Bolelinlige saldamly goşant harby ulgamdaky kömekçi hojalyklaryň baş maksadydyr
Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümleriniň kömekçi hojalyklary bilen yzygiderli gyzyklanýar. Sebäbi bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Harby we hukuk goraýjy edaralarda ýokary düşewüntli kömekçi hojalyklaryň döredilmegi bu meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinasyna daýanýan döwletimiz öz Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, yzygiderli serişdeler goýberýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky we býujetden daşary hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarynda hem-de kömekçi hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň netijesi-de ýylsaýyn ýokarlanýar. Şolaryň her biriniň kuwwatlylygy, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge we şol bir wagtda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde öz goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygyn