da, paý­na­ma­la­ryň ba­ha­sy­nyň pe­se gaç­ma­gy we ikin­ji çär­ýek­de ýit­gi­ler bi­len ýüz­be-ýüz bo­lan döw­ri bo­lup geç­ýär. Şu ýyl «Boeing»-iň paý­na­ma­la­ry 27 gö­te­rim ar­zan­la­dy, bu bol­sa 2020-nji ýyl­dan bä­ri iň pes gör­ke­zi­ji­dir. Kom­pa­ni­ýa he­läk­çi­li­ge we uçuş­la­ryň uzak wagt­lap tog­ta­dyl­ma­gy­na ge­ti­ren «Boeing 737 MAX» uçar­la­ry hem-de beý­le­ki teh­ni­ki bök­denç­lik­ler se­bäp­li çyn­la­kaý päs­gel­çi­lik­le­re du­çar bol­dy.

Uçu­ry­lyş yza süý­şü­ril­di

NA­SA «Lu­nar Ga­te­way» kos­mos stan­si­ýa­sy­nyň uçu­ry­ly­şy­ny teh­ni­ki kyn­çy­lyk­lar se­bäp­li bäş ýyl yza süý­şür­di. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň hö­kü­me­ti­niň Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň tä­ze ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­ýär. Stan­si­ýa­nyň il­kin­ji ele­ment­le­ri asyl me­ýil­na­ma­da kes­git­le­nen­den bäş ýyl soň – 2027-nji ýy­lyň de­kab­ryn­dan gi­jä gal­man uçu­ry­lar. «Lu­nar Ga­te­way» Aýyň tö­we­re­gin­dä­ki ga­lo-or­bi­ta­da uç­mak we adam­la­ryň Aýa bar­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len «Ar­te­mis» prog­ram­ma­sy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup hyz­mat et­mek üçin dö­re­di­len ki­çi­jik kos­mos stan­si­ýa­sy­dyr. «Ga­te­way»-i 2028-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da me­ýil­leş­di­ril­ýän «Ar­te­mis IV» mis­si­ýa­sy üçin işe gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le-de bol­sa, stan­si­ýa­ny işe gi­riz­me­giň hä­zir­ki ter­ti­bi mis­si­ýa­ny gol­da­mak üçin ze­rur möh­let­den eý­ýäm üç aý yza gal­ýar.

Ada sa­tu­wa çykaryldy

Şot­lan­di­ýa­da 27 gek­tar meý­da­ny tutýan boş ýa­tan Flad­da-Çuaýn ada­sy 190 müň funt ster­lin­ge sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Goz­gal­ma­ýan em­läkleriň söwdasy bilen meşgullanýan kompaniýanyň web sa­hy­pa­syn­da bu ada­nyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len ta­nal­ýan­dy­gy­ bel­le­nil­ýär. Ir­lan­di­ýa­nyň mi­fo­lo­gi­ýa­syn­da ol ebe­di ju­wan­ly­gyň ada­sy, he­mi­şe to­mus bo­lup, Gü­nüň bol­sa hiç ha­çan ýaş­ma­ýan mu­kad­des ýe­ri ha­sap­lan­ýar.