"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy

MIZEMEZ ASUDALYGYŇ KEPILI Bu şanly sene — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, hakykatdan-da, altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan ýurdumyz häzir diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri hökmünde ykrar edildi. Garaşsyz Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna hemişe wepaly bolup galýar.

Sylaglaryňyz gutly bolsun

KÖŇÜLLERI BUÝSANDYRDY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralary älem içre ýaň salýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaralanýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana şahyrymyzyň baý döredijiligine goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

ŞATLYKLY WAKANYŇ GUWANJY Asly Oguz handan gaýdýan merdana türkmen halkynyň toýdur baýramlary goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary netijesinde ujypsyzja zähmetimize, şeýle uly baha berilmegi örän buýsandyrýar. Bu bolsa, gije-gündiz arman--ýadaman halal zähmet çekmäge, ýaşlarymyzy watançylyk we millilik ruhda terbiýelemäge ruhlandyrdy.

TDP-niň döredilmeginiň 33 ýyllygyna

TUTUMLY IŞLER ROWAÇLANÝAR Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleri özleriniň syýasy-guramaçylyk işlerini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, Maksatnamalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmäge, durmuşa geçirmäge gönükdirýärler. Düzüminde 1240-dan gowrak ilkinji partiýa guramalaryny, 45 müňe golaý agzalary özünde jemleýän welaýat komitetimiz partiýa agzalaryny, ilkinji nobatda ýaşlarymyzy ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar esasynda terbiýelemäge uly üns berýär.

14-nji dekabr Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň günüdir

HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGYNA MYNASYP SOWGAT Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary Garaşsyz, Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň zamanasy bolýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini gazanylýar. Aýratynam, milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ýürekden bir sözüm bar

MÖHÜM WEZIPELER KESGITLENILDI Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýramy giňden bellenilip geçildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bellenilen Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşi hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Watanymyzyň geçen şöhratly ýoluny, mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary barada giňişleýin durup geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa, öz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seljerme berdi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek, özgertmek bilen bagly möhüm resminamalara gol çekdi.

Şanly ýylyň buýsançly sepgitleri

Gadymy halkymyzyň baý edebi mirasy bolup, ajap eýýamymyzda ony öwrenmekde we dünýä ýaýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen tutumly işlere badalga berilýär. Dogrusy, üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň beýik şahyrymyzyň edebi mirasynyň dünýä dolan belent sarpasynyň dabaraly çäreleri bilen Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Ak şäherimiz Aşgabatda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy şanly ýylyň taryhy wakasy boldy.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

ZÄHMET KANUNÇYLYGY Türkmenistanyň Zähmet kodeksi hem ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlarynyň biridir. Kodeksde zähmet gatnaşyklarynyň guramaçylyk-hukuk kadalary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalarda, guramalarda, aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklary düzgünleşdirilendir.

Asudalygyň goragynda

Sagdyn durmuşyň höziri Dana halkymyz geçmişde-de neşekeşligi, çilimkeşligi, naskeşligi ýazgarypdyr. Muňa nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan göz ýetirmek bolýar. Neşekeşlikdir beýleki zyýanly endiklerden daşda bolunmagy maşgala agzybirliginiň, eşretli durmuşyň kepilidir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmakda uly tagallalar edilýär we bu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdinde gowy netijeler gazanylýar.

Ömrümiziň rahatlygy özümize bagly

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek derwaýys meselä öwrülýär. Sebäbi, köçe-ýollarda ulaglaryň sany artyp, olarda gatnaw ýylsaýyn ýokarlanýar. Ak ýollaryň maşgalalarymyzyň abadanlygydygy bolsa, äşgär hakykatdyr. Abadan durmuşymyzyň aladasy köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň hüşgärliginden başlanýar. Şeýle wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine uly orun degişli bolup, biz welaýatymyzyň köçe-ýollarynyň hadysasyz bolmagynda zerur tagallalary edýäris. Ulaglaryň bellenilenden ýokary tizlikde sürülmeginiň, ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagynyň öňüni almak ýol-ulag hadysalarynyň aradan aýrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem biz sürüjiler tarapyndan beýleki düzgün bozulmalara ýol berilmezligi ugrunda aladalanýarys.

