"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Aratapawut 1 utuga düşdi

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Be­tis» bi­len du­şu­şyp, 90+4-nji mi­nut­da ýeň­şi el­den gi­der­di. Du­şu­şyk­da ka­ta­lon­la­ryň gol­la­ry­ny Le­wan­dows­ki (39) bi­len Fer­ran Tor­res (82), ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny-da Lo Çel­so (68 p) bi­len Diao (90+4) ge­çir­di. Myh­man­çy­lyk­da «Ži­ro­na­ny» Bel­lin­gam (36), Gü­ler (55) hem-de Mbap­pe­niň (62) gol­la­ry bi­len 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Re­al Mad­rid» 1 oý­ny kem hem bol­sa, sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» bi­len ara­ta­pa­wu­dy 1 utu­ga dü­şür­di. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «At­le­ti­ko Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da ta­ry­hy kem­bek bi­len «Se­wil­ýa­ny» 4-3 ha­sa­byn­da ut­dy. De Pau­lyň go­lu­na gar­şy­lyk Lu­ke­ba­kio, Ro­me­ro hem-de Hu­an­lu­nyň gol­la­ry bi­len 3-1 öňe ge­çen «Se­wil­ýa» soň­ky 30 mi­nut­da 3 gol ge­çirt­di. Gol­la­ryň 2-si­ni, şol san­da 90+4-nji mi­nut­da ýe­ňiş go­lu­ny An­tu­an Griz­mann, beý­le­ki­si­ni-de Li­no öz ady­na ýaz­dyr­dy.

26 ýyl ga­raş­dy­ran çempionlyk

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy BAE-niň paý­tag­ty Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. «Ýas Ma­ri­na» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýeňiji bol­dy. Ol 58 aý­la­wy 1 sa­gat 26 mi­nut 33,291 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu ýe­ňiş F1-iň ga­dy­my 2-nji konst­ruk­to­ry­na, bri­tan to­pa­ry­na ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dyr­dy. «McLa­ren» to­pa­ry soň­ky ge­zek 1998-nji ýyl­da, 26 ýyl ozal çem­pi­on bo­lup­dy. Bu «McLa­ren»-iň 9-njy çem­pi­on­ly­gy bo­lup, to­par 2-nji ýer­dä­ki «Wil­liams» bi­len deň­leş­di. «McLa­ren» to­pa­ry mun­dan öň 1974-nji, 1984-nji, 1985-nji, 1988-nji, 1989-njy, 1990-njy, 1991-nji hem-de 1998-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da iň köp çem­pi­on­lyk «Fer­ra­ri» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, ital­ýan konst­ruk­to­ry­nyň 16 çem­pi­on­ly­gy bar. Şu möw­süm­de soň­ky tap­gy­ra çen­li ýi­ti gö­re­şen «Fer­ra­ri» to­pa­ry 2008-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­ga go­laý ge­lip­di. Kar­los Saýns Ju­ni­or bi­len Şarl Lek­leriň Abu Da­bi «Gran Pri­sin­de» 2-3-nji ýer­le­ri eýe­le­me­gi «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na ýe­ter­lik bol­ma­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry (652 utuk) «McLa­ren» to­pa­ryn­dan (666 utuk) 14 utuk yza ga­lyp, möw­sü­mi 2-nji bas­gan­çak­da ta­mam­la­dy. Soň­ky 2 möw­sü­miň çem­pio­ny

Klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gy 25-iň bi­je­le­ri çe­kil­di

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da il­kin­ji ge­zek 32 klu­buň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek FI­FA Klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. ABŞ-nyň Ma­ýa­mi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­li­şe FI­FA-nyň ýol­baş­çy dü­zü­mi, çy­kyş et­jek klub­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ozal­ky ze­nan­dyr er­kek ýyl­dyz fut­bol­çy­lar gat­naş­dy­lar. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, 32 klub 4 to­par­dan 8 to­par­ça paý­lan­dy. Ýa­ry­şa Ýew­ro­pa­dan 12, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan 6, Azi­ýa­dan 4, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan 4, Af­ri­ka­dan 4, Okea­ni­ýa­dan 1 hem-de ýer eýe­si hök­mün­de-de 1 klub gat­naş­ýar.

«Çel­si­niň» yz­ly-yzy­na 5-nji ýeň­şi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ewer­ton» bi­len «Li­wer­pu­lyň» ara­syn­da­ky Mer­si­saýd der­bi­si ho­wa ýag­da­ýy se­bäp­li oý­nal­ma­dy. Lon­don der­bi­sin­de «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ham» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň 2-0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 4-3 ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bas­syr 5-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, 8 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny San­ço, Pal­mer (2) hem-de Fer­nan­des ge­çir­di. Il­kin­ji 11 mi­nut­da 2 gol sa­lan «Tot­ten­ha­myň» adyn­dan So­lan­ke, Ku­lu­sews­ki hem-de Son ta­pa­wut­lan­dy. Baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de-de «Ful­ham» bi­len «Ar­se­nal» utuk­la­ry paý­laş­dy­lar. Mun­dan öň­ki tap­gyr­da 7 oýun­dan soň ýe­ňiş ga­za­nan «Man­çes­ter Si­ti» myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­las» bi­len 2-2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, ýe­ne-de utuk ýi­tir­di. «Old Traf­ford­da» «Not­tin­gam Fo­res­ti» ka­bul eden «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 3-2 ha­sa­byn­da utul­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da di­ňe 1 ge­zek deň­me-deň oý­nap, ga­lan­la­ry­ny ýe­ňen «Brent­ford» to­pa­ry «Nýu­kas­ly» 4-2 ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

«LA Galaksi» MLS kubogynyň eýesi

ABŞ-nyň çem­pio­na­ty MLS-de çem­pi­on bel­li bol­dy. Pleý-off tap­gy­ry­nyň fi­nal du­şu­şy­gyn­da «Nýu Ýork Red Bulls» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war eden «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry MLS-iň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ka­li­for­ni­ýa­nyň Kar­son şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny 9-njy mi­nut­da Ýo­sef Pains­til bi­len 13-nji mi­nut­da De­ýan Ýo­wel­ýiç ge­çir­di. «Nýu Ýork Red Bulls» to­pa­ry­nyň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 28-nji mi­nut­da Şon Nils öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, «LA Ga­lak­si» to­pa­ry 10 ýyl­dan soň MLS Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Mar­ko Roýs, Ma­ýa Ýo­şi­da, Riui Pu­ig ýa­ly oýun­çy­la­ryň çy­kyş ed­ýän «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry mun­dan öň 2002-nji, 2005-nji, 2011-nji, 2012-nji we 2014-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. 4 ge­ze­gem fi­nal­da utu­lan «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry MLS Ku­bo­gy­ny iň köp eýe­län to­par­dyr. «Nýu Ýork Red Bulls» 2008-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

29 ýyl­dan soň 3-nji gezek

Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da çem­pi­on iň soň­ky tap­gyr­da bel­li bol­dy. 38-nji tap­gy­ryň çä­gin­de sa­na­wyň li­de­ri «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Sao-Pau­lu» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny, 2-nji ýer­dä­ki «Pal­mei­ras» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Flu­mi­nen­se» to­pa­ryn­dan 1-0 as­gyn gel­di. Ne­ti­je­de, «Bo­ta­fo­ga» bi­len «Pal­mei­ra­syň» ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy 6-a çyk­dy we Rio de Ža­neý­ro şä­he­ri­niň we­ki­li 29 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry mun­dan öň 1968-nji we 1995-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. Go­laý­da ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy­ny hem ga­za­nan to­pa­ra por­tu­ga­li­ýa­ly Ar­tur Žor­že tä­lim ber­ýär. Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da bas­syr 3-nji, soň­ky 6 ýyl­da 4-nji ge­zek por­tu­ga­li­ýa­ly tä­lim­çi­ler çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry bir möw­süm­de hem Li­ber­ta­do­res Kubogyny, hem-de mil­li li­ga­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji bra­zil klu­bu­dyr. On­dan öň­de «San­tos» 2 (1962, 1963) hem-de «Fla­men­go» 1 (2019) ge­zek şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zip­di. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry 2021-nji ýyl­da 2-nji li­ga­da – «Se­rie B»-de çem­pi­on bo­lup­dy. «Bo­ta­fo­ga» Bra­zi­li­ýa­da 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan 11-nji klub hök­m

