"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER

Awazadan galan ýakymly täsirler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe, ýokary derejede dynç almagy üçin ähli şertler döredilip, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna gazna tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Hazaryň ajaýyp kenary

Her ýylyň 12-nji awgustynda giňden bellenilýän Hazar deňziniň gününiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň uzak geljege gönükdirilen, ählumumy bähbitleri nazarlaýan tebigaty goramak syýasatynyň çuňňur mazmunyny dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere beslenýän ekologiýa syýasaty bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy ösüş üçin ykdysady, syýasy şertleri döretmek ýaly döwletli maksatlardan ugur alýar. Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçilýän möhüm ekologik sene bolmak bilen, ol deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini, gymmatly baýlyklaryny gorap saklamakda tagallalary birleşdirmäge itergi berýär. Hazar deňziniň möhüm ulag-logistika merkez hökmündäki mümkinçiliklerinden, onuň bioserişdelerinden, gymmatly baýlyklaryndan rejeli peýdalanylmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagy sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa abadançylygyny, howpsuzlygyny, söwda-ykdysady, dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmegiň geljegi uly ugurlarydyr.

Deňziň ekologiýa abadançylygy

Hazar bilen baglanyşykly uly işler ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, daşky gurşawy gorap saklamak meselesi Hazarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu diňe bir şanly waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ýokary hilli okuw esbaplary

Ýurdumyz boýunça umumybilim berýän orta mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýarlanyldy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri Çärjew etrabynyň çäginde hem ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Häzirki wagtda hem täze okuw ýyly üçin mekdep bazarlary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Ýörite bazarlarda, dükanlaryň öňünde mekdep bazarlary şu günler köp adamly. Mekdep bazarlaryndaky harytlar etrap alyjylar jemgyýeti we hususy telekeçiler tarapyndan doly derejede üpjün edildi. Onda okuw depderleriň dürli görnüşi, reňkli we ak kagyzlar, dürli galamlar, bellik depderçeler, sözlük kitapçalar hem bar. Ata-eneler öz çagalary üçin gerekli harytlary mekdep bazarlaryndan saýlap alyp bilýärler. Öz ýurdumyzyň önümleri bolan egin-eşiklere, aýakgaplara, okuwçy torbalaryna, tahýalara we beýleki okuw esbaplaryna alyjylar uly isleg bildirýärler. Amatly, elýeterli we ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilen mekdep bazarlarynyň alyjylary egsilmeýär. Bu ýerden okuwçylar we talyplar okuw dersleri üçin gerekli bolan esbaplaryny satyn alýarlar.

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada şulary ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär, ýagny elektrik ulgamyna birikdirilen elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak, ütügi ýörite otagdan başga ýerlerde ulanmak bolmaýar, şeýle-de näsaz bolan hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolan ýörite serişdesiz ütügi ulanmagy gadagan etmeli. Kebşirleýiş we açyk ody ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmegi gadagan etmeli. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan geçirilip, ol ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda adam bilen gaplaňyň arasynda tutluşyk boldy

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ekologiýa ugrundan ýazýan, döredýän žurnalist hökmünde ýurdumyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän Sünt-Hasardag goraghanasynda ýygy-ýygydan bolýaryn. Şeýle saparlaryň birinde dag belentliklerinde ýerleşýän obada bir adama gabat geldim. Ol adam maňa öz durmuşyndan täsin bir wakany gürrüň berdi. Men onuň özüneçekiji gürrüňlerini beýan edilýän wakalara gönüden-göni dahylly adamyň dilinden uly gyzyklanma bilen diňledim we onuň ýatlamalaryny publisistik žanrda okyja ýetirmäge synanyşdym.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Aşgabat şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy maksady Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden düşündirmekden ybarat boldy. Bu çäräni Aşgabat şäher Ýaşlar guramasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurady. Merdan ORAZOW, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Asyrlaryň jümmüşinden bäri Hazar deňzi onuň kenarynda ýaşaýan halklary umumy we özara baglaşdyryjy esas bolup hyzmat edip gelýär. Täze taryhy döwrümizde bolsa bu giňişlikde kenarýaka halklaryň parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamaklaryny üpjün edýän gatnaşyklaryň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan syýasaty alyp barmak bilen, Hazary dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzine, köpugurly ykdysady merkeze öwürýär. Turuwbaşdan bellesek, taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini öz üstünden geçiren Hazarýaka sebiti häzirki wagtda bu ýoluň täzeçe döwrebap keşbiniň möhüm düzüm böleginiň merkezidir. Tutuş sebitiň logistik infrastrukturasyny Ýewraziýanyň deňiz derwezesi bolan Hazaryň ulag halkasyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykata kybapdygyny nygtady.

