"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Önümçiligiň howpsuzlygy — ösüşlere badalga

Gullugymyzyň işgärleri tarapyndan welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talabalaýyk ýola goýluşy hemişe üns merkezinde saklanýar. Täze gurulýan we durky täzelenýän desgadyr binalarda tehniki seljermäniň öz wagtynda geçirilmegi zerurdyr. Netijede, şol desgalarda ornaşdyrylýan tehnologik usullaryň hem-de enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi gazanylýar. 2021-nji ýylyň aprel aýynda Daşoguz nebit önümleri kärhanasynyň 84-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň durky täzelendi we S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze kerpiç öndürýän kärhana guruldy. Gullugymyzyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň işgärleri tarapyndan bu kärhanalarda taslama resminamalaryna tehniki seljerme işleri geçirildi.

Maliýe seljermesiniň kämil guraly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu işler ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga giň ýol açýar. Audit düşünjesi ykdysady subýektiň maliýe hasabatlylygyndaky maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigi barada auditoryň garaşsyz pikirini beýan etmekden ybaratdyr.

Gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygyny berjaý etmegiň hukuk kadalary

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Türkmenistanyň senagatynda nebitgaz toplumynyň paýynyň ýokary bolmagynda galýandygy, onuň önüminiň ýurduň eksportynda ýokary orunlary saklaýandygy aýdylýar. Bu pudagyň ösüşiniň dowam edýändigi we uglewodorodlary gaýtadan işlemäge, täze öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçilikleri ornaşdyrmaga, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň çykarylyşyny artdyrmaga esasy üns berilýändigi bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahatda milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biridigini, onuň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini nygtady. Şeýle hem toplumda känleriň önüm berijiligini artdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny berjaý etmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäkleriniň daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy. Ýanwar-iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa, 3,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi. Alty aýyň netijeleri boýunça gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 259 desganyň 34-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 166 desgada bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň alty aýynda hojalyk düzümlerine berlen karz serişdeleriniň möçberi artdy. Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi 2,6 göterim, hususy haryt öndürijilerine berlen karz serişdeleriniň möçberi bolsa 1,4 esse artdy. Şu yylyň ýanwar-iýun aýlarynda «Internet-bank» töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberi köpeldi. 1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet bý

Sebitiň sazlaşykly ösüşi

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi. Ilki bilen göni aragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamyna hem-de Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly işler hakynda hasabat berdi.

Garabogaz: ykdysady diwersifikasiýanyň «altyn halkasy»

Ýollar — ýurduň ýaraşygy Türkmenistan ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmekde we olaryň täzelerini döretmekde nusgawy işleri amala aşyrýar. Bu ýagdaý diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak bilen çäklenmän, onuň geosyýasy hem-de geoykdysady täsirleriniň ýokarlanmagyna, sebitiň ösüşinedir asudalygyna goşant goşmagyna şert döredýär. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak zerur: Türkmenistan geosyýasy, geoykdysady täsirlerini artdyrmak hem-de olary ösüşiň, parahatçylygyň we asudalygyň bähbitlerine ulanmak meselesinde özboluşly syýasy hem geografik aýratynlyklardan peýdalanýar. Olaryň ilkinjisi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolup, onuň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilen wezipeleri, borçlary we mümkinçilikleri hiç bir döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan hem-de hiç bir döwletiň içerki işlerimize gatyşmagyna ýol bermezden, döwleti dolandyrmaga, halkara başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürmäge esas berýär. Şonuň bilen birlikde-de, halkara ähmiýetli tekliplerdir başlangyçlaryň hukuk esaslaryny döretmäge hem-de olary BMG-niň Baş Assambleýasynda tassyklatmaga şert döredýär. Bu ýagdaý parahatçylyk söýüjilikli tagallalary amala aşyrmakda Türkmenistan üçin häsiýetli aýratynlyk bolup durýar.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryna (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. ► Karzyň möçberi — 30 000 (otuz müň) manada çenli.

Eşretli durmuşyň höziri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ynamly barýan ata Watanymyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy taryhy taýdan gysga wagtda kemala getirildi hem-de uzak möhletli geljekde döwletiň durnukly ösmegi üçin berk binýat döredildi. Bu gün ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa, azyk senagaty, oba hojalyk ulgamlary ýokary derejede hereket edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, uzak möhletli geljegi nazarlap, durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirilýär.

Bagtyýar zamanamyzyň hormatly raýatlary!

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzy dürli görnüşli ekologiýa taýdan arassa, elýeter bahaly azyk önümleri bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi guramak we berkitmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermek, şeýle hem raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. Karzyň möçberi — 30 müň manada çenli;

Ýurdumyzyň sebitleri toplumlaýyn özgerdilýär

Garaşsyz ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň senagat taýdan okgunly ösüşini gazanmak, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Aýratyn-da, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda guramak we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sazlaşykly ösüşe gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, çig maly gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny gurmak we öňki bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda milli Liderimiziň baştutanlygynda daşary ýurtlar bilen işjeň häsiýetdäki halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň islendik künjeginde milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmeklige, halkymyzyň abadan durmuşyny has-da gowulandyrmaklyga gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini görmek bolýar. Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda gysga döwürde sebitde taýsyz senagat desgalary bina edildi. Ata Watanymyza guwanjyňy, hormatly Prezidenti

Ykdysadyýet we durmuş

«7/24.tm», №28 (59), 12.07.2021. DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Harytlar we hyzmatlar ulgamynda hil meselesi

Harytlar we hyzmatlar babatynda ýurdumyzda netijeli ykdysady syýasatyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda hil görkezijilerini ösdürmekde ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda harytlar we hyzmatlar ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden dünýä ülňülerine laýyk öňdebaryjy, döwrebap enjamlar, tehnikalar bilen bu pudagyň üpjün edilmegini, hil boýunça ylmy garaýyşlary beýan edýän «Standart, hil we howpsuzlyk» atly ýörite žurnalyň çap edilmegini, harytlary we hyzmatlary dolandyrmak ulgamynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Hili dolandyrmak» hünäriniň açylmagyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu işler ulgamyň işiniň ilerlemegine uly itergi berýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Owganystandan, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan we Gonkongdan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiakerosini, polietileni we beton önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 898 müň 475 dollaryna barabar boldy.

Milli ykdysadyýetde nyrh syýasaty

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşine, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegine, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňemegine, şeýle-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegine oňyn täsir edýär. Geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda-da, üstünlikli durmuşa geçirmekde-de bu derejäniň uly ähmiýetiniň boljakdygy aýdyňdyr. Ýurdumyzda kabul edilen köp sanly maksatnamalara we konsepsiýalara laýyklykda, strategik wezipeler meýilleşdirilýär, umumy ykdysady meýilnamalar taýýarlanylýar. Bazarda bäsdeşlikli gurşawy goldamak we ýekemenligiň (monopoliýa) öňüni almak, daşary söwda bahalary bilen içerki bahalaryň amatly gatnaşygyny üpjün etmek, hümmetsizlenme ýagdaýlaryny öwrenmegiň esasynda durnukly bahalary üpjün etmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nyrh syýasaty boýunça öňde goýulýan wezipeler bolup durýar. Bu wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bahalary düzgünleşdirmek, onuň bazara we bahalara, önümçiligiň ösüşine we önümiň hiliniň ýokarlanmagyna, girdejileriň ykdysadyýetiň pudaklarynyň we bölekleriniň, sebitleriň, kärhanalaryň we raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň arasynda adalatly paýlanmagyna edýän täsirini amatly etmäge mümkinçilik berer.

Dünýäniň birža täzelikleri

«Blend Labs» 20 million paýnama ýerleşdirdi Kaliforniýada ýerleşýän «Blend Labs» kompaniýasynyň söwdalary 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 361 million dollaryna, girdejisi bolsa ABŞ-nyň 27,1 million dollaryna barabar boldy. Ýaňy-ýakynda «Blend Labs» kompaniýasy gazna biržasynda «BLND» belgi bilen her biriniň bahasy ABŞ-nyň 16 — 18 dollary aralygynda 20 million paýnama ýerleşdirdi. Araçy bolup «Goldman Sachs», «Allen & Co.» we «Wells Fargo Securities» banklary çykyş etdiler. Birža söwdalaryndan soň kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 3,95 milliard dollaryna barabar boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polietileni satyn aldylar. Gazbeton bölekleri Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi.

Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär we sanlylaşdyrylýar. Degişli ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, hususan-da, maliýe-karz ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Muňa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde ýetilýän belent sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Bu resminamany amala aşyrmaklygyň çäklerinde maliýe ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işi ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, elektron hyzmatlary ösdürmek, hyzmatlaryň islendik görnüşi üçin tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen tölemek we olaryň bir bitewi ulgamyny kemala getirmek wezipesi üstünlikli çözülýär.

Maýa goýum we onuň netijeliligi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Ýurdumyzda dürli ugurlara goýulýan maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Islendik ugurda goýulýan maýa goýumlar halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär.

Gaz akdyryjylaryň gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmak baradaky ynsanperwer syýasaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän tebigy gazyň sarp edijilere ýylyň bütin dowamynda bellenilen meýilnama laýyklykda bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmekde “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylarynyňam saldamly goşantlary bar. Müdirligiň hünärmenleriniňdir işçileriniň agzybirlikli çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilaty, şol welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalar tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilýär. Häzir bu önümçilik düzüminiň gazçylary şu welaýatlarda umumy uzynlygy iki müň sekiz ýüz sekiz kilometr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň, gaz sazlaýjy düwünleriň hemişe saz işlemegini üpjün edýärler.