"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ýatdagalyjy hepdelik

Türkmen halky ýetip gelen 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen garşy aldy. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen hepdelik hem, täze ýylyň belent maksatly ady bilen baglanyşdyryldy. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan hepdelik ýokary depginde dowam etdirilip, meýilnamada görkezilen çäreler birkemsiz ýerine ýetirildi. Harby gullukçylar syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli maglumatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlar, täzelikler bilen gündelik tanyşdyryldy. Gullugymyzyň Okuw merkezlerinde tälim alýan ýaş esgerleriň ruhy-ahlak ýagdaýlaryny öwrenmek, wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksady bilen, dolandyryşyň serkerdeleri tarapyndan olaryň arasynda ýörite işler geçirildi. Şonuň ýaly-da, ähli harby bölümleriň şahsy düzüminiň arasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmunyny açyp görkezýän çäreler bilen bir hatarda, howanyň aýazly günleriniň dowam etmegi bilen baglanyşykly, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk kadalary barada, ýiti öýken sowuklama we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de beýleki möhüm wakalar boýunça okuw sapaklary, wagyz-nesihat hem-de beýleki çäreler guraldy. Hepdeligiň dowamynda harby gullukçylaryň, esasan hem esgerleriň ahlak-ruhy ýagdaýy nazarda tutulyp, Gullugymyzyň degişli gulluklary tarapyn

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Gerçek ýigit, goç ýigit Watan daýanjy, halkyň guwanjy

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni Taryhdan mälim bolşy ýaly, döwletleriň berkligi, belentligi, beýikligi şol döwletiň erkek göbeklisiniň sagdyn, ylymly-bilimli, watansöýüji, merdi-merdana, dogumly, gerçek ýigit bolup ýetişmegine baglydyr. Ata-babalarymyz ogul perzentlerini çagalykdan terbiýeläp, olaryň geljekde maşgalasyny, ata Watanyny gözüniň göreji dek gorap biljek är ýigitler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edipdirler.

Tebigatyň görki

Kimde kim bir agaç ekse ýadygär,Dünýäň kitabynda onuň ady bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde miweli we saýaly agaçlaryň köpçülikleýin oturdylmagy daşky gurşawyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Emeli tokaýlaryň sanynyň artmagy bolsa howanyň arassa bolmagyna getirýär.

Watan!

«Halkymyzyň merdanalyk, lebzihalallyk mekdebi dowamlydyr. Köňli nurly Watan ogullaryna şöhrat bolsun!» Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. «Mertler Watany beýgeldýär»

Jemgyýetçilik guramalarynda

Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Her birimiziň borjumyz

Taryhy we ylmy maglumatlara nazar aýlanymyzda, adamzat tarapyndan oduň hojalykdadyr önümçilikde giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösmegine hem-de ylmyň kämilleşmegine, durmuşda öňegidişlikleriň gazanylmagyna giň ýol açandygyna göz ýetirýäris. Ýöne oduň gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da oňa eýeçilik gözi bilen çemeleşilmedik halatlarynda, adamyň janyna, daşky gurşawa, döwlet, hususy we jemgyýetçilik emläklerine düýpli zeper ýetmegine getirýändigini hem unutmaly däldiris. Bagtyýarlyk döwrümiziň abadan binalarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki bu häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş, önümçilik we beýleki maksatly binalardyr desgalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen, ägirt uly býujet we maýa goýum serişdeleriniň miwesidir.

Zenan gözelliginiň gözbaşy

Ata Watanymyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpa belentdir. Gahryman Arkadagymyz mährem enelerimizi, gül ýüzli gelin-gyzlarymyzy beýik mertebe bilen arzylaýar. Olar baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýär. Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlaryň uly topary Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady, «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Köp çagaly enelerimize ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary berilýär, şeýle-de pul sowgatlary gowşurylýar. Mähir-muhabbete ýugrulan bu aladalaryň ählisi zenanlarymyzy diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzda gender deňligi ileri tutulýar. Şonuň esasynda zenanlar erkekler bilen deň hatarda ähli ugurlarda zähmet çekýärler. Bu hormata biz — zenanlar hem mynasyp jogap bermelidiris. Ýagny, haýsy kärde zähmet çekýändigimize garamazdan, milliligimizi, edepliligi gözden salmaly däldiris. Çünki zenan edebi gözelligiň gözbaşydyr. Zenan edepli, agras, mylakatly bolanda, şol öýüň gözelligi hem düýbünden başgaça bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de zenanlara öýüň tämizligi, biş-düş, çaga terbiýesi, olara görüm-görelde bolmak hem mahsusdyr. Öýe girmänkäň, öýüň arassaçylygyndan öýde nähili bikäniň bardygyny aňmak bolýar. Şol öýuň myhman kabul edişi hem öý bikesine gönüden-göni baglydyr.

Serhetçiden gelen hat (hekaýa)

Şol günden soň, serhetçi esgeriň göwni bir ýerde karar tapmady. Aýsähra hat ýazmak üçin sözleriň süýjüden-süýjüsini, täsirliden-täsirlisini agtaryp başlady. Çagalyk ýyllary adam ömrüniň iň gyzykly we ýatdagalyjy ýatlamalaryndan, wakalaryndan doly döwri bolýar. Meniň size gürrüň berjek wakam hem, çagalyk ýyllarynda bile önüp-ösüp, bileje oýnap ulalan deň-duş oglan bilen gyz hakynda.

Anyk wezipeler kezgitlenildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi TDP-niň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, etrapdyr şäher komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda göz öňünde tutulan çäreler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaralara beslemek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek we oňa TDP-niň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren maslahatlarynyň ýol görkeziji bolup durýandygy aýdylyp, olara hötde gelmek üçin her bir partiýa guramasynyň we partiýa agzasynyň işi täzeçe gurap, has döredijilikli, işjeň zähmet çekmelidigi nygtaldy. Şol maslahatda döwlet Baştutanymyzyň wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmek, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ý

Jemgyýeti ösdürmekde, maşgalany berkitmekde uly güýç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryna bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Häzirki wagtda zenanlar önümçiligiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maşgalanyň esasy sütüni hasaplanylýan zenanlara zähmet çekmek we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak, çaga terbiýelemek babatda ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly üpjün edilip, olar demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny has-da berkitmäge işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de, zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň öňde goýýan wezipeleriniň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bu guramalaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birle

Şa serpaýynyň eýesi

Guwanjymy goşalandyrdy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz ösýär we özgerýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady-durmuş taýdan depginli we durnukly ösdürilmegine itergi berdi. Ajap eýýamymyzda ýurdumyzda rowaç alan düýpli özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagynda gowy netijeler gazanyldy.

Ýaşlar — biziň geljegimiz

Ajaýyp döwrüň guwanjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ýylsaýyn ösýär, özgerýär. Şol ösüşleriň gözbaşynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary durýar. Halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli günlerde ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen sözleri bagtyýarlyk döwrüniň tutumly işlerinde beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ýaşlar barada alada bizi aýratyn guwandyrýar.

Tebigat gözelligi

Hytaýyň Çžanszýasze milli seýilgähi täsinlikleri özünde jemleýär. Ol diňe seýilgäh däldir, şol bir wagtda hem haýwanat bagydyr, hem botaniki goraghanadyr. Sütün görnüşindäki kwars gaýalarynyň beýikligi 800 metre çenli ýetýär. Seýilgähde ösümlikleriň ençemesi ösýär hem-de haýwanlaryň 500 görnüşi ýaşaýar. Olaryň arasynda siwetta atly ýyrtyjy, gyzyl hem-de mawy agaç seýrek duşýan görnüşlerdir. Dagda uly bolmadyk Sary ýolbars obasy ýerleşip, onda Hytaýyň az sanly 3 halkyýeti ýaşaýar. Bu ýerdäki Baýlun lifti dünýäde iň beýik lift hasap edilip, ol sanlyja sekuntda 330 metr belentlige çykarýar. «Asmandaky köpri» diýlip atlandyrylýan köpriniň ini 4 metr, uzynlygy 50 metr bolup, bir gaýadan beýikligi 357 metr bolan beýleki gaýanyň ýokarsyna geçmek mümkindir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen seýilgähde başga-da aždarhalaryň şasy Lunwandunyň, Sary aždarhanyň gowaklary bar.

Diňe bagt barada

Bagtly kişä bagtsyza akyl bermek aňsat.Eshil. *  *  *

Asudalygyň goragynda

Goşandymyz bolmalydyr Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanýan ýyllary boldy. Munuň özi milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen maşgalalarymyzyň agzybirligini, abadanlygyny, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini gazanmakda aýgytly ädimiň ädilendigini aňladýar. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda neşekeşligiň, neşe serişdeleriniň bikanun söwdasynyň öňüni almakda, ýowuz bela bolan neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmeginde uly üstünlik gazanyldy.

Dür däneleri deý jümleler

Iki zat gutarnyksyzdyr: älem hem-de adamlaryň akmaklygy, men entegem älemiň gutarnyksyzdygyna şübhelenýärin.Albert Eýnşteýn. *  *  *

“01” gullugynda

Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygy Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine şol edaranyň ýolbaşçylary jogap berýär. Ol ýerde ýerleşen söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine (jaýlar, ammarlar işden soň ýapylyşyna, ot işleriniň geçirilişine, elektroenjamlaryň öçürilişine we ş.m) gözegçilik edýär.

Dünýä nusgalyk ýörelgeler

Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzy begendiren şatlykly wakalaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynyň halkymyza gowuşmagydyr. Bu kitap Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatda ýeten belent sepgitlerini, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri milli ýörelgelere esaslanýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň, etnografiýa maglumatlarynyň üsti bilen açylyp görkezilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak we birek-birege ýardam bermek arkaly parahatçylygy saklamak ýaly ýörelgeler halkymyzyň milli däpleriniň naýbaşysydyr. Hormatly Arkadagymyz kitapda Oguz handan gözbaş alýan türkmen halkynyň antik, irki we ösen orta asyrlar döwründe özüniň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarly bolandyklaryny belleýär.

Işjeňlige eýe bolýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarda hasabat-saýlaw ýygnaklary giň gerime eýe bolýar. Ilkinji guramalaryň 82-sinde geçirilmegi meýilleşdirilen ýygnaklaryň gün tertibine ilkinji guramalarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde alnyp barylýan işler, şeýle-de geçen hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler boýunça meseleler girizildi. Häzirki güne çenli ilkinji guramalaryň 14-sinde şeýle ýygnaklar geçirildi. Ýygnaklarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmak babatdaky tagallalaryň üstünde hem durlup geçildi, şeýle-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.