Juwanlygyň şäheri — Aşgabat
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uludan toýlanylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda hem uly ösüşler gazanyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk önümlerine barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda olary öndürmek babatda uly işler amala aşyryldy. Gurluşyk serişdeleriniň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi taslamalaryň özüne düşýän gymmatyny has-da arzanladýar. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, ähli halkymyzyň amal edilýän beýik işlere bolan buýsanjyny goşalandyrdy.