Peder ýoly dowamat

Ýodalar ýola, ýollar şaýollara öwrülip, ile ýetirýär. Döwletli-döwranly şeýle iliň arasynda öndüren-ösdürenlerinden ýalkanýan adam bakylyga öwrülýär. Sebäbi şeýle «şirin dilli ussatlaryň» — perzentlerine nusgalyk görelde görkezen ynsanlaryň ömürleri dowamata sapýar. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň pederi, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aga hem watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezip, nesilleriň görelde mekdebine öwrüldi. Ýagşyny ýaran edinmek edähedi türkmeniň ganynda bar. Atalaryny başyna täç edinýän, olaryň iýmek, geýmek, ýaşamak mynasybetlerine özlerini jogapkär saýýan ogullar, ene-mamalarynyň halal ýol-ýörelgelerini dowam edýän gyz maşgalalar diňe bir öz aňyrlaryny däl-de, eýsem, tutuş milleti bagtyýarlyga eltýär. Pederleriň taryhyň gatlaryna siňen şöhratyndan gürrüň açylsa, türkmeniň ady, aňyrdan gelýän bady, beýik işleri, ilhalar, ynsanperwer ýörelgeleri ör-boýuna galýar. Biz ony Keý-Kowsuň sargytlaryndan, goja Jygalybegiň öwütlerinden, Görogly begiň watanperwerliginden, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan tapyp bilýäris. Türkmençilik ýolunda ýagşylyk etmek, Watany jan-tenden söýmek, ata-enäni hormatlamak, perzentlerimizi ezizlemek ýokary netije saýylýar. Il bilen toý toýlamak, ýürek arzuwlaryňy paýlaşmak, bir döwüm çöregiňi ikä bölüp, agzybirlik etmek, ýykyla

Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlary ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyryp, bu ugurda öz maslahatlaryny berýär. Elektrik tok geçirijileri daşky örtügi zaýalanan görnüşinde ulanmak, simleriň sütünleri birikdirilende, olary ýönekeý usulda sarap goýmak, elektrik geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanyjy materiallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek, ütügi, elektrik çäýnegidir nahar gyzdyryjylary aşagyna oda durnukly materiallary goýmazdan ulanmak howpludyr. Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr. Enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik ýola goýulmaly, birikdirijileriniň elektrik togy garşylyklaýyn geçip gyzmagynyň öňüni almak üçin olaryň öýjükleriniň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Enjamlaryň elektrik togunda näsazlyklar dörän ýagdaýynda awtomatik ýagdaýda öçmegini üpjün edýän goraýjylar oturdylmaly.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ENÄNIŇ HATDA ÝAZGYDAKY OWAZY HEM ONUŇ ÇAGA BILEN ÖRKÜNI MÄKÄMLEŞDIRÝÄR

Peder pendine ygrarly

Täze taryhy döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini durmuşa ornaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda aýratyn uly orna eýedir. Halkymyzda maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty, ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek däbi bar. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla, tapawudy ýok, maslahatly işleriň netijesi elmydama üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksada okgunly, adamkärçilikli bolýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Uly mümkinçilikleriň giňişligi

Hazar deňzi müňýyllyklaryň dowamynda kenarlarynda ýaşan halklar üçin bereket çeşmesi bolupdyr. Bu gün dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde tanalýan Hazaryň geostrategik ýerleşişi hem-de jümmüşinde jemlenen tebigy baýlyklaryň gorlary kenarýaka döwletlerine uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ählumumy abadançylygyň bähbidine Hazaryň tebigy gurşawyny goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan has ilerledilýän ekologik maksatnamalaryň esasyny düzýär. Tebigatyň täsinligi — Hazar deňzi biziň günlerimize çenli ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelipdir. Deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki, ýagny diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalarda we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine örän ünsli bolmalydygyny ýatladýar. Binalaryň üçekleriniň girelgelerinde, ammarlarda, önümçilik ýa-da edara goşlary saklanýan jaýlarda we beýleki ýerlerde päsgelçilik döredýän zatlary goýmak gadagandyr. Üçekleriň we ýerzeminleriň girelgelerini açyk goýmak kada laýyk däl. Işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmaly däldir. Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşylmadyk ýerlerde dürli elektrik gyzdyryjy enjamlaryny ulanmak, ýeňil tutaşýan ýanyjy suwuklyklary, şeýle hem beýleki ýangyn howply çig mallary saklamak gadagandyr. Ýerli häkimliklerden, Döwlet ýangyn howpsuzlygy müdirliginden ygtyýarnama almazdan, jaýlary özbaşdak täzeden üýtgedip gurnamaga we binadyr desgalary gurmaga rugsat berilmeýär. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek, binalarda we olaryň çäklerinde çilim çekmek, açyk ody, şemleri, feýerwerkleri, pirotehniki önümleri saklamak we peýdalanmak gadagandyr.

«Takyrja oglanly» ýatlama (Durmuş we biz)

Ikindiden soň: «Çigit-beýleki alaýyn» diýip, dükana gitdim. At münüp, atam gomlap gidilip-gelinýän ýer bolmasa-da, gyzgynda şonam kyn görüp, köplenç, oturyberýän. «Selim dükany» diýen ýazgynyň deňine ýetibem: «Wah, goňşy jan, daşyna hernäçe agtygyň adyny daksaňam, barybir, öz adyň bilen tanalýar seniň şu dükanyň» diýşime, ýylgyrasym geldi. Eýesiniň üýtgeşik adyndanmy ýa mekdebiň ýany bolansoň, hemmä golaýlygyndanmy, garaz, alyjysy artmasa, kemelenok şu dükanyň. Şonuň üçin gerek-ýaragy çykan: «Klosuňka baryp-gaýtjak» diýip eňiberýär. Göz öňüme getirýän welin, obadaky dükanlaryň köpüsi daşyna ýazylan at bilen däl-de, eýesiniň ady bilen tanalýar. Onsoň il içinde: «Hanyňky», «Pöküleňki», «Orazdurdyňky»... diýen ýaly sözlerem ýygy eşidilýär. Eýesiniň ady bilen tanalýan dükandan çykyşyma, ýolda bir topar oglanjyklara gabat geldim. Mekdebe oýnamaga barýandyklaryny soramasamam bilýän-dä. Yzyma garama-gara öýe ýetdim. Gelibem, aýagy döwlüp, iki aý bäri oňly daşaryny görmeýän ejemi daşarda oturmaga yrdym. Erbet ýüregim gysýar özümiňem. Günüň ýüzi gaýdyşanam bolsa, çalaja gyzgyn şemal öwüsýär. Üzümimiz bişipdir, birlän-ikilän saralanja injirlerem görünýär. «Iýseň, alaýyn!» diýdim ejeme. Üzümleriň süýjäp ugranyny näbilýäňiz diýsene, eýýäm ary bary hozanak daşynda. Bir salkymy dagy şol durşuna aýraýypdyrlar. Gahar gatyşykly: «Hap-hap, öýüňize myhman gelipdir!» diýip kowşuma, zordan iki sal

Şadyýan tomus — 2024

Erjeller ýeňiş gazandy «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerini gazanmak, olary sporta höweslendirmek, has erjel çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. «Biz bagtyýar çagalar» atly şygar bilen geçirilen sport ýaryşlaryna iň çalasyn oglan-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Kitaphanamyzda okyjylar bilen söhbetdeşlik duşuşygyny guradyk. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Edilen çykyşlara dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlarynyň ýaşlary millilik, watansöýüjilik, dostluk we birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty hakynda gürrüň edildi. Ildeşlerimiz ynsanlary ahlaklylyga, sagdynlyga, agzybirlige ruhlandyrmagyň beýik şahyryň şygryýet dünýäsiniň düýp mazmunyny düzýändigini nygtadylar. Şeýle hem akyldar şahyryň dünýä dillerine terjime edilen goşgularyndan parçalar okaldy. Çykyşlarda berkarar döwletimizde söz ussadynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine hem aýratyn üns çekildi. Kitaphanaçylarymyzyň şanly ýylymyza bagyşlap guran kitap sergisi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Kanunlar — kämilligiň binýady

Döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmegi we kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär. Bu ugurdaky işler döwletimiziň has hem kuwwatlandyrmak bilen birlikde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şertlendirýär. Biz hem raýatlar toparlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklarda halkymyzyň göwnejaý ýaşaýşyny, dynç alşyny, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligini we zähmet şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň käbir kanunçylyk namalaryna girizilýän goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň ähmiýetini düşündirýäris. Görnüşi ýaly, ilaty durmuş taýdan goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän şeýle kanuny özgertmeler, toplumlaýyn işler halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamy has-da artdyrýar. Watanymyzyň nurana geljegini nazarlaýan şeýle beýik işlere gatnaşmak biz üçin uly mertebedir.