"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Azyk önümleriniň bolçulygy

Ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny işjeňleşdirmek barada aýratyn bellenilýär. Önümçiligiň ähli serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmagyň ýollaryny gözlemek işi umumy ykdysady zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda alnyp barylýan innowasion syýasat oba hojalygynyň ykdysadyýetini has ýokary depgin bilen ösdürmek, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp meseleleriň düýpli çözgüdidir. Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi Diýarymyzyň ykdysady depgininiň gün-günden ýokarlanmagyna, diwersifikasiýa ýoly arkaly pudaklaryň işiniň sazlaşykly kämilleşmegine getirýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli ýerinde özümizde öndürilýän gök-bakja, miwe önümleri bilen doldurylan ak bazarlaryň, söwda merkezleriniň döwrebap hyzmatlarynyň netijesinde halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylýar. Güneşli Diýarymyzda hyzmat ediş, oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek ulgamlarynda hususy telekeçilik-de sazlaşykly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet goldawynyň gerimini giňeltmek, milli ykdysadyýetiň hususyýetçilik böleginiň netijeliligini artdyrmak üçin oňaýly şertler döredilýär. Türkmeni

Ykdysady özgertmeleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, senagat pudagyny has-da ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, şeýle hem innowasion önümçilikleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatlar 2030-njy ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna hem doly gabat gelýär. Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Konsepsiýada sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirmegiň ýollary we gurallary kesgitlenendir. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ykdysadyýete has içgin orn

Milli bank ulgamynyň ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen ösdürmäge, bu ulgama dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda giňden bellenilip geçilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny ýurdumyzyň ähli ulgamlary uly ösüşler we zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Şeýle zähmet üstünlikleri ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamlaryna hem degişlidir. Ykdysadyýetimiziň serişde mümkinçiligini pugtalandyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamy öz tagallalaryny hususy bölegiň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, zerur bolan tehniki serişdeleri, abzallary we esbaplary satyn almak arkaly oba hojalyk önümlerini öndürijileriň isleglerini üpjün etmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň sarp ediş harajatlaryny kanagatlandyrmaga, eksporta gönükdirilen harytlaryň möçberlerini artdyrmaga we import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri karzlaşdyrmaga gönükdirýär. Şeýle hem şahsy taraplara dürli görnüşli karz serişdelerini bermek, bank amallarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank» hem-de «Elektron söwda» hy

Sanly ykdysadyýet — ýokary netijelilik

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmaga badalga boldy. Munuň özi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary üçin sabyrsyzlyk bilen garaşylan wakadyr. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de dünýä derejesinde ösdürmekde, ylmy jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirmekde, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze sepgitleri gazanmaga mümkinçilik berer. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Onuň 1-nji tapgyry 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry 2020 — 2023-nji ýyllarda we 3-nji tapgyry 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.

Belent maksatly aýdyň wezipeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen we gönüden-göni parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Şu maksat bilen ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, öňde goýulýan wezipeleriň netijeli çözülmegi gazanylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmegi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegi bolsa, öz nobatynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işlerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Muny halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işlerde aýdyň görmek bolýar. Bularyň hemmesi Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmagyň möhümdigini belleýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär hem-de sanly ulgamy ählumumy okatmak we bu ugurdaky bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ugry babatda ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy.

Ykdysady strategiýa: durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda

Geçilen menzillere ser salmak, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşandyr. 2020-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli düzümleriniň, ýagny ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa, obasenagat we söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda geçen döwürde gazanylan netijelere baha bermegi we ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi dünýäde we ýurdumyzda dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýän netijeli usullaryň biridir. Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5 göterimden ýokary derejede üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, bu ösüş meýliniň häzirki günlerde hem saklanmagy milli ykdysadyýetiň sagdyn hereket edýändigini, has takygy, onuň ösüşe ukyplydygyny görkezýär. Horm

Islegli sowgatlyk önümler

Dünýä senenamasynyň iň naýbaşy baýramçylygy — Täze ýyl täsinlikleriň, şatlyk-şowhunyň, şol sanda-da sowgatlaryň baýramy hökmünde uly-kiçi, hemmelere aýratyn ýakym paýlady. Bu baýramçylykda Täze ýyl sowgatlary bilen halkymyzy begendirmek indi ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň hem asylly däbine öwrüldi. Ýokary hilli dokma önümleri bilen diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda-da uly meşhurlyga eýe bolan Aşgabat dokma toplumy hem Täze ýyly mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylap, ildeşlerimizi özboluşly baýramçylyk sowgatlary bilen begendirmekde aýratyn işjeňlik görkezen öňdebaryjy kärhanalaryň biri. Däp bolşy ýaly, Aşgabat dokma toplumy tarapyndan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mynasyp garşylamakda göwnejaý işleriň ýerine ýetirilendigini paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň söwda nokatlarynydyr göçme söwda bazarlaryny bezeýän «ADT» haryt nyşanly sowgatlyk önümleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Toplumyň Täze ýyl üçin niýetlenen sowgatlyk harytlary, esasan, «öý dokmasynyň» önümleri bolup, olaryň arasynda çagalar üçin oýnawaçlardan başlap, el çalgyçlarynyň we sütükli çalgyçlaryň dürli görnüşleri, ýörite gaplanan sowgatlyk önümler hem bar. Iň esasy bellemeli zat bolsa «ADT» haryt nyşanly dokma önümleriniň ýokary hilli, ekol

