"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Hereket howpsuzlygynyň binýady

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi etrabyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugy bilen bilelikde 9-njy orta mekdepde «Hereket howpsuzlygynyň binýady» atly çäre geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri, mekdep okuwçylary we ýaşlar gatnaşdylar. Çärede polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri çykyş edip, ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin ýanýodalardan hem-de pyýadalara niýetlenen köçelerden, şeýle hem ýanýodalaryň we köçeleriň ýok ýerinde ýoluň gyrasyndan ýöremäge rugsat edilýändigi, köçäniň ýanynda oýnamagyň, welosiped sürmegiň howpludygy barada giňişleýin durup geçdiler. Suratlar arkaly ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmeginiň ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýän şertleriň biridigi, köçe-ýol hereketinde seresaplylyk düzgünlerini berk berjaý etmek barada täsirli gürrüň berdiler.

Körpeleriň buýsanjy

Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 160 orunlyk, iki gatly bakja bagynyň binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, bilim işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ak gyňaçly enelerimiz, hormatly ýaşulularymyz gatnaşdy. Aýdym-sazyň astynda al asmana ýüzlerçe şarlar goýberilip, körpeleriň goşgudyr aýdymlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Dilleri senaly gojalarymyz bilen körpelerimiz ähli amatlyklary bolan bakja- bagynyň binasyny birlaý gözden geçirdiler. Binanyň daş-töwereginiň gür baglyga bürelmegi, suw çüwdürimleri we howuzlar, şeýle hem dynç alyş otaglary, naharhana zaly körpeleriň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Türk­men-ow­gan gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­jek mö­hüm tas­la­ma­lar işe gi­ri­zil­di

11-nji sent­ýabr­da Ser­he­ta­bat–Tur­gun­dy de­mir ýol ge­çel­ge­si­niň türk­men-ow­gan ser­he­din­dä­ki uzyn­ly­gy 177 metr­lik de­mir ýol köp­rü­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da «Şat­lyk-1» gaz gy­sy­jy des­ga­sy­nyň düý­bü­ni tut­mak, Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan–Hin­dis­tan trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat–Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, Ser­he­ta­bat–Hy­rat op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ge­çi­ri­ji­si­niň, «Tur­gun­dy» de­mir ýol be­ke­di­niň «gu­ry por­tun­da» am­mar­lar top­lu­my­nyň, Tur­gun­dy–Hy­rat de­mir ýo­lu­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň Tur­gun­dy–Sa­na­bar bö­le­gi­niň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne ba­dal­ga ber­mek, şeý­le hem Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de Ow­ga­nys­ta­nyň Hy­rat we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän «Nur-el-Ja­had» elekt­rik be­ke­di­ni işe gi­riz­mek da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­la­ra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeý­le hem Ow­ga­nys­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Mol­la Mo­ham­mad Ha­san Ahund gat­naş­dy­lar.Ir bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri,

Hem Ar­gen­ti­na, hem-de Bra­zi­li­ýa ýe­ňil­di

Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da 7-8-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy Mes­si­siz ge­çi­ren bu oýun­la­ryn­da 3 utuk ga­zan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da Çi­li­ni Mak Al­lis­te­riň, Al­wa­re­siň hem-de Di­ba­la­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen Ar­gen­ti­na myh­man­çy­lyk­da Ko­lum­bi­ýa­dan as­gyn gel­di. 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ko­lum­bi­ýa­nyň gol­la­ry­ny Mos­ke­ra (25) bi­len Ha­mes Rod­ri­ges (60 p) ge­çir­di. Ar­gen­ti­na­dan Ni­ko Gon­za­le­siň 48-nji mi­nut­da­ky go­ly ýeň­şe ýet­me­di. Şun­luk­da, Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy soň­ky 5 ýyl­da 3-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Tan­go­çy­lar 12 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär­di. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da Ek­wa­do­ry Rod­ri­go­nyň 30-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da kyn­lyk bilen 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Pa­rag­waý­dan Die­go Go­me­siň 20-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1-0 ha­sap bi­len ýe­ňil­di. Bu ola­ryň şu ge­zek­ki saý­la­ma tap­gy­ryn­da­ky 4-nji ýeň­li­şi­dir. Ýag­ny sam­ba­çy­lar 8 oý­nuň deň ýa­ry­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­du­lar. Urug­wa­ýyň ýy­gyn­dy­sy il­ki Pa­rag­waý bi­len, soň­ra myh­man­çy­lyk­da We­ne­sue­la bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­dy. Bu ge­zek­ki oýun­la­ryň öňe ç

Ki­no tä­ze­lik­le­ri

«Hol­ly­wo­od»-yň meş­hur pop­korn fran­şiz ki­no­la­ryn­dan «Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si» (Ju­ras­sic World) film­le­ri­niň tä­ze bö­lü­mi­niň ek­ran­laş­dy­ryl­jak­dy­gy res­mi ýag­daý­da mä­lim edil­di. «Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si: tä­ze­den dog­luş» (Ju­ras­sic World Re­birth) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu film­de baş keşp­ler­de Skar­lett Ýo­hans­son, os­kar­ly akt­ýor Ma­her­şa­la Ali, Jo­na­tan Beý­li hem-de Ru­pert Frend da­gy su­ra­ta dü­şer­ler. «Univer­sal Pictu­res» hem-de «Amb­lin En­ter­ta­in­ment» stu­di­ýa­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki önü­mi bol­jak fil­me Ga­ret Ed­wards re­žiss­ýor­lyk eder. Fil­miň sse­na­ri­si­ni asyl fil­miň sse­na­ri­çi­si De­wid Koepp ýa­zar. Film­de 2022-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan «Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si: Do­mi­ni­on» film­inden 5 ýyl soň­ky wa­ka­lar ba­ra­da gür­rüň ber­ler. Umu­my­lyk­da se­ri­ýa­nyň 7-nji ki­no­sy bol­jak tä­ze film 2025-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­da ki­no­teatr­lar­da gör­ke­zi­lip baş­la­nar. Köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan «Ou­şens» film­ler top­lu­my­nyň 4-nji­si­niň su­ra­ta dü­şü­ril­jek­di­gi ozal ha­bar ber­lip­di. «Ou­şens 14» (Ocean’s 14) ady bi­len ek­ran­laş­dy­ryl­jak film­de os­kar­ly us­sat akt­ýor­lar Jorj Klu­ni bi­len Bred Pit­tiň su­ra­ta düş­jek­di­gi hem ha­bar be­ril­di. Fil­me «Gün­ba­tar front­da tä­ze­lik ýok» (Im Wes­ten nichts Neues) ki­no­sy bi­len ady­gan ger­ma­ni­ýa­ly Ed­ward

81-nji Wenesiýa film festiwaly tamamlandy

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my film fes­ti­wa­ly We­ne­si­ýa ki­no şü­we­le­ňi ta­mam­lan­dy. 81-nji ge­zek ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga – «Al­tyn ýol­bars» baý­ra­gy­na is­pa­ni­ýa­ly us­sat re­žiss­ýor Ped­ro Al­mo­do­wa­ryň «Goň­şy otag» (La ha­bi­tación de al la­do) fil­mi my­na­syp bol­dy. Re­žiss­ýo­ryň iň­lis di­lin­dä­ki il­kin­ji fil­min­de baş keşp­le­ri Ju­li­an­na Mur bi­len Til­da Swin­ton jan­lan­dyr­ýar. Me­lod­rama gör­nüş­li film­de ýa­şa­ýyş we ölüm ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. 11 gün­läp do­wam eden fes­ti­wa­lyň 2-nji uly baý­ra­gy­na – Emin­le­riň «Gran Pri» baý­ra­gy­na ita­li­ýa­ly Mau­ra Del­pe­ro my­na­syp bo­lup, ol «Wer­mi­lio» (Ver­mig­lio) fil­mi üçin bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di. Gru­zi­ýa­ly re­žiss­ýor Dea Ku­lum­be­gaş­wi­li «Ap­rel» (Ap­ril) fil­mi üçin emin­le­riň Ýö­ri­te baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Bre­di Ko­bert «Bru­ta­list» (The Bru­ta­list) fil­mi bi­len iň go­wy re­žiss­ýor «Kü­müş ýol­bars» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Film­de Ad­ri­an Bro­di bi­len Fe­li­si­ti Jons baş keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

An­hin­ga – ýy­lan­bo­ýun guş

Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Ka­rib deň­zin­de duş gel­ýän tä­sin guş­la­ryň bi­ri hem an­hin­ga bo­lup, bu guş­lar ýy­la­na meň­zeş uzyn boý­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da, gy­rym­sy agaç­ly meý­dan­da ýa­şa­ýan bu guş­lar uçup, ýü­züp we su­wa çü­müp bil­ýär­ler. Bo­ýy 85 san­ti­met­re ýet­ýän an­hin­ga­nyň ag­ra­my 2 ki­log­ram­dan geç­me­ýär. Ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 117 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lan bu guş­la­ryň ki­çi­jik kel­le­si bo­lup, boý­ny eg­rem-bug­ram gör­nüş­de­dir. Ga­na­ty­nyň giň­li­gi an­hin­ga­la­ryň aň­sat­lyk bi­len uç­ma­gy­na we ýüz­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ör­de­giň­kä meň­zeş per­de­li aýa­gy bo­lan bu guş­lar ýüz­mä­ge, gy­rym­sy agaç­la­ra we daş­la­ra dyr­maş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. An­hin­ga­lar ug­ry kes­git­le­mek, dur­mak we de­ňag­ram­ly­ly­gy saz­la­mak üçin ýel­pe­wa­ja meň­zeş uzyn guý­ru­gyn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Aýa­gy gys­ga diý­me­seň, bu guş­lar uzak­dan se­re­de­niň­de ge­ro­na hem meň­ze­ýär. Ak-ga­ra ýa-da ýa­şyl-ga­ra ýe­lek bi­len ör­tü­len ýy­lan­bo­ýun guş­lar, esa­san, ba­lyk bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ba­lyk tut­mak üçin bu guş­lar su­wa gi­ren­de di­ňe kel­le­si gör­nüp, göw­re­si aşak çüm­ýär. An­hin­ga­lar ba­lyk­dan baş­ga ow­nuk jan­dar­la­ry we mör-mö­jek­le­ri hem iý­ýär­ler. Ýy­lan­bo­ýun guş­lar çalt­lyk bi­len ýü­züp bil­me­se­ler-de, ök­de aw­çy­lar ha­sap­lan­ýar. Bu guş­lar awu­ny il­ki

Sa­hy­pa­lar nä­me üçin sa­ral­ýar?

Wag­tyň geç­me­gi bi­len ak­ja sa­hy­pa­ly ki­tap­la­ryň sa­ra­lan­dy­gy­ny gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Kö­ne­len ga­ze­te duş ge­le­ni­ňiz­de hem bu ýag­da­ýy gö­ren­si­ňiz. Eý­sem, nä­me üçin wag­tyň geç­me­gi bi­len sa­hy­pa­lar sa­ral­ýar­ka? Ge­liň, bu ba­ra­da öw­re­ne­liň! Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len tek­je­de du­ran ki­ta­by­myz, dep­deri­miz ýa-da ma­ka­la­dyr goş­gu­la­ry­myz çap edi­len ga­ze­ti­miz asyl dur­ku­ny ýi­ti­rip, sa­ral­mak bi­len bol­ýar. Sa­hy­pa­lar du­ran ýe­rin­de kö­nel­ýär. Mu­nuň se­bä­bi­ni şeý­le­räk dü­şün­di­rip bo­lar.

Diş çot­ga­sy ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy?

Ga­dy­my wa­wi­lon­ly­lar we mü­sür­li­ler di­şi­ni aras­sa­la­mak üçin hoş­boý ys­ly agaç­la­ryň şa­ha­jyk­la­ryn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Şeý­le ta­ýa­jyk­la­ryň pars sal­wa­do­ra­sy (la­tyn­ça: «Salvado­ra per­sica») at­ly gy­rym­sy agaç­dan al­nan gör­nü­şi­ne mes­wäk di­ýil­ýär. Bu ösüm­lik De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da, Hin­dis­tan­da, Pa­kis­tan­da we Şri-Lan­ka­da te­bi­gy ýag­daý­da ös­ýär. Arap ýa­ry­ma­da­syn­da diş çot­ga­sy­nyň miladydan öňki 3000-nji ýyl­lar­da oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. «Diş ta­ýa­jyk­la­ry» diý­lip at­lan­dy­ry­lan aras­sa­çy­lyk en­ja­my­ny hy­taý­ly­lar kä­mil­leş­dir­ýär. 1498-nji ýyl­da Hy­taý­da diş çot­ga­sy­nyň döw­re­bap gör­nü­şi­ne pa­tent alyn­ýar. Tä­ze çot­ga süňk ýa-da bam­buk ta­ýa­jy­ga otur­dy­lan doň­zuň tü­ýün­den yba­rat bo­lup­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len Hy­taý­dan Ýew­ro­pa ug­ra­dy­lan diş çot­ga­la­ry kä­mil­leş­di­ri­lip, ýew­ro­pa­ly­lar atyň ýum­şak tü­ýü­ni ula­nyp ug­ra­ýar­lar. 1780-nji ýyl­lar­da Ang­li­ýa­da diş çot­ga­sy­nyň döw­re­bap gör­nü­şi ýa­sal­ýar. 1844-nji ýyl­da hä­zir­ki­le­re meň­zeş 3 ha­tar tüý­li çot­ga­lar oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Em­ma bu çot­ga­lar di­şi aras­sa­la­mak­da dür­li bök­denç­lik­ler dö­red­ýär. 1938-nji ýyl­da fran­suz-ame­ri­kan hi­mi­gi we se­na­gat­çy­sy Du­pont de Ne­mours neý­lon diş çot­ga­sy­ny oý­lap tap­ýar. Şeý­le­lik­de, diş çot­ga­sy­ny ön­dür­mek­de uly ne­

Nä­me üçin çy­zyk­lar bar?

Aw­tou­la­gy­myz­da­ky kä­bir düw­mä­niň ýa-da aý­ra­tyn­ly­gyň nä­me üçin goý­lan­dy­gy­ny bil­mez­li­gi­miz müm­kin. Bu­la­ryň bi­ri hem aw­tou­lag­la­ryň kö­pü­si­niň yz­ky aý­na­syn­da bar bo­lan dik we ke­se çy­zyk­lar­dyr. Eý­sem, bu gy­zyl çy­zyk­lar nä­me üçin go­ýul­ýar­ka, nä­me işi ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­kä? Ma­şy­nyň yz­ky aý­na­syn­da­ky gy­zyl çy­zyk­lar ula­gyň di­za­ýny­na we yz ta­ra­py gör­mek­li­ge päs­gel be­rip bi­ler. Bel­ki bu aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­riň kem­çi­li­gi ýa­ly hem gör­nüp bil­ner. Ýö­ne ýag­daý beý­le däl. So­wuk ho­wa­da yz­ky aý­na­da­ky çy­zyk­lar ar­ka ta­rap­da­ky he­re­ke­ti anyk gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Aw­tou­lag­la­ra go­ýul­ýan gy­zyl çy­zyk­lar as­lyn­da def­ros­ter me­tal­dan ýa-da re­zin­den ýa­sa­lan gö­ze­nek bo­lup, aý­na­nyň ýü­zü­ne ýel­me­nip ber­ki­dil­ýär. Bu gö­ze­ne­giň için­den ga­ty in­çe sim­ler ge­çip, ula­gyň elekt­rik to­gu­na ber­ki­dil­ýär. Elekt­rik to­gy bu sim­le­riň üs­tün­den ge­çen­de, ýy­ly­lyk ön­dü­rip bil­jek gar­şy­lyk ýü­ze çyk­ýar. Bu ýy­ly­lyk aw­tou­la­gyň yz­ky aý­na­syn­da­ky bu­guň ýa-da buz gat­la­gy­nyň çalt­lyk bi­len aý­ryl­ma­gy­na müm­kinç­ilik ber­ýär.

Nem­rut – heý­kel­ler da­gy

Tür­ki­ýä­niň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Nem­rut da­gy ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri we tä­sin heý­kel­le­ri bi­len gö­ren­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Nem­rut da­gy­nyň be­ýik­li­gi 2 müň 134 met­re ba­ra­bar bo­lup, To­ros dag­la­ry­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky iň be­ýik de­pe­le­riň bi­ri­dir. Mi­la­dy­dan öň­ki 62-nji ýyl­da Kom­ma­gen şa­sy An­tio­kus I da­gyň üs­tün­de 8-9 metr be­ýik­lik­dä­ki ul­la­kan heý­kel­le­ri, iki ýol­bar­syň we iki bür­gü­diň heý­ke­li­ni gur­dur­ýar. Bu heý­kel­ler par­fi­ýa we er­me­ni me­de­ni­ýe­tin­den nus­ga al­nyp ýa­sal­ýar. Dag­da­ky her heý­ke­liň öz ady bo­lup, bel­li bir dö­wür­de heý­kel­le­re ze­per ýe­ti­ril­ýär. Heý­kel­le­riň kö­pü­si­niň di­ňe kel­le bö­le­gi sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Nem­rut da­gy 1987-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.

Wi­ta­min­le­re baý ysmanak

Ýaz we güýz aý­la­ryn­da ýe­tiş­ýän sag­ly­k üçin peý­da­ly iý­mit­lik otu­nyň bir gör­nü­şi hem ys­ma­nak­dyr. Ys­ma­nak be­de­ni dür­li wi­ta­min­ler bi­len «iý­mit­len­dir­mä­ge», zy­ýan­ly mad­da­lar­dan aras­sa­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ys­ma­na­gyň ata Wa­ta­ny ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry ha­sap­lan­ýar. Arap söw­da­gär­le­ri­niň bu ösüm­li­gi Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ýaý­rat­ma­gy bi­len ys­ma­nak meş­hur iý­mit hök­mün­de ta­na­lyp baş­lan­ýar. Hat­da bir­nä­çe wag­tyň için­de Ame­ri­ka yk­ly­my­na çen­li ba­ryp ýet­ýär. Wi­ta­min­ler top­lu­my

Ni­ka ýü­zü­gi: söý­gi­niň we gel­je­giň ny­şa­ny

Söý­gi­niň ny­şa­ny bo­lan ni­ka ýü­zü­gi­ni dak­mak dä­bi­niň 3 müň ýyl ozal baş­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Är-aýa­lyň ara­syn­da­ky res­mi bag­la­ny­şy­gy aň­lad­ýan bu ny­şa­nyň iň ga­dy­my gör­nüş­le­ri Mü­sür­den ta­py­lyp­dyr. Pa­pi­rus ýaz­gy­la­ryn­da ke­nep sü­ýü­min­den ýa-da in­çe­jik ga­myş­dan örü­len ýü­zük­ler ba­ra­da bel­le­nil­ýär. Bu ýü­zük­le­ri uzak wagt da­ky­nyp bol­man­dyr. Soň­lu­gy bi­len ga­myş­dyr ke­nep­den ýa­sa­lan ýü­zük­le­riň ýe­ri­ne de­ri­den ýa-da pi­liň süň­kün­den taý­ýar­la­nan hal­ka­lar peý­da bo­lup­dyr. Dag-mag­dan kä­ni­ni ere­dip, me­tal al­mak usu­ly­nyň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len dür­li gör­nüş­li gym­mat ba­ha­ly eg­rem­çe­ler ýa­sa­lyp baş­la­nyp­dyr. Şol ýyl­lar­da adam­lar­da ýü­zü­giň hi­li nä­çe ýo­ka­ry bol­sa, şol ada­myň söý­gü­si hem şon­ça güýç­li di­ýen ga­ra­ýyş bo­lup­dyr. Ni­ka ýü­zü­gi­niň daş­ky te­ge­le­gi ebe­di söý­gi­ni, iç­ki te­ge­le­gi bol­sa gel­je­gi aň­la­dyp­dyr. Nä­me üçin çep ele da­kyl­ýar?

Çip önüm­çi­li­gi­ne ma­ýa goý­ýar

Hy­taý şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da çip ön­dür­ýän en­jam­la­ra re­kord de­re­je­de 25 mil­liard amerikan dol­lary ma­ýa go­ýup, beý­le­ki ýurt­lar­dan öňe geç­di. «Tom’s Hard­wa­re»-iň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ag­zal­ýan dö­wür­de hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­ler pu­da­gy­na go­ýan umu­my ma­ýa go­ýum­y Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Taý­wan­dan we ABŞ-dan köp bol­dy. Bu ma­ýa go­ýum­lar söw­da çäk­len­dir­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Hy­ta­ýyň da­şa­ry ýurt üp­jün edi­ji­le­ri­ne ga­raş­ly­ly­gy azalt­ma­ga ta­gal­la ed­ýän­di­gi bi­len şert­len­ýär. Hy­ta­ýyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň önüm­çi­li­gi üçin en­jam­la­ra umu­my ma­ýa go­ýu­my­nyň 2024-nji ýyl­da 50 mil­liard amerikan dol­la­ryna ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

1,1 mil­li­on­dan gow­rak iş ýe­ri dö­re­dil­di

Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry soň­ky üç ýyl­da Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da 1,1 mil­li­on­dan gow­rak iş or­nu­ny dö­ret­di. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Wan I mä­lim et­di. «Di­ňe soň­ky üç ýy­lyň do­wa­myn­da bi­ziň ýur­du­my­zyň kom­pa­ni­ýa­la­ry Af­ri­ka­da 1,1 mil­li­on­dan gow­rak iş or­nu­ny dö­ret­di» diý­lip, Hy­ta­ýyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň web sa­hy­pa­syn­da hy­taý­ly dip­lo­ma­tyň söz­le­ri ge­ti­ril­ýär. Wan I Hy­taý-Af­ri­ka hyz­mat­daş­ly­gy fo­ru­my­nyň (HAHF) Pe­ki­n bi­len se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­da mö­hüm rol oý­na­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ol bi­le­lik­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn tas­la­ma­la­ryň af­ri­ka­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dy­ran­dy­gy­ny bel­le­di.

Tä­ze me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di

Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­ki­an ýur­duň paý­tag­ty­ny Täh­ran­dan gü­nor­ta ser­het ýa­ka­la­ry­na, Pars aý­la­gy­nyň ke­nar­la­ry­na gö­çür­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di. Bu ba­ra­da «Fars» agent­li­gi ha­bar ber­di. «Täh­ran ýur­duň paý­tag­ty bol­mak bi­len, paý­tagt mer­ke­zi­ni gö­çür­mek­den baş­ga çöz­güt ta­pyp bol­ma­jak me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz gal­ýar» di­ýip, «Fars» agent­li­gi Pe­zeş­kia­nyň söz­le­ri­ni ge­tir­di.

Kos­mos mis­si­ýa­sy­ny ta­mam­la­ýar

Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň Gah­ry­ma­ny, «Ros­kos­mos»-yň kos­mo­nawt­lar to­pa­ry­nyň ser­ker­de­si, or­bi­ta­da uzak wagt­ gal­mak­da dün­ýä re­kor­dy­nyň eýesi Oleg Ko­no­nen­ko bä­şin­ji kos­mos eks­pe­di­si­ýa­sy­ny ta­mam­lap, 23-nji sent­ýabr­da Ýe­re do­lan­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. 375 gün do­wam eden bu mis­si­ýa hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy (HKS) mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de iň uzyn döw­ri öz içi­ne al­dy. Türk­me­na­bat şä­he­rin­de dog­lan we Rus­si­ýa­nyň iň tej­ri­be­li kos­mo­naw­ty bo­lan Oleg Ko­no­nen­ko şu ýy­lyň 4-nji few­ra­lyn­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk sep­gi­de ýet­di we Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gün bo­lan ta­ry­hda il­kin­ji ada­m bol­dy. Bu re­kord 2023-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da baş­la­nan hä­zir­ki mis­si­ýa­sy wag­tyn­da go­ýul­dy. Şon­da ol «So­ýuz MS-24» kos­mos gä­mi­sin­de HKS-70/71 eks­pe­di­si­ýa­sy­nyň ser­ker­de­si hök­mün­de HKS-e ba­ryp­dy.

Ça­dyr gör­nüş­li sta­di­on gur­lar

2030-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na çen­li Ma­rok­ko­da ça­dyr gör­nüş­li ägirt sta­dio­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Grand Sta­de Has­san II» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak sta­di­onyň 115 müň­den gow­rak to­ma­şa­çy­ny ka­bul edip bil­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Bu tas­la­ma Fran­si­ýa­nyň «Po­pu­lo­us we Oua­la­lou + Choi» bi­na­gär­lik eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Stadion Ka­sab­lan­ka­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky El-Man­su­ra şä­he­rin­de 100 gek­tar meý­dan­da ýer­le­şer. Bi­na­gär­ler ça­dyr gör­nüş­li di­zaý­ny dö­ret­mek­de Ma­rok­ko­nyň däp-des­sur­la­ryn­dan yl­ham alyp­dyr­lar. Sta­dio­nyň üçe­gi 32 sa­ny mer­du­wa­nyň hal­ka­la­ry­na da­ýan­ýan al­ýu­min gö­ze­nek­ler­den ýa­sa­lar. Mün­ber­ler umu­my zo­la­ga we VIP bö­lü­me bö­lü­ner. Şeý­le hem «oa­zis» tä­sir­le­ri­ni dö­red­ýän, 28 metr be­ýik­li­ge gal­dy­ry­lan meý­dan­ça­lar­da ýer­leş­jek köp de­re­je­li bag­lar bo­lar. Bi­rin­ji gat­da bo­ta­ni­ka ba­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di

8-13-nji sent­ýabr­ aralygynda Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na­ şäherinde Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di. «Ym­gyr säh­ra­da­ky du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da geç­irilen sport çä­re­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ar­tist­le­riň üç müň­den gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da «As­ta­na Are­na» sta­dio­nyn­da gu­ral­dy. Bu da­ba­ra Ga­za­gys­ta­nyň mil­li baý­da­gy­nyň hem-de Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň baý­da­gy­nyň gal­dy­ryl­ma­gy we se­na­sy­nyň ýaň­lan­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Il­ki gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi ge­çi­ril­di. Mün­be­riň öňün­den beýleki ýurtlaryň tür­gen­le­ri bilen birlikde türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler hem geçdi.

79-njy ses­si­ýa öz işi­ne baş­la­dy

10-njy sent­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si öz işi­ne baş­la­dy. Ýyl­lyk ses­si­ýa­nyň gün ter­ti­bi dün­ýä­niň kä­bir se­bit­le­rin­de ýü­ze çy­kan çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mek, dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek we ös­ýän ýurt­la­ra kö­mek ýa­ly dür­li me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar. Tä­ze ses­si­ýa­nyň esa­sy wa­ka­sy, däp bol­şy ýa­ly­, 24-nji sent­ýabr­dan 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da, şeý­le hem 30-njy sent­ýabr­da gu­ral­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat ha­sap­lan­ýar. Mas­la­ha­ta köp san­ly döw­let ýol­baş­çy­la­ry we mi­nistr­ler gat­na­şyp, mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da çy­kyş ed­ýär­ler. Bu ýyl her ýyl­ky ses­si­ýa­nyň çä­gin­de il­kin­ji ge­zek «Gel­je­giň sam­mi­ti» gu­ra­lyp, onuň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­lyk we glo­bal howp­suz­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Sam­mi­tiň ahy­ryn­da «Gel­jek üçin şert­na­ma», «Glo­bal san­ly yla­la­şyk» we «Gel­jek­ki ne­sil­ler üçin jar­na­ma» tas­syk­la­nar. Bu çä­re has go­wy gel­je­ge nä­dip ýe­tip bol­jak­dy­gy we gel­je­gi nä­dip üp­jün et­me­li­di­gi ba­ra­da tä­ze hal­ka­ra yla­la­şy­gy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len 22-23-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­ler.