Danalardan dür däneler

Ykbal bize arzuw edilen zady eýýäm şonsuz ýaşamagy öwrenenimizden soňra peşgeş berýär. Ogýust Renuar.*  *  *Gabat gelen bilen dost bolanyňdan ýeke bolanyň ýagşydyr.

Azerbaýjan nakyllary

Zähmet ähli zada ýol açar.*  *  *Sagdyn ser ýassyga egilmez.*  *  *Özi gazanmadyk puluň gadyryny bilmez.*  *  *On kesbi ýaramaz bilenden bir käri oňat öwrenen ýagşy.*  *  *Ogry zadyňy almasa, palçy alar.*  *  *Her kim agyran ýerini tutar.*  *  *Gahar gelende, göz gyzarar, gahardan soň — ýüz.*  *  *Dişsiz agyz — daşsyz degirmen.*  *  *Aşpezi köp bolsa, aşa duz atmaga adam tapylmaz.*  *  *Adamyň zähmeti — onuň aýnasy.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Sungat, senetçilik we däp-dessurlar Her ýylyň maýynda dünýäniň müňlerçe syýahatçylarynyň nazary Italiýanyň Noto şäherine gönügýär. Şol günlerde şäher güllere beslenýär: köçelerde, meýdançalarda, jaýlarda gülýapraklar arkaly sungatyň, senetçiligiň we däp-dessurlaryň utgaşmagynda täsin kompozisiýaly mozaika eserleri döredilýär. Meýdançalarda ajaýyp güllerden haly düşelen ýaly görnüş emele gelýär. Gülden sungat eserleriniň käbiriniň uzynlygy 7 metre, ini 4 metre ýetýär. Olar taýýarlananda, reňkleri, nagyşlary we şekilleri döretmek üçin liliýa, çopantelpek, bägül, çigildem, kösükli ösümlikler, ýapraklar, şahajyklar we tüwi ulanylýar. Bu festiwal öz gözbaşyny XVII asyrdan alyp gaýdýar. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Aýdym-saz ýerine ýetirilip, ýerli aşhananyň tagamlary hödür edilýär.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.

Hyzmatlaryň görnüşleri we hili gowulandyrylýar

Jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň jana-jan bähbitlerini goramak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle möhüm işe Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Guramamyz tarapyndan raýatlarymyzyň bähbidi üçin ätiýaçlandyryşyň täze-täze görnüşleri hödürlenilýär. Olar bilen halk köpçüligi yzygiderli habarly edilip durulýar. Oňa mysal edip «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan «Karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny» görkezmek bolar. Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky etrap guramalary şu kada laýyklykda Türkmenistanyň fiziki şahslary bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda, ätiýaçlandyryjy karz edarasyna, karzyň üzülmedik we degişli göterim möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemäge borçlanýar. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soňra 10 günüň dowamynda tölenilýär.

Ýol-ýörelgämiz bolar

Häzirki şanly günler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerime eýe bolýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamyna degişli bolan gymmatly esere gyzyklanmanyň ýokarydygynyň alamatydyr. Milli Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitaby baý many-mazmuny babatynda, hakykatdan-da, uly gyzyklanma eýedir. Bu ajaýyp eserde türkmen halkynyň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri anyk we taryhy maglumatlar arkaly beýan edilýär. Gymmatly kitabyň her bir baby, bölümi we sahypasy çuňňur manyly jümlelere baýdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatyny artdyrýar.

Beýik özgertmeler buýsandyrýar

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Diýarymyzyň sebitlerinde durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi ählimiziň baýramçylyk şatlygymyzy artdyrýar. Şanly günlerde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde hususy pudagyň wekillerine degişli bolan Kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylandygy hadaky şatlykly habara kalbymyz joşa geldi. Ýurdumyzyň sebitlerinde ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply haryt önümlerini öndürýän kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy önüm bolçulygynyň pugtalanmagynyň esasy şertini emele getirýär. Aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de ýerlerde ýaşlarymyz üçin täze iş orunlarynyň açylýandygydyr. Şanly günlerde kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylmagy bilen iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň açylandygy munuň anyk subutnamasydyr.

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy: äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp, 12-nji de­kabr­da uly baý­ra­myň – Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýyg­na­nan­la­ry we äh­li hal­ky­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. He­mi­şe bol­şy ýa­ly, biz je­na­ýat eden­dik­le­ri üçin iş ke­si­len we eden et­miş­le­ri­ne ökü­nip, ak ýü­rek­den to­ba ge­len ra­ýat­la­ry­my­zyň gü­nä­si­ni geç­ýä­ris. Ola­ry je­za çek­mek­den bo­şat­mak ýa­ly sa­ha­wat­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip dur­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.

«Atalanta» 1-nji orna geçdi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 15-nji tap­gyr­dan soň sa­na­wyň li­de­ri üýt­gäp, «Mi­la­ny» De Ke­te­la­re hem-de Ade­mo­la Luk­ma­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ata­lan­ta» 1-nji or­na beý­gel­di. «Ata­lan­ta» to­pa­ry çem­pio­nat­da bas­syr 9-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Na­po­li» bol­sa 3 gü­nüň do­wa­myn­da «La­sio­dan» 2-nji ge­zek utul­dy. Pen­şen­be gü­ni ku­bok ýa­ry­şyn­da «La­sio­dan» 3–1 ha­sa­byn­da utu­lan «Na­po­li», çem­pio­nat­da-da öz meý­dan­ça­syn­da rim­li­ler­den Isak­se­niň 79-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýe­ňil­di we li­der­li­gi el­den gi­der­di. Soň­ky çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Par­ma­ny» Di­mar­ko, Ba­rel­la hem-de Tu­ra­myň gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 5 çem­pio­na­tyn­da 3 ýeň­liş­siz to­pa­ryň bi­ri bo­lan «Ýu­wen­tus» bu tap­gyr­da-da ýe­ňil­me­di. Ýö­ne ýe­ňiş hem ga­za­nyp bil­me­dik «Ýu­wen­tus» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa» bi­len du­şu­şyp, 90+2-nji mi­nut­da ýeň­liş­den ha­las bol­dy. Paý­tag­tyň «Ro­ma» to­pa­ry-da «Leç­çe­ni» 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, tä­ze tä­lim­çi­si Ra­nie­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ka­tal­di­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len «Ka­lia­ri­ni» ýe­ňen «Fio­ren­ti­na» to­pa­ry çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 8-nji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar soň­ky ge­zek 64 ýyl öň şeý­le sta­tis­ti­ka gör­ke­

Aratapawut 1 utuga düşdi

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Be­tis» bi­len du­şu­şyp, 90+4-nji mi­nut­da ýeň­şi el­den gi­der­di. Du­şu­şyk­da ka­ta­lon­la­ryň gol­la­ry­ny Le­wan­dows­ki (39) bi­len Fer­ran Tor­res (82), ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny-da Lo Çel­so (68 p) bi­len Diao (90+4) ge­çir­di. Myh­man­çy­lyk­da «Ži­ro­na­ny» Bel­lin­gam (36), Gü­ler (55) hem-de Mbap­pe­niň (62) gol­la­ry bi­len 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Re­al Mad­rid» 1 oý­ny kem hem bol­sa, sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» bi­len ara­ta­pa­wu­dy 1 utu­ga dü­şür­di. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «At­le­ti­ko Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da ta­ry­hy kem­bek bi­len «Se­wil­ýa­ny» 4-3 ha­sa­byn­da ut­dy. De Pau­lyň go­lu­na gar­şy­lyk Lu­ke­ba­kio, Ro­me­ro hem-de Hu­an­lu­nyň gol­la­ry bi­len 3-1 öňe ge­çen «Se­wil­ýa» soň­ky 30 mi­nut­da 3 gol ge­çirt­di. Gol­la­ryň 2-si­ni, şol san­da 90+4-nji mi­nut­da ýe­ňiş go­lu­ny An­tu­an Griz­mann, beý­le­ki­si­ni-de Li­no öz ady­na ýaz­dyr­dy.