Hepdäniň esasy duşuşyklary

13-nji dekabr (anna) Fraýburg – Wolfsburg (00:30)

Etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler

Et sag­lyk üçin iň peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri bo­lup, be­lo­gyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Be­lok dyr­nak­dan baş­lap, be­den ag­za­la­ry­nyň äh­li­si üçin ze­rur bo­lan mad­da­la­ryň bi­ri­dir. Köp­ler eti her gün iý­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam et iý­me­gi ha­la­ma­ýar. Bi­ler­men­ler etiň dü­zü­min­de sak­lan­ýan wi­ta­min­dir peý­da­ly mad­da­la­ry beý­le­ki iý­mit­ler­den hem alyp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ge­liň, be­lo­ga baý, etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Mer­ji­mek. B wi­ta­mi­ne, fo­la­ta, mar­ga­ne­se, dem­re, be­lo­ga we sü­ýü­me baý iý­mit ha­sap­lan­ýan mer­ji­mek­den, esa­san, çor­ba bi­şi­ril­ýär. Bir şa­kä­se mer­ji­mek çor­ba­syn­da be­den üçin her gün ze­rur bo­lan sü­ýü­miň üç­den bir bö­le­gi sak­lan­ýar. Aş­ga­zan­da tiz öz­leş­ýän bu ýe­ňil­jek çor­ba ada­my uzak wagt­lap dok sak­la­ýar. Be­de­ni kuw­wat­lan­dyr­ýan bu iý­mit aşgazan-içege ulgamyndan baş­lap, ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni ka­da­ly sak­la­ma­ga we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

«Pan­to­ne»: 2025-nji ýy­lyň reň­ki saý­lan­dy

«Pan­to­ne» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy çär­ýek asyr­dan gow­rak wagt bä­ri ýy­lyň reň­ki­ni saý­la­mak dä­bi­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. «Pan­to­ne» ta­ra­pyn­dan gel­jek ýy­lyň reň­ki «ewo­ka­tiw ýum­şak go­ňur» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan «PAN­TO­NE 17-1230 Mocha Mo­us­se» saý­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri bu reň­ke «duý­gur we ra­hat­lan­dy­ry­jy ýy­ly­lyk be­ri­ji go­ňur reňk» di­ýip ba­ha ber­ýär­ler. Ka­kao, şo­ko­lad we ko­fe­niň ýa­kym­ly duý­gu­sy­ny ber­ýän bu reňk ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar. «Pan­to­ne» reňk ins­ti­tu­ty her ýy­lyň de­kabr aýyn­da in­di­ki ýyl üçin haý­sy­dyr bir reň­ki saý­la­ýar. Bu ýyl 26-njy ge­zek gel­jek ýy­lyň reň­ki­ni mä­lim eden «Pan­to­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri ýum­şak go­ňur reň­kiň mo­da äle­min­de, di­zaýn iş­le­rin­de, pop me­de­ni­ýe­tin­de we adam psi­ho­lo­gi­ýa­syn­da uly orun eýe­le­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Il­kin­ji ge­zek 1999-njy ýyl­da ýy­lyň reň­ki saý­la­nyp, «Sky Blue» şol ýy­lyň reň­ki bo­lup­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň reň­ki «Pan­to­ne 13-1023 Peach Fuzz» bo­lup, ýy­ly mä­mi­şi öwüş­gin­de şöh­le­len­dir­di.

«Ber­ni­na Express» meş­hur ot­ly sy­ýa­ha­ty

Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da soň­ky ýyl­lar­da üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri hem ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­dyr. Me­ge­rem, köp adam ot­lu­ly bir­nä­çe ýur­dy aý­lan­ma­gy, ýo­lug­ra şä­her gö­zel­lik­le­ri­ni we owa­dan te­bi­ga­ty syn­lap git­me­gi ha­la­ýan bol­sa ge­rek. Ot­ly sy­ýa­hat­la­ryn­da «Em­pi­re Bu­il­der», «The Ghan», «Bel­mond Hi­ram Bing­ham», «Qing­hai-Ti­bet Ra­il­way» öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. «Ber­ni­na Express» hem meş­hur ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, Ita­li­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň er­te­ki ýa­ly owa­dan­lyk­la­ry­ny syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Iki gap­da­ly giň pen­ji­re­ler bi­len ör­tü­len gy­zyl wa­gon­lar daş-tö­we­re­gi syn­lap git­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir. Pa­no­ra­mik wa­gon­da­ky lýuks otur­gyç­da otu­ryp, buz­luk­la­ry, köl­le­ri syn­lap, tun­nel­ler­den we köp­rü­ler­den ge­çip bar­şy­ňa özü­ňi film­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­syň. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Çur şä­he­rin­den ýo­la dü­şen ot­ly sy­ýa­ha­ty Ba­zel, Sýu­rih, Alp dag­la­ryn­dan ge­çip, Mi­lan­dan Ti­ra­no (Ita­li­ýa) şä­he­ri­ne bar­ýar. Dün­ýä­niň iň dik ga­ýa­la­ryn­dan geç­ýän «Ber­ni­na Express» ot­ly sy­ýa­ha­ty 4 sa­gat do­wam ed­ýär. Ot­ly ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len 122 ki­lo­metr­lik de­mir ýol­dan ýö­räp, 196 köp­rü­den, 55 tun­nel­den, be­lent­lik­ler­den, gar­ly dag ge­riş­le­rin­den we he­mi­şe gök öw­süp otu­ran

Taryhda şu gün

1972-nji ýy­lyň 11-nji de­kab­ryn­da ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry Ýu­jin Ser­nan we Har­ri­son Şmitt XX asyr­da kos­mos gä­mi­si­niň (Apol­lon 17) Aýyň üst­ki gat­la­gy­na al­tyn­jy we soň­ky ge­zek go­nu­şy­ny ama­la aşyr­dy­lar. Aý mo­du­ly­nyň Aýyň üs­tün­de gal­ma­gy­nyň umu­my do­wam­ly­ly­gy 75 sa­ga­da deň bol­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ga­za­gys­ta­nyň ila­ty art­ýar. Ga­za­gys­ta­nyň ila­ty 2024-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da 20 mil­li­on 244 müňe golaýlady. Mil­li sta­tis­ti­ka gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ryna gö­rä, ýurtda şä­her ila­ty 12,727,404 ada­ma, oba ila­ty 7,516,577 ada­ma deň. Gö­ge uza­ýan bas­gan­çak­lar. Hy­taý­da ýi­ti duý­gu­la­ry ha­la­ýan­la­ra be­ýik­li­gi 1,5 müň metr­lik bas­gan­çak­dan ýö­räp ýo­ka­ry çyk­mak tek­lip edil­ýär. Ho­puk­dy­ry­jy ýo­ly di­ňe ýü­rek­li­ler geçip bilýärler. «As­man bas­gan­ça­gy» att­rak­sio­ny Si­sin da­gyn­da gu­rul­dy. 168 metr­lik uzyn­lyk­da­ky des­ga iki ga­ýa­nyň ara­syn­da ber­ki­di­lip, 50 de­re­je gy­şa­ryp gid­ýär.

Belent binanyň gurluşygyna badalga berildi

Hy­ta­ýyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Şenç­žen şä­he­rin­de «Chi­na In­ter­na­tio­nal Ma­ri­ne Con­tai­ners Group» (CIMC) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze ştab-kwar­ti­ra­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Be­ýik­li­gi 270 metr bo­lan ägirt uly bi­na­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy di­ňiň için­de bir­nä­çe gat­dan yba­rat jem­gy­ýet­çi­lik üçin ni­ýet­le­nen ýa­şyl zo­lak bo­lar. Ka­şaň bi­na­da dür­li ofis­ler, şeý­le hem 60 müň­den gow­rak iş­gär üçin ni­ýet­le­nen söw­da we kon­fe­ren­si­ýa otag­la­ry ýer­le­şer. Bi­na­da­ky ýa­şyl zo­lak iş­gär­le­re da­şa­ry çyk­man gü­nor­tan­lyk ara­kes­me­sin­de te­bi­gat­da dynç al­ma­ga we Sýan­haý aý­la­gy­nyň pa­no­ra­ma­ly gör­nüş­le­ri­ne to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem be­lent bi­na­nyň üçe­gin­de bag­lar bo­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, bu bi­na yşyk­lan­dy­ryş üçin ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni azalt­mak, ýa­gyş suw­la­ry­ny ýyg­na­mak we ga­lyn­dy­la­ry aras­sa­la­mak mak­sa­dy bi­len «akyl­ly» sen­sor ul­gam­la­ry bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lar. Tas­la­ma daş­ky gur­şa­wa ze­per ýe­tir­mez we se­riş­de­le­ri tyg­şyt­lar. Bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­ny 2029-njy ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

ÝHHG-niň tä­ze Baş sek­re­ta­ry

Tür­ki­ýä­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň öň­ki baş­ly­gy we Tür­ki­ýä­niň BMG-dä­ki öň­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Fe­ri­dun Si­nir­li­og­lu Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) tä­ze Baş sek­re­ta­ry bol­dy. «ÝHHG-niň tä­ze ýol­baş­çy­la­ry­ny gut­la­ýa­rys. Fe­ri­dun Si­nir­li­og­lu (Tür­ki­ýe) – Baş sek­re­tar. Ma­ri­ýa Te­la­li­an (Gre­si­ýa) – De­mok­ra­tik gu­ra­ma­lar we adam hu­kuk­la­ry eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy, Kris­tof Kamp (Ni­der­land­lar) – ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry, Ýan Bra­tu (Nor­we­gi­ýa) – Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň azat­ly­gy bo­ýun­ça we­kil» di­ýip, gu­ra­ma­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Mal­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ýan Borg X sa­hy­pa­syn­da­ky ak­ka­un­dyn­da ýaz­dy.

Ýerasty muzeýe öwrülen metro

Gre­si­ýa­nyň ikin­ji uly şä­he­ri Sa­lo­ni­ki­de gur­lu­şy­gy 20 ýyla golaý do­wam eden met­ro işe gi­ri­zil­di. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Gre­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu, Prem­ýer-mi­nistr Ki­ria­kos Mi­so­ta­kis, hö­kü­met ag­za­la­ry we sy­ýa­sat­çy­lar gat­naş­dy. Sa­lo­ni­ki met­ro­sy 13 stan­si­ýa­ny we 9,6 ki­lo­met­re uza­ýan ýo­ly öz içi­ne al­ýar. Sa­lo­ni­ki özü­niň met­ro ul­ga­my bi­len Afi­ny­dan soň ýurt­da ikin­ji şä­her bol­dy. Metronyň her ugur boýunça sagatda 18 müňe çenli ýolagçy gatnatmak mümkinçiligi bolup, her günde, takmynan 254 müň ýolagça hyzmat edip biler. Şeýle hem bu metrony 2040-njy ýyla çenli 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän halkara howa menziline çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Hä­ki­mi­ýet­ler bu met­ro­ny Ýew­ro­pa­da iň döw­re­bap met­ro di­ýip ba­ha ber­ýär­ler, se­bä­bi bu ýer­de 18 sa­ny ot­ly sü­rü­ji­siz, di­ňe hyz­mat­çy­la­ryň ýar­da­my bi­len he­re­ket edýär.

BBC: yl­ham ber­ýän 100 ze­nan

BBC kor­po­ra­si­ýa­sy dün­ýä­niň yl­ham be­ri­ji we tä­sir­li 100 ze­na­nynyň bu ýyl­ky sa­na­wy­ny mä­lim et­di. 2024-nji ýy­lyň sa­na­wy­na alym­lar, sy­ýa­sat­çy­lar, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri, tür­gen­ler we sun­gat iş­gär­le­ri gir­di. Sa­na­wa gi­ren­le­riň ara­syn­da No­be­liň fi­zio­lo­gi­ýa we luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si, ame­ri­ka­ly bio­hi­mik Ka­ta­lin Ka­ri­ko, şeý­le hem No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gynyň eýe­si, adam hu­kuk­la­ry­ny go­raý­jy yrak­ly Na­di­ýa Mu­rad bar. Tür­gen­le­riň ara­syn­da ame­ri­ka­ly bel­li ýe­ňil at­le­ti­ka­çy El­li­son Fe­liks, Olim­pi­ýa me­da­ly­nyň al­ty­sy­ny ga­za­nan bra­zi­li­ýa­ly gim­nas­ti­ka­çy Re­be­ka And­ra­de, ow­gan pa­rat­hek­won­do­çy Za­ki­ýa Hu­da­da­di, şeý­le hem Pa­riž Olim­pia­da­sy­na alyp ba­ran mah­mal pi­li bi­len jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň ün­sü­ni çe­ken gü­nor­ta ko­re­ýa­ly aty­jy Kim Ýe Ji bar.

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (СOP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň bu mas­la­hat­da dün­ýä­de we se­bit­de suw­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da suw me­se­le­si bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dia­lo­gyň ne­ti­je­si kes­git­le­nen­de oňa gat­na­şy­jy­la­ryň iki sa­ny esa­sy düz­gü­ne, ýag­ny suw se­riş­de­le­ri­niň aýaw­ly ula­nyl­ma­gy­na hem-de ada­lat­ly paý­la­nyl­ma­gy­na gür­rüň­siz eýer­me­li­di­gi ba­ra­da bel­läp geç­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz suw me­se­le­sin­de üç mö­hüm ka­da­dan ugur al­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­la­ryň bi­rin­ji­si – hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­jaý edil­me­gi. Suw se­riş­de­le­ri umu­my baý­lyk­dyr, onuň ula­nyl­ma­gy umu­my yk­rar edi­len ka­da­lar, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­sy esa­syn­da düz­gün­leş­di­ril­me­li­dir. Ikin­ji­si – öza­ra bäh­bit­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy. Ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň ze­rur­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ly­dyr. Di­ňe şeý­le çe­me­leş­me ada­lat­ly­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün edip bi­ler. Üçün­ji­s

Türk­me­nis­tan-BMG: tä­ze ka­rar­na­ma­lar we tä­ze se­bit mer­kez­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si has-da be­len­de gal­ýar. Dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şul­ýan hem-de özü­niň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýän ýur­du­myz bü­tin dün­ýä­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge my­na­syp go­şant go­şup, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ne do­ly gü­wä geç­ýär. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da türk­men hal­ky ýe­ne-de bir hoş ha­ba­ra şa­ýat bol­dy, ýag­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ikin­ji ge­zek ka­bul et­di. 2017-nji

Ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň bar­ha gi­ňel­me­gi, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ýyg­jam­laş­ma­gy, da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň da­ba­ra­lan­ma­gy we bu ugur­la­ry gel­jek­de has-da ös­dür­mek ug­run­da­ky mak­sat­na­ma­lar dö­wür­deş ýaş­la­ry­myz­dan dün­ýä dil­le­ri­ni iç­gin öw­ren­mek­li­gi ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy hem şol mak­sa­da gö­nük­di­ri­len­dir. Ag­za­lan Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da­ky ta­gal­la­lar ýaş nes­le bi­lim-ter­bi­ýe ber­me­giň, ene di­li­miz bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni üz­nük­siz okat­ma­gyň bi­te­wi ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­mek­de, ony hil taý­dan dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da mö­hüm bo­lup dur­ýar.

Beýik işlere buýsanç

Ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da döw­le­ti­miz­de esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýaş­la­ryň uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ma­gy, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, dö­ret­me­gi, gur­ma­gy, sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­lar bi­zi has-da be­gen­dir­ýär, buý­san­dyr­ýar. El­bet­de, ýaş nes­liň kä­mil­li­gi di­ýil­se, il­ki bi­len, bi­lim ul­ga­myn­da­ky şert­ler göz öňüňde jan­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, olar­da ze­rur en­jam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we usu­ly­ýet­le­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gyn­da, saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­gyn­da, ola­ry ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly edip ýe­tiş­dir­mek­de mu­gal­lym­la­ra ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­de ta­lyp­la­ry ýe­tiş­dir­me­giň jo­gap­kär­çi­li­gi uly bo­lup, biz ― mu­gal­lym­lar ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da ta­gal­la­