Sanly ulgamyň gazananlary

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Milli ykdysadyýetiň daýanjy

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalygy alyp barmagyň bazar ulgamynyň emele gelmegi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynda, önümçiligiň we dolandyrmagyň pudak hem-de sebit düzümini kämilleşdirmekde, zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, harytlara we hyzmatlara bolan islegleri has doly kanagatlandyrmakda kiçi, orta kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna geçmekde telekeçiligiň ähmiýeti ykdysadyýetde bäsdeşlikli bazary emele getirmek we ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşe üns berýän hem-de täze iş orunlaryny döredýän ýöriteleşdirilen pudagara önümçilikleri hem-de innowasion kärhanalaryň ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Innowasion ösüşli döwürde ykdysadyýetiň telekeçilik işinden üzňe hereket etmegi mümkin däl. Telekeçilik işi bolsa hereket edýän kanunçylyk esasynda özbaşdak, üznüksiz peýda almaga gönükdirilen, emlägi ulanmak, harydy satmak, iş we hyzmat etmek bilen baglanyşykly kanunda rugsat berilýän hem-de kanunda görkezilen tertipde bellige alnan işdir.

Täze belentliklere tarap

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmeklige gönükdirilen parasatly syýasatyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklary, hususan-da, nebitgaz senagaty toplumy güýçli depginde ösdürilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikler hem bar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly tutumly maksatnamalar bolsa olaryň has netijeli durmuşa geçirilmeginiň binýadyny goýdy. Milli Liderimiziň döwlet derejesindäki üns-aladasynyň netijesinde nebiti we gazy gözlemek, çykarmak, senagat taýdan gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenilen önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzda iri nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmaklyga, nebiti we gazy innowasion tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlemeklige uly üns berilýär. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň we 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda döwrebap senagat-innowasion toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Garagum derýasy: suw akgynly hem okgunly

Gyrkylyk yzly ymgyr çölüň göwsüni dilip, adamlaryň gollarynyň güýji, akyl-başarnygy bilen çekilen Garagum derýasyny sözüň doly manysynda diriligiň damary, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplamak bolar. Suwuň baran ýerinde bolsa bagtyýar durmuş bar, gülläp ösüş bar. Şol sebäpli geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ata-babalarymyzyň bol suwly bolmak arzuwy amala aşdy. Ägirt uly inženerçilik desgasy ýurdumyzyň günorta — günbatar sebitleriniň ekerançylyk meýdanlaryny we ilatly ýerlerini jana tenekar suw bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpli derýanyň ýagdaýy gündelik üns merkezinde saklanylýar hem-de degişli arassalaýyş we çuňaldyş işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu möhüm işleri «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň başarjaň hünärmenleri ussatlarça ýerine ýetirýärler.

Ösüşleriň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, elektron senagatyny döretmek babatda amala aşyrylýan beýik işler bu günki gün beýik ösüşleriň gazanylmagyna köpugurly şertleri döretdi. Çünki innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ykdysady ösüşleri we ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Häzirki döwürde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we işjeň peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirmekde sanly ulgamlaryň ösdürilmegine wajyp orun degişli edilip, ol durmuş-ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Konsepsiýada sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirmegiň ýollary we gurallary kesgitlenendir. Sanly ykdysadyýet häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň has möhüm bölegine öwrülýär. «Sanlylaşdyrmak» düşünjesi harytlaryň we hyzmatlaryň

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Energiýa-ýangyç serişdelerine, esasan hem, tebigy gaza baý bolan Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamda işleri ilerletmek we durnukly ösüşi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyz öz «mawy ýangyjynyň» gorlaryny agtarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, dürli harytlary öndürmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen tebigy gazy dürli ugurlar boýunça ugratmak meselesine aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýäniň gaz bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň tutuş çägi, şol sanda Hazaryň deňiz ýalpaklygy häzirki wagtda ýangyç serişdeleriniň täze ýataklaryny gözlemek nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýer astynyň çuň geologiýa gurluşyny geofiziki taýdan barlamagyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly nebit we gaz düzümlerini ýüze çykarmak, olary çuňňur gözleg-barlag burawlamak işine taýýarlamak we soňra nebitiň we gazyň gorlaryna baha bermek hem-de gorlary senagat derejesine geçirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýangyç serişd

Sanly elektron tölegler ulgamy

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi köpugurly ýol bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap ösen bazar ykdysady şertlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümi bolan sanly bank hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy her bir raýatyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Bu ugurda ýaşlara aýratyn ünsüň berilmegi, ilki bilen, dünýä bazarynyň döwrebap talaplaryna laýyklykda, olara ykdysady bilimleriniň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli ýetirmek mümkinçiliginiň bardygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şonda, ýaşlaryň ykdysady bilimleri öwrenmäge we maglumatlary çalt kabul etmäge bolan ukybynyň öňe çykýandygy guwandyryjy ýagdaý bolup, olaryň alan bilimlerini geljekde uzak möhletli tejribede peýdalanmaga mümkinçiligi artdyrýar.

Netijeli ulgamyň giň mümkinçilikleri

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Bu hem sanly ulgamy döwrebap ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Ösüşleriň aýdyň ýolunda

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän kuwwatly senagat döwleti hökmünde dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrüň talabyndan ugur alnyp Diýarymyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge we häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasynda halk hojalygyny sanlylaşdyrmak işi tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda degişli ugurlarda ýetilen sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär.